16:02 Bolup geçen pajygaly wakalar kysmat däl! | |
BOLUP GEÇEN PAJYGALY WAKALAR KYSMAT DÄL!
Publisistika
Häkimiýetiñ kyrk bir ildeşimiziñ gurban bolan Amasra magdan heläkçiligini kysmata baglamasy ynandyryjymy? Ol günäsiz işçileriñ ölümi Allanyñ ýazan kysmatynyñ netijesimi? Kimsi ýañy kaka bolupdy, kimsiniñ aýaly hamylady... Magdan käninde etmeli işini etmedik jogapkärleriñ hiç hili günäsi ýokmudy-da, gorkunç partlamany kysmata bagladylar-da goýdular? Allatagalanyñ başga işi ýokmudy magdan işçileriniñ ölümini meýilleşdirer ýaly? * * * Her meselede bolşy ýaly häkimiýet bu gezegem añsadyna bakdy. Jogapkärçilikden sypjak bolup, heläkçilikleri kysmata baglap oñaýjak bolýar. Kysmat näme, Gutulgysyz erbet betbagtlyk... Ýazgyt... Mañlaýyña ýazylan takdyr! Ýeri, siwilizlenen dünýäden üzñeleşip, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyñ arasynda ýer almak türki halklaryñ kysmatymy? Jemgyýetimiziñ agramly böleginiñ aç-hor ýaşamagy, garyplygyñ artmagy adamlarymyzyñ kysmatymy? "Näme edeli? Kysmatymyz şeýle eken" diýip, bagtymyza awy pürkeliñmi? * * * Bir zady bilesim gelýär. Häkimiýet agzalary öz jogapkärçiliklerini ýatdan çykaryp, hemme zady kysmata baglap goýmalaryna özleri bir ynanýarlarmyka eýse? Ortada seresapsyzlyk bar. Partlamanyñ birtopar säwlikler netijesinde emele gelendigi anyk! Biziñ pikirimizçe heläkçiligiñ hakyky sebäpleri şular: - Gözegçiligiñ ýoklugy; - Içşini köp işletmek üçin edilýän basyşlar; - Syýasy kararlaryñ netijesinde eýeleýän wezipesine mynasyp däl ýolbaşçylaryñ köpelmegi; - Ýolbaşçylygy we işi oñarýan mynasyp adamlaryna berilmezligi; - Bilimsizlik, meýilnamasyzlyk; - Taşeron mantygy bilen ýöredilen nädogry dolandyryş; - Gözegçilikden sypan gaz sensorynyñ şübheli ýagdaýy... Ähli sebäpler açyk-aýdyñ ortadaka, günäni kysmatyñ boýnuna ýükläp, “Grizu partlamalary işiñ kysmatynda bar” diýip, syýrylyp çykaýmak bolmaz. Allatagala adamlara akyl-paýhas, pikir, añ beripdir... Hemmetaraplaýyn taýýarlykly bolmaly! Günäni Hudaýa ýöñkäp wyždanlaryny rahatladaýjak bolýarlarmyka? Mandan känlerinde bolýan heläkçilikler boýunça Ýewropada öñdäki orunlary eýeleýäris. Taýýarlygy gowşadyp, gözegçilikde säwliklere ýol berenden soñ günäni kysmata ýöñkemek ynsan ömrüni äsgermezligi añladýar. * * * Amasrada partlamanyñ bolan magdan känindäki ähli jogapkär ýolbaşçylar häkimiýetiñ öz adamlary. Häzir olaryñ günäleriniñ üsti örtülse, gelejekde täze-täze heläkçiliklere, has uly pajygaly wakalara şaýat bolup bileris. Dokuz ýyl öñ Manisanyñ Soma etrabynda bolup geçen magdan heläkçiliginden soñ geçen şunça ýylyñ içinde hiç zadyñ üýtgemändigini, häzirem şol bir yzagalak añyýetiñ dowam edýändigini görmek, bizi juda gynandyrýar! • Hukugyñ ýok ýurdy! Saýlawlar golaýlaşyp gelýärkä garaşsyz mediýany we internetdäki garşylyklaýyn sesleri ýumdurmak üçin çykarylan "Dezinformasiýa kanuny" modern zamanada Türkiýäni kän yza, demokratiýanyñ ýok ýurtlarynyñ arasyna äkitjek bişowlukdyr. Gynansak-da, ýewropalylar bize "hukugyñ ýok ýurdy!" diýýär! • HENEK: Iş gözleýän ýigit Dynç alyş zolaklarynyñ birinde başlyk iş gözläp gelen ýaş ýigide: - Sekretarkamyñ işine kömek etseñ, saña ýatmaga ýer, iýmek-içmek we birem aýlyk bererin - diýipdir. Iş gözläp gelen ýigit: - Ilki bir göreýin-dä, hojaýyn - diýipdir. Başlyk: - Ine, etmeli işleñ şular ýaly, seret! - diýse, ýigit: - Ýok-laý how! - diýýär. - Işi däl, ilki sekretarkañyzy bir göreýin! • Günüñ sözi Bir zat diýeñde, üç many alýan adam iñ akylly adamdyr. Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |