18:15 Bozaganyň hammama gidişi / satiriki hekaýa | |
BOZAGANYŇ HAMMAMA GIDIŞI
Satiriki hekaýalar
Piwo satyjy Bozagan Pökgenowyň ertir dynç güni diýlen agşam-işden soň öýlerine haýdap barýan mahaly, onuň ýüzünden gar ýagýardy. Haýsydyr bir alyja gaýtargy bermäni “ýadyndan çykarany” üçin, ol şeýle bir goh turuzdy, şol gohdan soň Bozagan özüne gelip biläýse nädersiň! - Älhepus, illerem ownuklapdyrlar-ow, gaýtargy diýýänem bary-ýogy bäş köpük welin, dünýäniň gürrüňini edýär-aýt – diýip, ol ýol boýy hüňürdäp, ahyry öýlerine ýetdi. Öýe giribem, özüni gaýyş diwanyň üstüne oklady. Onda-da ynjalyk tapman, içki geýimlerini ýygnaşdyrdy-da, niredesiň hammam diýip, ýola rowana boldy. Işden ýadap gelenindenmi ýa hälki galmagaldanmy, garaz, ol öňe ýöreýänini-de, yza ýöreýänini-de aňşyrmaýardy. Hammama ýetýänçä, ýol boýy pallap barýardy. Kisesinden çykaran puluny kassire uzadyp, bilete garaşyp durka-da iki-üç gezek pallady. Gözi bolsa hanasyndan çykaýaýyn diýýärdi. Onuň bu bolşuna kassir hem haýran galýardy, hemem birneme üýşenýärdi. Bilet bilen gaýtargysyny uzadyp, kassir nazaryny Bozaganyň yzynda durana dikdi. Pökgenow bolsa kassiriň uzadan gaýtargysyny öwran-öwran sanady-da, aşaklygyna göwünli-göwünsiz düşüp gitdi. “Bu gezeg-ä gaýtargyny artykmaç berensiň welin, göreris-dä, indikiňe-hä berk bolaýsaň gerek” diýip, öz ýanyndan dişlerini syrtardyp ýylgyrdy. Hammam biletiniň arzanladylanlygyndan welin, onuň habary ýokdy. Hammama girilýän ýeriň agzynda goýlan diwanyň üstünde gözi äýnekli bir adam gazet okap otyrdy. Garaşyp oturanlaryň yzynyň kimdigini-de soraşman, Bozagan ýaňky äýnekliniň gapdalyna özüni goýberdi. Aradan bir-iki minut geçip-geçmänkä, yzdan biriniň: - Kto posledniý? – diýen soragyna: - Men – diýip zordan jogap gaýtardy. Ýene bir salym oturylandan soň, gapynyň agzyndaky nobat uzaldy gitdi. Adamlar öz nobatlaryna sessiz-üýnsüz garaşyp otyrdylar. Pökgenowyň bolsa bar pikiri-zikiri eline ýaňy “mugt” düşen köpükdedi. Birden hammamyň gapysy açyldy we sakgal-murty bäş-alty gün bäri syrylmadyk hortaň adamyň ýüzi peýda boldy. Bu adam hammamçydy. - Siz näme bu ýerde otyrsyňyz? – diýip, ol Bozagandan sorady. – Boş ýer näçe diýseň bar ahyryn! Bozagan aňk-taňk bolup, ýerinden tarsa turdy. Ol bir hammamça, birem nobata seretdi, soňra-da ýanyndaky äýnekliň böwrüne hürsekläp: - Yzy siz däl ogşuýanyňyz? – diýip, gyryk sesi bilen sorady. - Ýok, men däl. Men bir eýýäm... – diýdi-de, ol adam elindäki gazet bilen ýüzüni ýelpäp, çemodanjagazyny aldy-da, çykyp ugrady. - Älhepus, adamlaram... – diýdi-de, aňkasy aşan Bozagan şu günki başdan geçiren şowsuzlyklarynyň gowy zadyň üstünden eltmejegini bilen ýaly, pişik basyşyny edip, gelen yzyny ýel çalmanka, öýlerine gaýdanyny kem görmedi. Şeýdenem gowy boldy. Belkem, ol öz günäsini hammama düşüp, ýuwup bilmejegine düşünendir. Marlen ESENOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 03.09.1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |