23:00 Bozdumanyň balansdan aýrylyşy / satiriki hekaýa | |
BOZDUMANYÑ BALANSDAN AÝRYLYŞY
Satiriki hekaýalar
Arryk, inçeden uzyn Öwez Gimmiýew otuz ýyl bäri köçeme-köçe aýlanyp, obama-oba gezip, esgi ýygnardy. Çagalar ony gowy görerdiler, «Öwez daýy, Öwez daýy!» bolşup, mydama onuň at arabasynyň daşynda oglan-gyzlar egelediler. Öwez aga diýseň degişgendi. Bir şary çişirip, «Kakaň täze paltosyny getir, bilbil ýaly saýrap bilýän jüljül berjek» diýip degşerdi-de, bir jüljüli alyp «saýradardy». ― Çagalaryň janlary sag bolsun, planymyň dolmajak gümany ýok ― diýip, Öwez Gimmiýew mydama şadyýandy. Günlerde bir gün... Hawa, hökman bir zat bolmaly-da. ― Belki, Öwez aga seniň üçin bähbitli bolar?! ― Aý, ýok, bähbitli bolmaz. Eger ýagyş guýsa, gar ýagsa, meniňem letdelerim ezilse agyr-a bolar ― diýip, Öwez aga degişmä salyp aýdardy. Öňler Öwez aga at arabasy bilen ýygnan letdelerini daňyp-daňyp, wagona ýükläp ugradardy, wessalam. Indi täze edara döretdiler, ştat açdylar, işi köpeltdiler. Öwez aga wagtly-wagtynda aýlyk almalymy, almaly. Aýlyk bermek üçin kassir gerekmi, gerek. Aýlygy hasaplamak üçin baş buhgalter hem çot kakyp, garabaşyna gaý bolup oturmaly dälimi?! ― diýdiler. ― Çek ýazmasaň bank saňa «me» diýib-ä pul bermez ― diýip, biri söze goşuldy. ― Ýazaýanyňda-da ýönekeý çekiňe bankdan zat almasaň gerek ― diýip, üçünji biri söze başlady-da: ― Çekde, gözüňe söweýin, gol bilen peçat gerek ― diýdi. ― Çeke gol çeker ýaly direktoram-a bellemeli boljak. Bu gürrüňler gidip durka, Öwez aga özüniň horja ýabysy bilen warak arabasyny tykyr-tykyr takyrdadyp, raýon merkezindäki Käriz köçesinde köne ýorgan ýygnaýardy. ― Men indi direktor. Kiçi-kirim ýeriň ýolbaşçysam däl, «Utilbazanyň» garamatyny boýun alan adam ― diýip, täze döredilen bazanyň täze direktory iş stolunyň ýeňsesine geçdi. Gazet bilen ýüzüni ýelpäp: ― Hawa şu gün yssy ýaly-la, kondisioneri işlediň! ― diýip, täze direktor ilkinji gezek buýruk berdi. Emma wagty bilen onuň ýanyna hiç kim gelmedi. Bir salymdan soň baş buhgalter bilen kassir ikisi haşlaşyp geldiler. ― Näme, kondisioneri işledeňzok, maňa ajyja kofe gaýnadyň, öýe günortan gidip gelmäge maşyn gerek ― diýip, täze direktor birgiden talaplary orta atdy. Bu bolýan hadysadan Öwez aganyň habary ýokdy. Ol Käriz köçesiniň çagajyklaryny begendirip, soňra Atrezian köçesine geçipdi. Ol ýerde-de jüljüliň muşdaklarynyň gözleri ýoldady. ― Ýoldaş direktor, size kondisioner almaly, maşyn gerek, şofýoryň ştatyny döretmeli, sekretar gyz hem gerek boljak, maşinistka alaly ― diýip, baş buhgalter direktora maslahat saldy. ― Ýoldaş direktor, size bir sany orunbasar hem gerek boljak ― diýip, kassir gürrüňe başlady. ― Ýok, maňa ýeke däl-de iki orunbasar gerek ― diýip direktor çürt-kesik aýtdy. ― Ýolbaşçynyň abraýy onuň orunbasarynyň sany bilen kesgitlenýär ― diýip, direktor sag eliniň süýem barmagyny ýokaryk çommaltdy. Şu gürrüňleriň edilýän wagty Öwez aga niredekä?! Ol häzir Artezian köçesinden arabasyny mas ýükläp, özem ýigrimi sekiz ýorgany aşagyna düşäp, on alty sany güpbini ýassanyp, arabada ýatan ýerinde ýabysynyň jylawyny silkip, baza tarap gelýär. Ol häzir ymyzgandy. Öz ennigi boýunça ýaby arabany çekip gelýär. Ana, Bozduman aýak çekdi. Ol birden kürtdürip durdy. Näme bolduka?! Ýeke taý köne galoş ýatan ekeni. Bozduman ýaby şonuň üçin aýak çekdi. Öwez aga ymyzganypdyr, oýananok. Bozduman öň aýagy bilen galoşy eýläk-beýläk pyzýar. Öwez aga oýandy. Araba baza tarap ýöräp ugrady. Bozduman janawar ýeke taý köne galoşy, porsam bolsa dişläp gelýär. ― Ýoldaş direktor, ähli gerek-ýaragymyzy aldym. Ştatlarymyzam ýerbe-ýer etdik. Indi bolaýdy öýdýän ― diýip, baş buhgalter direktoryň goşa kondisionerli kabinetinde oturan ýerinde aýtdy. ― Hany, tam süpürijiler?! Letde ogurlanmaz ýaly garawul gerek dälmi?! Ýogsa-da meniň garry atam bar-la. Gowy item saklaýar. Şolary şu bazanyň howlusyna işe alaýaly. Senem çagalaryňy tam süpüriji edip belle. Kassiriň kakasy bagban bolar. Wessalam, iş tamam! ― diýip, direktor gara kofe owurtlap, ýeňillik bilen demini aldy. Öwez aga ahyrsoňunda bu bolýan zatlary eşitdi. Eýýäm direktor oňa igenip başlady. ― Öwez Gimmiýewiç, sen indi öňki letdeçi dälsiň. Her iş güni sekiz sagat on iki minutdyr, mukaýyt bolgun. Onsoňam işe arassaja geýnip gelmelidir, jalbaryň ütükli bolmaly, boýnuňa galstuk dakyn ― diýip, direktor çyny bilen aýtdy. Bu zatlara Öwez aganyň gahary geldi. Olam aryny Bozdumandan çykardy. Ömründe etmeýän işini edip, ýabysyna birinji gezek gamçy çaldy. Gamçam däl-de, şara çalşylan köne jalbaryň üzük kemeri bilen Bozdumany birje gezek şarpyldatdy-da urdy. Ýabam mas ýükli arabany sli geçýän jara eltip gapgardy. Ýatyrlar gyzyl-ala bolşup. ― Meret Könäýewiç, Öwez letdeçiň awariýa boldy! ― diýip, direktora jaň etdiler. Muňa direktoryň geldi gahary. ― Öwez Gimmiýewiç, sen bizi masgara edýäň, onsoňam, sen döwletiň transportyny agdaranyň üçin, şeýle hem senagatyň gymmatly çig maly bolan köne esgini gara ýere döküp, onuň hilini peseldeniň üçin saňa käýinç berýäris. Seni kwartallyk baýrakdanam mahrum edýäris ― diýip, bazanyň direktory Meret Könäýewiç letdeçä käýindi. ― Bolar, oglum ― diýip, Öwez aga ýene Bozdumanly araba mündi. Aý aýlandy, Gün öwrüldi, ýyl geçdi. Günlerde bir gün baza hat geldi. «Ştatyňyz çenden-aşa köp. Bir adamyny işden boşadyň» diýlip, gelen hatda aýdylýardy. Direktor, onuň iki orunbasary we baş buhgalter maslahat geçdi. ― Be, kimi boşatsakkak?! ― Howa býurosyndan maglumat alyp oturýan sinoptigimiz Jally Bedenäýewiçi boşadaýalyň?! Barybir edýän işi ýok. ― Ýok, bolmaz. Ony işe al diýip, bilýärmiň kim jaň etdi?! ― Gara gurumyň tehnologiýasy boýunça inženerimiz bar-a?! ― Ýok, bolmaz. Onuň diplomy bar. ― Bize ýurist-konsultant nämä gerek?! ― Ol-a gerekle. Ýöne bize arbitr gerekmidir?! ― Kitaphanaçy diýip, birine aýlyk berýäris. Gelýän «Wokrug sweta», «Moda», «Çelowek i zakon», «Ogonýok», «Sowetskaýa ženşina» ýaly žurnallary barybir Öwez aga okanok. ― Letdäniň pugtalygyny we haýsy materiala degişlidigini analiz etmek boýunça laboratoriýada ýedi işgär bar... ― Ýekeje atymyz bar, bize mal doktory bilen zootehnik nämä gerek? Gepiň gysgasy, iň soňunda Öwez agany işden boşatdylar-ow. Bir aý geçdi. Ýokardan radiogramma geldi. «Näme üçin sizden letde gelenok. Sebäbini şu gün gyssagly habar beriň» diýlip, radiogrammada aýdylýardy. Sebäbi düşnüklidi. Öwez agany gaýtadan işe çagyrdylar. Ýene araba, Bozduman takyr-takyr ýöräp başlady. Aý ýarym wagt geçdi. «Glawkadan» howsalaly telegramma geldi. «Näme üçin ýene ştaty çişirdiňiz?! Sorag, ýüzlenme. Sebäbini haýal etmän telegraf üsti bilen düşündiriň. Nokat. «Glawwtorsyrýo». Nokat. Mämiýew. Nokat». ― Be, allajanlarym, kimi işden boşatsakkak?! ― diýip, direktor howsala bilen ýanyndakylara seredip, uludan demini aldy. ― Garawulyň itini boşadaýalyň ― diýip, orunbasarlaryň biri öz pikirini orta atdy. ― Bolmaz. Çagalar esgi ogurlarlar, jüljüle çalşarlar ― diýip, başga biri garşy çykdy. Sebäbi it direktoryň garawul kakasynyň köpegidi. ― It diýlende bir zat ýada düşdi. Aty ştatdan aýralyň. Şol balansda dur. Iým iýýä, eşik gerek diýip, ol janawara, gürrüň öz aramyzda galsyn, aýda esli pul harç etdik diýip, dokument düzedýäris ― diýip, baş buhgalter çep gulagyna gysdyrylgy galamy alyp, howada hereket etdirdi. ― Dogrudanam, Bozduman janawar ot-iým diýip, palan, eşik diýip, bazamyzy torç edib-ä duranok. Ony çagajyklar bulkadyr köke bilenem bakýarlar. Palandyr eşigem köne ýorgan bilen köne güpbi ― diýip, direktor aýtdy. ― Aty jüre getirdi, öldi diýip akt ýazalyň! Bozdumany balansdan aýyrdylar. Indi Öwez aga letdäni hykylap arkasy bilen daşaýardy. «Gürrüňi edilýä şu kärhana häzirki döwürde barmy?» Bar. Ýöne ady üýtgeşigräk, taýýarlaýan önüminiň başgarak bolmagy mümkin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |