06:24 Buni rysalasy | |
BUNI RYSALASY
Geň-taňsy wakalar
ýa-da doga-jadynyñ we jynçylygyñ gadagan edilen kitaby "Buni rysalasy" ("Buni traktaty") ençeme asyrlardan bäri şu günlere çenli hiç bir okyja görkezilmän, ady we ýeri aýdylmaýan kitaphanada gizlin saklanýar. Jynçylyga we doga-jada degişli giñişleýin maglumatlara eýe kitap bu temalaryñ salgylanýan iñ esasy golýazma çeşmesi hasaplanýar. Kitaphanalar "Hawas" diýilýän jyn, doga-jady, jadygöýlük we ş.m.-ler barada gürrüñ berýän golýazmalara örän baý. Emma geçmişde ýöriteläp saklanan we içinde doga-jadynyñ ýazylyşy ýaly ýerine ýetirilende amala aşjagyna ynanylýan kitaplar kitaphanalarda okyjylara görkezilmändir we gizlenip saklanypdyr. Bu kitaplaryñ "atasy" hökmünde Alžirde doglup, 1225-nji ýylda Kairde aradan çykan Abul-Apbas Ahmet ibn Aly ibn Ýusup el-Kureşi el-Buniniñ adybir "Buni rysalasy" eseri hasaplanýar. Özi hakynda kän zat bilinmese-de, kitabynyñ üstünde ýüzlerçe ýyllap işlenip gelinýän Buniniñ esasy sistemasynda sanlaryñ we harplaryñ arasyndaky many hem-de fiziki birlik bar. Kitapda agzalýan hyýaly jyn we şoña meñzeş şekillendirilen suratlar, ýagny bedensiz mahluklar olara güýç gazandyrmak arkaly mahluklara höküm etmek we ýumuş buýurmak üçin ýardam edýär. Muny hemmesi diýen ýaly işiñ şu usul bilen, ýagny jynlaryñ ýardamy bilen oñaryp boljagyny aýdýar. Ýüzlerçe sahypalyk kitabyñ her dürli bela-beteriñ nähili dep ediljegini we munuñ üçin haýsy jynyñ hyzmata ýaramlydygyny giñişleýin gürrüñ beripdir. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |