00:44 Çakyñy bilmeseñ... / satiriki hekaýa | |
ÇAKYÑY BILMESEÑ...
Satiriki hekaýalar
Şäheriñ ortarasyndaky uly ýol bilen gelýän trolleýbus töweregine äsgermezlik bilen seredýärdi. Ýoluñ ýarysyny tutup gelýändigine garamazdan, deñinden geçýän awtomobillere ulumsylyk bilen bakýardy. - Äl, bularyñ jüýjejikler ýaly eýjejikdigini! Arman iki elim boş däl-de, ýogsa, şojagaz maşynlaryñ başyny sypap goýbererdim... Birdenem öñünden gelýän içi adamdan hyryn-dykyn doly awtobusa gözi düşdi. Edip gelýän pikiri üýtgäp gitdi. - Pormyñ gursun, göwreli aýal ýaly haçan görseñ içi hyryn-dykyndyr. Gördügim jynym atlanyberýär. Döremän geçen, göwresi dagam meñkiçe... Aý, ýok, meñkiçe ölse bolarmy? Ýöne şu bolşuna-da meñ bilen bäsleşjek bolýar. Gowusy, şunuñ çetine bir degeýin-le! Goý, hemmeler meniñ güýçlüdigime göz ýetirsinler, sarpa goýsunlar. Ýola çykanymda gapdala çekilip, ýol bersinler - diýip, öñündäki garşydaş duralga gelip saklanan awtobusa degip başlady. - Ýeri-how, awtobus dost! Arma işler bilen, bolup gelşiñ gaty naýynjar görünýär-le?! Beýdip, ýegşerilip, geregiñden artyk göterip, özüñi görkezjek bolma. Beýle bolsañ, tiz sandan çykarsyñ. Artykmaç güýjüñ bolsa ýok. Ýene meniñ ýalylaryñ eden işini etjek bolýañ. - Trolleýbus jan, näçe adam götersemem, öz gerdenimde göterýändirin. Saña göteriş diýemok. Men işlän wagtym bar güýjümi zähmete berýän. - Gaýrat et-de, özüñi görkezjek bol. Şeýt-de uzak ömrüñi gysgalt. - Trolleýbus dost, öz aýbyñy özüñ açýarsyñ. Sende güýç-de ýok, kuwwat-da. Diñe keseki güýç bilen şu derejä ýetýärsiñ. Depäñdäki örküñ bolmasa, sen duranja bir garantga ahyry! Onsoñam, seniñ durmuşyñda hiç hili täzelik ýok. Şo-ol bir ýörän ýoluñy gaýtalap ýöremeli. Eger ýoluñdan çykaýsañam, aýbyñ açyljak. Islän ýerime gidibilýärin, ýurt gezýärin. Diýmek, gözýetimim giñelýär. Dünýägaraýşym baýlaşýar. Sen özüñden kiçi maşynlary-da äsgermejek bolýañ. Zadyñ göwresine garama, ýüregine bak. "Şahyñy" döwäýseler nädersiñ, duran ýeriñ özüñki bolaýsa... "Şü-de maña akyl satjak bolýar-a!" diýip, öz ýanyndan oýlanan trolleýbusyñ gaharyndan ýaña togy depesinden dabanyna urdy. Onuñ "Şunuñ tumşugyny "MAZ" bilen çaknyşanyñka döndereýin-le" diýip, "elini" tokly simden aýryp awtobusa topulany-da şoldy welin, uly ýoluñ ortasynda keserdi galaýdy. Awtobus bolsa agraslyk bilen ýoluna rowana boldy. Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |