22:54 Çaýkowskiniñ guwlary, sungaty, şahsy durmuşy | |
ÇAÝKOWSKINIÑ GUWLARY, SUNGATY, ŞAHSY DURMUŞY
Edebi makalalar
Çaýkowskiý şu döwürde ýaşasa, ýagdaýynyñ nähili boljagyny bilemok. Ýaşan döwrüniñ Russiýasynda-ha onuñ durmuşy añsat geçmedi. Ýöne... Diwana çöken agyrlykdan sypjak bolýan ýaly ýaltalyk bilen teleýaýlymlara göz gezdirip ýatyryn. Içgysgynç... Içgysgynç... Gaty içgysgynç... Geçir... Geçir... Indikä geçir... Bir minut sägin! "Guwlar" dälmi bu? Hawa, şol!.. Taryhyñ iñ meşhur kompozitorlaryndan bolan Pýotr Çaýkowskiniñ meşhur "guwlary"... "Guw köli" baleti... Şo teleýaýlymda saklandym. Tomaşa edip durkam içine giräýjek ýaly bolýardym. Garşymdaky käbir ajaýyp estetiki pursatlar bilen ýatlamalarym biri-birine garyşyp gitdi. * * * Russiýada ýaşan ýyllarymda haçan "Guw köli" görkezilse, telewizoryñ başyndan turman oturardym. 1991-nji ýylyñ 19-njy awgustynda Gorbaçýowy agdarmaga synanyşyldy. Tanklar Moskwanyñ köçelerine çykanda, Russiýanyñ döwlet telewideniýesi arasyny üzmän "Guw kölüni" beripdi. "Guwlar" Beýik Oktýabr rewolýusiýasyna-da, Staliniñ, Hruşýowyñ, Brežnewiñ döwrüne-de şaýatlyk edipdi. Häkimiýetler halkyñ ruhuny galdyrmak üçin hemişe bu eseriñ köpçülige hödürlenmegine üns berdiler. Russiýanyñ graždanlyk urşundan ýañy çykan 20-nji ýyllarynda-da, Ikinji jahan urşunyñ ýalynly ýyllarynda-da... Leninden başga ähli rus liderleriniñ "Guw kölüni" gowy görendigi aýdylýar. Lenin bolsa "pikirlenmegi we zähmet çekmegi gowşadýandygy üçin" Çaýkowskiniñ sazyny "aşa buržuaz" hasaplapdyr we öýde uýalarynyñ Bethowenden çalýan "Appassionata", "Aýyñ ýagtysy" sonatalatyny diñlemegi gowy görüpdir. * * * Kreml "Guw kölüni" döwletiñ güýçli siwmolyna we protokollarynyñ birine öwrüpdi. Balet Moskwa gelen daşary ýurt ýolbaşçylaryna we syýasatçylaryna hökman tomaşa etdirilerdi. ABŞ-nyñ SSSR-däki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Lýuellin Tompson Moskwada bolan ýedi ýylynda "Guw kölüne" 132 gezek tomaşa edipdir we haçan haýsydyr bir sowet ýolbaşçysynyñ ruhy ahwalatyny öwrenesi gelse, onuñ bilen "Guw kölüniñ" antraktynda duşuşyp, gyzyklanýan ugurlaryny kanagatlandyrmaga synanyşypdyr. "Guw köli" şol bir wagtyñ özünde möhüm ýas çäreleriniñem üýtgewsiz matam sazyna öwrüldi. Brežnewi, Andropowy, Çernenkony soñky ýoluna ugradyş çärelerinde hut şu saz ýañlanypdy. * * * Geñ. Gaty geñ. Çünki "Guw köli" ölümiñ we syýasatyñ däl-de, durmuşyñ we sungatyñ beýany. Ol aslynda söýginiñ kyssasy. Eserde heniz öýlenmäge taýýar däldigine garamazdan, hormatyna gurnalan oturlyşykda ejesiniñ islegi bilen ýanýoldaş saýlap almaga mejbur bolan şazada Zigfrid bilen aw etmek üçin giden kölünde jadygöý Rothbart tarapyndan guwa öwrülen melike Odettanyñ arasyndaky söýginiñ we bu söýgi arkaly jadygöýlügiñ ýok edilip, aşyk-magşuklaryñ gowuşmagynyñ kyssasy beýan edilýär. Eser şol bir wagtyñ özünde haýyr bilen şeriñ, aýdyñlyk bilen tümlügiñ barlyşyksyz göreşidir. Guwlary, has dogrusy guwlaryñ owazyny we estetikasyny kalby bilen syzan Çaýkowskiniñ bu eseri döredende, rus ertekilerinden we Puşkiniñ "Sar-soltanyndan" peýdalanandygy aýdylýar. "Guw köli" birinji gezek 1877-nji ýylyñ 4-nji martynda Baş drama teatrynda görkezildi, oñra dünýäniñ hemme ýerine ýaýrady we bütin balet sahnalaryny eýelemegi başardy. * * * Birem "guwlara" seredip otyrkam Çaýkowskiý hakda pikir etdim. 1893-nji ýylda 53 ýaşynda aradan çykanda yzynda segsenden gowrak eser ("Guw köli", "Ukudaky gözel", "Fındıkkıran" balet sazlary, "Ýewgeniý Onegin, "Kapitan gyzy" operalary, pianino konçertoları, simfoniýalar, oda sazy we başgalar) miras galdyran beýik geniniñ pikirini etdim. Kämahal dünýäniñ we taryhyñ käbir meşhur adamlary şu günki günüñ Türkiýesinde ýaşasalar nähili bolardy diýip göz öñüne getirmäge synanyşýaryn. Meselem, Çaýkowskiý aramyzda bolsa?.. Syýasatdan sungata çenli hemme ugurda hünärmenlik satýan "beýiklerimiz" ol barada näme diýerdi? Sazyny “zyk-zyk” ýa-da “gapynyñ jygyrdysy” atlandyryp, bize şol döwürde ýaşap geçen türk kompozitorlar mysal görkezilermidi? Meselem, Hajy Arif beýi Tanburi Ali Ependini, Zekai Dede ependini, İbrahim ependini ýa-da Hamparsum Limonjuýany. Wiý, bagyşlañ, soñky agzanym mälim sebäplerden bolmazdy. Megerem, Çaýkowskiniñ din bilen arasyny, durman "Injil" okaýşyny hem-de tankyt edişini ýazgararlardy. Köp dil bilmegi we köp okamagy-da (şahsy kitaphanasyndaky kitap sany prezident köşgüniñ otag sanyndan köpdi) gowulyga yşarat bolubilmezdi. Saz we sungat ugrunda aktiwist saýylmagy, hasam beteri bir döwür žurnalistlik etmegi-de (kompozitor we saz tankytçysy hökmünde) Çaýkowskiniñ ýaramaz utuk hasabyny çişirerdi. Emma onuñ iñ uly ýaramazlygy başga ýerdedi. * * * Beýik kompozitor çaga wagtyndan bäri gomoseksualistdi. Ol entek 13 ýaşynda gimnaziýada okap ýörkä birinji gatnaşygyny başdan geçirdi. Soñ munuñ üstüni san-sajaksyz başdan geçirmeler doldurdy. Arasynda zenan bilen jynsy gatnaşykda bolup, özüni özgertjegem bolupdyr. Emma 25 ýaşyndaka tanşan belgiýaly aýdymçy Désirée Artôt garypdygy üçin oña ýüz bermändir. 37 ýaşyndaka öñki talyby bilenem guran durmuşy zordan birküç hepdä ýetipdir. Şeýle-de bolsa ol, aýaly Antonina Milýukowa bilen resmi nikasyny bozmandyr. Başga erkeklerden birnäçe çaga dogran Antonina ahyrsoñunda ruhy keselhana düşüpdir. Birem onuñ durmuşynda özüni maddy taýdan goldan, 11 çaganyñ enesi, baý dul aýal Nadežda fon Mekk bolupdyr. Olar 14 ýyllap yzyny üzmän 1200-den gowrak hat alşypdyr. Çaýkowskiden dokuz ýaş uly bolan Nadežda ýüzbe-ýüz görüşmezligi şert edip goýupdyr. Ölümi-de duýdansyz bolupdyr. Holeradan ölendigi aýdylanam bolsa, käbirleri onuñ öz janyna kast edendigini, belki-de, köşge ýakyn bir erkegi zorlandygy üçin öz janyna kast etmäge mejbur edilendigini öñe sürdi. * * * Häzirki döwürde biziñ ýurdumyzda ýaşasa-ha, Çaýkowskiniñ ýagdaýynyñ nähili boljagyny bilemok. Ýöne gomoseksualist bolup ýaşamak şol döwrüñ Russiýasynda añsat däl eken. Muña garamazdan häkimiýet kompozitora arka durupdyr. Russiýada şindizem Çaýkowskiniñ adyny göterýän şäher, ploşad, köçe, edara bar. Bir gürrüñ bilen sözümi jemläýin. Ýene bir erkege azar berendigi üçin Çaýkowskini patyşa Aleksandr III-e ýamanlapdyrlar. Hyşy-wyşydan ýadan patyşa şeýle diýipdir: - Bes etseñizläñ indi! Russiýada "göt" köp, ýöne Çaýkowskiý ýeke-täk! Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 30.07.2017. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |