13:28 Çemçeläp iýlen işbil | |
5. ÇEMÇELÄP IÝLEN IŞBIL
Ýatlamalar
XX asyryň altmyşynjy ýyllary... Halyk Garajanyň saçagyndaky okara doly gara ikrany Italmaz Nury bilen Rejep Allaýar çemçeläp iýip başladylar. Arak içýänlere ikradan zyýat zakuska bolup biljekmi! Sähel salymda saçaga goýlan ikraly okara taňkyrady. Halyk: – E-eý, kaşalotlar, ikra beýdip iýlenok – diýip gygyrýardy. Öý eýesiniň sözüne pitiwa edýän ýok, hezil edip gülýärler, ýene ber diýip, hemle atýarlar. Italmaz, Rejep bäş ýyl Moskwada okapdylar, Italmaz – şahyr, edebiýat instituny gutarypdy, Rejep döwlet konserwatoriýasynda tälim alan kompozitor. Ikranyň çemçeläp iýilmeýänini ikisi-de bilýär. Häli görseň, bäş ýylyň dowamynda ikranyň dişlerine degenini barmak basyp sanaýmalydyr. Ikra daşary ýurtlara gyzyl pula satylýan tagam. Olar häzir gytlygyň boluna düşdüler. Halygyň uly holodilnigindäki üç litrlik çüýşe gapdan ýene ikra çykaryldy. Men welin, ikra iýemokdym, asyl, balygyň etini-de, ysyny-da halamokdym, ilki gezek ikrany dadamda ýüregim bulanypdy. Bir fakt aýtsam geň görersiňiz. Altmyşynjy ýyllaryň ikinji ýarymynda ýazyjylaryň Krymyň Koktebel (Gökdepe) diýen ýerindäki döredijilik öýüne maşgalam bilen gidipdim. Bir gün nahara barsak, stola gyzyl ikra goýupdyrlar. Muny täsinlik hökmünde kabul eden moskwalylar içini çekdiler. Biz bu delikatesi iýmedik, paýymyzy goňşy stolda oturan aýala, şol mahal belli sowet dissidenti hökmünde ýazgarylyp ýörlen ýazyjy Wasiliý Aksýonowyň ejesine bermekçi bolduk. Geň galmakdan ýaňa ol bendäniň gözeri hanasyndan çykaýjak boldy. Eý-ho, gyzyl ikrany iýmeýän wagşylara serediň-ä! Ol şu manyny aňdyrýan äheň bilen bu ahwalaty krym şerabyndan serhoş bolup gelen ogluna aýtdy. Wasiliniň bulançak gözleri tegelendi, ýöne söz aýtmady. Biziň Türkmenistandan barandygymyzy bilýärdi. Soňra ejesine: haýran galma, bular Garagum çölüniň jümmüşinden çykan çarwalar-a, olar ikraňy nätsinler, olar et iýmeli diýendir. Ýok, başga bir ýagdaýy göz öňünde tutan balmagy-da ähtimaldyr. Garagum çölüniň bir ýany Kaspiý deňizine direýär. Kaspidäki bekre balygynyň garnyny ýaryp, ikra alynýanyndan habarlydyr, ol mahal mekdeplerde geografiýany anjaýyn okadýardylar. Şeýle-de bolsa, biziň ikra iýmeýändigimizden başga syýasy many gözlär. Ol dissident ahyry, sowet syýasatyny unamaýan adam, herki meseläni öz garaýyşyna görä düşündirer. Sowet häkimiýeti bize ikra iýmegi gadagan edendir, ýeke dänesini ýerli ilata dadyrman, tutuşlygyna daşary ýurtlara gyzyl pula satýarlar diýse-de, kommunistler kiçi halklaryň baýlygyny gaňryp alýarlar, olary kemsidýärler diýse-de, ondan geň görjek ýok. Wasiliý Aksýonow başgaça pikirlenmäge endik edinen ýazyjylaryň toparyna degişlidi. Men muny şol mahal oňly bilmän ekenim. Ol menden bäş-alty ýaş uludy, onuň pikir-hyýalyndan men juda uzakda bolupdyryn. Kaspiý (Hazar) ýakasynda ýaşaýan türkmenler ikra diýenoklar, “işbil” diýip, türkmençe adyny tutýarlar. Işbiliň daşary ýurtlara dollara satylýandygyna-da olar belet ekeni. “Bal tutan barmagyny ýalar” diýlenini edip, taýýarlaýan tagamlaryndan dadýan ekeniler. Halygyň holodilnigindäki işbil hem şol dadymlykdan bolmaly. Bile okan sazanda dosty Krasnowodskiden iberipdir. Moskwada okap gelenler bilen biziň aramyzda ujypsyz hem bolsa, parh duýulýardy. Italmazyň gutaran edebiýat institutynda Ýewgeniý Ýewtuşenko, Bella Ahmedullina ýaly altmyşynjy ýyllarda ýaş nesle ýaň salan, pikir erkinligine gol ýapan ýaş şahyrlar okapdy, soňra ynançlary üçin okuwdan kowlupdylar. Elbetde, Italmaza ol howp abanmandy, abanyp-da biljek däldi. Biziň topragymyz, göwün ýüwürdýän arzuwymyz başgady. Şol instituta düşmegiň özi eýýäm biziň üçin şowlulygyň çür depesine çykmakdy. Başgaça pikirlenmek seniň graždanlyk tutumyňa, messebiňe, ynsabyňa bagly hokga ekeni. Biz bolsak, graždanlyk tutum diýlende şahyr Wladimir Maýakowskiniň synpy duşmanlara ýüzlenip aýdan setirlerini ýatlaýardyk: Okaň siz, okaň siz, gitsin gözüňiz, Sowet Soýuzynyň graždany men! Biz Berdi Kerbabaýew ýaly sylag-hormatly, belent mertebeli sowet ýazyjysy bolup ýetişmegi arzuw edip ulalypdyk. Altmyşynjy ýyllarda adygan şahyr Gurbannazar Ezizow şol arzuwy goşguda beýan edýär: Bir ýigdekçe geçip barýan zenandan: – Aýtsaňyzlaň, kim ol? – diýip sorady. Zenan guwanç bilen goja seretdi, Tanýandygyn bagt saýyp şo bada. Ähli dilde, Ähli ýurda düşnükli, Örän gysga, hemem örän düşnükli Jogap berdi: – Kerbaba... Italmaz bir zady keýp bilen gürrüň bererdi. Gijäni goşgy okaşyp, jedel edişip, arak-şerap içişip geçiren student şahyrlar ertesi irden okuwa baryp, perişan halda ukuly gözlerini açyp bilmän otyrlar. Italmazyň halypa mugallymy, belli şahyr Lew Oşanindi. Onuň sözlerine meşhur sowet kompozitorlarynyň döreden aýdymlarynyň SSSR-de aýdylmaýan ýeri ýokdy. Ol şägirtlerine studenti hökmünde garanokdy, şahyr ýoldaşy hökmünde garamaga endik edipdi. Ol Italmazyň süllerip oturanyna bada-bat üns berýär, ony çete çagyryp, eline bäş manat tutdurýar-da, bar düzelip gel diýýär. “Pohmelden” soň janlanyp, gözleri ýitelen Italmaz ýylgyryp dolanýar. Mugallym bilen studentiň arasyndaky beýle gatnaşyk biziň üçin Moskwada ýüz beren erkinlikden bir alamatdy, gözümiz gidýärdi. Halyk Garajaýew-de Moskwadan gelipdi. Ol dünýä belli Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyny gutaryp, Moskwada işe galypdyr. 1967-nji ýylda “Mosfilm” kinostudiýasynda “Ýanýan furgonyň ýoly” filminiň rus wariantyny edip ýörkäk kompozitor dostum Çary Nurymow: seni şu gün sazanda dostum bilen tanyşdyrjak diýdi. Halyk Garaja bilen tanyşdyrdy. Ol ýaşynyň otuza ýetendigine garamazdan sallah ekeni. “Öýlenmäge gyz tapanokmy?” diýdim. Çary güldi. “Her gün öýlenjek diýse-de gyz tapýar, entek sallahlygyň gülüni çürtýär” diýdi. Halyk “Buz üstündäki balet” teatral ansamblyň orkestrinde işleýän ekeni. Çary: “Ony yrjak bolýan, kömek et” diýdi. Halygy Türkmenistana işe getirjek bolýan ekeni, bäri bilen gepleşip goýupdyr, geldigi ony Aşgabadyň sazçylyk uçilişesine direktor bellejekler. Halygyň razylyk bermeýändigine düşünäýmeli. Sallah, görmegeý ýigit, gowy trambonçy. Teatrda kyrk sany ýaş gyz buzda taýyp balet görkezýär. Biri beýlekisinden owadan, olary jennetiň hüýr gyzlaryna meňzetse boljak. Bu üýtgeşik teatr dünýäde diýseň meşhurdy, daşary ýurtlaryň onlarçasynda çykyş edipdi. Şol gözelleriň ýany bilen älem-jahana seýran edip ýören sallah ýigit Türkmenistany küýsärmi diý! Biz ýalbarýarys, Halyk arkan gaýyşýar. Ony erkine goýmadyk: “Düşün-ä sen, bize-de gowy sazandalar gerek, milli kadrlarymyzy köpräk ýetişdirmeli, türkmenlerem tanalmaly ahyry! Bu aladany indi biz etmesek, başga kim etjek! Haçana çenli keseden mugallym, sazanda çagyryp ýörmeli!? Indi seniňem öýüň, maşgalaň bolmaly, ýa-da müjerret ötäýjekmi!” diýdik. Garaz, Halygy yrdyk. Aşgabada geldi, sazçylyk uçilişesine direktor bellediler. Çehow köçesiniň ugrundan gül ýaly kwartira berdiler. Işläp ýör, öýlenenok, ol hakda pikir hem edenok. Bizem ony howlukdyrjak bolamzok. “Ýaşasyn Halygyň sallahhanasy!” diýip hezil edýäris. Öýmüzde iýmeýänimizi bu ýerde iýýäris. Ýaş sazandalar, şahyrlar, kinoçylar ýygnanýar. Italmaz Nury bilen Rejep Allaýar gyzyl pula durýan işbili çemçeläp iýýär. Italmaz täze goşgusyny okaýar, Çary täze sazyny çalýar, Orazmyrat Amanmyrat aýdym aýdýar... Aşgabada bahar gelip, baýyrlar gök salanda uçilişäniň köne awtobusynda gezelenje çykýarys, Pöwrize jülgesiniň sapasyny görýäris. Biziň üçin mundan zyýat bagt boljakmy diý! Halyk uçilişäniň işini anjaýyn guramagy başardy, ýerlerden zehinli okuwçylary tapyp getirmegi ýola goýdy. Uçilişä isleg artdy, Halygyň mertebesi beýgeldi. Görmegeý, ýüzi, ýüregi açyk, sallah ýigidiň daşynda güle gonýan bal arylary ýaly gyzlaryň wazaňy ýatanok. Ahyry olaryň biri Halygy girisine saldy. Onuň öýlenjegine biz gabanjaň garaýardyk, toýuň belli güni aýdylanda süllerdik. Sallah öýüniň hezilligi, sapasy biziň üçin gutarýardy, öýüň hojaýyny indi biz bolmarys. “Aşgabat” myhmanhanasynyň uly restoranynda Halygyň toýy boldy. Oňa altmyşynjy ýyllarda edebiýata, sungata gadam basyp, adygmaga ýetişenleriň hemmesi ýygnandy. Bize guwanýan ýaşulularam geldi. Şeýle bir hezil toý boldy, onuň erkinliginden dörän şagalaň ýaşuly nesiliň wekillerini-de haýrana getirdi, ýaş tapawudy duýulmady, hemmeler ýaşlyga dolandylar. Biz welin, sallahhananyň sapasy bilen hoşlaşyp, aýralygyň gussasyny basmak üçin arak-şerap içdik. Soňra köplükden aýry, çetki otaglaryň birine ýygnanyp, geçen hezil günleriň ýakymly ýatlamasyna maýyl bolduk, minnetdarlygymyzy gülki, degişme, ýomak bilen Halyga duýdurdyk. Kellämiň gyzgynyna men onuň çaltrak aýrylyşmagyny arzuwlap bulgur göterdim, muňa Halygyň özi-de hezil edip güldi. Ol öýlenip, aýagynyň duşaljagyny entek duýmaýana meňzeýärdi. Sen neneňsi ajaýyp günleriň bilen hoşlaşýarsyň, Halyk jan! Sallahhanaň gapysyny ýapyp, sen bizi nähili hezil pursatlardan mahrum edýärsiň, Halyk jan!.. Altmyşynjy ýyllarda bizi jemgyýete aralaşan sähelçe ruhy serginlik ýakynlaşdyrypdy diýsem öte geçmerin. Biziň hem döredijilik örimiz biraz giňäpdi. Moskwa-da haklydygymyzy duýup başlapdy. Beýleki soýuz respublikalarynyň ýazyjy, sungat işgärleri bilen şahsy aragatnaşyklar ýola goýulýardy. Birek-biregi terjime etmäge höwes artýardy. Döredijiligiň sebäbine ýygnanyşmagy, pikir alyşmagy öwrendik. Özara degişmäniň, gülkiniň bir nokady, bir obrazy, häsiýetli keşbi bolýar. Men öňde Anna Paýtyk hakynda ýazdym, indi şahyr dostum Italmaz, Italmazyň şahyr dosty Gurbannazar Ezizow hakynda aýtjak. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |