18:28 Çemodansyz, şadyýan ýolagçy | |
ÇEMODANSYZ, ŞADYÝAN ÝOLAGÇY
Edebi makalalar
Saud Arabystanynyñ "Saudia" Howa Ýollary kompaniýasynyñ uçarmany Gassan Hamid Omar iki hobbini birleşdirýär: uçarmançylyk we çeper edebiýat Çap edilen birinji kitabymyñ ady "Portsuz ýolagçydy". Onuñ "Ed-Dâru'l-'Arabiyye li'l-'Ulûm Nâşirûn" neşirýaty tarapyndan çap edilen birinji kitaby "Çemodansyz ýolagçyny" maña berende, öz kitabymyñ ýada düşmezligi mümkin däldi. Ol adam diñe telepatikmi? Ýa-da onuñ menden täsirlendigini pikir edip, muña özümçe buýsanyp bilerinmi? Meniñ kitabym kiçijik gaýyş sumkasy we seredende adamyñ ruhuny syzladýan gapjygy bilen ýer ýüzünde gaýyp bolan ýaş ýigidiñ başyndan geçirenlerinden we synlaryndan ybarat. Awtoryñ kitaby barada aýdar bolsak, eýse onuñ ýeke ýerinde "sumka" sözi geçenokmy? Ýok, beýle däl. Ýolagçymyzyñ uçarman bolandygy sebäpli çemodany ýok. Ol polat ganatlaryñ üstünde dünýäni gezýär. Biziñ ýaly "bohem" däl. Tersine, ol kartalary öwrenýän we ýapyk bulutlardan gaça durýan, ýer ýüzünde geçirýän sagatlarynda bolsa jahankeşdelik edebiýaty boýunça ýazgylary ýazýan biri. Saud Arabystanynyñ "Saudia" Howa Ýollary kompaniýasynyñ uçarmany Gassan Hamid Omar iki hobbini birleşdirýär: uçarmançylyk we çeper edebiýat. Ol ABŞ-na gezende hökmünde gidişini ol ýerden uçarman bolup dolanşyny düşnükli, käte-de endişeli dilde gürrüñ berýär. Kiçijik "Cessna" uçarlarynda tälim alyp ýörkä özüni jadylap aşyk eden we ezberlik bulen elli ýyllap gök asmanda uçandan soñ könelşen "Boeing-747" uçaryna nädip ýetişini gürrüñ berýär. Omar bizi kokpite salýar we öñündäki paneliñ ýüzlerçe düwmesi bilen tanyşdyrýar. Kämahal zähmet karýerasyny, başdan geçiren kynçylyklaryny we şatlykly günlerini gürrüñ berýän ikinji kitaby "Suwuñ ýüzünden kyrk müñ fit belentkikde" duýdansyz ses eden motorcycle sesini eşidenden soñ bizi-de gorkuzýar. Uçarmanlyk kärini söýýän ýazyja-da, ýazyjylygy söýýän uçarmana-da gabat gelmändim. Omar uçarman uçarmançylygy söýgülä käre, ýazyjylygy bolsa hemişelik hobbisine öwrüp bilen adam. Ol hem beýleki ähli kärdeşleri ýaly gözegçilik diñinde ýaşaýar. Asmana galyp barýan pursatlarynyñ hezilini görmek bilen bir hatarda ýere inende takyk inmegiñ ünjüsini başdan geçirýär. Her iki ýagdaýda-da ejesiniñ okamagy ýatdan çykarmazlygyny sargan aýatlaryny okaýar. Gassan Halid Omar ABŞ-da okan ýyllaryny süýjedip gürrüñ berýär. Daşarky syýasatdan daşgaryn kemala gelen, dosta wepaly we ganygyzgyn jemgyýet... Okuwynyñ başky aýlary "11-nji sentýabr wakalarynyñ" gurşawynda geçendigine garamazdan, bu döwri kynçylyksyz geçmegi başarypdyr. Şonsuzam bäş müñ howa menzilli ýurt bäş-üç sany ganhor manýagyñ döreden tragiki pursatlarynyñ tunnelinde uzak wagtlap säginip bilmezdi. "Çemodansyz ýolagçy" çemodan we bag mysaly awtoryñ edebi inçeligini we giñ medeniýetini görkezýän edebi eserdir. Onuñ şahyrana çeperçiligini-de ýatdan çykarmazlyk gerek. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 18.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |