23:25 Çilimi nädip taşlamaly? / ýumoreska | |
ÇILIMI NÄDIP TAŞLAMALY?!
Satiriki hekaýalar
Ony taşlamak itiň aňsady. Emma onuň seni taşlamasy welin kyn-da. Men-ä bu işi eşekden palaň alança-da görmedim-dä, ap-aňsatja taşlaýdym. Ýöne ilkibada çilimkeş ýoldaşlarymy iki aýlyk möhletde berk şertnama esasynda terk etmeli boldum. «Diňe telefonda gürleşmäge haky bar, onda-da çilim hakynda dil ýarmaly däl» diýen düzgüni girizdik. Şertnamada görkezilen punktlaryň ýerine ýetirilişine aýalym gözegçilik etmeli boldy. birek-biregiň öýüne barmak gadagan edildi. Başga-da birnäçe dokumentler toplumy çilimiň goýry tüssesiniň içinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokarky mesele çözüldi. Indi başga bir mesele öňde keserdi duruberdi. Olam men çilim çekilmeýän kollektiwde işlemelidim. Gapdalyňda biri süýtli geçi emýän ýaly çilim sorup otursa, eliňi uzatmazmyň diýsene. Ine, şol welin, aňsat düşmedi. Işimden boşamasyna boşadym welin, çilim çekilmeýän kollektiw tapman kösendim. Ahrynda haly fabrigine işe geçäýdim. Gelin-gyzlar bilen ýanaşyk oturyp darak kakyberdim. Bagtyna onuň direktoram aýal adam ekeni. Işim öýdüm, çitim, synny, keser, darak boldy. o ýerde nasam, çilimem ýok. Hezillik. «Eý, daragym, batlan, eý, ýüregim şatlan» diýip, darak kakyp otyryn. Çilimi ap-aňsat taşladym diýdigim sizi gorkuzmajak bolýan. Onuň hupbaty, belasy, kösençligi az bolmady. Azarlap özümi bilmeýän halatlarym boldy. Ynanmarsyňyz, iki gezek öýümiň duşundan geçip gidipdirin. Ol-ol onunjy mikrde gezip ýören ekenim bir gezek. Bir gezek tanşym tanap öýüme getirip gitdi. Ikinji gezekde öz öýümdir öýdüp, biriniň öýüne goräýen bolsam nätjek. Erbet ýeri aýalyna aýalymdyr öýdüpdirin. Mazaly ýenjildim. Soňam milisiýa jaň edipdirler, olam dälihana tabşyrypdyr. Bir sapar Mara diýip otla münmeli bolamda ters tarapa ― Nebitdaga tarap gidýän otla münüpdirin. Goç stansiýasynda özüme geldim. Gyzylarbatda düşüp galdym. Aý, aýdyp otursaň görkezen görgüsi kändir çilimiň. Birnäçe gezek çagalarymy gorkuzypdyryn. Azarlap, äpişgeden daşaryk bakyp, bir nokada seredip gymyldaman otursam nätjek. Kündükdir öýdüp, sellafan halta suw guýupdyryn. Çagalarym kakam dälirändir öýdüp gaçypdyrlar. Mamalarynda ýaşapdyr, elime ilen zady aýlap salýan bolupdyryn. Gör, ahyry, hatda aýalymyňam ýüzüne gelmekden gorkmandyryn. Meni okajak bolýan ýasama porhany uranyma goňşular şat bolupdyrlar: «Elleriňe güller bitsin!» diýipdirler. Wagtyň geçmegi bilen men birneme bäri bakypdyryn. Ýöne bir ölüp-direlmändirin. Aýalym goňşulara süýji paýlajak bolupdyr weli, süýji ýerinde ýokmuş. «Kim iýdi?», «Kakam iýdi». ― Hany bu ýerdäki kemput? ― diýip, aýalym boş haltany kelläme geýdiräýjek boldy. gözleri tegelenip içiňden geçip barýardy. Meňem geldi gaharym: ― Kemput ― kaput! ― diýdim weli, aýalym diwaryň ýüzünde as ýaly gezip ýör. ― Heý şonça süýjünem bir iýmek bormy, hajymelik açdyňmy? Sen çilimiňi taşlalyň bäri men bazardan saňa iýer ýaly zat daşaý-daşaý ellerim bir garyşsere süýndi ― diýip, aýalym özüni lampa ýere goýberdi. Soňra ol eýwana seredip: ― Men palaw bişirjekdim, hany bu ýerdäki käşir? ― diýdi. Men käşiri ýaşy bilen iýipdim . çilimiň azary ýetlişende soganam bolsa, ajy burçam bolsa iýiberýän boldum. Kartoşkanyň, naryň, apelsiniň gabygyny tapsam maňa başga zat geregem bolmady, çaýyň şemmesinem iýdim. Bitýän gök çöplerem kirt-kirt çeýnäberdim. Howlymyzda saklaýan öý towşanlarymyz, bag toklularymyz horlanyp, arryklap başlady. Men bolsam baga bakylýan öküz ýaly günümi sanap semreýärdim. Ellerimi ýere diräp turmaly boldum. Tikinler sökülýärdi, ilikler atylýardy. Aýalym halys çydamady. Bir günem sabyr käsesi püre-pür dolup, sabyr bedresini edindi, olam doldy. Torbasyny alyp, bazara tarap gitdi. Getiribem torbany başaşak tutup içindäki zady öňüme eňterdi. Ony nämedir öýdýäňiz?! Ol çilimdi, gözüňe söweýin, çilimdi. ― Meni bazar ýolunda tozdurmajak bolsaň, ýene-de şu awulyk çilimiňe başla ― diýdi. Emma men çilime el uzatmadym. Dostlar bilen düzülen bir ýyllyk şertnamanyňam möhleti geçdi. Ýyl çalyşdy. Indi meň ýanymda çilim çek, has at, parhyma-da däl. Size-de Täze ýyl arzuwym şu: meň günüme düşüp görüň-de, çilimi taşlaň! 01.01.1998 ýyl, «Galkynyş» gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |