10:15 Çuñ gazmaly bolýas | |
ÇUÑ GAZMALY BOLÝAS
Publisistika
1840-njy ýylda ilkinji gezek edara-şereket derejesinde magdan känine inildi. 1867-nji ýylda döwlet düzgünnama çykaryp, iş tertibini kesgitledi. Şunça ýyllyk praktiki tejribäniñ bardygyna garamazdan häli-häzirlerem nämüçin magdan ölümçilikleri bolýar? Gürrüñi uzatmazlyk üçin Osmanlyny bir ýana goýup, diñe respublika döwrüni ýazaýyn: Magdan önûmçiligi mukaddeslik derejesindedi. Mysal üçin, 1920-nji ýylda çykarylan kararnama magdan işçisini harby gullukdan boşatdy. Şondan bir ýyl soñ çykarylan kanun arkalu işçileriñ ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyryldy. Mejbury zähmet ýatyryldy. 18 ýaşa ýetmedikleriñ magdan känlerinde işledilmegi gadagan edildi. Kesellän we heläkçilik bolan ýagdaýynda çykarylýan çykdajylaryñ, iş bilen baglanyşykly ölümleriñ öweztöleginiñ iş beriji tarapyndan tölenmegi ýola goýuldy. 1923-nji ýylda Amele birligi (Magdan işçileri birleşigi) guruldy. Saýlama-saýlanma hukugy üçin salgytdan boşadylyp, işçileriñ mejlisiñ düzümine kabul edilmegi gazanyldy. Ýöne şuña meñzeş we zähmet rugsady (otpuska) ýaly oñyn kararlaryñ hemmesi-de işçileriñ guramaçykly we netijeli göreşi netijesinde amala aşmady. Täze režim näme berse, şoñ bilenem kanagat edildi. Eýse respublika bu babatda näme sebäpli güýçli sindikatlary gurmak ýaly öñdebaryjy ädimleri ätmedi? Käbirleri Azat-edijilik urşuna ýeterlik goldawy bermedik Stambuldaky we Izmirdäki sindikatlara Atatürküñ sowuk garandygyny tutaryk görkezjek bolýar. Bu biraz çagalaç düşündiriş bolýar... Munuñ tutaryklaryndan biri goñşy SSSR-di. Lenin ýaragly güýçlerden sindikatlara çenli ähli ugurlar bilen buržuaz häkimiýetleri ýykyp, Halkara Sowet Sosialistik respublikasyny gurmak üçin halkara kommunistik guramany döretdi: Komintern... Komintern 1928-nji ýyla çenli halkara gatnaşyklarda oñşukly syýasaty ýöretdi. Emma... şol ýyldajnsoñ dünýäre täze rewolýusiýalar tolkunyna garaşylyp (1929-njy ýyldaky maliýe krizisi munuñ iñ aýdyñ mysalydy), kapitalistik ýurtlardaky kommunist partiýalary (sosial-demokrat bolsa-da) partiýalara we häkimiýetlere garşy göreşe çagyrdy! Komintern gödek taryhy ýalñyşlyk goýberdi, munuñ özi Ýewropanyñ Italiýa, Germaniýa, Portugaliýa, Ispaniýa, Awstriýa ýaly ýurtlarynda faşistleriñ häkimiýet başyna gelmegine ýol açdy. 1930-1931-nji ýyllarda Latyn Amerikanyñ 10 ýurdunda harby döwlet agdarlyşygy bolup geçdi. A Türkiýe? Otuzynjy ýyllara beýle perspektiwa bilen seredemzok. Meselem, ykdysady görkezijiler pese düşmäge başlady: 1929-njy ýylda daşarky söwdadaky boşluk rekord derejä ýetdi. Respublika senagatyñ ösmeginden (we daşarky bosgunlardan gelen 771 müñ adam bilen) sany mazaly artan işçiler synpyndan ynjalyksyzlanyp başlady. Meselem, toplanan güýji ikä bölmek üçin işine has ezber işçileri "memur" (işgär) statusyna aldy. Atatürk we Inönü 1929-njy ýylda kommunistlere garşy gazaply çykyşlar etdi. Şol ýyl Türkiýäniñ Kommunistik partiýasyna garşy açylan derñew işinde agyr jezalar kabul edildi. Jenaýat kodeksiniñ 141-nji, 142-nji maddalaryna goşmaxa üýtgeşmeler girizildi. Köki ýerleşen şäherinden daşda bolan guramalardyr partiýalar bilen gatnaşygy gadagan edýän 143-nji madda güýje girdi. 1930-njy ýylda "Serbest fyrka" ("Erkin fraksiýa") guruldy, Içeri işler ministri Şükrü Kaýa-da "sosialistik partiýa" gurjak boldy, rugsat berilmedi. Diñe "tüpeñ kommunistleriñ" synpsyz jebisleşen Türkiýäni öñe tutýan “Kadro” žurnalynyñ işine rugsat berildi... Şol bir wagtyñ özünde HRP (CHP) nyşanyndaky dört okuna halkçylyk we rewolýusionerlik prinsiplerini goşdy. "Halk öýleri" guruldy. Bularyñ hemmesi režimi goramak maksady bilen edilipdi... Işçiler synpy bu etapdan "paýyny" aldy. "Iş hakyndaky kanunt" mejlisden on ýyl geçensoñ 1936-njy ýylda çykdy. Özem täze kanunda sindikat gurmak, iş taşlaýyş etmek gadagandy! Komintern ýalñyşyna düşünip, 1935-nji ýylda kommunistlere milli frontuñ içinde ýer almagyny ündese-de, iş işden geçipdi. Ikinji jahan urşy turdy. "Sowuk uruş" döwründe-de sindikatlar antikommunistik göreşiñ nyşanasynda boldy, hemişe "saraldyldy"! Harby agdarlyşyklar we ş.m.-ler Türkiýede düýpli işçiler synpy tradisiýasyny döretmegiñ öñünde hemişe böwet bolup geldi. Şeýlelikde: Aýratynam, doýdum-dolmaz girdeji maksatly neoliberalizmiñ durmuşymyza aralaşmagy bilen magdan känlerindäki görlüp-eşdilmedik artyşy işçiler we sindikatlar sessiz-üýnsüz synlap geldi, synlamagyny-da dowam etdirýär… Entek gürrüñimiñ yzy bar... Çuñ gazmasak bolmaýar, ýogsa magdan känlerindäki ölümçilikler dowam eder durar. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |