16:24 Dädem Gorkudyñ Pendi | |
DÄDEM GORKUDYŇ PENDI
Edebi makalalar
Ozal zaman bir danadan: «Ajal nämedir?» diýip soranlarynda: «Wagtdyr» diýip jogap beripdir. Wagt – sagat, gün, hepde, aý, asyr aýlanyp dur. Çarhypelek hemme zady üwäp, beýlesine taşlaýar. Biz onuň çarhynyň bäri tarapynda, aňyrsynda näme boljagymyzy Alla bilsin! Dünýä döräp, ölmez-ýitmez bolmak – ynsanyň ýeke-täk beýik islegi. Belki, şol islegem oňa ol dünýäniň barlygyny, hiç bolman, öleniňden soň hemişe ýaşap boljakdygy hakyndaky pikire eltip, kalbyna kanagat salandyr. Faraonlar – wagtyň garşysyna ullakan piramidalar gurup, mümkin boldugyndan özleri hakdaky ýatlamany uzaltjak bolupdyrlar. Emma dünýäniň özi wagtlaýyn. Emma üstünden wagt geçdigisaýy könelmän, tersine, beýgelýän beýik eserler bolýar. Ölmez-ýitmez eserler. Olar juda seýrek. «Dädem Gorkudyň kitaby» hem şol eserleriň biri! «Dädem Gorkudyň kitaby» wagt geçdigiçe jöwher açýar, many saçýar! «Oguznama», «Dädem Gorkudyň kitaby», «Görogly» ýaly eserler dünýäde barmak basyp sanaýmaly! Olardan hem hut üç sanysy türkmeniň bagtyndan çykypdyr! Şunuň özi hem bir halka döşüni gaýşardyp gezmäge ýeterlik buýsanç! Bu eserler näme diýip ölmez-ýitmez? Bu eserler edil ynsan beýnisi ýaly gat-gat, eýýam aýlandygyça täze many saçyp bilýär. Şol hem olary ölmez-ýitmez edýär. «Dädem Gorkudyň kitaby» – «Gurhandan» ozalky türkmen-oguz Gurhany! Häzir biz ony gyzyklylygy üçin okaýarys, ata-babamyzy öwrenmek üçin okaýarys, emma onuň aňyrsynda eýýamlara, neberelere, nesillere goýlan wesýet-nesihatlar ýatyr. Bu ajaýyp diwanyň her bir boýunda gyzykly, manyly wakadan başga-da, beýik parasat ýatyr, beýik akyl ýatyr! Dünýäni galdyradyp ýören oguzlara pespällik bilen ýazylan bu boýlar nämä gerek? Kuwwatly, berkarar, agzybir oguz döwletine daşdan howp salyp biljek bela ýok, beýle kuwwatly döwletler içden synýar. Ony nämeler syndyrýar? Ine, bu babatda Dädem Gorkudyň pikiri: 1. Men-menlik. «Döwha ogly Däli Domrul» boýy göçme many bilen hut şol pikiri berýär. Dünýäde özünden güýçli kişi ýok diýip ýören oguzlaryň içinde Däli Domrul diýen bir är kişi gury çaýyň, suwsuz derýanyň hanasynyň üstünden köpri gurýar. Kim onuň köprüsinden geçse otuz pul, köprüden geçmedigi bolsa urup-urup, kyrk pul almaga başlaýar. Ol buz üstünden tozan araýar. Ol güýç synanyşmaga är agtarýar. Edil şol mahallaram köprüniň goltugyna göçüp gelen kiçijik bir obada bir ýagşy ýigit ölüp, agy-perýat başlanýar. Domrul gelip soraýar: – Meniň köprimiň ýanynda näme üçin aglaýarsyňyz, bu ýas, bu gowga näme? – Hanym, biziň bir ýagşy ýigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin aglaşarys. Şu taýda bir hindi däbini ýatlap geçeliň. Biriniň gardaşy ölse, obanyň «men» diýen adamlary üýşüp şol öýe geler ekenler. – Pylana näme boldy? – Pylany öldi... – Ony kim öldürdi? – Şum ajal! – Sen bize şol şum ajaly görkez, biz onuň özüni öldürip, gardaşyňyzy yzyna alyp bereli! – Wah, biz onuň nämedigini nä bileli! – Onda biz ony pul döküp alaly... – ?.. Gardaşy ýogalan adam jany baýlyk bilen alyp bolmaýanyny aýdýarmyş. Şonda olar üýşüp: – Eger gardaşyňyzy güýç bilen alyp bolmaýan bolsa, pul döküp alyp bolmaýan bolsa, onda biz bialaç. Siz hem bialaç! Oňa diňe çydaýmak galýar – diýşip, göwünlik berýär ekenler. Bu däp türkmenlerde hem şol durşuna saklanypdyr, emma diňe ýokarky jümleler diýlenok. Ýöne, «gamlanmaň, aglamaň, biz bar, biz şonuň ýerine geldik» diýen manyda biz kaza edeniň ýerine barýarys. Däli Domrul: «Ýigidi kim öldürdi?» diýip soranynda, olar: «Ajal» diýip jogap berýärler. Domrul Ajaldan asgyn gelýär. Hekaýatdan çykýan netije: – Sen kim hem bolsaň, «men-menlik» etme, sen göze görünmeýän ajaldan hem asgynsyň! «Gurhanda», «Hadysda» iň halanmaýan häsiýet – men-menlik. 2. Berkarar, halal döwlete ýene näme howp salyp biljek? – Haramylyk! Dana Gorkut atamyz bu beýik paýhasyny «Besediň Depegözi öldürdigi boýuny beýan eder» atly boýunda örän ussatlyk bilen beripdir. Günleriň bir gününde Oguzyň bir obasynyň üstüne ýagy dökülýär. Oba gorkup, gaçýar. Başagaýlykda Oraz gojanyň ýaşajyk bir oguljygy gaçyp galýar. Oglanjygy dag içinde ýaşap ýören arslan ýetişdirýär. Üns beriň, ynsan çagasyny – haýwan kemala getirýär. Şol oba yzyna gelip, bir zamanlar geçensoň oglanjygy tapyp alýarlar. Ol oba öwrenişip bilmän tokaýa, daga gaçýar, oňa şonuň üçin BESET – «Gaçmany bes et!» diýen manyda Dädem Gorkut at goýýar. Oguzlarda, häzirki türkmenlerde çopanyň käri iň halal kär hasap edilýär. Şonuň üçinem yhlas bilen ýigrimi ýyl goýun bakana Hydyr ata duşýarmyş diýip aýdylýar. Çopan halal bolmaly, sürä halal adamy çopan goýýarlar, sebäbi halk oňa baýlygyny ynanýar. Şol halal çopanlaryň biri Sary çopan ýazlaga göçýär. Birden ol bir bölek guşuň kölüň boýuna gonup, perä öwrülenini görýär. Çopan usullyk bilen baryp, oýlugyny oklap, perileriň birini tutýar-da, zyna edýär... Peri – jennetiň ýaşaýjysy, halallygyň aňry başy, çopanyň hem iň halal kişidigini ýaňy aýtdyk. Peri haram iş edeni üçin çopana ýaramaz gepleri aýdyp, bir ýyldan hem haramdan bolan zady ýargagy bilen taşlap gidýär. Çopan depip görýär, ol depdigiçe ulalýar. Çopan gaçýar, ol ýargaga şikara çykan Baýandyr han begleri bilen duşýar. Ýargagy ýaryp görseler içinde bir oglanjyk bar. Onuň depesinde-de käse ýaly gözi. Ony hem Oraz goja terbiýelemäge alýar. Dädem Gorkut peri bilen halal çopandan önen zady adama terbiýä berýär. Oglanjyk bir emende enekäniň emmesini üzüp alýar. Soň ganyny sorýar. Asyl ol oguzyň baýlygyny tükedip barýar. Näme tapsaň, ýalmap-ýuwdup barýar. Oňa şert goýýarlar: «Iliň içinden çyk, her günüňe iki adam bilen bäş ýüz goýun bereli». Ol oguzyň başyna görülmedik betbagtlygy getirýär: adamlaram, mal-garanam saýpallap barýar. Ahyry ony Arslanyň golunda kemala gelen Beset öldürýär. Netije: – Oguzyň başyna bela haramylykdan geler! Haramylykdan daş geziň! 3. Oguzyň başyna näme bela gelse, agzalalykdan geler! Bir gezek Gazan hanyň öýi ýagmalanýar. Ýagny Gazanyň obasyna ýagy dökülip, talaň bolýar. Ol mahal şonuň ýaly talaňçylyk bolup, üste ýagy dökülse, üç ok hem boz ok dessine ýygnanar eken. Emma soňky gezek ol Daşoguz bilen bolman, diňe içoguz bilen bolýar. Şujagaz bahana hem, baý, agzybir içoguz bilen daşoguzyň arasynda uly duşmançylyk oduny tutaşdyrýar. Ozalky daýy-ýegen, aga-ini, dogan-doganoglan biribirine duşman bolup, uruş içde başlaýar. Uly uruş başlanýar! Netije: – Oguzyň başyna näme bela gelse, agzalalykdan geler. Agzybir boluň! Dädem Gorkut şol uly urşuň kiçijik sebäpden döreýändigini örän inçelik bilen hekaýatda beýan edip, geljekki nesle sapak edip galdyrypdyr... Umuman, «Dädem Gorkudyň kitaby» hakda köp ylmy makalalar ýazyldy, emma her bir boýyň düýp manysyny yzarlap, düşündirip ullakan kitap ýazmagyň wagty ýetdi. Ol wezipe maňa başardar öýdemok, bu ýazgymyň çygrynda asla men bu beýik diwany düşündirmegi maksat hem edinemok, ýöne gadymdan galan ölmez-ýitmez diwanlarymyzy ölmez-ýitmez edýän ýaşyryn paýhaslara ünsi çekmek isledim. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||