10:16 Dag perisi / hekaýa | |
DAG PERISI
Mistika we fantastika
Jülge. Tomus gijesi. Çyrlaklaň sesi. Bulagyň şyggyldysy. Mahy-tabanyň bol-elin ýagtysy... Ýyllyk synag aladalaryny sag-aman başlaryndan sowup, bulakboýuna ýatymlyk dynç almaga çykan talyplaň ot başyndaky şowhuny deräni doldurýar. Jak-jaklap gülýän gyzlaň gülküsi, olaň gülküsinden sermest ýigitleň lokguldysyna gatylyp-garylyp, deräň degresinde garaňkylykdyr dym-dyrslyga beslenip, howalanyp duran gaýalara urulýar. Olaň daş kükreginden yzyna serpigibem, jülgäň içinde aýlanýar, pyrlanýar, sodaja ýaňlanýar... Joralarynyň ýaş-ýeleňligiň ýeňlesligine mahsuslykda birneme öteräk geçýän degişmeleridir henekleri az-kem kinesini gyjyklan gyz, şagalaňly hümerden saýlanyp, biraz çete çykdy. Ýeke özi kindiwanja öýkesini gursagynda huwwalap, kenarda, çeşmäň üstüne egele bolup duran leýlisaçlardyr tallaryň arasynda gezmeläp ugrady. -Üh-he, üh-he...-edip, gyzyň birki ädim beýleräginde, kimdir biri, megerem ony duýdansyz gorkuzmazlyk üçindir, edeplilik bilen assaja üsgürinjiredi. Gyz, şol tarap bakdy. Ýigit. Nätanyş. Sypaty, keşbi özi bilen ýaşytdaş. -Salam!-diýip ol pessaýdan ýakymly ses bilen salam berdi. -Salam... -Dynç almaga geldiňizmi?!-diýip, megerem, oslagsyz duşuşyga aljyrany sebäplidir, nätanyş ýigit “Captain Obvious”-lygyny etdi. Gyz, ýigdiň göz-görtele zady soraýşyna bildirer-bildirmez gülümsiredi. Birdenem böwrüne şeýtan dürtdümi nämämi, adaty durmuşda hernäçe agras bolsa-da, şu pursat şu ýygra ýigit bilen oýun edesi geldi. -Jukk,-edip başyny ýaýkady:-Men dynç almaga gelmedim. Bu taýy meň öýüm. Ýigit düşünmedi. Dolan Aýyň bol-telki ýagtysyna oň äm-säm bolup, az-owlak aljyrany ýüzünden bildirdi. -O nähili?! -Ine şeýle-dä. Men dag perisi,-diýip öz sözlerine pyňkyrman zordanjyk dodagyny dişläp saklanýan gyz, garagolluk bilen oýnuny dowam etdi. -Weh,-diýip ýigit, ýeňsesini gaşady-da, misli öz-özüne aýdyp berýän dek, burnuna siňdirip hümürdedi:-...“suw perisi” diýip eşidýädik, “jenneti hüýr” diýip eşidýädik, ýöne “dag perisi” diýip ilkinji gezek eşidýäs... -Indi ine, diňe eşitmek däl, şolaň birini görýäňizem,-diýip, ýene-de jykyrdaman zordan saklanan gyz, oýnuň arasyny kesmezligiň hötdesinden geldi. -Bäh,-diýip ýigit, ýene-de ýeňsesini gaşady. Soňam gyzyň oýnuny ýorandygyny mälim etmek isleýän dek, gözüni güldürdi:-Onda belki, hormatly dag perisi, siz ýaly öň görlüp-eşidilmedik jadyly jenan bilen görşüp-gürleşenim hakdaky wakany nesillerden-nesillere miras galdyryp, taryhda goýmagyň hatyrasyna, belki maňa öz keşbiňiz ýaly gözel adyňyzam aýdarsyňyz?! -Jukk,-edip, tapan hezilligine hoş bolup, oýnundan lezzet alýan gyz, kes-kelläm garşy çykdy:-biz – dag perilerine, gije öňümizden çykan her bir nätanyş ýigde adymyzy aýtmak bolmyýa. Eger-de ynsan ogluna ismimizi aýan kylsak, biz onsoň neme bolýa...-diýip, kellesiniň gyzgynyna: “biz oňa durmuşa çykmaly bolýas” diýjek bolan gyz, zordanjyk gepiň gerdişini başga ugra sowmaga ýetişdi. Megerem, gyzyň diýjek bolan asylky sözüne düşünendir, nätanyş ýigit, dodagynda öz-özünden emele gelen köpbilmiş ýylgyryşy, ardynjyraýan kişi bolup, gizlemegi başardy. Söhbetdeşini oňaýsyz ýagdaýa salmazlyk üçinmi nämemi, derrewem gürrüňiň hörpüni üýtgetmäge howlukdy: -Onda, hormatly dag perisi, eger-de soramaga rugsat berseňiz, siz bärde ýeke özüňiz näme işleýärsiňiz? Synagdan soňky seýle çykan ynsan ogullarynyň şady-horramlygyny assyrynlyk bilen kesesinden synlap ýörsüňizmi?!-diýip ol, hol beýleräkde ot başynda goh turuzýanlara garşy ümledi. -Jukk,-eden gyz, özüniň tas dilinden sypdyran sözlerinemi ýa-da ýigdiň bukmaga ýetişen köpbilmişje gülümsiremesini gatyrganyp, jogap gaýtardy:-şu ýerde haýsydyr bir nätanyş, çagyrylmadyk ýerine ýuwulmadyk çemçe ýaly bolup sokulýan ýigitleň biri alnymda dikilgazyk bolup, özüme süýt soragyny berip, ýüregime-bagryma düşer ýaly, bimaksat kaňkap ýörün... Aýyň şöhlesine ýigdiň ýüzüniň boz-ýaz bolany äşgär saýgartdy. -Hä, onda bagyşlaň, men size päsgel berjek bolmadym...-diýip ol, hymy-symy etdi-de, tersine dönüp gidiberjek boldy. Şo pille gyz, bir tarapdan-a näme üçindir oňa dözmedi. Ikinji tarapdanam, özüniň sebäpsiz ýerden nätanyş deňdeşiniň al-petinden alandygyna müýnürgedi. Özüniň bahanasyz gödekligini nädip ýuwmarlajagyny bilmänem, kellesine gelen ilkinji sowaly diýip goýberdi: -Bagyşlaň...Sizem talypmy? Dynç almaga geldiňizmi? Ýigit aýak çekdi. Birhili, bujagaz ýönekeýje sowala näme diýip jogap berjegini bilmeýän dek, hatda bärisine-de bakman, birsellem dymyp durdy. Haçan-da dillenende bolsa, näme üçindir onuň sesi ýakymsyz, boguksy çykdy: -Ýo...men neme...Honha, ho gaýaň aňyrsyndaky derede...nemäm ba...Iş ýerim... Gyz düşünmedi. Özem näme üçindir, onuň göwnüne bolmasa, aňyrsyna bakyp, muňsaryp duran ýigdiň sesindäki boguksylyk, edil ýöne bagryňy dilim-dilim edip gelýän, tükeniksiz ymgyr hasratdyr-gaýgydan dolup duran ýaly bolup göründi. -Siz näme, çopanmy?! -Jykk,-edip, ýigit başyny ýaýkady, soňam:-...men gitmeli...gideýin...-diýip, üzlem-saplam hümürdeşdirdi-de, haýdap, garaňkylyga siňip gitdi. Onuň yzyndan müýnli garap galan gyz: “nähak göwnüne degäýdim öýdýän” diýip oýlanýan dek, birsalym seredip durdy-durdy-da, ýoldaşlarynyň ýanyna dolandy. Alawyň başynda öz ornuna geçip oturandan soňam, şu jelegaýda ýaşaýandygy üçin özlerine ýolbelet bolup gaýdan deňdeşine ýaňky ýigit barada aýdyp, ol ýigdiň haýsy derede, näme bolup işleýändigini sorady. Näme üçindir deňdeşiniň ýüzi bir demde üç ýuwlan ak esgä döndi. Ol ilk-ä gyzyň ýüzünde haýsydyr bir diňe özüne mälim pynhan yşarady görjek bolýan dek oňa tiňkesini dikip oturdy. Birdenem öňünde duran käsesindäki çaýy, gyzgyn-sowuklygyna parh etmän, hopurdadyp başyna çekdi-de, öwhüldäp goýberdi: -Bu tarapdaky dagyň aňyrsynda dere ýok, diňe daglyk, gaýalar...Bu töwerekde işleýänem ýok... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |