11:11 Dagdan gaýdýan ýodalar | |
DAGDAN GAÝDÝAN ÝODALAR
Goşgular
Her haýsy bir ýere barýar-a süýnüp, Saga-sola aýrylýarlar her ýerde, Täsin ýüpe meňzeş uzyn ýodanyň, Uly ýolun belläp barýaryn serde. Bellik goýulmansoň dagly ýodada, Dogrudyr-la giden ýolum diýdirýär. - Azaşdyňmy- diýip- dagly ýollarda Seretsem, öňümden ejem jan gelýär. - Oglum, daýym gelip durgun obaňa, Ýalňyşmarsyň bu ýollardan gatnasaň. Alma-nar paýyňam goýandyrys saňa, Hem gowudyr dogduk obaň ýatlasaň- Diýen sözi heniz ýatdan çykanok, Eneň her bir sözi giden bir many. ...Oýlandyrýar oba barýan ýodalar, Obasyna kämahallar barýany. Amansähet ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |