11:40 Dana kişi we onuñ talyplary / tymsal-hekaýa | |
DANA KIŞI we ONUÑ TALYPLARY
Hekaýalar
Öten zamanlarda özüniñ akyl-payhasy bilen meşhur bolan bir dana kişi ýaşapdyr. Kämil paýhasy bilen il-günüñ alkyşyna eýe bolan bu dana köp ylymlardan baş çykaryp, birtopar kitaplar ýazandan soñ onuñ at-abraýy uzak ülkelere hem ýayrapdyr. Öz ýurdunda hem abraýy belent bolan bu dana kişi haýsy ýere barsa, oña törden ýer beripdirler. Dana kişiniñ il içindäki at-abraýyna gözi giden bir täjir ýigit, şeýle at-abraý gazanmaga göwün ýüwürdip, pähimdar danadan bilim almagy ýüregine düwüpdir. Şol ýurtda ýene bir daýhan ýigit hem dünýäniñ gurluşyna göz ýetirmek, bilim-sowatly bolmak maksadynda pähimdar dananyñ huzuryna barypdyr. Egni ak lybasly, ak sakgaly dana kişi bilim almak maksadynda gelip, garşysynda duran iki yigidi mazaly synlap, olara bilim bermäge razy bolupdyr. Şol wagt daýhan ýigit: - Tagsyr, meniñ ekin meydanlarym bar, dayhançylyk edip, şonuñ bilen gün-güzeran aylaýaryn, maşgalamy ekleýärin. - diýip, söze başlapdyr. - Eger rugsat berseñiz men gündelik işlerimiñ daşyndan wagt tapyp, gelip sizden sapak alsam bolarmyka? Dana kişi: - Bolar oglum, näme bolman - diýip, daýhan yigide mylaýym jogap beripdir. - Iñ möhümi köp bilim öwrenmek däl-de, öwrenýän bilimiñ az bolsa-da, ony yzygiderli öwrenip, yatda saklamak. Dana kişiden bilim almaga gelen täjir yigit bolsa; - Tagsyr, men bolsa ähli iş-aladamy birýana taşlap, diñe ylym-bilim bilen başagaý bolmak, ahyrynda yhlas-zehinim bilen siziñ ýaly belent derejä yetmek- diyip, öz matlabyny aýdypdyr. - Men şonuñ üçin siziñ ýanyñyzda galyp, gaty çynlakaý bilim alamak isleýän, tagsyr. Dana kişi myssa ýylgyryp, oña hem bolýar diýen manyda baş atypdyr. Şeýdip dayhan ýigit bilen täjir ýigit dana kişiden bilim sowat alyp, ylym-yrfan ýoluna düşüpdirler. Daýhan ýigit gyş-bahar diýmän öz ekin meýdanlarynda daýhançylyk edipdir. Hasyl alypdyr. Maşgalasynyñ eklenji üçin janaýaman zähmet cekipdir. Işinden eli sypynsa dana kişiniñ ýanyna gidip, ondan sapak almagy hem unutmandyr. Öýüne gelibem şemiñ ýagtysyna sapaklaryny gaýtalapdyr. Aýalynyñ dayhan ýigide ýüregi awap, "beýdip özüñi, horlama, bilim aljak diýip gaty ýadayarsyñ" diyse-de, ol yhlas bilen bilim-sowat öwrenmegi dowam etdiripdir. Dana kişiniñ ýanynda galyp, ylym-bilim öwrenýan täjir ýigit bolsa, örän arkaýyndy. Sebäbi dana kişiniñ ýanynda islän wagty ondan bilmedik zadyny sorap bilýärdi. Dana kişiniñ paýhas doly kitaplaryny islän wagty alyp okap bilýärdi. Emma onuñ bar aladasy diñe bilim-sowat däl-di, täjir ýigidiñ ahyrynda at-abraýly bolasy gelýärdi. Hepdede bir gezek gelip sapak alýan daýhan yigidi görende täjir ýigit "Haý, seniñ bu gatnan bolup sapak alşyñ şu bolsa, okuwyñy on dört ýylda hem tamamlap bilmersiñ" diýip, oña gyjalat berýärdi. "Ylym diýen zada ýapyşanyñda, ynha biziñ edişimiz ýaly, bar iş-güýjüñi gapdala taşlamaly, bolmasa bitiren goşuñ bolmaz" diýýärdi. Daýhan ýigit oña kän gulak gabartman okuwyny dowam etdiripdir. Öz iş-aladasyny hem gapdaldan goymandyr. Baharda ekin meydanlarynda parç bolup oturan ýaşyl maysalary synlap kitap okapdyr. Tomusda bişip başlan bugdaýly meydanlara guwanyp, halypasyndan öwrenip gaýdan ylymlaryny gaýtalapdyr. Aý aýlanypdyr, ýyl dolanypdyr. Dana kişiniñ talyplarynyñ okuw okamaly wagty tamam bolupdyr. Indi olaryñ alan bilimlerini näderejede öwrenendiklerini bilmek üçin synag etmelidi. Ol gün daýhan ýigit gaty aljyrapdyr, tolgunypdyr. Dana kişiniñ ýanynda bolup ylym öwrenen talyby bolsa özüni arkaýyn alyp barypdyr. Çünki ol synagy üstünlik bilen geçip biljekdigine ynanýardy. Dana kişi iki okuwçysyndan hem aýry-ayrylykda synag alypdyr. Ähli öwrenen zatlary boýunça olara sowal beripdir. Daýhan yigit näçe aljyrasa-da, payhasly halypasynyñ beren sowallaryna jogap berip başarypdyr. Onuñ tersine täjir ýigit berilen sowallara göwnejaý jogap berip bilmän, çykgynsyz yagdaýa düşüp, dana kişiniñ öñünde kä gyzarypdyr, kä bozarypdyr. Ahyr dana kişi daýhan ýigidiñ synaglardan üstünlikli geçendigini aýdyp, onuñ berekellasyny yetiripdir. Täjir yigide bolsa, entek synaglardan ötüp bilmändigini aýdypdyr. Beýle netijä garaşmadyk täjir yigit, gözlerini tegeläp: - Tagsyr, men şu ylym öwrenmek üçin bütin işimi-güýjümi taşlap, siziñ yanyñyzda galdym, bu nähili beýle bolýar - diýip, öz nägileligini bildiripdir. Pelsepe ylmyndan kämil derjelere ýeten dana kişi bir zady subut etmek üçin artykmaç söze derek şol zady başga bir zadyñ üsti bilen, deñeşdirme ulanyp, meñzetme getirip öz gelen netijäñ dogrudygyny ykrar etdirmelidigini bilýärdi. Ol öz talyplaryna garap: - Geliñ, bu gün gözel tebigata seyle cykalyñ - diýip, garaşylmadyk teklip edipdir. - Dağlara seyran edeliñ. Ol ýerde biraz göwün acarys. Hem şol ýerde men size synaglaryñ nämüçin beýle netije berendigini düşündirjek bolaýyn Şeýdip dana kişi talyplaryny ýanyna alyp, gözel tebigata seyle ugrapdyr. Emma ýola düşmänkäler her haysynyñ eline bir küyze beripdir. Olar ýola düşüpdirler. Belent daglaryñ goýnunda yerleşen müñ dürli miweli ir-iymişli bir jülgede, bol suwuna buysanyp, depeden inip duran şaglawugyñ ýanynda düşläpdirler. Şol mahal dana kişi täjir ýigide bakyp: - Ýanyñ bilen getiren küýzäni şaglawugyñ astynda goý - diýipdir. Täjir ýigit hasyr-husur özüni suwa urup, baryp, güwläp depeden inip duran şaglawugyñ astynda boş küyzesini goýup, üst-başyny öl-myźźyk edip dana kişiniñ ýanyna gelipdir. Soñra dana kişi daýhan talybyna ýüzlenip: -Sen bolsa eliñdäki küýzäñi şaglawugyñ bir gyrasynda eltip goý - diýipdir. Daýhan yigit halypasynyñ aydanyny edip, şaglawugyñ bir gyrajygyndan baryp, elindäki küyzesini emaý bilen daşly kenarda goýupdyr. Şundan soñ dana kişi hem talyplary oturyp dynç alypdyrlar, iýip-içipdirler. Soñra dana kişi ýerinden turup, şaglawugyñ gyrasyna baryp, täjir ýigide: - Hany suwuñ astynda goýan küyzänden bir habar tut - diýipdir. Täjir ýigit derrew özüni suwa urup, suwuñ astynda duran küýseniniñ ýanyna barypdyr. Dana kişi daýhan ýigide hem küýzesinden habar tutmagy yşarat edipdir. Soñra ol täjir ýigide ýüzlenip: - Küýzäñde suw barmy - diýipdir? Täjir ýigit añk-tañk bolup: - Tagsyr, meñ küýzämiñ düýbünde yumruk sygaymaly deşik bar eken-ä - diýipdir. - Küýzäniñ içine dolan suw, doluşy ýaly akyp dur. Dana kişi oña hiç zat diymän: - Señ küýzäñde suw barmy - diyip, daýhan ýigitden sorapdyr. Daýhan yigit: - Halypam, edil şaglawugyñ guýýan ýerinde durmasa-da, syçyrap düşýän suw damjalaryndan meniñ küyzäm dola-bara bolup barypdyr - diýip, begençli seslenipdir. Dana kişi iki talybynam ýanyna çagyrypdyr-da: - Indi men size bu wakanyñ hikmetini aýdyp bereýin - diýip, howlukman söze başlapdyr. - Düýbi deşik küyze näçe suwuñ astynda dursa-da, ony doldurmak mümkin däl, emma bitin küýze wagty gelende damja bilenem dolup biler. Soñra ol entegem hiç zada düşünip bilmân duran täjir yigide: - Sen meniñ ýanymda galyp ylym öwrenmek islediñ, emma sen öwrenen zatlaryñy özüñde saklamadyñ, ýagny özleşdirmediñ. Ol ylym deşik küýzäniñ düýbünden akýan suw mysaly akdy durdy. Ynha daýhan ýigit bolsa, menden uzakda bolsa-da, azajyk-azajykdan alan ylmyny ýat tutup, ozleşdirip öz akyl küyzesini doldurdy - diýip sözüni tamamlapdyr. Sylapberdi MUHAMOW. 16.04.2023. Moskwa, Klin. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||