17:24 Dehistanly oglan / powest | |
DEHISTANLY OGLAN
Powestler
(powest) MAŞAT-MISSERIAN Seleñläp dur gadymy ýadygärlik, Geçen eždatlaryñ ykbaly bolup. Çapawulçylyklañ, gyrgynçylyklañ, Topraga siñdiren al gany bolup. Pyragynyñ gõrsem diýip arzuwlan, Sypady başymy bady-sabasy. Dehistanyñ baýry täsin bir dünýä - Gelip dur geçmişiñ ýañy-sedasy. Ýere ýegsan bolan şäheri gõrüp, Göze gubar doldy, kalbym elendi. Şu günlere ýeten asyryñ gatyndan, Beýik diñlerinde gõzüm eglendi. Alyp gitdi asyrlaryñ gatyna Kalbym içre dõrän täsin bir duýgy. Asyryñ jümmüşinden gelip dur seza, Gulzum deñzi, gadym Oguzlar ýurdy. Gurulan ençeme kerwensaraýlar, Beýik ýüpek ýoluñ ugry Dehistan... Deñiz gurap, köwsarlaýar çägeler, Yñrap dur gadymy Maşat-Misserian... Tirsegine galyp puşdy-pederler, Aryzlar Hak dergähinde diñlendi: Bu gün eždatlardan Oguz nesline, Alkyşlaryñ owazasy ýañlandy. 2008 ý. Orazgül Kemendirowa, Türkmenbaşy şäheri. ◆ ◆ ◆ Dañyñ alagarañkysynda Jepbar ýalpa gözlerini açdy. Goja seretdi. Ol süýji ukudady. Öñler ony, köplenç, Sary aga oýarardy. Ilkiagşamdan gopan güýçli harasada wagtynda ýatyp bilmändirler. Belki şondandyr, argynlyk basan goja lezzetli hor çekýärdi. Bularyñ saklaýan gawunçylygy oýtakdady. Töweregi neneñräk çägelik, ondan añyrda ýere ýapyşyp ýatan depejikler, jaýrygynda guş gizlenäýmeli takyrlar... Sary aga ýaly, ümmülmez sähra heniz oýanmandy. Hemişe dañyñ alagarañkysynda pasyrdaşýan guşlar çala gymyldasalar ýene harasat gopaýjagyndan heder edýän şekilli, edil ýere giren ýaly, ses-üýnüni çykaranokdylar. Oglan ilki oýananyna ökünýän ýaly, gaýtadan gözlerini ýumdy. Indi bir ukudan açylmajak bolýan ýaly, gernesi gelse-de gerinmedi. Emma uky-da gelenokdy. Ol-da gorkup, allaowarralara gidene döndi. Jepbar ýyldyzlary seýrekleýän bulaşyk asmana ser saldy. Hut gözüniñ alnynda bir ýyldyz süýndi-de giden ugruny gyzgylt ýol etdi. Sary aga: "Ýyldyz süýnse, bir bendäniñ ýogaldygydyr" diýerdi. "Kim-haý, ol?!". Beýlesine öwrüldi. Ol tarapdan, garalyşyp gawunçylyk göründi. Harasat pazyllary ýolandyr, ýodajyklary gömendir. Birden tark... tark... edip ses eşidildi. Jepbar muña tisginmedi, sebäbi bu sese beletdi. Bişen gawunlar, süýjüliginden şeýdip ýarylýarlar. Jepbar gawunçylyga seretmekden basym irikdimi nämemi, gaýtadan beýlesine öwrüldi. Çerkezdir gandymlar boýnegmezek merdan şekilli sarsman otyrdylar. Şular bolmasa, guba çägeler erän gurşuna meñzäp, süýşüp, göçüp gidäýjege döndi. Onuñ gulaklaryna ýene-de ses eşidildi: "Dükürdik... dükürdik... dükürdik.. Bu öñküden üýtgeşkdi. Özem yzy üzülenokdy. Tiken çümen ýaly, endamy syzlssşan Jepbar dikejegine galanyny bilmän galdy. Dükürdi sesi ýakynlaşýardy. Oglan gyssanyp ýaşula seretdi. Ol weli, sähra suwa gark bolsa-da, oýanmajaga meñzeýärdi. Dañ ukusynyñ şirin hözirini görýärdi. Bu rahatlygy bozmaga ýylan-da dözjek däldi. Teşnelik horlaýan ýaly, Jepbaryñ damagy gurady, nem syzmajaga meñzedi. Nämeden-kä? Elbetde, gorkudan. Gelýänler gawunçylyga beýdip dökülmezler. Onsoñ-da bu ýer aýakýeterden daş. Belki, ötegçidir. Oglan az-kem köşeşdi. Ýagy näme işlesin, ymgyr çölde? Bular bölek atly. Ötegçidir. Ol başky pikirine uýdy. Göwnüne dükürdi sesleri daşlaşyp barýan ýaly boldy. Has-da ynjaldy. Irkilen sährany dükürdi sesleri oýandyrana döndi. Dañ agaryp ugrady. O ýan, bu ýanda guşlar jürküldeşdiler. Gök eşek demi-demine ýetmän aññyrdy. Bu geçip barýany çagyrýana meñzedi. Aýak dükürdisiniñ sesi bäri gönükdi. Sary aga hähhildäp oýandy: - Aman-esenmi, oglum? - diýip, Jepbara habar gatdy. - Hä... - Oglanyñ jogaby kelte boldy. Ol hüşgärlik bilen, golaýlaşýan sese diñ saldy. Bu goja-da geçdi. Sary aga bir elini döşüni ýapyp oturan sakgalyna ýetirip, beýlekisini gulagyna degirip, diñşirgendi. - "Özi-ä, bize tarap gelýä - diýip, Jepbara ýüzlenmän, özbaşyna gepledi, soñ ýokary turdy. Ses gelýän tarapa ýiti-ýiti seretdi. Çöññelen gözler hiç zat saýgarmady. Emma Jepbar: - Atlylar... - diýip, şol tarapdan ýüzin sowman, pyşyrdady. Goja: - Agşamyñ haýryndan ertiriñ şeri ýagşy - diýdi. DEL ATLYLAR Atlylar ýitireni tapan şekilli gyssanmaç gelip saklandylar: Sary aga bularyñ deldigine gümansyratmady. Ol öñdäki iki atla nazar aýlady: Çepdäkisi bili egri gylyçly, demir sowutlydy. Beýlekisi ter gara sakgally, molla biçüw, ak köýnek-balaklydy. Garçgaý gözli atlaryñ gamyş gulaklarynyñ düýbi derleşip durdy, özlerem çapyşyga seýislenen ýaly, içleri çekgindi. Bu olaryñ uzak ýol geçenligini añladýardy. Mollabiçüw birhaýukdan soñ, ýadyna düşen ýaly. - Essalawmaleýkim, ýaşuly - diýdi. Näme üçindir, Sary aganyñ diñe dodaklaru müñküldedi, soñra: - Düşüberiñ - diýmäge gurbat tapdy. Munça atla çaý bermäge suwy nireden tapjak? Suwly howuzjyk ep-esli daşlykda. Häzir bary bilen oñşuk etmeli bor-da. Atlylar eýýäm düşüpdiler. Çaýa howlugup, ýakasyndan döküşdirip suw içenleri boldy. Haý, özi-ä, pañkelleler. Suwuñ gadryny bilerçe-hä bolupdyrlar, onda-da isrip edäýişleridi. Bu itgyran çölde altynyñ haýry ýog-a. Kümeden biri gujagyna zordan sygdyryp, ala-mula garpyz çykardy. Daşyna tegelenişip derrew ýardylar. Gyzyl köze meñzeş garpyzyñ dilimini diline degreniñ biri: - Bäh, bäh, şirinden-şirin - diýip, goja göz aýlap goýberdi. Soraşman, zat etmän, garpyzy alyberişlerini suwumsyzlyk saýyp duran gojanyñ öwgi sözlerine ýüzi açylman, gür, çugdum gaşlary biri-birine degerledi. Gaharyñ gelmesin, paýhasly bol, goja. Çöl ýerde dadyñ kime ýeter? Onsoñ günäkärem özüñsiñ. Eýýäm hödür-kerem etmelidiñ. Agaç ýuwdan ýaly, sömelip dursuñ. Zannyýaman bolsalar beýle salamlaşmazdylar. Gaýtam, tanamaýanyña içgin hödür-kerem etmelidir. Eý, türkmen aga, desterhan açyklygyny unudan bolaýma?! Sary aga janlandy. Köne kündügine meşikden suw guýdy. Myhmanlar-da getirdiler. Meşigi sarkyrdy. Toýun küýzänem boşatdy. Inçe tüsse towlam-towlam bolup ýokary galdy. Keýik etini-de çişe düzdüler. Ýüpek düşekçede oturan mollabiçüw bilen demir sowutly ony ýanyna çagyrdylar. Bulara aýratyn hormat goýulýanlygu bellidi. Her haýsynyñ ýanynda bir hyzmatkär dim-dik durdy. - Baý ülke bi - mollabiçüw gülümsiredi. - Et tapmagyñ gaýgysy ýok. Keýikler süri-süri. Asaldan datly gawun-garpyz. Arman, suw gyt. - Şäher ýakalarynda kanal bar. - Şäher haýsy tarapda? Biz şoña barýarys. Harasatda azaşdyk. Mollabiçüwiñ gözlerinde uçgun göründi. Demir sowutly mekirleç ýylgyrdy. Goja öwgä başy aýlanyp, uly hata goýberen bolaýmasyn? Asyl bular uly ýagynyñ añtawçysy däldir-ä hernä? Ýeri bolanda näme, eliñden geljek zat barmy? Şähere barýan ýoly bu gün bilmese, ertir biler-dä. Her hal Sary aga kanalyñ barlygyny dilinden sypdyranyna puşman etdi. Ýalañaç aýagyndan ýylan geçen ýaly, hopugyp, sowuk der basdy. Ýüregi gozgalañ tapdy. Sebäbi kanalyñ barlygyny mälim etmek - ýene-de bir gömülgi hazynanyñ üstüni açmak bilen barabar. Onsoñ-da Reýhana gark bolan Dehistan topragyny duşman aýagynyñ basgylamagy üçin ýardam bermek bolup göründi. Goja könelişen silkme telpegi bilen giñ mañlaýynyñ derini çaldy. Söhbetdeşiniñ göreçlerine tiñkesini dikdi. Ol gözlerden gizlin syry bilmek kyndy. Eýýäm rahat görnüşdedi. Sowala-da jogap bermelidi. Sary aga geplemän, sag egniniñ üstaşyr ümläp goýberdi: - Hol, ýanda... Elbetde, bu dogry ugur däldi. Gelmişekler nury gaçyşan gözlere tiñkesini dikdiler. Öz gezeginde bular-da hiç zat añlamadylar. Goja Jepbara nazar aýlady. Onuñ şähere barýan dogry ýoly salgy bererinden hederlendi. Oglan garrynyñ bu howsalasyndan habarsyz nökerlere el-aýak bolup hyzmat edýärdi. HABAR Iki at depişdi. Nökerler muña ünsem bermediler. Diñe iki adam tarsa ýokary galyp, şol tarapa ylgaşlady. Näme üçindigini bilmän, Jepbar-da şeýtdi. Megerem, oglan höwesekliginden, bolsa gerek. Nökerler atlary aralap, köşeşdirdiler. Olaryñ inçemik, garaýagyzy güýmeñ-süýmeñ edip, yza galdy, jylawy Jepbara tutdurdy, garaýagyzy güýmeñ-süýmeñ edip, yza galdy, jylawy Jepbara tutdurdy. Özi eýer-esbaby bejerişdiren bolup, atyñ gabadyndan Jepbara şeýle diýdi: - Oglan, pugta diñle. Bular araplar. Ilçi. Has takygy bu ýüzlerine perde. Añtawçylar. Siziñ hökümdaryñyza barýarlar. Agyr şert goýjaklar. Şoña ylalaşsa-da, degjek däller, ýogsa-da basym çozjaklar. Men türkmen. Onsoñ bulary aýtmak borjum hasap etdim. Indi durma, git. Çemini tapyp, goja habar et. Jepbar ilki añk-tañk boldy, soñ özüni tiz ele almalydygyna düşündi. Dogumlandy. Kümä baryp girdi, çykdy. Näderini bilmedi. Sary aga: "Aljyraññylyk - maksada ýetmegiñ ýarpysyna zeperini ýetirer" diýip öwrederdi. Nätmeli? Baraga-da: "Atam, bäri gel"... diýip bolmaz-a. Beýtse, gelmişekleriñ göwnüne güman gider. Ol gyssandy. Ýene-de kümä girdi. Kybla bakyp, çök düşdi-de ellerini ýokary galdyrdy: "Eý, Alla, kömek ber maña". ..."Hyşş... hyşş..." Jepbar ses gelen tarapa ini düýrügip seretdi. Kümä gerñelgi gandym çybykdan ýogyn alahöwren asyl-asyl bolup durdy. Ol dilini ýalmandyryp, hallan atdy. "Hyşş... hyşş... ş..." - Ata-a-a!!! - Jepbar aýylganç gygyrdy. Öz sesine gulagy gapylara gelip, aýak tabyrdysyny eşitmedi. Gözlerem daş ýaly, ýumulgydy. Dem salymdan egniniñ yralanmasyna özüni dürsedi. Görse, bu hälki türkmendi. Ol arka tarapa ümläp goýberdi. Jepbar sary ýaýa çolaşyp, iñ soñky demini sanap ýatan ýylany görüp, ynjaldy. Sary aga-da gapyda göründi. - Näm boldy, oglum? - Basym öli ýylana gözi düşdi - Häý, seniñ bir uzynguýruk... Hudaý gorapdyr, oglum. Hernä çöregiñ bitin eken. Ýaşuly ýylany daşary zyñdy. Gelenler dargaşdylar. Jepbar pursatdan peýdalanyp, türkmeniñ habaryny atasyna aýtdy. TABŞYRYK - Oglum, bular meni ýolbelet edip äkitjege meñzeýä. Sen galarsyñ. Garamyz gözden ýitenden şähere eñ. Habary şa Sula ýetir. Men bulary sen barýançañ eltmerin. Tersden äkiderin. Pällerini bozsalar weli,.. çölüñ jümmüşinde... suwsuz gyraryn. Men näm bolsam, şol bolaýyn. Dehistan aman galsyn. Agyz suwumyz tükendi. Suwly howzuñ bardygyny diliñden sypdyraýma. Indi uzak durmaly. Olar daş çykdylar. Gojany derrew çagyrdylar. Mollabiçüw: - Eý, goja kişi, bizi şähere äkit. Sul patyşa möhüm habarynyz bar. Goý oglan, gawunyny saklabersin. Sary aga boýun egiji halda garaşdy. Eýsem näme?! Ret etmäge synanyp bir gör. Gün guşluk ýerine barypdy. Guşlaryñ jürküldisi galyşypdy. Olar ynha kölegä sümlerler. Ýolagçylar tizden ata atlandylar. Goja gök eşegine münüp, öñüni çekdi. Jepbar bular sägra siñenden şähere tarap göni ýoldan eñdi. ÝARALY KEÝIK Ak öýle boldy. Yssy ýakyp-ýandyryp barýardy. Hatda uçgun syçrasa bütin sähra ot aljaga meñzeýärdi. Der Jepbaryñ köýnek-balagyny sykybermeli etdi. Gözowalaryny awuşatdy. Kiçijik el meşigindäki suw tükenerledi. Galanjasyny iñ soñky pursata goýdy. Ol ýolboýy dem salym ara salyp, ylgap gaýdypdy. Bu ony tiz ýadatdy. Çaky, heniz ýoluñ ýarysyny-da geçmändi. Oglanyñ şähere tiz ýetmek höwesi gaçdy. Bu ony beter ýadatdy. Eginlerine agyr daş goýlan şekillidi. Ädimleri gysgaldy. Bäh, bir ýol siñegem duşmad-aýt. Ýekeligem gysyp-gowrup, horlaýar. Ol sakga durdy. Oña nä döw çaldy? Gözleriniñ öñünde kebelejikler gaýmalaşdy. Başy aýlanýar. Uzak bir ýerlerden Sary aganyñ pent berýän sözleri gulaklaryna çala eşidildi: "Oglum, hemişe umydygär gezgin. Umytdan düşmek ýaraly duşmaby öz eliñ bilenjik ata atarmakdyr". Indi biraz gurbatlandy. Gapdalyndaky alañjyga çykmaga sowuldy. Heý bir janly-jandar göze ilmezmikä? Ýalñyzlyk ony ýadawlykdanam beter bezikdiripdi. Jepbar yrgyldap alaña çykdy. Etek ýanjagazy ýandaklyk eken. Gyrasyndan sak keýikler gürre ördi-de, daýyrdaşyp gaçdylar. Az-kem güýç-kuwwat duýan Jepbar: "Gaçmañ-how, keýikler! Men size degjek däl. Gaýtam, höwür boluñ maña!" diýip, bokurdagyba sygdygyndan gygyrasy geldi. Bolmady. Diñe agzy açyldy. Dili diýen etmedi. Meger degmejekligini aýdyp bilmändigi üçindir, keýikler salgymlanyp göründi. Tizdenem gözden ýitdiler. Ýene-de suslanan Jepbaryñ birden galjak bolup urunýan keýige gözi düşdi. Güýç-gurbatyñ nireden peýda bolanlygyny duýmaga pursat tapmadyk oglan, oña garşy ylgaşlady. ...Mele keýigiñ golundan gan akyp, gurapdyr. Gör, bu günki yssy kime peýda edipdir? Dogry, gan ergin bolansoñ, köpräk akandyr. Gyzgyn howur guratmadyk bolsa, ýara tiz gurt düşjegem şeksiz. Jepbar bu janawary häzir ýaradan ötri teşneligiñ horlaýandygyny añdy. Atasynyñ pentleriniñ biri ýadyna düşdi: "Mätäje iñ soñky harjyñy gaýgyrmasañ o dünýede-de ýalkanarsyñ". Jepbar ikirjiñlenmezden sanalgyja damja suwuny bermek üçin, birsyhly agzy açyk, dili bir gapdala sallanylgy keýigiñ gelşikli şahyndan tutdy. Ol öz teşneliginem unudypdy. Keýik turdy. Gerindi. Misli hemme ynsanyñ özüne ýagy däldigini bilen ýaly, owadan emma gussaly gözlerini oglanjyga aýlap goýberdi. Jepbar keýige naýynjar seretdi. Bular müdimilik aýra düşjeklerine näderini bilmeýän dost şekilli, şeýdişip esli durdular. Soñra aýrylyşdylar. Jepbar az salym ýöredi-de gañrylyp yzyna ser saldy. Şonda janawaryñ keýikleriñ giden ugruna garşy agsaklap barýanlygyny görüp, ýeñillik bilen dem aldy. Oña ýaradan beter ýalñyzlykdan gutulmak gerekdigine Jepbaryñ oglan ýüregi duýup galdy. IT Jepbar ikindi düşerine howlukdy. Şonda ýeriñ tebiti gaçar. Sähra salkynlyk aralaşar. Onsoñ teşneligiñ ezýeti-de kemelişer. Emma ol küýseýän wagtyna ýetip bilmedi. Ysgyn-mydary bütinleý gaçyp, ýüzinligine ýykyldy. Agzy howry öçmedik gyzgyn gumy garbady. Tüýkürmäge synandy. Nem ýok. Galjak boldy. Başarmady. Atasy, atlylar, ýaraly keýik daşynda pyrlandy, soñ özünden gitdi. ...Ol itiñ wowuldysyna gözlerini açyp bildi. Günüñ dogjak-dogjak bolup duranlygyny serinde aýlady. Ynsanyñ gymyldaýanlygyny, onuñ diriligini syzan mähnet ala köpegiñ üýrmesi galyşdy. Ol indi üznüksiz çyñsap, kimdir birini kömege çagyrýardy. Jepbar galmaga synandy. Dañ çyglary köýnegini öljüredip, endamyny gatydypdyr. Bogunlary syzlaşýar. Açlykdan ýüregi eräp-akyp barýardy. Eşekli kişi depejikden indi. Jepbary görenligi bellidi. Eşegi çalt-çalt debsiledi. Jepbar-da janlandy. Tirsegine daýandy. Ýüzi ýele-güne gaýzygan, atasyna çalymdaş uzynak, peşeneli goja eşegiñ durmagyna mähetdel, derrew düşdi. Oglany köne tanşy ýaly, gujagyna aldy: - Sagsyzlan-a dälsiñ, oglum? - Juk. - Onda ýagşy. Söýget berip, eşege mündürdi. Özi gapdallap ýöredi. Ol ýolboýy iti magtady: - Gorkunjyndan gara görse üýrüp ýören däldir bi Gaplañ. Oglum, şu halas etdi seni. Ýogsam geçip gidýärdim... IKIÇÄK Çopan goşy uzakda däl eken. Tiz geldiler. Goja çaý gaýnatdy. Atasy ýaly adamynyñ özi üçin hyzmat edip ýörşüne Jepbaryñ ýüzi gyzman durmady. Ýöne bu wagt ýeri däl. Goja bilýär-ä onuñ ýagdaýynyñ elhaldygyny. - Al, oglum, çaý iç. Ýaş bedeniñ ýadawdygy tiz aýrylar. Goja gömme çörek bilen gowrulan et guýlan sargylt okara goýdy. Käsesine aşyk ýaly goýun ýagyny atdy-da: - Ilki çaýçorba edin. Aç-suwsuz iç damarlaryñ gatandyr. Damarlaryñy ýumşadar bi. Goja, Jepbaryñ çaý-çöregini iýýänçä sesini çykarman, synlaýjy nazaryny dikip, gyşardy ýatdy. Onuñ howlukmaçlygyny açlykdyr öýtdi. Bolandan soñ, töwwir galdyrdy. Jepbar tarsa ýokary galdy. Goja geñirgenmesini gizlemedi: - Be, oglum, menem gyssanmaç weli... Süri suwa barýandyr. Ýolagçydygyñ belli. Ýöne, çaky, beýle howlukmaç? Alñasama. Beter ugruñy ýitirersiñ. Jepbaryb atasynyñ pentleri ýadyna düşdi. Myssaja ýylgyrdy. Beý, bi garrylar-aýt. Edil ýaşy kiçä öwüt bermäge ýaradylan şekilli. Özlerem hemişe mamla. Jepbar habary tiz ýetirmäge alñasap gaýtdy. Şeýdibem azaşdy. - Ugur nirä? - Misriana. - Haýsy ýerden gaýtdyñ? Jepbar ýeriñ dogry adyny aýtmakdan nämeüçindir, ýaýdandy. Gümürtik jogap berdi: - Gum içindäki gawunçylykdan. Goja oglanyñ çekinenligini duýdy. Ýöne syr bildirmedi. - Belet men, o ýerlere. Ulagyñ barmydy? - Juk. - Haçan ýola çykdyñ? - Düýn, guşluk. Gojanyñ gözleri giñden açyldy: - Uçup gaýdypsyñ-ow, oglum. Nä beýle howlukmaç? Öñ gidip görmänmidiñ Misriana? - Birki gezek azyk alyp gaýdypdym. Çopan ýokary turup, demirgazyk-günbarara ~ sepgide tarap seretdi. Jepbar säher galgynynda seleñläp görünýän daga çalymdaş dik depäniñ gögümtil başyny gördi. - Beýik depe görünýändir. Şondan añyrda kanalyñ boýuny syryp gidiber. Bäriçe añyrsy üç esse bardyr. Jepbar goja alkyş aýdyp, ýola düşdi. IKI ATLY Jepbar depäniñ deñinden günorta mahaly geçdi. Onuñ gelmişeklerden öñürti Sul patyşa baryp ýagdaýy mälim etmek umydy üzeñkirledi. Ýene-de atasynyñ "umydygär gezgin" diýen pendi ýadyna düşüp, badyny gataltdy. Garşysyndan inçe tozan göründi. Onuñ tüweleý däldigi golaýlaşdygyça açyk bildirdi. "Ala garga kimin hüşgär bolgun, oglum" diýip, atasynyñ berýän nesihatyny hakydasyna saldy. Ýoldan sowuldy. Emma tozanyñ özüne gönügendigini gördi. Onsoñ gaçgaklabam ýörmedi. Gidiberdi. Basym iki atly göründi. Gelibem, at başyny silkdiler. Atlar agyn ýylanyñ damagyndan çykan ýalydylar. Özlerem derden ýaña suwdan çykarylan balyga meñzäp, ýaldyraýardylar. Günüñ tylla çoguna älemgoşar öwüşginini berýärdiler. Ýazyñ bir güni azaşyp, çöl içine düşene çalymdaş. Üstündäkilerem miýesser: Biri silkme telpekli, akmeñiz, süýnmegräk burnuna gelşik berýän murtluja. Beýlekisi... Dur-la... Bu erkek lybasyndaky gyzdy. - Ýol bolsun-ow, inim! Jepbar murtlujanyñ habar gatmasyna üns bermedi. Ol agzyny öweldip, gymyldamaga milt etmän durdy. - Ugur haýyrly bol-a. - I-i... - Jepbar huşuna aýlanan şekilli ýigidiñ ýüzüne soragly nazaryny aýlady. Ýigit gülümsiredi: - Ugur haýyrly bolsun diýýän. - Ä-ä... - Atlylar geñirgenişip biri-biriniñ ýüzlerine seredişdiler. Megerem, muny güñ hasap etdiler. Jepbaryñ ýüzi ýalyn çabran ýaly, gyzyp gitdi. Delmurdy. Birdenem: - Jan agam, şähere çenli atyñy bersene - diýip ýalbaryp başlady. Oglan atasynyñ: "Owadanlar köplenç ýüregi ýuwka bolýarlar. Dözümsiz", - diýen parasatly sözlerini ýatlady. - Beräý, agam, gaýrat et. - O nä?.. Jepbar gaşlaryny bürüşdirip, jogap bermedi. - Kyn görme, inim, biz gaçyp gelýäris. Jepbar gyzyñ tanatmazlyk üçin erkek eşik geýenligine indi düşündi. Bulardan at dilemek dogrudan-da gelşiksiz. Ýöne habaram möhüm. Jepbar muny aýtmagy ýüregine düwdi. Emma gyz: - Başga hili bolmagy-da mümkin, doganjygym. Bizi kowup gelýändirler. Aty tanarlar, onsoñ seni... - diýip, dymdy. Ýigit: - Oba-gara barmy, ýol ugrunda? - diýdi-de, çarpaýa galan atynyñ jylawyny gatyrak çekdi. - Ýok. Ýöne çopan duşýar. Siz beýlä, guma gidiñ - Jepbar elini gündogara salgap, pähimdar goja kişi ýaly, çyny bilen maslahat berdi. - Hoş gal, inim. - Hoş gal, doganjygym. - Atlaryñ jylawyny goýberdiler. Gyz: - Bilip bolmaz, kowguçylar duş gelip, sorasalar, ters ýol salgy bergin - diýip, gygyrmaga ýetişdi. Jepbar baş atdy. Olaryñ garasy ýitýänçä ýüregi awamak bilen seredip durdy. KYN SOWALLAR Jepbar çaýkanjyrap, towlanyp akyp ýatan kanaldan suw içdi. Golaýjygyndan gidibermedi-de ep-esli daşlykdan gitdi. Barybir ýek-tük ýolagçy sataşdy. Olaryñ-da Jepbar bilen işi ýokdy. Muny näme üçin şeýdýänligine kän pikirlenmedem. Garaz, ýekeligi erbet görmedi. Ýogsam, öñ ýalñyzlykdan ejir çekipdi. Onsoñ-da ýeke bolup ýeke-de däl. Gözýetimde häli-şindi ekerançylyk görünýär. Şonda gelmişegiñ: "Baý ülke" diýenini ýadyna salyp, buýsanýar. Ötegçilerem göze ilýär. Ýolboýy oña azar beren pikir şeýledi: Howlugyp, horlanyp gelýän weli, bi habar şeýle möhümmikä? Onda nä atam meni ýollady? Gelmişeklere ynanmady. Bu anyk. Patyşa şerti kabul etse?.. Eýsem, ol nähili şertkä? Gelmişegiñ Dehistan topragyna gözi gidýä. Belki, ýer sorar. Hökümdar eglişik edermikä muña? Eger razylaşsa, il-gününi satdygy bolýar. Razylaşmasa-da, keseki ýurtlular çozjaklar... Hymm. Bu habar patyşanyñ öñünden taýýarlanmagy, pähimlenmegi üçin gerek bolaýmasyn? Şeýle bolsa, gelmişekler ony gyssabermez-ä. Puryja bererler... Aý, ýok, atam olaryñ irde-giçde çozjakdyklaryna ynanandyr. Olaryñ şertini kabul etmesin diýdigidir bi. Heýem, hökümdar daýhan Sara gulak asarmy?"... Şu halda ýoluny unudarlaýan Jepbar ençeme gezek büdredi. Onsoñ bäş-alty atlyny hem alkymyna gelende gördi. Olaryñ öñde duran semizi: - Eý, derwüş pisint, iki atly görmediñmi? - diýip, hemleli gepledi. Şeýle läheñ adamu at janawaryñ göterip bilşine geñirgenen Jepbar onuñ sowalyna üns bermedi. Muña bolmajysy bolan semiz gylyjyny gynyndan çykaryp, aty debsiläp, Jepbara tarap kowdy. - Kermi-how, bi - diýip, yzdan biri seslendi. Jepbar gyssandy. Zordan semiziñ ýolundan sowulmaga ýetişdi. - Gördüm, aga, gördüm. At kürtdürdi: - Haýsy ýanda? - Hol, beýik depäniñ eteginde. - Ugry hanjak? - Göni añrydy. - Hymm. Senden näme soradylar? - Hiç zat. Golaýrakdan geçip gitdiler. - Atlaryñ reñki?.. - Biri-hä, ýadymda. Şar gara aýagy sekillidi. Olar atlaryna gamçy çaldylar. Jepbar tisginjirese-de ýeñillik bilen dem aldy. Gaçyp barýanlary zalymlaryñ tapyp bilmejekdiklerine ýüreginiñ jümmüşinde berk ynam döredi. DERWEZEBAN Jepbar şähere giçlik geldi. Heniz şäheriñ şowhun-şagalañy ýatyşmandy. Misrianyñ berk galasy bardy. Onuñ gazarlaryndan saklawlar gije-gündiz seredýärdiler. ...Jepbar demir derwezäni batly kakyp, gygyrdy: - Açyñ! Aç-yññ!!. Birhaýukdan demir derweze şakyrt edip açyldy. Sakgallak, arryk, uzyn kişi nägile halda Jepbaryñ depesinden seretdi. - Goýber, meni. Hökümdaryñ ýanyna barmaly. Gyssagly. - Ha! Ha! Ha!! - Derwezeban loh-loh güldi, soñ gatyrganyp, gapyny ýapmak isledi. - Aý, ykmanda, haýsy ýurduñ ilçisi sen? Haýsy begiñ çapary?.. Hökümdar gezip ýören ykmandany kabul eder ýaly işsizmi näme?.. Jepbaryñ gulaklary şañlady. Ýüreginiñ gürsüldisi artdy. Gel, gel, alkymlanda hemme azaby reýgan bolaýmalymy? Nätmeli?! Atasynyñ pendi gulagyna eşidildi: "Ugur tapjak bolarlar, ogul. Gadymy hekaýaty diñle. Husyt baý bar eken. Çopanynyñ hakyny bermejek bolup: "Pylan guýuda altyn küýze gömülgi. Atam aýdardy. Bu syry hiç kim bilenok. Sen azapkeş çopanyñ biri. Çagañ-da köp. Harjylanarsyñ. Sallan, altyny böleşeli. Türkana çopan guýa sallanypdyr. Düýbüne ýeteñkirlände baý tanapy şarpyldadyp kesip goýberipdir. Guýuda gözleri okara ýaly, elhenç aždarha agzyndan ýalyn çabradyp, adam dilinde gepläpdir: - Eý-ed, adamzat, men seni iýjek. Öñem köpüñizi lukma edindim. Çopan görgüli jandan umyt üzüpdir. Birden gargy tüýdügi ýadyna düşüpdir. Ony goltugyndan alyp, şeýle şirin saz çalyp başlapdyr. Näzik owaza humarlanan aždarha biygtyýar irkilipdir. Geçip barýan kerwen bu guýynyñ ýakynynda ýük ýazdyrypdyr. Suw almaga gowa sallanlarynda çopan çykypdyr. Görýäñmi, ugurtapyjylyk ynsany ölümden halas edipdir". Jepbar goltugyny sermenekleşdirdi: - Atam! Atam jan!.. - Näm-aý, güjüjek? Ýürege düşdüñ-le, täze at dakjakmy? - Me, al! Derwezeçi dirhemi howada kakyp tutdy. Erni bir ýere ýygnanmady. Dili süýjedi: - Düşün, ogul. Indi giç. Hökümdar häzir dynç alýandyr. Barybir seni goýbermezler. Ertir irden gel. Dirhemiñ köýmez. Galandar derwezeçi sözünde tapylýan kişidir. Jepbar lapykeç halda yzyna öwrüldi. ÇAÝHANADA Oba daş däldi. Şeýle-de bolsa, ertir gijä galaryn öýtdi. Üstesine-de argynlyk. Jepbar onsoñ atasynyñ tanyş çaýçysyna ugrady. ...Ol işikden ätlände gözlerine ynanmajak boldy. Agyn şol. Atasy. Pikirli halda güpjegi tirsekläp, çaý süzüp ýatyr. Agtygynyñ gelenini añşyrmady. - Ata!! Goja tas käsesini elinden gaçyrypdy. Agtygy gujagyna dolýança ony goýup ýetişdi. - Başyñ dik eken, köşegim. Köp şükür muña. - Goja agtygynyñ kellesini söýünçli sypalady. Jepbar hemme horlugy şo bada unutdy. Ikisi howlukman çaý içdiler. Atasy şeýle gürrüñ berdi: - Gelmişekleri iki menzil dagy ters ýoldan äkitdim. Misriana barýan kerwen sataşaýdy. Kerwenbaşy ýoluñ tersiräkdigini olara aýtdy. Demir sowutly gyzmaç eken. Gylyjyny gynyndan çykaryberdi. Ysgynam gaçdy. Her hal kerwenbaşy hudaýlykly bende eken. Nähili işiñ gopjak bolýanyny tiz añşyrdy. Demir sowutla ýalbardy. Menem: "Biraz başym aýlanypdyr. Geç, garryñ günäsini" diýdim. Elbetde, maña ynanmady. Mollabiçüw bar-a, şo-da, köşeşdirdi ony. Bähbit bolsun, hernä, azabymyz. Atasynyñ gysgaça gürrüñini diñländen soñ, Jepbar öz başyndan geçenleri aýdyp berdi. - Bir dirhemiñ sadaka bolsun, oglum. Il bähbidine iñ soñkuja harjyñy gaýgyrmansyñ. Ýagşylykdan nyşan bi. Indi baranyñ haýry ýok, hökümdara. Bir çukura tüýkürendir, olar. Turaly, köşegim. Ilki oba gideli, ondan añry ekine. - Sary aga dyzyna daýanyp galdy. Çaýhanada aýdan sözi şu boldy: - Başyña kyýamat gopaýmasa ýagşy, eý, Dehistan ili... JEMLEME DEREGINE Dehistanyñ hökümdary Sul araplaryñ şertine razylaşdy. Ol keseki ýurda ummasyz köp salgyt tölemelidi. Elbetde, bu garamaýak halkyñ gerdenine düşmeli. Bardy-geldi ilat muña närazy bolup, baş galdyraýsa, araplar çozmalydy. Şol sebäpli, pöwhe şa özüniñ, dogan-garyndaşynyñ diri galmagy üçin, duşman tarapa hazynadan pul berip, öñünden hununy satyn aldy. Sary aga bilen Jepbar ekinçilige bardylar. Ýöne... gawuna mal-gara düşüp, ýoga çykararlapdyr. Şa salgydynyñ artjaklygyndan bihabar goja bu ýyl gün-güzeranyny dolandyrmagyñ uly maşgala agyr düşjekligi barada oýlanyp, sykylan göwresini aşak goýberdi. Sebäbi ol gawun satyp, alşyk-çalşyk edýärdi. Arçman kurorty, 13.05. 1991. ANNATAGAN NURGELDIÝEW. | |
|
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |