20:18 Deñ-duşlarym, kärdeşlerim: Italmaz | |
ITALMAZ
Ýatlamalar
Mary şäherinden çykyp, Aşgabada tarap gaýdanyňyzda dört kilometr ýol geçersiňiz welin, öňünizden pessejik köprüli ýap çykar. Köprüden geçen ýeriňden günbatara ýol aýrylýandyr. Şol ýol bilen tally ýabyň boýuny syryp sesýetim meýdan gideniňizde sag tarapda öwlüýälik başlanar. Oňa "Ýahýajan" diýýändirler, gümmezi görnüp durandyr. Gonamçylygyň ileri alkymynda şahyr Italmaz Nuryýew ýatandyr. Gubruň üstüne galdyrylan daşyň ýüzüne dört setir goşgusy ýazylandyr. Ýagşysynam gördüm, kemim galmady, Ýamanynam gördüm, kemim galmady, Diňe sizi hemem sähramy synlap, Gözlerim doýmady, mährim ganmady. Öwlüýäniň gapdalyndan meniň dogduk obamyň ekin meýdany başlanýar. Bu ýerler maňa çagalykdan belet. Goýun bakyp, gowaça otap ulalan ýerlerimiz. Soňam gonamçylygyň içinden geçýän uly ýol bilen üç ýyl şähere okuwa gatnapdym. Kalbymda galan täsirler “Daşrabat” romanymda Ýanaryň durmuşynda beýan edilendir. Çagalyk ýyllary barha daşlaşsa-da, onuň ýakymly ýatlamalary golaýlaşýar, gitdikçe täsiri artýar. Bu öwlüýä bilen menin örküm has-da berkedi. Indi bu ýerde meniň dostum, telim ýyl tirkeşip, iýenimiz aýra gitmedik ýoldaşym Italmaz ýatyr. Bu etraba düşüp, Italmazyň ýanyna sowulman geçsem uly bir günä iş eden ýaly soňra öküňip otyryn. “Gapdalymdan geçibem sowulmadyň-da, men-ä seň aýtjak habarlaryňa garaşyp ýatyryn” diýýändir, nadyl bolýandyr. Birki gezek sowlup bilmedim-dä, hi-iç mümkinçilik bolmady diýip bahana-da tapyp biljek, ýöne sen bahanaňy dirilere aýt, ölenlere onuň derkary ýok. Uly ýoldan her gün geçip gidýänleriň arasynda Italmaz bilen oturşyp-turşanlaryň, onuň poeziýasyna sarpa goýýanlaryň, dost-ýarlarynyň bardygyna güwä geçip biljek. Emma bäş ädim gapdalda ýatan mazaryň başyna barýanlaryň juda seýrekdigini-de aýdaýyn. Öleni unutmak keselinden biz haçan dynarkak? Men soňky sapar Italmazyň başyna kompozitor dostumyz Çary Nurym bilen bardym. Italmaz üçin Çarynyň kimdigini düşündirip oturman, olaryň zehinindeň dörän “Saýawanly aýdym”, “Gitme sen”, “Ýollar bizi duşurmazmy?!” diýen meşhur aýdymlary ýatlamak ýeterlikmikä diýýän. Çary ýel-ýagmyra ýylmanan tümmege seredip dymyp dur, hamala, ýer astyndan bir sese garaşýan ýaly. Meniň gulagyma Italmazyň Çara bagyşlan goşgusyndan setirler ýaňlanýar: Köçe şagalaňyn zyňdy birýana, Çagalaryň eýýäm uklany-da ba. Sen bolsa, başladyň ýene: “Do re mi fa... Do re mi fa...” Mazaryň başynda başlanan dymyşlyk obamyza ýetinçäk dowam edäýipdir, duýmandyrysam. Elbetde, ikimize-de Italmaz bilen bagly ýatlara zat köpdi, biz bir nesliň adamlarydyk. *** Il arasyna ýaýran gürrüňlerden çen tutsaň, Italmaz ýumşak gylykly, oýna-çyna düşünýän, meýlishalar bir adam. Ony ýakyndan tanaýan adamlaryň arasynda menem bar. Ýokarky häsiýetlendirmeleriň belli derejede dogrudygyna güwä geçip biljek, ýöne onuň häsiýetindäki köpçülige näbelli käbir alamatlar hakynda-da aýtmalymyka diýýärin. Umuman-a, şahyryň häsiýetiniň iň ygtybarly görkezijisi onuň eserleridir. Italmaz “Awtoportrete ştrih” diýen goşgusynda şeýle diýýär: Anekdotmy, degişmemi nämemi, Bir zatlar-a sebäp bolýan käte men. Ýöne onuň üçin örtäp bu jany, Özümi oklaman ýanar oda men, Goý, aýtsynlar degişmesin, ýenesin, Agzyboşdur, nätjek, gepläbersinler, Diňe setirlerdir sözleň seresin Meniň üçin aýap saklawersinler. Oýna-çyna düşýän adam bilen oturyp-turuşmak, syrdaş bolmak ýakymly. Italmaz özi hakynda biziň toslaýan anekdota çadymdaş gürrüňlerimize-de gaharlaimazdy, gaýta il bilen diňläp, hezil edip gülerdi. Emma goşgularynda degişmä ýykgyn etmek meýli duýdurýan däldir. Ol gerek ýerinde öz sözüni aýtmagy başarýardy, hakykatdyr öýden ýerinde iň hormatlaýan, sylaýan adamyny-da gaýgyryp durmazdy. Berdi Kerbabaýew Ýazyjylar soýuzynyň başlygydy. Bir gün öz kabinetinde prawleniýäniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Gürrüň soýuzyň işi hakyndaky meselä ýazdy gitdi. Menem çykyş etdim, biraz gaharly geplänim ýadyma düşýär. Soýuz etmeli işini edenok, döredijilikden büs-bütin üzňe diýdim. Berdi aga nägilelik bildirdi: “Gömäýdiň-le muny” diýdi. Kabinetde dartgynly ümsümlik dowam etdi. Häzir Berdi Kerbabaýewe gowy görünjek bolýanlaryň biri turup, meni kötekläp ugrasa gerek diýip garaşdym, Italmaz söz sorady. Berdi agaň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol Italmazy gowy görýärdi. Italmazyňam Berdi aga, onun eserlerine söýgüsi bimöçberdi. “Nebitdag” romany Lenin baýragyna hödürlenende “Edebiýat we sungatyň” tabşyrygy bilen Italmazyň Estoniýa gidip gurnan materiallary ýadyňyza düşýändir. Berdi aga uly hormat goýmaýan adam “Garrylyk hem Berdi aga hakda erteki” diýen eseri döretmezdi. Ýygnaga dolanalyň. Hemmeleriň gözi Italmazdady. Entek söze başlamanka guran dodaklaryny çalyp durmasy, onuň iňňän tolgunýandygyndan bir nyşandy. Ol aýlaw edip durman, başda diýjegini diýdi: “Berdi aga, bagyşlaň welin, Tirkişiň diýýäni dogry, soýuzda iş edilenok, özüm-ä şu ýerik gelip, işgärleriňiz bilen diňe gybat edip gidýän”. Berdi aga tankydy halamaýan-da bolsa, Italmazdan gaty görmändi. Ýetmişinji ýyllaryň başynda Ýazyjylar soýuzy Çärjew şäherinde prawleniýäniň göçme plenumyny geçiripdi. Plenuma gabatlap oblastlarda ýaş ýazyjylaryň seminarlary bolupdy. Hydyr Derýaýew bilen Italmaz Nebitdagda seminar geçirip, otly bilen Çärjewe bardylar. Çaý başynda otyrkak Hydyr aga maňa ýüzlenip: — Haçandan bäri Italmaz bilen tirkeşýäň? — diýdi. Italmazyň özem bardy. — On-on bäş ýyl-a bolandyr — diýdim. — Dawleniýäň bamy? — Ýok. Hydyr aga haýran galdy. — Äý, onda hiç pille-de bolmaz — diýdi. — Bigünä halyma on dokuz ýyl türmesinde oturdyp Stalin meň dawleniýamy galdyryp bilmedi, bi, seň Italmaz dostuň üç günüň içinde meni dawleniýeli etdi goýaýdy. Biz gülüşdik, Hydyr agaň özem güldi. Italmaz ýeň bermedi — Galmaly bolsa, biziň dawleniýämiz galmaly, Hydyr aga — diýdi. — Bi günki gün hiç kime gerekmejek umumy goşgy ýazanlary öwüp gaýtdyňyz. Hydyr Derýa öwdi diýip, ertir üstümize topular durarlar. Häzir boş kapyýa gerek däl, pikir gerek. Edebiýata, durmuşa garaýyşlary babatda ep-esli tapawutlanýan iki adamyň poeziýa baradaky jedeli Nebitdagdan bärik, otlyda-da dowam edipdir. Ony dowam etdirmäge Italmaz häzirem döwtalapdy. Ogly ýaly adamyň özüne gulak asman oturyşy Hydyr aganyň kalbynda öýke döredäýjek ýalydy, emma ol gatyrganmalydyr hem öýtmedi. Çeper edebiýatyň dawasy gidýärdi, bu meselede uly-kiçi diýen tapawut aradan aýrylýardy. Şu kada eýerip bilendigi üçin şol pursat Hydyr aga biziň gözümize belent görnüpdi. Italmazam şoňa göz ýetireni üçin jedel edýärdi, tünt adam bolsa geplejekmi diý! Italmaz hoşgylawdy, şol bir mahalda-da kejirlikdenem halas däldi. Özüni kemsidiljek bolunýandyr öýden ýerinde arkan gaýşardy, peýdaly maslahatyňam diňlemezdi. Soňra kejirlik edip ýalňyşanyna göz ýetiräýen halatynda-da boýun almagy juda ýokuş görerdi. Ýazyjylaryň Peredelkinodany döredijilik öýüne gidermen boldum. Roman ýazýardym. Tokaýyň içindäki ümsümlik prozaçylaryň hoşuna gelýärdi. Ertirden agşama galman işlede otyr, adam oglunyň azar berjek gümany bolmaz. Italmazam gitjek diýdi, oňa-da putewka berdiler. Men döredijilik öýleriniň ýagdaýyna belet bolanym üçin Italmaza peýda bolsun niýet bilen maslahat berdim. Gitme, bir aýlap o taýda bolmaga seniň takatyň ýetmez, Moskwa bilen arada buhuda gatnap pul sowarsyň diýdim. Şahyrlaryň uzakly gün oturyp goşgy ýazmaýandyklaryny bilenim üçin, hemem Italmazyň iş usulyna beletligim üçin diýdim. “Hemme kişem sizçe işleýändir” diýip, Italmaz aýdylany başga ýana çekdi. Gitdik. Döredijilik öýünde dowam edýän ümsümlik ikinji gün onuň ýüregine düşdi. Her kim öz otagynda işläp otyr. Ikimizden başga-da respublikadan Beki Seýtäkow bardy, olam ýigrimi sahypa ýazmadyk gününi boş hasap edýärdi. Gündizine telewizor açmak gadagan, radio diýilýän zat asla-da ýok. Işlemäge baranlarynam aglabasy moskwaly ýaşuly ýazyjylar. Otagyňda gatyrak gepläýseňem derrew gapyňy kakyp, duýduryş berip giderler. Italmaza mundan başga jeza gerekmi diý, öňki ýazýan goşgusynam ýazyp bilenok, terjime-de edip bilenok. Üç-dört gün Moskwa gatnap äkiden pulunam paýhynlady. Asyl ýöne kapasa salnan guşuň bar-da, haçan görseň keýpsiz. Bir günem “Sowetskaýa pisatel” neşirýatyndan gonorarymy aljak diýip Moskwa gaýtdy, rus dilinde birinji kitabynyň çykaýan mahalydy. Öýlän Atajan Tagan ot alan ýaly bolup til etdi. — Tirkiş, Italmaz-a ähli alanja gonoraryny kül etjek, SDL-iň ýalýagsylary töwereginde, nätmeli bolar? — diýdi. — Zerur pul gerek diý-de, müň manady al elinden, eltibem poçta bilen öýlerine ugrat — diýdim. Eger Atajan meniň diýenimi etmedik bolsa, şol gün Italmaz ähli galam hakyny Edebiýatçylaryň merkezi öýüniň restoranynda gurt etjek ekeni. Bizem muny Italmazyň zadyny gysganyp etmändik, onuň gazanjyna birgiden çaganyň göz dikip oturandyklary üçin edipdik. Ol bize düşünýärdi, minnetdar sözünem aýdýardy. Kalbynyň açyklygy ýaly, Italmazyň elem açykdy. *** Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýew obadaşym bolansoň duşan ýerinde mekana gidip gelýärmiň diýip sorardy, biziň seýrek barýanymyzy geň görmäň, deň-duşlaryň seýrekledigiçe obaňam gyzygy gaçyberýän ekeni, soňky ösdürimlerem kileň nätanyş, gepiň alyşýany ýok diýerdi. Gylyç aganyň deň-duşlar babatda aýdany şäher ýerine-de mahsus. Döredijilik meýdanyna bileräk gelip, düşünişip, arkalaşyp gezen ýoldaşlaryň gidiberse, asyl töweregiň çolaryp, mahal-mahal ýalňyzlyk derdeseri kalbyňa agram salyberýär. Gurbannazar, Halyl, Saýlaw, Italmaz... men diňe uly ile ady bellilerini sanaýan. Ýaşy ýaňy ellä ýeten nesilden munça zehiniň gitmegi bimöçber ýitgi. Olaryň her eseri bilen baglylykda öz terjimehalymyzyň belli bir wakasyny, alamatyny görýärin, duýýaryn. Wagtyň geçmegi býlen wakalar daşlaşyp, akan suwlaryň aşagynda galan daşlary dördügiňçe ýoldaşlaryň keşbi aýdyňlaşyp, häsiýetleri, maksatlary aýyl-saýyl bolup barýar. Ynha, men Italmazyň eserlerini gaýtadan okap otyryn. Olaryň süňňüne siňen gussa meni haýran galdyrýar. Öň men ony häzirki möçberinde duýman ekenim. Muňa-da gündelik duşuşyklar, oturyp-turuşmalar, degşip-gülüşmeler päsgel beren bolara çemeli. Hawa, men Italmazyň şahsy durmuşynyň ýenil bolmandygyna, gaýgy-hesretine belet. Italmaz ýagdaý tapsa olary bildirmezlige, ýürege berýän agramyny içine salyp ýok etmäge çalyşýardy. Birde başartsa, birde başardanokdy. Indi okap otyryn welin, ähli derdini goşgularyna siňdirip giden ekeni, emma şahyryň durmuşyna juda belet bolaýmasaň ony duýmak kyn. Olara jemgyýete häsiýetli problemalaryň fonun-da garapdyr, olary döwrüň derdi bilen sepleşdiripdir, şonuň üçinem olar maňa-da, saňa-da degişli ýaly bolup dur. Geliň, söýgi bilen bagly goşgularyna ser salyp göreliň. Olarda anyk bolmadyk, salgyma çalym edýän, umumy duýgulara maýyl bolnup ýazylan, okaýmaga owadan, ýöne manysy ýel gysymlan ýaly setirlere duşmarsyň. Pikirler, ykballar örän anykdyr. Söýgümi? Oňdanam illerden artyk Ne-hä şatlyk, ne-de gam nesip etdi. Bir gyza ýüregim beremde ertip, Säginmen, bir ýigdi kowalap gitdi. Başga bir gözelem sypap ýör başym, Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Şahyryň ykbal paýyna kaýyllygyna haýran galaýmaly! Bu kaýyllygyň nämeden ybaratdygyna Italmazyň ýygnanyşyklarda hemişe sypdyrman okan “Seniň keşbiň” diýen goşgusynda göz ýetirýäris. Ony şahyr deklorasiýanyň äheňinde gönümel aýdýar, dogrusy, jar edýär. ...Ine, şeýdip ýola saldym hepdäni, Belki, şeýdip aýlary-da geçirin. Ýöne çagalarmyň bagty üçin welin, Kyn bolsa-da, öz bagtymy öçirin. Ol hepdäni ýola salanok, öz söýgüsini ýola salýar, ömürlik hoşlaşýar. Bu ýagdaý şahyryň şahs hökmünde çydamyny, berkligini aňladýarmy? Belki, onuň ahlakly bolasy gelýändir, öz söýgüsi üçin çagalaryny terk etmän, graždanlyk durnuklylygy görkezjek bolýandyr? Biz bu ýerde sowallara jogap berip, adamyň iň pynhan duýgularyna gezek gelende sudýanyň wezipesini berjaý etmekden daşda durýarys. Ýöne söýgi babatynda şahyryň özüne beýle ýowuz daramasy, onuň kalbyna daş ýaly agyr gussany salýar. Ol gussany duýmak isleseňiz şahyryň sözlerine ýazylan “Ýollar bizi duşurmazmy?” diýen ajaýyp aýdyma gulak asyň. Gitdiň, ýöne gulagymda Seň mylaýym sözleň galdy, Gözlerimde bolsa, näzlim, Gülüp duran gözleň galdy. Ine, şahyryň paýyna düşen zat. Ol ykbalyň şujagaz paýyna kaýyl bolup ötmeli. Ýollaryň hiç mahal duşurmajakdygyny bilip dur. Söýgi – ykbal. Onuň ykbaldygy Italmazyň goşgularynda juda aýdyň ýüze çykýar. Şonuň üçinem ol abstrakt pikirlere ýer goýanok. Söýgä durmuşyň reallygynda garaýar. Italmaz “Bize şahyr ýürek ýigitler gerek” diýen goşgusyny ýazaýan dessine maňa okap beripdi. Ikimiziň aramyzda biraz jedel gitdi. Şahyr biziň durmuşymyzdaky nogsanlyklary janygyp aýdýar. Ýagşynyň kalbynda düwün emele gelende deňinden biperwaý geçýändigimizi, synan göwünleriň käsini seýiklejek bolnanda, käbir näkesleriň ara sokulyp, öz günälerini perdelemäge amat gözleýändigini aýdyp: Haýyş bar, geliň biz, birigeliň-de, Haýr işde ýamana bermäliň gezek. Çünki çöken göwni galdyrmak üçin Bize şahyr ýürek ýigitler gerek – - diýýär. Soňra bu zerurlygy düşündirýär. Dogry, biz şerdenem daşda duramzok, şonuň sebäbine-de düýnki ýalňyşlyklar gaýtalanaýsa özümiz günäkärdiris. Günäkärler bolsa jeza çekýändir. “Şoň üçin şu günki ýalňyşlygmyzy, şu gün düzetjekler gerekdir hökman”. Şonam özgäň derdini duýup bilýän şahyr ýürek ýigitler bitirip biler. Nobatdaky arzuwly günüň ykbaly şolaryň tagallasyna bagly diýip, şeýle çagyryş bilen goşgyny jemleýär. Ol gün hakda oýlanýanmyz çyn bolsa, Onuň gözelligin küýsese ýürek, Biliň siz, Erte giç, hut şu gün, şu gün Bize şahyr ýürek ýigitler gerek. Men aşa rasionallyk meýline maýyl bolup, bi agyr wezipeleriň hötdesinden gelmäge diňe şahyr ýüregiň bolmagy ýeterlik däl, başga-da birgiden zat gerek diýdim. Men publisist bilen edilmeli gürrüňiň başyny agyrdypdyryn, şol mahal maňlaýymda şahyryň oturandygyny unudan bolsam nätjek. Wah, öňinçä onuň “Eger şu gudraty duýmaýan bolsaň...” dnen goşgusyny okaýan bolsadym, dawa-jedel etmän oňa düşünerdim. Dünýäniň hesretine, aladasyna şahyryň öz düşünişi, öz çözgüdi bar. Şol çözgüde düşünjek bolsaň, şahyr ýüreginiň aýratynlygyna üns bermeli. Üns bermeýänler, biperwaý doňýürekler: “Şahyryň nämesi üýtgeşik?” diýip goýberýärler, şeýdibem olaryň näzik ýüreklerine ýara salýarlar. Ýaranyň derdini Italmazam çekipdir, çekmedik bolsady, janygyp aşaky setirleri ýazmazdy. Görkden gijä galan bir ejiz gyzyň Gözelleň ýanynda kemsinşin görüp, Şahyr ony şygyr bilen bezese, Durandyr gyz perizada öwrülip. Onsoň oň daşynda perwaz urarsyň, Gyzyň bolsa nur döküler ýüzünden. Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň, Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden. ...Sen-ä gijelerne gidersiň uka, O bolsa hyýalda dünýä aýlanyp, Haýyr işe çyn ýürekden guwansa, Şeriň garşysyna çykar şaýlanyp. Zeýrenmez şonda-da güýç alar gaýtam, Ýazan goşgusyndan hem dogýan günden, Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň, Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden. Italmaz döwrüň derdine derman hökmünde “bize şahyr ýürek ýigitler gerek” diýende juda mamla ekeni. Onuň mamlalygyny soňky mahalda öňki Soýuzyň dürli künjeginde dörän pajygaly wakalar görkezdi. Beýik rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiý “Gözellik dünýäni halas eder” diýipdir. Gözelligi kim döredip bilýär, kim oňa baha berip bilýär? Elbetde, şahyr ýürek adamlar! Şahyr ýürek adamlar ykbal çözýän bolsadylar, azerbaýjanlar bilen ermenileriň, gruzinler bilen osetinleriň, moldawanlar bilen ruslaryň arasynda ganly çaknyşyklar boljakmydy! Şahyr ýürekli täjik öz täjigini öldürjekmidi? Ýok. Şahyrana gözel duýgulardan mahrum, häkimiýet ugrundaky göreşde aklyny aldyran adamlar gana öwrenişýärler, sebäbi häkimlik olaryň gözüni gapypdyr, ýüregini gara daşa öwrüpdir. Şahyrana duýguly adamlaryň ýüregi hiç mahal doňmaýar. Ynsana rehim, söýgi olaryň damarlaryndan gana öwrülip akýar. Italmaz şeýle adamlaryň zerurdygyny nygtaýar, birbada üns berilmez öýdüp, gaýtalap-gaýtalap aýdýar. Adamlaryň ýüregi düz bolmasa, galan ýagdaýlaram başa barmajak ekeni, horlugam, gytçylygam, derdem artyp barýar. Italmazyň goşgularyny okap otyrkam täzelikleri eşideýin diýip telewizory açdym. Türkmenistanyň Goranmak ministri gürläp oturan ekeni. Ol harby gulluga çagyrylýan ýigitleriň arasynda göwneýakmaz ahwalatlaryň ýüze çykýandygyny, tire-taýpa, welaýata parh goýmak bilen baglylykda uruş-sögüşiň bolýandygyny gynanç bilen aýtdy. Men ed-dil ýap-ýaňy Italmazyn “Ogullaryma sargyt” diýen goşgusyny okapdym. Wah, şu mahal şahyryň altyna gaplaýmaly setirlerini şol bozgak ýigitlere ýetirip bolsady diýdim. Şahyr Watanymyzyň sährasyny täsin bir baga meňzedýär, ony nähili saklamadygyny ýürekden syzdyryp aýdýar. Men goşgynyň birnäçe bendini mysal getirmekçi. Okamadyklar okarlar, öň okanlara-da ikinji gezek okamak diňe peýda berer. Söýüň siz şol bagy, Emma pellere, Atyzlara-böleklere bölmäň siz. Bölmäň ýapraklara hem-de güllere, Şahalara, pudaklara bölmäň siz. Daragtlara bölmäň. Şeýdilen çagy Ynanyň, oň sizden öýkesi kändir. Çünki söýmek üçin giden bir bagy, Bir şahany söýmek ýeterlik däldir. Şoň üçiň ogyllam şu giň sährany Şu giňligi bilen ýaş kalba gaplap, Guwanyň, buýsanyň, söýüň siz ony, Gezmäň onuň böleklerin hasaplap. Bölmäň ony baýyrlara, daglara, Derýalara bölmäň, köllere bölmäň. Bölmäň ony çöllere ýa baglara, Ýodalara bölmäň, ýollara bölmän. Şabatlara, murgaplara bölmäň-de, Sumbarlara, Lebaplara bölmäň-de, Söýüň ony, söýüň bar durky bilen, Ähli öwüşgini, reňki bilen. Diňe şeýle söýgiň, Hakyky söýgiň Ornandygyn bilsem ýüreklerňize, Men sizden razy bolardym baky, Hem mydam buýsanyp gezerdim size. *** Biziň neslimiz altmyşynjy ýyllaryň başynda döredijilik dünýäsine gadam basdy. Staliniň şahsyýet kultunyň ýazgarylyp, adam ruhunyň ganatlanan döwrüne gabat geldik. Hakyky pikir azatlygyndan entekler daşda-da bolsak, biziň käbir erkinligimize gözüniň ody alnan adamlaryň ynanmaýanlary-da, ýaňsa alýanlary-da, bizin ykbalymyza gorky bilen garaýanlary-da bardy. Zehinine şübhe edilmeýän “garagol” Gurbannazar Ezizowa hoşamaýlyk bilen ideýa yrgalygyndan saplanmagy maslahat berýärdiler. Moskwanyň edebiýat institutyny tamamlansoň, merkeze mahsus erkinlikden kellesi dumanlap duran Italmaza klassyk formany unutmazlygy, edermen pagtaçylary wasp etmekde şol formanyň amatlydygyny düşündirýärdiler. Onuň gaýtarylan goşgularyny geçirtjek bolup jibrinip ýöreni ýadymda. Italmaz hemişe görgä, gepe ýakyn adamdy, onuň ugran tarapy gap-çanakdyr, her ädiminde bir garaşylmadyk waka ýüze çykardy. Altmyş üç-altmyş dördünji ýyllar bolsa gerek, “Edebiýat we sungat” gazetinde işleýärdi. Baş redaktor Baýram Welmyradow oňa Ruhy Alyýewiň konkursa ýazan poemasyny berip, çap eder ýaly bir bölek taýýarla diýipdir. Italmazam gönümelligini edip, çap etmeg-ä beýlede dursun, muny okar ýaly däl-ä diýipdir. Baýram aga-da Italmazy gowy görensoň, ýüregindäkini aýdypdyr: okar ýaly bolsa, men saňa taýýarla diýjekmi! Italmaz mamladygyny, subut etjek bolup, poemadan käbir bölekleri bize-de okap berýärdi. Kalinin gelende Türkmenistana, Türkmen-de goşuldy ynsan sanyna – diýen ýaly setirler azlyk edenokdy. Geň görlenokdy, dine gülüşilýärdi. Bu setirler resmi ideologiýanyň beýanydy. Eger gahar edip gaýtaraýsaň, ertir Merkezi Komitetiň öňünde jogap bermelisiň. Meseläniň utuşly tarapyny poemany ýazan adam juda gowy bilýärdi. Italmaz nätjegini bilmän ýaýdanyp ýörşüne poemanyň golýazmasyny bir ýerde gaçyraýypdyr. Neresse ýolda gaçyrandyryn öýdüp, ýörite taksi tutup, üç-dört köçäň gyrasyna aýlanyp çykdy, tapmady. Baýram Welmyradowyň hemaýaty bolmadyk bolsa, bu “jenaýaty” üçin işden kowulmagy juda ähtimal zatdy. Altmyşynjy ýyllaryň başynda şekillendiriş, saz, kino sungatyna, teatrlara zehinli, täzeçe pikirlenmäge ýykgyn edýän ýaşlar gelipdi. Olar milli medeniýeti galdyrmagyň, ony Soýuz meýdanyna çykarmagyň aladasy bilen başagaýdylar. Birek-biregiň halyndan habar almak, goldamak, şowly eserlere guwanmak duýgusy bahar şemaly kimin kapas howany biraz ýeňledipdi. Pikirdeşler Soýuz möçberinde birek-biregi tapýardylar. Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Juma Jumadurdynyň, Durdy Baýramowyň, Bulat Mansurowyň, Hoja Narlyýewiň döredijiligi şol ýyllara mahsus alamatlardan güýç alypdy. Olar aýratyn şahsyýet hökmünde adamyň dünýäsine, häsiýetine aralaşmaga ýykgyn etdiler, ony buýruga boýun edilen sürä çalymdaş köplükden tapawutlylykda görkezmäge çalyşdylar. Şu uguryň zerurlygyny edebiýata gelen ýaşlaram duýupdylar. Poeziýada Gurbannazaryň sesi batly ýaňlanypdy. Ýaşlar partiýanyň, serdarlaryň syýasatyny mahabatlandyrmagyň hakyky edebiýat däldigini ýygnaklarda aýtmakdan çekinseler-de, pikirdeşleriň duşuşygynda çynlakaý edebiýatyn derdine ýanýardylar. Egninden basylan adamyň belende galmagyny, öz ykbaly barada onuň özüniň aýgytly söz aýtmagyny küýseýärdiler. Onuň şübhesini, nalyşyny aç-açan beýan etmäge ymtylýardylar. Çeper edebiýaty gös-göni takyk adam bilen baglamagyň zerurdygyna düşünýärdiler. Şol mahallar okyjylaryň halaýan gazeti bardy, adyna “Edebiýat we sungat” diýerdiler. Medeniýetiň sähelçe üstünligine guwanyp, ony halka ýetirmäge döwtalap, batyr Baýram Welmyradow onuň redaktorydy. Zehinli žurnalistleri, ýazyjy-şahyrlary töweregine ýygnap, gijesini gündiz edip, kiçä aga, ula ini bolup, ýokardakylardan hoş söze garaşman haýdar ýörerdi. Italmazam onuň bir nökeridi. Moskwanyň ýelgini bilen gelen ýigit jedel küýseýärdi, edebiýatda, sungatda täze hörpden gopýan adamlary gözleýärdi. Men Italmazyň şol ýyllarda ýazan makalalaryna seredip otyryn. Olaryň köplügine, tema taýdan giňligine indi haýran galýaryn, şol mahallar welin, bu ýagdaýlar biziň üçin adaty zatdy. Çary Nurymowyň, Rejep Allaýarowyň döredijiligi hakda-da ýazypdyr, Moskwada tälim alyp gelen ýaş balet truppasynyň “Epgegiň tepbeti” atly şowly spektaklyna-da guwanjyny beýan edipdir. Dokumental hem çeper filmleriň gürüňine goşulypdyr, hatda, oba ýerlerinde medeniýetiň ýagdaýyndan söz açýan makalasy-da bar. Teatr sungaty onuň jansöýeridi. Ona golaý spektakla syn ýazypdyr, ol spektakllary kileň ýaş režissýorlar goýan ekeni. Italmaz teatra oglanlykdan imrigipdi. Şäher bilen goşulşyp oturan obada ýaşany üçin ýer titremesinden soň dört ýyl Mary şäherinde işlän akademik drama teatrynyň spektakllaryny sypdyrman görüpdir, Hajy Annamämmedow ýaly zehinli aktýorlar bilen tanyşlyk açmagy, kalbyndaky romantiki duýgulary artdyrypdyr. Soňra Moskwanyň teatrlaryny görmegi, meşhur aktýorlaryň sungaty bilen tanyşmagy täze dörän türkmen teatryna giň gözýetim bilen garamaga oňa amat döredipdi. Emma Moskwanyň belentliginden garagadan, bärdäkileriň zähmetini puja çykarmak meýillerinden daşda durýardy. Ol hemişe şowly alamatlary gözleýärdi. Öz galamdaş ýoldaşlary hakynda ýazanda-da şeýledi. Olar hakda köp ýazypdy. Berdi Kerbabaýewden başlanjak spisoga ýigrimi-otuz adamyň ady girse gerek. Şolaryň hemmesi-de Italmaza minnetdardylar, öz döredijilikleri babatda onuň gödek bir zat diýmändigi üçin däl-de, onuň kalbynyň päkligi, mylakatly äheňi üçiňdi. Ol kemçilikdir öýden pikirinem başyňy sypap aýdýardy. Iň maýdadyr öýden detalyňa üns berýärdi, sebäbi onuň özi şahyrdy. “Zer gadyrny zergär biler” diýipdirler. Şonuň üçinem ol bir anketa jogap bereninde poeziýa tankydynyň ýagdaýyndan söz açyp şeýle diýýär: “Poeziýa bilen dahylly tankyt juda umumy gürleýär. Analize gezek gelende, ol sakawlamaga başlaýar. Aýdylaýmaly zatlardan sowa geçýär. Dogry, goşgynyň näzeýilli ýazylmalydygyny öwredýän “hossarlar” ýogam däl. Maslahat beriji, “teoretik” tankytçylaram tapylman duranok. Bu-da gerek, ýöne edilen işleri derňeýän, hysyrdydan gaçmaýan, “praktik” tankytçylar has derwaýys. Şonuň üçinem şahyrlar tankytçylaryň poetik “aşhana” has içgin aralaşmaklaryny isleýärler. Diňe bir goşgularyň ideýasy, mazmuny hakda gürrüň edilmän, zerur bolsa, goşgy setirlerinden özüne orun alan haýsydyr bir umlük hakda-da giňişleýin gürrün edilmegi gerek. Goşguda birbada seredäýeňde gözüňe ilmeýän “keramatlaram” az däl-ä. Şol “gizlin ýatan syrlary” açyp, okyja ýetirmegem edebi tankydyň wezipeleriniň biridir”. Italmaz hakynda bu aýdylanlar altmyşynjy ýyllaryň başynda dowam eden gyzykly galkynyş döwrüniň döreden höwesli alamatlary bilen bagly. Ýöne onuň kalbyndaky esasy oý-pikir okyja poeziýanyň üsti bilen ýetýärdi. Italmaz şahyrdy, öz nesliniň, döwrüniň häsiýetli alamatlaryny süňňüne siňdiren şahyrdy. Şolardan üzňelikde gep açan halatymyzda hakyky Italmazy doly göz öňüne getirmek kyn düşer. *** Ol ýyllar uzakly gün edaralarda bile işlesegem, ýene agşamlaryna, dynç günleri häli-şindi duşuşardyk, ýogsa gazanjyňam ýagdaýlydyr, giň törüňem ýokdur, özüňem ýaňy maşgalanyň binýadyny tutup ýörensiň welin, sebäp tapdygyň öýüňi dolduryp adam çagyrarsyň. Şahyr, kompozitor, režissýor, hudožnik, mugallym, alym... köpüsi ýaşlardyr, ýaşlaryň gadyryny bilýän ýaşulylaram çagyrardyk. Ýaşuly diýýänlerimizem Gurbansähedow, Gylyç Kulyýew ýaly adamlar. Asyl olaram şol mahal ýaňy ellä ýeten-u ýetmedik adamlar ekeni. Çary Nurym täze döreden sazyny çalar, Orazmyrat Amanmyradow italýan, türkmen operalaryndan aýdym aýdar, şahyrlar täze goşgularyny okar. Ýygnanyşyklar Italmazsyz geçmezdi, onsuz şagalaň bolanokdy, biz oňa näçe degsegem onuň goşgularyny iňňän üns bilen diňlärdik. “Atalar ýaş ölýär”, “Täji Kertikler”, “Dirižýor”, “Nepes telpekçi”, “Seniň keşbiň”, “Alçy gop, aşygym”, “Çapyksuwar” ýaly goşgularyny näçe diňlesegem bizi ýadatmazdy. Şahyrlar, şol sanda Italmazam indiki oturylyşyklara täze goşgular bilen gelmäge jan ederdi. Soňra özara sagdyn pikir alyşmalar, jedeller gidýärdi. Olaryň biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardy. Çehow janly pikir alyşmalaryň peýdasyny kitapdanam ileri goýupdyr. Türkmeniň döredijilik intelligensiýasy hemişe özara erkin duşuşyklara, pikir alyşmalara zar bolup geldi. Biz-ä döredijilik işgärleriniň klublaryny açmagy arzuw edip, haýyş edip garradyk. Hökümet adamlary sözem berýärdiler, şol mahalyň özünde-de milli duýgularyň ösmeginden öler ýaly gorkýan emeldarlar beýle talaby öňe sürýän kişileriň dilini gysgaltmagyň alajyny görýärdiler. Bir gezek goşgy okaşyp, hakyky edebiýatyň jedeli bilen uzakly gün oturaýypdyrys. Hoşlaşyp durkak Gurbannazaryň tolgunyp, sakawlap, ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri ýadymda. “Eý, şeýdip, iň bolmanda aýda bir gezek bir oturalyň-la, ýogsa, ýüregiň ýarylyp barýa, kütelýäs ho-ow, duz jan ursun, kütelýäs!” Resmi ideologiýa biziň kütelmegimiziň tarapyndady. Ýüregiň ýarylyp barýan bolsa, magazinler arzan arakdan doly, iç, her gün iç, dünýäň aladasyny unudarsyň, kalbyňa rahatlyk aralaşar, içiber, iç! Içilýärdem. Kim uly aladaň hesretine döz gelmän içýärdi, kimseler mesligine çydaman. Olaryň arasyna parh goýmak derde düşünýänlere buýrulandyr. Altmyşynjy ýyllar ýetmişinji bilen çalyşdy. Ýeňil howa barha agralyp, gurşuna öwrüldi. Ideologiýanyň bimöçber labyry gerdenimizden basdygyça, her kim öz dersine düýrükdi, önki oý-pikirlerini setirleriň arasynda gizlemäge çalyşdy, ştrih bilen obrazlara siňdirdi. Ideologiýanyň döredýän petiş howasy kalby şahyr adamlara demigysmanyň derdini berýärdi, bogýardy. Ine-de, Italmazyň şahyr dostlary Halyl Kulyýew bilen Gurbannazar Ezizowyň ölümine bagyşlan “Siz gitdiňiz” diýen elegiýasy. Siz gitdiniz, ýalňyzlaşdym ep-esli, Siz gitdiňiz, otdum, ep-esli söndüm. Iki dosty sähel wagtyň içinde Ýitirmegiň ňämedigine düşündim. Siz gitdiňiz... Goşa durna pel-pelläp, Uçdy gitdi, soňky aýdymyn aýdyp. Indi şol durnalar, çagyrsak-da biz, Näçe eglensek-de, gelmezler gaýdyp. Ýalňyzlyk derdini çekýän şahyr diňe ömürlik aýra düşen dostlarynyň agysyny aglaýandyr öýtmäň, olary birleşdiren ýaşlyk hyjuwlaryň tamamlanmagynyň, gursakda garran arzuwlaryň, başa barmadyk ideallaryň hem agysyny aglaýar. Iki dostunyň gitmegi bilen şahyryň dünýäsine aýylganç boşluk aralaşýar, ony ýatlamalar bilen dolduryp biljek däl. Gaýta ýatlamalar ýüregine bimöçber agram salýar. Olaryň ynamy puja çykaýdymyka? Hyjuwdan, gaýratdan doly ýaşlyk ýyllary biweç geçdimikä? Ýöne on sarpasyn saklap bilmedim, Öýden-öýe, Ýoldan-ýola aýlandym. Meýlis gurup gijelerne, oň güýjün Gerekmejek jedellere paýladym. Şahyryň bu sözleri agyr döwrüň gazaply oýny üçin başga alaç tapman özuni köteklemäge döz gelene çalym edýäň ýaly-la? Hawa, hawa, şeýle! Ýadyňyza düşýän bolsa, Italmaz “Çapyksuwar” goşgusynda şeýle diýipdi: Arzuwy köýdürmek günädir günä, Güýjüň barka göreşmeklik gerekdir. Ertemn?! Kim bilýär, ýaryşly ýola Şu günki gelşimiz soňky gezekdir. Belki, ýetip bilmän pellehana-da, Tüwdürlip gideris... Düşeris gözden. Şonda yzdan gelýän çaman atyňam Ozup geçäýmegi ahmaldyr bizden. Bu setirler entek güýjüne göwni ýetýän adamyň arkaýynlygyndan, geçirimliliginden habar berýär. Entek onuň aty ýüzin salyp çapyp barýar. Ol tüwdürilmeginiň ähtimaldygyna şahyr dostlarynyň ölüminden soň has önjeýli düşünen bolmasyn? Döwrüň, häkimligiň öz ýowuz oýny bar. Ol hemmelerden, şol sanda şahyrlardan-da boýun synmagy, özüne gulluk etmegi talap edýär. Ygtybarly gullugyňy gaýgyrmasaň, ol seni aýasynda götermäge taýyn. Sen at hem alarsyň, zat hem alarsyň. Gazetler, žurnallar, radio, telewideniýe seniň şöhratyňy arşa göterer. Hawa, çaman atyň ozup geçäýmegi ähtimal diýip dogry aýdypdyň, Italmaz. Emma çamanlaryň ýeteşikliligini göreniňde gynanardyň, döwrüň bi adalatsyzlygyna çydamajak bolardyň. Şu ýerde paýhas senden biraz ara açardy. Men seniň hesretiňe düşünýärdim. Sen ykbalyňa ýüzlenip, şeýle diýipdiň: Garaz, ýagşy-ýaman tutulýar adym, Adyma ýer berýär ortaky setir. Ýöne şol “ortalyk” ýigrenýän zadym, Şoň üçin haýyş bar, ýa ala getir, Ýa ýyllar maňlaýda goýmanka gasyn. Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Elbetde, bi seniň islegiňdi, emma seniň ykbalyňy çözýän adamlara gerek zady sen bilmän duraňokdyň. Olaryň islegini Gurbannazaram, Halylam bilýärdi. Siz ol islege doly tabynlykda ýaşap biljek däldiňiz, sebäbi siz ellinji ýyllaryň aýagynda, altmyşynjy ýyllaryň başynda öwsen erkin şemalyň adam ruhuna bat beren mahaly döredijilik dünýäsine gelipdiňiz, şoňa-da guwanýardyňyz, şoňa-da wepaňyzy ýitirmändiniz. Döredijiniň edebiýatdaky, sungatdaky ornunyň partiýa komitetlerinde kesgitlenýän mahaly siziň ornuňyz şol ýigrenji ortalykdady. Adam ruhunyň belentligini ömründe ýeke gezek duýmagy başaran adamy ýokary götermek, apalamak olara howuplydy, ol adamyň kalbynda baknalyga, gul bolmaga ýigrenjiň ýene tutaşaýmagy ähtimaldyr. Depelemäge-de ýagdaý ýokdy, siziň köp sanly okyjylaryňyz bardy. Biz aktiw protestden daşdadyk. Biz sergin şemaldan dem almaga ýetişenem bolsak, ol şemaly bize Hruşew açyp beripdi. Biz şemal gelýän deşigi giňeltmäge hyýalam edemzokdyk, ony petiklänlerinde-de protest bildirmändik. Biziň göz ýetirýän adalatsyzlyklarymyz sistemanyň içindäki ýaramaz adamlaryň bet işlerinden döreýändir diýen ynanç, tutuş ideologiýany şübhe astyna almaga bizde meýil döredenokdy. Ýokarda hudaý derejesine ýetirlen Lenin, onuň “ähli kynçylyklardan üstün çykýan taglymaty” durdy. Biz ol taglymat gyşarnyksyz berjaý edilen halatynda adamyň şahsy azatlygyny, ruhy belentligini gazanyp bolar diýýärdik. Biz öz döwrümizin perzentleridik, şonuň terbýesini, gorkusyny, ynanjyny ganymyza siňdirip ulalypdyk. Ýogsam bolmasa, şahyr üçin basgançagy halkyň döretmelidigini biläýmelidik, haýsy setirden bize orun berilmelidigi hakdaky pikiriň özi eýýäm döwlet syýasatynyň çägindäki çärelere durmuş ýörelgesi hökmünde garamak dälmidi näme? Bizem şondan hantamadyk. Hantamadygymyzy bilýärdiler, şonuň üçinem kämahal baýrajyk hödürleýärdiler, at dakyp hormatlan bolýardylar, bozgaklyga ýüz urman, ykballaryna kaýyl bolsalar, ortaky setiriň çäginde ýaşasyn ýörsünler diýýärdiler. Biz welin, ortalyga kaýyl däldik. Mahal-mahal öýkelän bolýardyk, ykbalymyzy çözýän haýsydyr bir çinownige gahar edip gezýärdik. Ol çinownik aýrylyp başgasy gelýärdi, emma ýagdaý üýtgänokdy. Näme üçin üýtgänok, näme üçin, näme üçin? Nämüçin? Nämüçin? Nämüçin beýle? Sowallar daşymy gurşapdyr bu gün, Düýnki arkaýynlyk nirä gitdikän? Sähelçe zada-da ynjaýar göwün. Nämüçin her sözden many gözleýän, Jogap tapmak üçin selpeýän her ýan. Göwnüme bolmasa, Özümem kem-kem Sorag belgisine öwrülip barýan. Biziň neslimize sorag bermek paýy düşdi, muny biz tutuş sowet edebiýatynyň çäginde görýärdik. Döwrüň kyn meseleleriniň çözgüdini aýtmak çeper edebiýatyň wezipesine girenok. Bizden çözgüt talap etdiler, şol çözgüt bolsa, kommunistik ideologiýa gurlan apparatyň ündeýän çözgüdi bolmalydy. Hakykatda çeper edebiýatyň wezipesi jemgyýetiň öňünde ägirt sowallary keserdip goýmakdyr, şol sowallara jogap tapmagyň zerurdygyny duýdurmakdyr. Segsen bäşinji ýyldan soňky döwür Italmazyň nämüçinlerine-de aýdyň jogap berdi, haýp, bu gyzykly döwri görmek Italmaza miýesser etmedi. Iýul, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |