10:32 Diñläp göräýiñ / satiriki hekaýa | |
DIÑLÄP GÖRÄÝIÑ
Satiriki hekaýalar
Aýalym Ogulnabat Annaýewa oblast radiosynda diktor bolup işleýär. Gep onuň işleýänliginde däl-de, onuň gödek-gödek ýalňyşmagynda. Oňa sen «Maşgala potratçylygy» diý-de ýazyp ber. Ol hökman «Masgara potratçylygy» diýip okar. «Bir mandatda iki kandidat» diýen sözleri ol «bir manada iki kandidat» diýip okar. Kandidatyň arzandygyny! Neneň onsoň ulynyň-kiçiniň agzyna, diline düşünmejek?! Menem-ä özüme sabyrlydyryn öýdýärdim weli, radionyň kollektiwem-ä bu ugurdan zor ekeni. Meniň-ä sabyr käsäm birçak dolup bedre edindim. Radionyň ýolbaşçylary sisterna ýasatdyraýypdyrlar öýdýän. Men-ä aýalymy kowup bilemok. Ol zat ahlaksyzlyga ýorulýar. Çagalar bar. Suda arza bermeli. Ýarym ýyl garaşmaly. Soň iň kiçiň on sekiz ýaşaýança aliment tölemeli. Radio aliment tölemeli däl ahyry. Beýle işgäri işden günibirin boşadyp bilýär-ä. Attestasiýadan geçmedi, wessalam. «Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksinde» «oňatja» maddalaram bar. Aýalym-a ýeser-ow. Sähel hyşy-wyşy boldugy derrew býulleten 6 alaýýar-aý ol. Onsoň hiç kowup bilenoklar. Ýogsam tekst okanyňda iki sözüniň birinde ýalňyşýar. «Riodeženeýro», «Stokgolm», «Liopoltwil» diý diýseň-ä duran ýeridir. Antak-mantakdyr, patdyk-sutdukdyr. Diliň ýenjilsin diýip, käte ýaňyltmajam aýtdyrjak bolýan. «O Tejen, bu Tejen, künjüsi çüteje bitenje Tejen. Bir çemçejik şorja serçe çorbasy». Çagalarym gülşüp, hezil edinýärler. Käsi: «Ejemi masgara etmesene, kaka» diýip aglaýar. «Gaýradan gelýän kyrk gyzyl gylguýruk içinde kyrk ýyl gysyr galan gyr gyzyl gylguýruk gördüm» diý diýseň-ä aýalymam möňňürip başlaýar. Onsoň aňsadrak sözlem okatdyrjak bolýan. Oba hojalygyny intensifikasiýalaşdyrsaňam intensifikasiýalaşdyrmaly. Öň aýalym görk-görmekde konkursda saýlanyp, oblast telestudiýasynda hem köp ýyllap diktor bolup işläpdi. Ýalňyş okaýanlygy sebäpli radio geçiräýdiler. Kinosýužetde ekranda eşek görünýär weli, aýalym «agronom öz hasylyna guwanýar» diýip okapdy. «Gözüm görmеsin, göwrämi böri iýsin» diýеnlеrini еdiр, ýоlbаşçуlаr оnу rаdiо tаrар kоwdulаr. Rаdiоnуň hеm diňçilеri tеlеwizоrуňkуdаn köр bоlmаsа аz däl аhуrу. Dogrudanam, näme, radio telewizordan pesmi? Gaýtam soňky döwürlerde ol uly abraýa eýe boldy. Arman, aýalym radionyň işini gaýtarýar-da. Çagalarym ejeleri üçin ýaman utanýarlar. Dünýä çykyp bilenoklar-da neressejikler. Öýdäki radiony, priýomnigi döwüp, jyňky çykmaz ýaly edýärler. Indi telewizora-ha degenoklar. Hol gün goňşym zemzen ýaly haşlady geläýdi: Salam ýok, helik ýok üstüme çöwjedi. — Goňşy, seniň şu dogman geçenleriňden men-ä halys ýeňilýän. Bulara haý-küş etjekmi ýa ýok? Hakyt radiomyň öýüme çekilen simini gyryp durkalar gördüm. Radiosyz gulagym kesilen ýaly bolýanymy sen bilýäň-ä. Ogullarymyň birini tomus kanikulynda oba, daýylarynyňka iberdim. Sütünden ýykyldy diýip, şum habar geläýdi. Oba çekilen radionyň sinimi kesjek bolup, sütüniniň çür başyna çykaýan bolsa nätjek. Ýogsam obada radio işlänogam. Neressejik şony bilmändir-dä. Garga ýaly bolup joňkaryp sütüniň depesinde otyrka, eli sypyp kelemenläp ýa suw, ýa saman diýip gaýdypdyr. Hany saňa suw, nirede saňa saman. Näme, obada saňa çüňňüldäp ýatan basseýn taýýarmy diýsene. Suw Aral deňzinde-de ýok ahyry. Obada agyzsuwy tapdyrmasa nätjek. Nirede saňa saman. Saman biziň illerde bugdaýyň özünden ençeme esse gymmat ahyry. Gepiň gysgasy, oglum on iki süññüni döwdürip, trawmatologik dispanserde ýyl ýarymlap laňkebut ýaly asyl-asyl bolup ýatdy. Kim sebäp boldy? Enesiniň ýalňyşy, radionyň ýüzlekligi, jähennemi. Aýalymyň ýalňyşlyklarynyň zyýanynyň ýeten ýerleri başga-da köp boldy. Bir sapar ol, şu günlerki ýaly pagta ýygymy möwsüminde: «Mawy reňkli meýdan gämisiniň kapitany Pylan Pylanow bunkerden agdaryldy» diýip ýalňyş okady. Ýaňky «agdarylan» bendäniň hossarlary basga düşüpdirler. Gyk-da-bak, yzan-da-çuwan. Eňişip atyza barýarlar. Görseler gülalagüllük. Arada biri radiostansiýa jaň etdi. — Allo! Aşgabat – Moskwa atly ýörişi ikinji sapar geçirildi dälmi? – diýip, ol gaharly sorady. — Hawa, ikinji sapar. 1935-nji ýylda, hemem 1988-nji ýylda – diýip, radiostansiýadan parahat jogap berdiler. — Eýsem näme diktoryňyz Ogulnabat Annanowa «Aşgabat – Moskwa alty ýörüşi» diýip okaýar – diýip, trubkany bat bilen goýdy. Radiostansiýadakylar bagyşlaň diýmäge-de ýetişmediler. Aýalymyň erbet häsiýeti: Ýalňyşanyny düzedip okanok... Onsoň bagyşlaň diýmesi ýok. Haçana çenli ötünç sorap oňjak. Bu sütemleriň ahyry bolmazmy? Radionyň işgärleriniň nerwisi kontrabasyň kirşi däl ahyry. Meniň aýalymyň ýalňyşy käbir adama peýdalam bolup çykypdyr. Bir alym, Kakajan Babaýew, ol ýalňyşlary öz dissertasiýasynyň bir bölümi edip alaýan bolsa nätjek. Aýalymyň ylmy işiniň paronimler, ýagny, meňzeş sözler diýen bölümini meniň keýwanymyň ýalňyşy bezäp duruberipdir. Buýsanç bilen şol ylmy işi okadym. «Beýik rus tankçysy Belinskiý...» we şuňa meňzeş jümleler alyma gepbaşy bolupdyr-da duruberipdir. Paronimlerden doktorlyk iş ýazsaňam aýalymyň ýalňyşy egsiler ýaly däl. «Türkmen halk sazy «Zelel göwnüm», türkmen halk aýdymy «As ýüzli maralym» diýen paronimler aýalymyň häli-şindi efirde ýaňlanýan ýalňyşlary hasap edilýär. Ýaramaz mysaly adamlar gaty tiz kabul edilýär. Arada klubymyza başga bir ýerden çeper höwesjeňler gastrola geldiler. «Kolhozymyza çypar höwesjeňler gastronoma geldiler» diýip, biri zowladyp gygyrdy. Depe saçym dim-dik antenna döndi. Şol sözüňem awtory meniň diktor aýalym bolmaly. Ýalňyşlyk nämede? Onuň gönezligi, teksti efire gitmezinden öň okamaýanlygy, eger-eger eline alanok. Üstünde işlänok. Indi režissýorlaryň hem özleri gonarar gazanmak üçin efire çykyp başladylar. Olaryň diktor bilen işlemäge wagtlary ýok. Arada biri: «Eger kimdir biri üýtgedip gurmak biziň oblastymyza geldi diýäýse, ýalan sözleýärsiňiz diýip aýdaryn» diýdi. «Näme sebäpden» diýip soradyk. Ol «Bäş ýyl mundan öňem şol zenan diktor ýalňyş okaýardy. Düzelýän zat ýok. Şindem diline badak atylan ýaly. Agzyny sowuk alana meňzeýär. Radionyň özi iliň ýalňyşynyň üstünden gülüp düzetjek bolýar. Emma özi ýalňyşýar» diýdi. Men burç ýaly gyzardym. Hernä ol diktoryň meniň aýalymdygyny ýaňky adam bilmedi. Şonda-da erbet boldum. Ýer ýarylmady, menem girmedim. Ýeri, meniň bagtymdan diktor aýal çykjak bolsa, olaryň allanäme, şetdat ýalylaram ýok däl ahyry, köp-ä. Meselem: respublikan radiosynda men-ä diktorlaryň ýekeje-de ýalňyşýanyna gabat gelemok, eger-eger. Ýalňyşman okaýarlar. Bes edeýin. Ykbalyňdan käýinmek muzzur adamyň häsýetidir. Näçe ykarat çeksem-de mert bolaýyn. Itiň gatlaklydan hantama bolşy ýaly, maňa respublikan diktorlary ýetdirip durmy. Öz diktorym bilen oňatja işläýin. Režissýorlara igenmäýin. Goý, olar birneme gonarar gazansynlar. Men şeýle niýet bilen ýalňyş üstünde irginsiz işläp başladym. Ahyry düzetmegiň amatly tärini tapdym. Oturyp ýörite tekst düzdüm. Onuň üçin köp çaý sowatdym. Aýalyma teksti okatdyryp, sesini magnitafona ýazdym. Soňra çagalara: «Geliň ejeňiziň sesini diňläň» diýdim. Olar gaçyp, ummandan çykdylar. Utanýas diýdiler. Zor bilen diňletdim. Soňra olar: «Ýok, bu ejemiziň okaýşyna meňzänok. Munda ýalňyş ýog-a» diýdiler. Sebäbi men aýalyma teksti ýalňyşly edip ýazyp beripdim. Meselem: «Malladan bol ölüm alyndy», «Goýunlar öküz guzlaýarlar», «Keçeler asfaltlanýar», «Kolhozçylaryň ýylylyk girdejileri artýar» diýen ýalňyş jümleleri aýalyma okatdyrdym. Olam ýalňyşly sözlemi ýene ýalňyş okady. Ine, allanäme. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||