19:52 Dirse han ogly Bugaç han boýny beýan eder | |
DÄDEM GORKUT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
BISMILLAHY-R-RAHMANY-R-RAHYM WE BIHI NESTAGIN Resul alaýhyssalam zamanyna ýakyn baýat boýundan Gorkut ata diýrler bir är döredi. Oguzyň ol kişi tamam bilijisidi. Näme diýse bolardy. Gaýypdan dürli habar söýlärdi. Haktagala onuň köňlüne ylham ederdi. Gorkut ata aýtdy: - Ahyrzamanda hanlyk ýene gaýylara ýeter. Hiç kim ellerinden almyýa, ahyrzaman bolup, kyýamat gopynça. Bu diýdigi Osman neslidir. Işde, sürülip gide ýörir. We ýene niçe muňa meňzär söz söýledi. Gorkut ata oguz kowmunyň müşgülini aňsat ederdi. Herne iş bolsa, Gorkut ata tanyşmaýynça, işlemezlerdi. Herne ki buýursa, kabul ederlerdi. Sözün tutup, tamam ederlerdi. Däde Gorkut soýlamyş: Alla-Alla diýmeýinçe, işler oňmaz, Kadyr Taňry bermeýinçe, är baýymaz Ezelden ýazylmasa, gul başyna kaza gelmez. Ajal wada bermeýinçe, kimse ölmez. Ölen adam direlmez, çykan jan gaýdyp gelmez. Bir ýigidiň Garadag ýumrusyça maly bolsa, Ýygar, düýrer, talap eýlär. Nesibinden artygyn iýe bilmez. Ulaşyban suwlar daşsa, deňiz dolmaz, Tekebbirlik eýleýeni Taňry söýmez. Köňlün uly tutan ärde döwlet bolmaz. Ýat ogly saklamak-le, ogul bolmaz. Ulalanda salar gider, gördüm diýmez. Kül depežik bolmaz. Gara eşek başyna uýan ursaň, gatyr bolmaz, Garawaşa don geýdirseň, kadyn bolmaz. Ýapa-ýapa garlar ýagsa, ýaza galmaz, Ýapagaly gökje çemen güýze galmaz. Esgi pamyk biz bolmaz. Garry duşman dost bolmaz. Garagoça gyýmaýynça, ýol alynmaz. Gara polat uz gylyjy çalmaýynça, duşman dönmez. Är malyna gyýmaýynça, ady çykmaz, Gyz eneden görmeýinçe, öwüt almaz. Ogul atadan görmeýinçe, supra çekmez. Ogul atanyň diregidir, iki gözüniň biridir. Döwletli ogul dörese, ožagynyň közüdir. Ogul dahy neýlesin, baba ölüp, mal galmasa. Baba malyndan ne peýda, başda döwlet bolmasa. Döwletsiziň şerinden Alla saklasyn, hanym sizi! Däde Gorkut bir dahy soýlamyş: Sarp ýörirgen kazylyk ata, Namart ýigit müne bilmez, müninçe-münmese ýeg. Çalyp keser uz gylyjy muhannesler çalynça - çalmasa ýeg. Çala bilen ýigide ok-le gylyçdan bir çomak ýeg, Gonagy gelmeýen gara öýler ýykylsa ýeg. At iýmeýen ajy otlar bitmese ýeg. Adam içmez ajy suwlar syzynça, syzmasa ýeg. Ata adyny ýöritmeýen ýaman ogul, Ata bilinden ininçe, inmese ýeg. Ene göwresine düşünçe, dogmasa ýeg. Ata adyny ýöridende döwletli ogul ýeg. Ýalan söz bu dünýäde bolynça, bolmasa ýeg. Gerçekleriň üç otuz on ýaşyny doldursa ýeg. Üç otuz on ýaşyň-da dolsun! Hak size ýaman getirmesin, Döwletiňiz ebedi bolsun, Hanym heý! Däde Gorkut soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş: Gitdikde ýeriň otlaglaryn keýik biler, Kenar ýerler çemenlerin gulan biler, Aýry-aýry ýollar yzyn düýe biler, Ýedi dere kohularyn tilki biler, Gije kerwen göçdügin torgaý biler, Ogul kimden boldugyn ene biler, Äriň agryn, ýeňilin at biler, Agyr ýükler zahmyn gatyr biler, Ne ýerde agyry bar ise, çeken biler, Gapyl başyň agyrysyn beýni biler, Golça gopuz göterip, Ilden-ile, begden-bege ozan gezer. Är jomardyn, är näkesin ozan biler, Ilde-günde çalyp aýdan ozan bolsun, Azyp gelen kazany Taňry sowsun, Hanym heý! Däde Gorkut ýene soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş: Agyz açyp öwer bolsam, üstümizde Taňry görkli, Taňry dosty, din serweri Muhammet görkli, Muhammediň sag ýanynda namaz kylan, Abubekir Syddyk görkli, Ahyr «Sipara» başydyr «Amma» görkli, Hetjiklenip düz okalsa «Ýasyn» görkli, Gylyç çaldy, din açdy - Şahymerdan Aly görkli, Alynyň ogullary, pygamber nebereleri, Kerbela çölünde ýezitler elinde şehit boldy, Hasan ile Hüseýin - iki gardaş bile görkli. Ýazylyp, düzülip gökden indi, Taňry ylmy «Gurhan» görkli. Ol «Gurhany» ýazdy-düzdi, Ulamalar öwreninçe köýdi-bişdi, Alymlar serweri Osman Affan ogly görkli. Çöket ýerde gurulypdyr, Taňry öýi Mekge görkli. Ol Mekgeýe sag barsa, esen gelse, Sydky bütin hajy görkli. Magşar gününde anna görkli. Anna güni okyýanda «hutba» görkli. Gulak urup diňleýende ummat görkli. Minarada gygyranda fakyh görkli. Dyzyn basyp oturanda halal görkli. Çekgesinden agarsa, baba görkli. Ak süýdin doýa emdirse, ene görkli. Ýanaşyp ýola girende gara bugra görkli. Söýgüli gardaş görkli. Böwri ala öý ýanynda dikilse gerdek görkli. Uzynja tanapy görkli. Ogul görkli. Hiç kime meňzemedi, Jümle älemleri ýaradan Alla-Taňry görkli. Ol öwdügim beýik Taňry dost boluban medet bersin, Hanym heý! Ozan aýdar: aýallar dört dürlüdir: birisi solduran sopdur, birisi dolduran topdur, birisi öýüň daýagydyr, birisi nije söýlärseň, baýagdyr. O aýal, öýüň daýagy oldur ke, ýazydan-ýabandan öýe bir gonak gelse, är adam öýde bolmasa, ol ony iýdirer-içirer, agyrlar, ezizlär gönderer. Ol Äşe, Patma soýudyr. Hanym, onuň bäbekleri bitsin. Ožagyňa şeýle aýal gelsin. Geldik, ol, kim, solduran sopdur: irden ýerinden ör turar. Elin-ýüzün ýuwmazdan, dokuz çapady iýäkgän, bir okara gatyk gözlär. Doýynça dyka-basa iýer. Elin böwrüne urar, aýdar: — Bu öýi harap bolasy äre baralydan bäri, dahy, garnym doýmady, ýüzüm gülmedi. Aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi — diýr. — Ah, ne bolaýdy, bu öleýdi, birine dahy, baraýdym. Tamamy ýagşy ödär bolaýdy — diýr. Onuň kibiniň, hanym bäbekleri bitmesin. Ojagyňa şeýle aýal gelmesin. Geldik, ol, kim, dolduran topdur: deprenençe ýerinden ör turdy. Elin-ýüzin ýuwmazdan, obaň ol ujundan bu ujuna, (bu ujundan) ol ujuna çapdy. Gybat etdi, diň diňledi. Öýläne çenli gezdi. Öýleden soňra öýüne geldi. Gördi, kim, ogry köpek, uly göle öýüni bir-birine gatmyş. Towuk kümesine, sygyr tamyna dönmüş. Goňşularyna çagyrar ki: — Gyz Züleýha, Zübeýda, Ürüýde, jan gyz, jan Paşa! Aýnamelek, Gutlymelek! Ölmäge, ýitmäge gitmemişdim. Ýatajak ýerim, ýene bu harap bolasydy. Ne bolaýdy, meniň öýüme bir pursat bakaýdyňyz. Goňşy haky - Taňry haky - diýip söýlär. Munuň kibiniň hanym, bäbekleri bitmesin. Ojagyňa munuň kibi aýal gelmesin. Geldik, kim ol nije söýlärsiň baýagydyr. Öýüne ýazydan-ýabandan bir abraýly gonak gelse, är adam öýde bolsa, oňa diýse ki: — Tur, çörek getir iýeli, bu-da iýsin — diýse, bişen naharyň uzak durmasy bolmaz, iýmek gerekdir. Aýal aýdar: — Neýleýim, bu ýykylajak öýde un ýok, elek ýok, düýe degirmenden gelmedi — diýr. Ne gelirse, meniň sagryma gelsin - diýip, elin götüne urar, ýonun aňry, sagrysyn ärine dönderer. Müň söýlärsiň birisini guýmaz, äriň sözüni gulagyna guýmaz. Ol Nuh pygamberiň eşegi aslydyr. Ondan dahy, sizi hanym, Alla saklasyn! Ojagyňyza şeýle aýal gelmesin. ▶ DIRSE HAN OGLY BUGAÇ HAN BOÝNY beýan eder Hanym heý! Bir gün Gamgan ogly han Baýyndyr ýerinden turmuşdy. Şamy çadyryny ýer ýüzüne dikdirmişdi. Ala saýawany gök ýüzüne germişdi. Müň ýerde ýüpek halyça düşenmişdi. Hanlar hany han Baýyndyr ýylda bir gezek toý edip, oguz beglerin gonaklardy. Ýene toý edip, atdan-aýgyr, düýeden-bugra, goýundan-goç gyrdyrmyşdy. Bir ýere ak otag, bir ýere gyzyl otag, bir ýere gara otag gurdurmyşdy: — Kimiň ki ogly-gyzy ýok, gara otaga ýerleşdiriň, gara keçe astyna düşäň, gara goýun ýahnasyndan öňüne getiriň. Iýrse iýsin, iýmezse, tursun gitsin - diýmişdi. «Ogly bolany ak otaga, gyzy bolany gyzyl otaga ýerleşdiriň. Ogly-gyzy bolmaýany Allatagala gargaýypdyr, biz dahy, gargarys, belli bilsin» - diýmiş idi. Oguz begleri bir-bir gelip, toplanmaga başlady. Meger, Dirse han diýrlerdi, bir begiň ogly-gyzy ýokdy. Soýlamyş, göreli hanym, ne soýlamyş: - Salkyn-salkyn daň ýelleri ösdüginde, Sakgally bozaç torgaý saýradykda, Sakgaly uzyn tat äri baňladykda, Bedew atlar eýesini görüp hokrandykda, Akly-garaly seçilen çagda Göwsi gözel gaba daglara Gün degende, Beg ýigitler, çalasynlar, bir-birine çozan çagda. Ir säher Dirse han galkybany ýerinden ör turup, kyrk ýigidin boýuna alyp, Baýyndyr hanyň söhbetine gelerdi. Baýyndyr hanyň ýigitleri Dirse hany garşyladylar. Getirip, gara otaga ýerleşdirdiler. Gara keçe astyna düşediler. Gara goýun ýahnasyndan öňüne getirdiler. —Baýyndyr handan buýruk beýledir, hanym - diýdiler. Dirse han aýdar: —Baýyndyr han meniň ne egsikligim gördi? Gylyjymdanmy gördi, supramdanmy gördi? Menden pes kişileri ak otaga, gyzyl otaga ýerleşdirdi. Meniň günäm ne boldy, kim gara otaga ýerleşdirdi? — diýdi. Aýtdylar: — Hanym, bu gün Baýyndyr handan buýruk şeýledir, kim ogly-gyzy bolmadygy Taňrytagala gargaýypdyr, biz dahy gargarys diýmişdir — diýdiler. Dirse han ýerinden ör turdy. Aýdar: — Galkybany, ýigitlerim, ýeriňizden ör turuň! Bu gara aýyp ýa mendendir, ýa hatyndandyr — diýdi. Dirse han öýüne geldi. Çagyryp, hatynyna söýlär. Göreli hanym, ne söýlär. Soýlama aýdar: - Bäri gelgil başym bagty, öýüm tagty, Öýden çykyp ýöreýende selbi boýlym, Topugynda sarmaşanda gara saçlym. Gurugly ýaýa meňzär, çatma gaşlym, Goşa badam sygmaýan dar agyzlym, Güýz almasyna meňzär, al ýaňaklym Gawunym, wiregim, tüwlegim Görermisiň, näler boldy! Galkybany han Baýyndyr ýerinden turmuş, bir ýere ak otag, bir ýere gyzyl otag, bir ýere gara otag dikdirmiş. — Ogullyny ak otaga, gyzlyny gyzyl otaga, ogly-gyzy bolmadygy gara otaga ýerleşdiriň. Gara keçe astyna düşäň, gara goýun ýahnasyndan öňüne getiriň. Iýse-iýsin, iýmese tursun gitsin. Onuň, kim, ogly-gyzy bolmasa Taňrytagala ony gargaýypdyr, biz dahy gargarys-diýmiş. Gelibäni garşyladylar. Gara otaga ýerleşdirdiler. Gara keçe astyma düşediler. Gara goýun ýahnasyndan öňüme getirdiler. Ogly-gyzy bolmaýany Taňrytagala gargaýypdyr, biz dahy gargarys, belli bilgil-diýdiler. Sendenmidir, mendenmidir, Taňrytagala bize bir batman ogul bermez, nedendir? — diýdi. Soýlady. Soýlama aýdar: - Han gyzy! Ýerimden turaýynmy? Ýakaň-le bogazyňdan tutubany, Gaba ökjäm astyna salaýynmy? Gara polat uz gylyjym elime alaýynmy? Uz göwräňden başyňy keseýinmi? Jan datlysyn saňa bildireýinmi? Alja ganyň ýer ýüzüne dökeýinmi? Han gyzy, sebäbi nedir, diýgil maňa. Gaty gazap ederem şimdi saňa — diýdi. Dirse hanyň hatyny soýlamyş, görelim, ne soýlamyş. Aýdar: - Heý, Dirse han! Maňa gazap etme! Ynjynyp ajy sözler söýleme. Ýeriňden ör turgul. Ala çadyryň ýer ýüzüne dikdirgil. Atdan-aýgyrdan, düýeden-bugra, goýundan-goç öldürgil. Içoguzyň, daşoguzyň beglerin üstüňe ýygnagyl. Aç görseň doýurgyl, ýalaňaç görseň don atgyl, Borçlyny borjundan gutargyl. Depe kibi et ýyg, köl kibi gymyz sagdyr. Uly toý eýle, hajat dile. Ola kim bir agzy dogalynyň alkyşy-le, Taňry bize bir batman ogul bere — diýdi. Dirse han aýal ähliniň sözi-le uly toý eýledi, hajat diledi. Atdan-aýgyr, düýeden-bugra, goýundan-goç gyrdyrdy. Içoguz, daşoguz beglerin üstüne ýygnady. Aç görse, doýurdy, ýalaňaç görse don atdy, borçlyny borjundan gutardy. Depe kibi et ýygdy, köl kibi gymyz sagdyrdy. El göterdiler, hajat dilediler. Bir agzy dogalynyň alkyşy-le Allatagala bir ogul berdi. Hatyny hamyla boldy. Bir niçe müddetden soňra bir oglan dogurdy. Oglanjygyny enekelere berdi, saklatdy. At aýagy ýüwrük, ozan dili çäwik bolar. Iýgili ulalar, gapyrgaly boý alar. Oglan on bäş ýaşyna girdi. Oglanyň babasy Baýyndyr hanyň ordasyna garyşdy. Meger hanym, Baýyndyr hanyň bir bugasy bardy, bir dahy bugrasy bardy. Ol buga gaty daşa buýnuz ursa, un kibi ügederdi. Bir ýazda, bir güýzde buga bile bugrany söweşdirerlerdi. Baýyndyr han galyň oguz begleri-le tomaşa bakardy, hezil ederdi. Meger soltanym, ýene ýazyn bugany saraýdan çykardylar. Üç kişi sag ýanynda, üç kişi sol ýanynda demir zynžyr-le bugany tutmyşlardy. Gelip meýdan ortasynda goýberdiler. Meger soltanym, Dirse hanyň oglanjygy, üç dahy orda uşagy meýdanda aşyk oýnarlardy. Bugany goýberdiler, oglanjyklara «Gaç» diýdiler. Ol üç oglan gaçdy. Dirse hanyň oglanjygy gaçmady. Ak meýdanyň ortasynda bakdy durdy. Buga dahy oglana sürdi geldi, diledi ki, oglany heläk kylaýdy. Oglan ýumrugy-le buganyň alnyna gyýa tutup çaldy. Buga götin-götin gitdi. Buga oglana sürdi, ýene geldi. Oglan ýene buganyň alnyna ýumrugy-le gaty urdy. Oglan bu gezek buganyň alnyna ýumrugyny daýady, sürdi, meýdanyň başyna çykardy. Buga ile oglan bir hemle çekişdiler, iki dalysynyň üstüne buganyň (köpük) turdy. Ne oglan ýeňer, ne buga ýeňer. Oglan pikir eýledi. Aýdar: — Bir tama direg urarlar, ol tama daýag bolar. Men munuň alnyna näme daýag bolup duraryn — diýdi. Oglan buganyň alnyndan ýumrugyn aýyrdy. Ýolundan sowuldy. Buga aýak üstüne durmady, düşdi, depesiniň üstüne ýykyldy. Oglan pyçagyna el urdy. Buganyň başyny kesdi. Oguz begleri gelip, oglan üstüne ýygnak boldular. «Täsin» diýdiler. Dädem Gorkut gelsin, bu oglana at goýsun, ýany bile alyp babasyna barsyn. Babasyndan oglana beglik istesin, tagt alybersin diýdiler. Çagyrdylar. Dädem Gorkut geler boldy. Oglany alyp, babasyna bardy. Däde Gorkut oglanyň babasyna soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Oglana beglik bergil, tagt bergil-erdemlidir, Boýny uzyn bedewi at bergil, Müner bolsun - hünärlidir. Agyldan tümen goýun bergil bu oglana, Çişlik bolsun - erdemlidir. Gaýtabandan gyzyl düýe bergil bu oglana, Ýüklet bolsun - hünärlidir. Altyn başly ban öý bergil bu oglana, Kölge bolsun - erdemlidir. Çigin guşly jüpbe don bergil bu oglana, Geýer bolsun - hünärlidir. Baýyndyr hanyň ak meýdanynda bu oglan jeň etmişdir, bir buga öldürmiş. Seniň ogluň ady Bugaç bolsun. Adyny men berdim, ýaşyny Alla bersin — diýdi. Dirse han oglana beglik berdi, tagt berdi. Oglan tagta çykdy. Babasynyň kyrk ýigidine üns bermedi. Ol kyrk ýigit göriplik eýlediler, bir-birine söýlediler: - Geliň, oglany babasyna ýamanlalyň, ola kim öldürer, ýene biziň yzzatymyz, hormatymyz onuň babasy ýanynda hoş bolar, artyk bolar — diýdiler. Bardy, bu kyrk ýigidiň ýigrimisi bir ýaňa, ýigrimisi dahy bir ýaňa boldy. Ilki ýigrimisi bardy, Dirse hana bu habary getirdi. Aýdar: - Görermisen, Dirse han, näler boldy? Ýarymasyn, ýarjymasyn, seniň ogluň ýaman boldy, biweç gopdy. Kyrk ýigidin boýuna aldy, galyň oguzyň üstüne ýöriş etdi. Ne ýerde gözel bolsa çekip aldy. Ak sakgally gojanyň agzyn sögdi, ak saçly aýalyň süýdün tartdy. Akan dury suwlardan habar geçer, ärgury ýatan Aladagdan habar aşar, hanlar hany Baýyndyra habar barar. Dirse hanyň ogly beýle erbet işler etmiş — diýrler. - Gezdigiňden öldügiň ýeg bolar. Baýyndyr han seni çagyrar, saňa gaty gazap eýlär. Beýle ogul seniň näňe gerek? Beýle ogul bolandan bolmadygy ýegdir, öldürsene! — diýdiler. Dirse han: - Baryň getiriň, öldüreýin — diýdi. Beýle diýgeç, hanym, ol namartlaryň ýigrimisi dahy çyka geldi we bir kow olar dahy getirdiler. Aýdar: - Galkybany Dirse han seniň ogluň ýerinden ör turdy, göwsi gözel gaba daga awa çykdy. Sen barkaň, aw awlady, guş guşlady. Enesiniň ýanyna alyp geldi. Al şerabyň ýitisinden aldy, içdi. Enesi-le söhbet eýledi. Atasyna kast eýledi. Seniň ogluň ýaman boldy, biweç gopdy. Ärgury ýatan Aladagdan habar geçer, hanlar hany Baýyndyra habar barar. Dirse hanyň ogly beýle erbetlik eýlemiş — diýrler. Seni çagyrarlar. Baýyndyr hanyň ýanynda saňa gazap bolar. Beýle ogul näňe gerek? Öldürsene! — diýdiler. Dirse han aýdar: - Baryň getiriň, öldüreýin. Beýle ogul maňa gerekmez — diýdi. Dirse hanyň nökerleri aýdar: - Heý, Dirse han! Biz seniň ogluňy nähili getireli. Seniň ogluň biziň sözümiz almaz. Biziň sözümiz-le gelmez. Galkybany ýeriňden ör turgul. Ýigitleriň ogşagyl, boýuňa algyl. Ogluňa ugragyl. Ýanyňa alyp, awa çykgyl. Guş uçuryp, aw awlap, ogluňy oklaýyp öldüregörgil. Eger beýle öldürmeseň, başga hili dahy öldürmersiň, belli bilgil — diýdiler. Soýlama: - Salkyn-salkyn daň ýelleri ösdüginde, Sakgally bozaç torgaý saýradykda, Bedew atlar eýesin görüp hokrandykda, Sakgaly uzyn tat äri baňladynda, Akly-garaly seçilen çagda,Galyň oguzyň gelini - gyzy bezenen çagda. Göwsi gözel gaba daglara Gün degende, Beg ýigitler - çalasynlar bir-birine çozan çagda. Aladaňdan Dirse han ýerinden ör turdy. Oglanjygyn ýanyna alyp, kyrk ýigidin boýuna saldy, awa çykdy. Aw awladylar, guş guşladylar. Ol kyrk namardyň bir näçesi oglanyň ýanyna geldi. Aýdar: —Babaň diýdi, keýikleri kowsun getirsin, meniň öňümde awlasyn. Oglumyň at segredişin, gylyç salyşyn, ok atyşyn göreýin, söýüneýin, guwanaýyn, buýsanaýyn diýdi—diýdiler. Oglandyr, nä bilsin, keýigi kowar, getir babasynyň öňünde siňirlär idi: —Babam at segredişime baksyn - guwansyn. Ok atyşyma baksyn - buýsansyn. Gylyç çalyşyma baksyn - söýünsin — (diýrdi). Ol kyrk namartlar aýdarlar: - Dirse han, görermisiň oglany, düzde - ýabanda keýigi kowar, seniň öňüňe getirer. Keýige atarkan ok-le seni urar öldürer. Ogluň seni öldürmezden, sen ogluňy öldüregörgil — diýdiler. Oglan keýigi kowarkan, babasynyň öňünden gelip giderdi. Dirse han gorkut siňirli gaty ýaýyny eline aldy. Üzeňňiýe galkyp, gaty çekdi, uzatdy. Oglany dalysynyň arasyndan urup çakdy, ýykdy. Uç tokundy. Alja gany şorlady, goýny doldy. Bedew atynyň boýnun gujaklady, ýere düşdi. Dirse han istedi kim, oglanjygynyň üstüne gürleýip düşeýdi. Ol kyrk namart goýmady. Atynyň jylawysyn dönderdi. Ordasyna geler boldy. Dirse hanyň hatyny: - «Oglanjygymyň ilki awudyr» diýip, atdan - aýgyrdan, düýeden-bugra, goýundan-goç gyrdyrdy. Ganly oguz beglerin toýlaýyn — diýdi. Ýumurlanyp ýerinden ör turdy. Kyrk inçe gyzy boýuna aldy. Dirse hana garşy bardy. Gabak galdyrdy. Dirse hanyň ýüzüne bakdy, sagy bilen soluna göz gezdirdi. Oglanjygyny görmedi, gara bagry sarsyldy, dym ýüregi oýnady. Gara gyýma gözleri ganly ýaşa doldy. Çagyryp, Dirse hana soýlar, görelim hanym, ne soýlar: - Bäri gelgil başym bagty, öýüm tagty, Han babamyň giýewsi, Kadyn enemiň söýgüsi, Atam-enem berdigi, Göz açyban gördügim, Köňül berip söýdügim. A Dirse han, Galkybany ýeriňden ör turduň, Ýaly gara kazylyk atyň bütin mündüň. Göwsi gözel gaba daga awa çykdyň, Iki bardyň, bir geler sen, çagam hany? Garaňky gijede dogurdygym ogul hany? Çyksyn meniň görer gözüm, A Dirse han, ýaman segrär, Kesilsin oglan emen süýt damarym ýaman syzlar. Sary ýylan sokmazdan akja tenim galkyp çişer. Ýalňyzja ogul görünmez bagrym ýanar. Gury-gury çaýlara suwçy saldym, Gara donly derwüşlere nezirler berdim. Aç görsem doýurdym, ýalaňaç görsem don atdym, Depe kibi et ýygdym, köl kibi gymyz sagdyrdym, Dileg bile bir ogul, güýç-le dogurdym, Ýalňyz ogul habaryn, a, Dirse han, diýgil maňa, Garşy ýatan Aladagdan, bir ogul uçurdyň-sa, diýgil maňa. Joşup akan ýüwrük suwdan, bir ogul akdyrdyň-sa, diýgil maňa Arslan ile gaplaňa bir ogul iýdirdiň-se diýgil maňa, Gara donly, azgyn dinli kapyrlara bir ogul aldyrdyň-sa, diýgil maňa. Han babamyň ýanyna men baraýyn, Agyr hazyna, bol leşger alaýyn, Azgyn dinli kapyra men baraýyn, Ýaralanyp kazylyk atymdan inmeýinçe, Ýeňim-le alja ganym sylmaýynça, Gol-but olup, ýer üstüne düşmeýinçe, Ýalňyz ogul ýollaryndan dönmerin, Ýalňyz ogul habaryn, a, Dirse han, diýgil maňa, Gara başym gurban bolsun bu gün saňa — diýdi. Zarlyk eýledi, aglady. Beýle diýgeç, Dirse han hatynyna jogap bermedi. Ol kyrk namart garşy geldi. Aýdar: — Ogluň sagdyr, esendir. Awdadyr. Bu gün-erte nirede ise geler. Gorkma, gamlanma. Beg serhoşdyr, jogap bermez — diýdiler. Dirse hanyň hatyny gaýtdy, ýene döndi. Durmady, kyrk inçe gyzy boýuna aldy, bedew ata münüp, oglanjygyn isteýu gitdi. Gyşda-ýazda gary-buzy erimeýen Kazylyk dagyna geldi, çykdy. Pesden beýik ýerlere çapyp çykdy. Baksa-görse bir deräniň içine garga-guzgun iner-çykar, gonar-galkar. Bedew atyn ökjeledi, ol tarapa ýöridi. Meger, soltanym, oglan ol arada ýykylmyşdy. Garga-guzgun gan görüp, oglanyň üstüne gonmak istärdi. Oglanyň iki tazyjygy bardy. Gargaýy-guzguny kowardy, gondurmazdy. Oglan onda ýykyldykda boz atly Hydyr oglana häzir boldy. Üç gaýta ýarasyn elle sypady. «Saňa bu ýaradan, gorkma oglan, ölüm ýokdur. Dag güli, eneň süýdi-le seniň ýaraňa melhemdir» diýdi, gaýyp boldy. Oglanyň enesi oglanyň üstüne çapyp, çyka geldi. Baksa-görse oglanjygy, alja gana bulaşmyş, ýatyr. Gygyryban, oglanjygyna soýlar. Görelim hanym, ne soýlar. Aýdar: - Gara gyýma gözleriň uky almyş, açgyl ahy, On ikije süňkjügiň çagşamyş, ýygşyr ahy, Taňry beren datly janyň seýranda imiş anda dahy, Uz gözüňde janyň bar-sa, ogul, ber habar maňa, Gara başym gurban bolsun, ogul, saňa. Ne Kazylyk dagy, akar seniň suwlaryň, Akar kibi, akmaz bolsun. Biter seniň otlaryň, Kazylyk dagy, Biter eken, bitmez bolsun. Gaçar seniň keýikleriň Kazylyk dagy, Gaçar eken, gaçmaz bolsun, daşa dönsün, Ne bileýin, ogul, arslandanmy boldy, Ýogsa gaplaňdanmy boldy, ne bileýin, ogul! Bu kazalar saňa nireden geldi? Ol göwräňde janyň bar-sa, ogul, habar maňa, Gara başym gurban bolsun, ogul, saňa. Agyz-dilden birnäçe keleme habar maňa — diýdi. Beýle diýgeç, oglanyň gulagyna ses eşidildi. Başyn galdyrdy, ýalaw dek gözün açdy, enesiniň ýüzüne bakdy. Soýlamyş, görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Bäri gelgil! Ak süýdün emdigim kadynym ene, Ak saçly yzzatly janym ene, Akarlyda suwlaryna gargamagyl, Kazylyk dagynyň suwunyň günäsi ýokdur. Biterlide otlaryna gargamagyl, Kazylyk dagynyň günäsi ýokdur. Gaçar keýiklerine gargamagyl, Kazylyk dagynyň günäsi ýokdur. Arslan-le gaplaňyna gargamagyl, Kazylyk dagynyň günäsi ýokdur. Gargasaň, babama garga, Bu ýazyk, bu günä babamdandyr — diýdi. Oglan ýene aýdar: - Ene, aglamagyn, maňa bu ýaradan ölüm ýokdur, gorkmagyl. Boz atly Hydyr maňa geldi. Üç ýola ýaramy sypady: — Bu ýaradan saňa ölüm ýokdur, dag güli, eneň süýdi saňa melhemdir — diýdi. Beýle diýgeç, kyrk inçe gyz ýaýyldylar, dag gülün düşürdiler. Oglanyň enesi emjegin bir sykdy, süýdi gelmedi, iki sykdy, süýdi gelmedi, üçünjide özüne zarp eýledi, gany doldy, sykdy, süýt bilen gan garyşyp geldi. Dag güli, süýdi oglanyň ýarasyna urdular. Oglany ata mündürdiler, alybany ordasyna gitdiler, oglany hekimlere tabşyryp, Dirse handan sakladylar. At aýagy ýüwrük, ozan dili çäwik bolar, Hanym! Oglanyň kyrk günde ýarasy oňaldy, sapa-sag boldy. Oglan ata müner, gylyç guşanar boldy. Aw awlar, guş guşlar boldy. Dirse hanyň habary ýok, oglanjygyn öldi biler. Ol kyrk namartlar muny duýdular. «Ne eýleýeliň» diýip danyşdylar. - Dirse han eger oglanjygyn görerse, oturmaz, biziň barymyzy gyrar — diýdiler. «Geliň, Dirse hany tutalyň, ak ellerin ardyna baglaýalyň, gyl ýüpi ak boýnuna dakalyň. Alybany kapyr illerine ýöneleliň» diýip, Dirse hany tutdular. Ak ellerini ardyna bagladylar. Gyl ýüpi boýnuna dakdylar. Ak etinden gan çykynça döwdüler. Dirse han pyýada, bular atly ýörediler. Alybany galyň kapyr illerine ýöneldiler. Dirse han tussag boldy, gider. Dirse hanyň tussag boldugyndan oguz begleriniň habary ýok. Meger, soltanym, Dirse hanyň hatyny muny duýmuş, oglanjygyna garşy baryp soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş. Aýdar: - Görermisen, eý ogul, näler boldy? Sarp gaýalar oýnanmady, ýer oburyldy. Ilde ýagy ýokkan, seniň babaňyň üstüne ýagy geldi. Ol kyrk namart babaňyň ýoldaşlary, Babaňy tutdular. Ak ellerin ardyna bagladylar, Gyl ýüpi ak boýnuna dakdylar. Özleri atly, babaňy pyýada ýörütdiler. Alybany galyň kapyr illerine ýöneldiler, Hanym ogul! Galkybany ýeriňden ör turgul, Kyrk ýigidiň boýuňa algyl, Babaňy ol kyrk namartdan gutargyl, Ýöri ogul! Babaň saňa gyýsa-da, sen babaňa gyýmagyl — diýdi. Oglan enesiniň sözün ýykmady. Bugaç beg ýerinden ör turdy. Gara polat uz gylyjyn biline guşandy. Ak tozluja gaty ýaýyny eline aldy. Altyn naýzasyny eline aldy. Bedewi atyny tutdurdy, bütin mündi. Kyrk ýigidin boýuna aldy. Babasynyň ardynja ýortup gitdi. Ol namartlar, dahy bir ýerde gonmuşlardy. Al şerabyň ýitisinden içerlerdi. Bugaç han çapyp ýetdi. Ol kyrk namart, dahy, muny gördüler. Aýtdylar: - Geliň baralyň, şol ýigidi tutup getireliň. Ikisini bir ýerde kapyra ýetireliň - diýdiler. Dirse han aýdar: - Kyrk ýoldaşym aman, Taňrynyň birligine ýokdur güman. Meniň elimi çöşüň, golça gopuzym elime beriň. Ol ýigidi döndereýin. Gerek meni öldüriň, gerekdir görüň, goýberiň — diýdi. Elini çöşdiler, golça gopuzyn eline berdiler. Dirse han oglanjygy idigin bilmedi, garşy geldi. Soýlar, görelim hanym, ne soýlar. Aýdar: - Boýny uzyn bedewi atlar, gider-se meniňki gider, Seniň-de içinde münüdiň bar-sa, ýigit, diýgil maňa, Söweşmezden, uruşmazdan alybereýin, döngül yza. Agyldan tümen goýun, gider-se meniňki gider, Seniň-de içinde çişligiň bar-sa diýgil maňa, Söweşmezden, uruşmazdan alybereýin, döngül yza. Gaýtabandan gyzyl düýe gider-se, meniňki gider, Seniň-de içinde ýüklediň bar-sa, diýgil maňa, Söweşmezden, uruşmazdan alybereýin, döngül yza. Altyn başly ban öýler gider-se, meniňki gider, Seniň-de içinde öýüň bar-sa, ýigit, diýgil maňa, Söweşmezden, uruşmazdan alybereýin, döngül yza. Ak, ýüzli, ala gözli gelinler, gider-se meniňki gider, Seniň-de içinde nyşanlyň bar-sa, ýigit, diýgil maňa. Söweşmezden, uruşmazdan alybereýin, döngül yza. Ak sakgally gojalar, gider-se meniňki gider, Seniň-de içinde ak sakgally babaň bar-sa, ýigit, diýgil maňa, Söweşmezden, uruşmazdan gutaraýyn, döngül yza. Meniň üçin geldiň-se, oglanjygym öldürmişem, Ýigit, saňa ýazygy ýok, döngül yza — diýdi. Oglan bu ýerde babasyna soýlamyş. Görelim hanym, ne soýlamyş: - Boýny uzyn bedewi atlar, gider-se, seniňki gider, Meniň-de içinde münüdim bar, Goýmagym ýok kyrk namarda. Gaýtabanda gyzyl düýe seniňki gider, Meniň-de içinde ýükledim bar, Goýmagym ýok kyrk namarda, Agylda tümen goýun seniňki gider, Meniň-de içinde çişligim bar, Goýmagym ýok kyrk namarda. Ak ýüzli, ala gözli gelin seniň gider-se, Meniň dahy içinde nyşanlym bar, Goýmagym ýok kyrk namarda. Altyn başly ban öýler seniň gider-se, Meniň-de içinde odam bar, Goýmagym ýok kyrk namarda, Ak sakgally gojalar seniňki gider-se, Meniň dahy içinde bir akly çaşmyş Biligi ýitmiş goja babam bar, Goýmagym ýok kyrk namarda — diýdi. Kyrk ýigidine dilbent saldy, el aýlady, kyrk ýigit bedew atyn oýnatdy, oglanyň töweregine ýygnak boldy. Oglan kyrk ýigidin boýuna aldy, at depdi, žeň-u söweş etdi. Kiminiň boýnun ordy, kimini tussag eýledi. Babasyny gutardy. Gaýtdy, yza döndi. Dirse han bu ýerde oglankygy sag idigin ýene bildi. Hanlar hany oglana beglik berdi, tagt berdi. Dädem Gorkut boý boýlady, soý soýlady. Bu «Oguznamany» düzdi, goşdy, beýle diýdi: - Olar dahy bu dünýä geldi, geçdi, Kerwen kibi gondy, göçdi. Olary dahy ažal aldy, ýer gizledi, Pany dünýä ýene galdy, Gara ölüm geldiginde, geçit bersin, Saglyk-le sagynjyn, döwletiň Hak artdyrsyn. Ol öwdügim uly Taňry dost bolubany medet bersin, Ýom bereýin, hanym! Ýerli gara daglaryň ýykylmasyn, Kölgelije gaba agajyň kesilmesin, Dolup akan görkli suwuň gurymasyn, Ganatlaryň uçlary gyrylmasyn, Çaparkan ak boz atyň büdremesin, Çalyşanda gara polat uz gylyjyň gädilmesin, Dürtüşerken ala naýzaň owranmasyn, Ak pürçekli eneň ýeri behişt bolsun, Ak sakgally babaň ýeri uçmah bolsun, Hak ýandyran çyragyň ýana dursun, Kadyr Taňry seni namarda mätäç eýlemesin, Hanym heý! Taýýarlan: Annagurban AŞYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |