15:30 Dolama / gülküli hekaýa | |
DOLAMA
Satiriki hekaýalar
Işdeş ýoldaşym Annaguly aga bilen iş saparyna gidipdik. Nätanyş şäherde tanyşymyz bolmansoň, günortanlygymyzy şäheriň naharhanalarynyň birinde edinipdik. Naharmyzy iýip töwir galdyranymyzdan soň, iki çäýnek çaýy öňümizde goýan ofisiant gyza Annaguly aga minnetdarlygyny bildirip, maňa ýüzlendi: —Rahmet, inim, gelniňe nahar bişirip berýäni üçin minnetdarlyk bildirip, wagtal-wagtal öwýänsiň-ä?! Men garaşylmadyk soraga şobada jogap bermekden saklanyp, ikirjiňlendim. Annaguly aganyň özi bir degişgen adam bolansoň, oňa degişme äheňde jogap berjegmi, ýa hakykaty aýtjagymy bilmän oýlandym. “Haňk-huňk” jogap gaýtarsaň-a ol şobada duýar. Çyny bilen soraýan bolmagy mümkin we dogry jogabyma garaşýandyr, ýa beren soragyny ösdürip, gülkili söhbede öwürjekdir, ýa-da öwüt-ündewli äheňini dowam etdirjekdir. Men dogrymden gelmeli boldum: —Dogrymy aýtsam, aýalymyň gündeki edýän işi üçin oňa minnetdarlyk bildirmelidir hem öýdemok. Nahar bişirmek, kir ýuwmak, öýi arassa saklamak—olaryň borjy-da. Her aý zähmet hakymy getirip beremde, ýa maşynlyja atasy öýüne äkidem-de, ol hem “sag bolsun” aýdyp baranok. Biz –ä muny öz etmeli işimizdir öýdüp ýörendiris. —Hawa-la, seňkem bir tarapdan dogryragam. Ýöne zenan maşgalaň sähelçe göwni bar-da... Ynha, şu gün men seň bilen mejbury ýagdaýda kişiň bişiren nahary bilen oňňut etmeli boldum. Men her gün ir bilen ertirligimi taýynlap bereni üçin gelnejeňe hoşamaý sözleri aýdýan. Her günki ertirligi dürli-dürli—bir-birine meňzänok. Gapydan çykyp barýarkamam: “Bu gün agşam näme bişirjek ?” diýip, soraýan, ol bolsa: “Agşama çenli wagt köp, bir zat bişirerin-dä” diýýär. Men bolsa: “Aýdaýsana!” diýp, ýalbarýan, ýeňňeň: “Aç galasyň ýok-la” diýýär, men oňa: “Ýok, şonda-da aýt! Agşam işden gaýdamda begenip gaýtjak” diýýän. Meň özüm-ä nahar bişirmäge duranja ýerim, ýumurtga gaýnadyp, ýa ondan heýgenek edinäýmesem. Şonuň üçin nahar bişirip bilýän erkeklere hormat goýýan. Sen nahar bişirip bilýäňmi? —Annaguly aga, menem Siz ýaly—nahar bişirmekde duran ýerim. —Gelniň süýji tagamlary bişirip berýänligi üçin onuň yhlasyna hormat goýmagy ýadyňdan çykarmagyn, inim! Men onuň bilen ylalaşyp, gelnimiň zähmedine sarpa goýup, minnetdarlygymy bildirjekdigime söz berdim. Bu söhbetdeşlikden soň üç aý töweregi geçendir-dä. Annaguly aga bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, ol meni synlap durşuna ýylgyryp : —Tüweleme! Bu günler seni mazalyja bakýalar öýdýän?! Ýüzüň tegelenipdir, köýnekleriň ilikleri dartylyp, atylaýjak bolýar. Görseň, meň saňa beren maslahatym howaýy aýdylan sözler däldir! —Annaguly aga, şo güniň ertesi aýalym dolama bişiripdir. Saçak ýazylýança o jaýa geçip, “çykyşyma” taýýarlanyp başladym. Owadan sözleri tapmasamam, gelşikliräk bolar ýaly diýjek sözlerimi içimden hetjikledim. Bismilla nahara başlanymdan, tä doýýançam agzymyň ýarsy dolamaly, ýarsy tarypnamaly—baý samrandyryn-a! Keýwanym bu “täzelige” gözlerini mölerdip seredýär. Meň “aýdymyma” “how” berýän ýaly: “Hä, duzlyrak bolupmy?”, “Ýagsyzrag-a däldir-dä?”, “Kelemi bişen däldir, ýogsa et dolamakam onuň üstine gaýnag suw guýup, ýumşatdymam-la”, “Içine ýeralma atmalam däl ekenim-le, bar tagamyny şol alandyr” diýip jibrinýär, many okajak bolup, zol-zol ýüzüme seredýär. Men hem: “Örän tagamly bolupdyr, birkemsiz, tankytlara esas ýok. Myhmançylykda-da ençe dolama görendiris welin, munyň ýaly datly dolamany ömrümde ilkinji gezek iýýän” diýýän. Keýwanym boşan tabagymy gaýtadan dolamadan doldurýar. Kelläm gyzyp: “Her gün dolama bişir!” diýäýmenmi... Şol günden başlap, her gün agşamlyk dolama bugarypjyk durandyr, özi hem bu günki düýnkä meňzänok: goýun etden, sygyr etden, üzüm ýapragyna dolanan, ýumurtga gatyşykly, süýde bişirlen, buga daglanan... Asyl, duranja sungat-da! Olaryň bir görnüş-ä göwnüme ýaramady welin, şonda-da minnetdarlyk bildirip, syr bildirmän ýuwutmaly boldum. Garaz, tutuş bir hepde diňe dolama iýip geçmeli boldum, adyma “Dolama” dakaýmaly boldy-how. Şol bir nahary uzak iýseň kejikdirýän ekeni. “Indi başga nahar bişiräýseň nädýär?!” diýip, ýüzlenmäge-de çekinýän, içimden: “Özüňden, diliňe berk bolmaly ekeniň” diýýän. Dolama bişirmekde meniň ezizimden öňe geçjek ýok bolaýmasa. Indiki hepde, agşam işden öýe ýetip gelýärkäm: “Bu günki dolama bir düýnki ýaly, nätanyş ysly çöp-çalam atylmadyk bolaýady-da” diýýän. Bosagadan ätlän badyma ýat bolup giden palawyň ysy burnuma urdy. Begenjime ýanýoldaşymy gujaklap, bagryma basaýasym geldi. Saklandym. Taryplamakdan hem saklandym. Dolamaly hepdäniň palawly hepdä sapyp gitmeginden ätiýaçlanyp, palaw üçin aýtmaly hoşamaý sözlerimi külterläp, mazaly ýekeledim. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |