11:21 Dolansana, gelsene | |
DOLANSANA, GELSENE
Goşgular
Oglanlykda hemra bolan jemalym, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Çagalykda, senden aldym kemalym, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Elmydama oturardyň gerdende, Islän zadym berjaý etdiň şol demde, Aňrybaşy daşlaşmankaň, bir çende, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Ýykylamda, golum tutup göterdiň, Azaşmda, sen ýoluma getirdiň, Agtaranym, tapmagyma elterdiň, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Men bilmedim, asyl özüň nämeden? Sag serimi serhoş eýläp sämeden, Barlygyň hak ýöne, sende ýok beden, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Dyzmaçdy hyjuwym on ýedi ýaşda, Ökünjim öýkäňe başagaý başda, Är ölmezmiş, ýeke sapar ýalňyşda, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Ýoklugyňda aňym saňa zar galdy, Ýüz ugruna eden işlem har boldy, Egnim bilen çekdim, köp azar geldi, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Ýitiremsoň göz görmeýän görküňi, Şeýtan güldi, hemra etdim her kimi, Ýola gelip, örkledim men erkimi, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! Ruhum öňki şol Ilmämmet – Iliç men, Gözden düşen, gyýa göze ilginç men, Aňşyrşyma, akylyma güýç-genç sen, Ýalňyz goýma, dolansana, gelsene! | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |