00:49 Doñuz ogrusy / satiriki hekaýa | |
DOÑUZ OGRUSY
Satiriki hekaýalar
Arada biz il ýatyp, it uklanyndan soñam obamyzda ýatmaýanlaryñ kimlerdigini bilmek maksady bilen kolhozymyza aýlandyk. Şäher tipli owadan posýolok imisalalyk bilen Iliç nuruna beslenip otyr. Ses-üýn ýok. Hatda zeýkanallaryñ gurbagalaram ýatypdyrlar. Gije sagat üçüñ çenidi, tar-tar edip, bir traktor doñuzdarçylyk fermamyzyñ howlusyndan raýon merkezine tarap ýeñsäni titredip, teležkasyny iki tarapa bulaýlap ugraberdi. - Diýmek, il ýatyp, it uklanynda-da traktor görgüli ýatmaýan eken-ow. Onuñ uzakly gün çañ-tozanyñ içinde süññüni süýräni azmuka?! - diýip, ýoldaşym ýuwaşja pyşyrdady. Az salymdan traktoryñ watyrdysynyñ arasy bilen horkuldy eşidildi. Yzýanyndan bolsa doñzuñ sesi parahat gijäniñ ümüş-tamyşlygyny böwsüp ýañlandy. - Doñuz janawaram-a ýatmaýan ekeni - diýip, men ýoldaşymyñ egnine çalaja kakdym. - Olar gündiz ukyny mazaly alandyrlar-da - diýip, ýoldaşym lülkäni ýuwaşja sürüp barşyna maña gañrylyp seretdi. Traktor obadan ýagşy saýlandy. "Iskra" kolhozymyz indi yzda galdy. - Belki doñuz ete barýandyr?! - Bildirenok-da. Ätiýaçdan sorap göreli. Ýoldaşym ikimiz gysgajyk maslahatdan soñ traktory saklatdyk. Görsek rulda oturan Atakga Samat. Bu adam doñuzdarçylyk fermasynda traktorçy bolup işleýär. Horragada, orta boýly, ýaşy elli çemesi, gujurly mehanizator. Güýç-kuwwaty diýseñ köp. Islese doñzy nogtalap biljek adam. Dogrudanam Atakga Samat daýaw-daýaw doñuzlary güýlüp, garpyz oklan ýaly edip teležka ataýypdyr. Hakyt nogta salyp, bu janawarlary gygyrmaz ýaly eden bolsa nätjek. Ýañky gygyran doñzuñm agzynyñ dañysy çözüläýen ekeni. Ýogsam çalaja horkuldydan başga zadam eşitjek däl ekenik. - Hä, Atakga, nirä, ugur haýyrly bol-a! - diýip, biz oña söz gatdyk. - Aý, neme, ýañky, onsoñ, otüki, men... - diýip, doñuz ogrusy sakynyp başlady. - Ýaşuly, göniñden gelsene - diýip, ýoldaşym onuñ ýüzüne el çyrajygynyñ ýagtysyny tutdy. - Biz. Doñuz... - diýip, Atakga ugruny ýitirip ugrady. - Bu janawarlary nirä alyp barýañ?! - diýip, biz oña sowal berdik. - Satmaga - diýip, ol ýuwaşja jogap berdi. - Kolhozyñ doñzuny kim saña sat diýdi? - "Bal tutan barmagyny ýalar" diýipdirler - diýip, Atakga birneme özüni dürsedi. - Seniñ pikiriñçe doñuz bal-da onda?! - diýip, ýoldaşym güldi. - Atakga, gulak sal. Häziriñ özünde traktoryñy ýüz segsen gradus yzyna öwür. Bu janawarlary elt-de öñküje alan ýeriñe düşür. Bular ene doñuzlar ahyry. Çagajyklaryny ýetim goýup, enelerini güýlüp gynamaga neneñ ynsabyñ çatýar. Eşitdim-eşitmedim diýme. Munyñ jenaýat işi. Çagalaryñ arasyndan örjek bol - diýip, ýoldaşym, kolhozymyzyñ halk kontrollygy postunuñ başlygy Jelil Atakga düşündirdi. Traktor pat-patlap kolhoza tarap ugrady. Bizem yzrakdan, ara esli meýdan salyp, lülkäniñ çyrasyny öçürip, Atakganyñ yzyna düşdük. - Be, be, ine, tüýs päli azançylyk, haý, bagty ýatan, Atakga! - diýip, Jelil, geñ galyp, maña tarap seredip pyşyrdady. Sebäbi ýañky doñuz ogrusy Atakga doñuzdarçylyk fermasynyñ howlusyna sowulman doñuzly kerweniñ başyny doñuzdarçylyk fermasynyñ müdiriniñ öýüne tarap çekip ugrady. - Ä-hä, diýmek, bu işde Dowan müdiriñ hem eli bolmaly - diýip, menem öz pikirimi orta atdym. Traktoryñ bimahalçak eşidilen sesine Dowan aga oýanan bolarly, derrew daşaryk çykdy. Traktorçy bilen müdiriñ arasynda hümürdi başlandy. Bizem beýle ýanyndaky jaýa gabat bolup, görünmän durus. Näme diýip, näme aýdylýany bize eşidilenok. Az salymdan Atakga traktoryny otlap, ýene ýola düşdi. Dowan müdir bolsa öýüne girdi. - Indi-hä, ugruñ doñuz ýatagyna bolsa gerek - diýip, Jelil özüniñ bitiren uly işinden hoşal halda lülkäni otlady. Sadalyk bilen, garama-gara traktoryñ söbügine düşüberdik. Biziñ bu gijeki gören wakamyz birhili detektiw filmleriñ hadysasyna meñzeýärdi. Gözümize uky gelenokdy. - Haý, bagty ýatan, Atakga, waý, gara mañlaý, Dowan perme! - diýip, Jelil buduna şapbatlady. - Asyl ol-a ýene raýona tarap eñip ugrady - diýip, Jelil maña seretdi. Ferma müdiri Dowan uly ýoluñ gyrasyndaky, özem obadan, şäherden uzakdaky bir naharhananyñ aşpezi bilen gepleşen ekeni. Ýognas, tutuş pyýada, aşpez Jinjaradze, doñzy nogtalap ýören mehanizator Atakga, bäş ýüz manatlyk sur telpekli Dowan perme "Iskranyñ" klubynda sud öñünde sömeldiler. Märeke zala syganokdy. Günäkärleriñ garyndaşlary ýarym-ýaş, hork-da hork aglaşýardylar. Sud mejlisiniñ prosesinde Jinjaradzäniñ özüniñ öñki etmişini gizläp ýören Kobanidzedigi anyklandy. Atakganyñ günäsini geçmegi uly il diledi. Enma weli, bu ýerde boldy-boldy doñuz ogrusy Dowan permä boldy. On otagly, ak galaýy şiferli, işigi dört garažly, şonça-da ýeñil maşynly, depseñ yranmaz, gaýtam özüñi zyñyp goýberýän öý goşly ymarat Dowansyz galdy. - Günäkär Dowan Baýlyýew, suda iñ soñky sözüñizi aýdyñ! - diýip, halk sudýasy ýoldaş Çaryýew doñuz ogrusyna ýüzlendi. - Ýoldaş sudýa... - diýip, Dowan söze başlady. Emma onuñ sözüni Çaryýew böldi. - Günäkär Dowan Baýlyýew, men size ýoldaş däl. Maña graždanin sudýa diýiñ - diýip, duýduryş berdi. Soñra doñuz ogrusy gaýtadan söze başlady-da: - Graždanin sudýa, iñ soñky sözüm, maña indiki duşenbä çenli rugsat beräýseñ - diýdi. Munuñ sözüne-de zaldakylar gyzyl-gyran gülüşdiler. Hatda el çarpanam boldy. - Ýýak, walla. Dowan permañ bar bol-a. Şunça ýyl bäri ogurlyk edenini az görüp, görsene ony, ýene birki gün puryja soraýşyny - diýip, Tyrry aga nasly aýasyny selçeñ murtly agzyna eltdi. - Päheý-de welinim, doñuz ogurlap toý etjek bolandan abraý bilen ölen ýagşydyr - diýip, Kekgew aga saññyl-saññyl etdi. - Kekgew aga, doñzuñ puly toýyñ aragyna ýaradylsa bolýandyr, men ony Otja molladan eşitdim - diýip, kimdir biri gygyrdy. - Haý, Otjañam gursun, keçjäñem, sem bol, peläket - diýip, Tyrry aga agzyndaky nasyny düýrlengi kagyza tüýkürip oturyşyna käýindi. - Sudýa Çaryýew elindäki ruçkasy bilen grafiniñ böwrüne kakdy, ýerinden turup, köpçülige ýüzlendi. - Adamlae, ýuwaş-ş-ş! Iñ soñky sözüñi aýt, günäkär Dowan Baýlyýew! - Aýtsam, şu öñümizdäki şenbe güni iki oglumam bir günde öýermelidim-dä. Sähedi bellidi, puly geçipdi... - diýip, Dowan ýüzüniñ ugruna aýdanyny duýman galdy. - Günäkär Dowan Baýlyýew, toýa garrama ýok, ýene ýedi ýyldan toý etseñem bolar. Kanun ikimiz üçinem deñ. Men çykyp bilemok - diýip, sudýa Çaryýew aýtdy. Höküm okalandan soñ her kim bir zat diýip, suduñ hökümini goldady. - Ýaýý, tüýs bolaýdy! - Öýünde doñuzdan başga zat bardy! - Aklyñ bolsa doñza deg! - Toýam bozuldy! - Ýörseñizläñ, şol doñuz ogrusynyñ gürrüñini etmegem gowulyk däl! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |