13:11 Dörtlemeler, rubagylar | |
DÖRTLEMELER, RUBAGYLAR
Goşgular
• Durmuşyň ýoly Kimse barýar ot göterip bu ýoldan, Kimse ýeke gysym kül alyp barýar. Kim ýarag göterýär ýagşy net bilen, Kim gara päl bilen gül alyp barýar. * * * Ýyllar gurçuk deýin barsa-da süýşüp, Ömür gülle kimin sygyryp geçýär. Durmuş meýin äwmän owurtlan adam Ajalyň badasyn bir demde içýär. * * * “It üýrer — diýipdirler — kerwenem geçer”, Ondan bäri üýtgäp gitdi bu dünýä. Ne-hä itiň sesi gelýär alysdan, Ne yranyp barýan kerwen görünýär. * * * • Türkmeni gepletme Häkimiýet nyrh kesdi, geçmedim sana, Ýürejigmi çöwrüp başa geýdiler. Öz öýümde döndürdiler myhmana, Myhmanhana bardym — “Ýer ýok” diýdiler. * * * Gutarýan alada sataşmadym hiç, Birem gutarmaýan pula duşmadym. Täze dörän gul bazarna aýlanyp, Azatlyk isleýän gula duşmadym. * * * Bilebilmen, ne döw çaldy türkmene, Argyşdan gelen dek süýnüp ýatyr ol. Için hümledip ýör ýeke-ýekeden, Üýşürseňem, el çarpyşyp otyr ol. * * * Bu ne asyr, rahat oturan ilden Janhowluna urnup ýören bosgun kän. Bu ne döwür, duşmanyň köp dirikäň, Ne zamana, öleňden soň dostuň kän. * * * Bäş wagtyna eglip galan türkmenim, Näme beýle egildiň-de, galmadyň?! Ýasda aglap, toýda gülen türkmenim, Ähli günüň ýas boldy-la, gülmediň. * * * Gör, kime şam boldy baýlygyň-aşyň, Galdyr ýüzüň, gara töwerek daşyň. Diňe ar-namys diýp goýupdyň başyň, Nätjek, bu gün namysdanam ölmediň. * * * Öleýin diýib-ä ölüp bolmasa, Ýaşaýyn diýibem, ýaşap bolmasa, Eýsem öljek bolup ýaşamalymy Ýa ýaşajak bolup, öläýmelimi?! * * * Bogýar meni ak berýozaň tokaýy, Huşumda, düýşümde ýowşanly meýdan. Indi diňe ýere bakyp gezýän men, Bilip gökden maňa ýokdugyn peýdaň. * * * Gara garga ýerde poh dörjeläp ýör, Al-asmanda aşyr atýar kepderi. Pohy dörmeg-ä däl, iýseňem bolýar, Soňra ýazaýmaly toba depderi. * * * Ähli kişi düşünmese bir zada, Bir kişi bar zady bilýän bolmaly. Ýurduň içi agy bolsa durşuna, Hol ýokarda biri gülýän bolmaly. * * * Hasap ýitdi: at känmi ýa eşek kän? Eýeriň gaňňadan tapawudy ýok. Dirikäň bolanok gybat eşitmän, Öleňsoň öwgini eşdip bolanok. * * * Kimiň ýüki namys, wah, ýöne gedaý. Kim wyždana gedaý, ýöne deýýus baý. Berjek bolsaň garyba-da ber bir zat, Baý doýar, dirä garaşma, Hudaý! * * * Bolmaýar Watanyň uly-kiçisi, Ilin terk edene giň jahan dardyr. Bir ýat ülkäň bilbilinden irenler Aňňyrýan eşegiň sesine zardyr. * * * Adamlaň deň ýary kitaphanada, Galan ýary meýhanada meý içýär. Bir-birin görende iki tarapam “Heý, betbagt” diýip, gynanyp geçýär. * * * Bir düşnükli sözüň ýeterlik wagty Kime gerekmişin ullakan eser?! Kämahal näz bilen towlanan zülpüň Täsiri aýalyň özünden ýeser. * * * • Mazar daşyna mynasyp ýazgy Günde bäş wagtyna namaz deregne Bäş ömür ýaşaýjak dek bir egne, Bäş şaýyň ugrunda zorladym jany, Giç tanadym, bäş günlükmiş bu pany. * * * • Gelin we şahyr — Garrap ýörmüň, çöküp ýörmi göwünler, Soňky wagtlar söýgi hakda ýazaňok. — Belki-de şeýledir, ýöne bu günler Söýşüp ýörün, goşga elim degenok. * * * Eý, ýa Taňrym, ne beýle biz türkana, Ýaraňjaňlyk edip bir köwekhana, Ne ýatyrdyk merhumlary arkaýyn, Ne ýaşatdyk dirileri erkana. * * * Durmuş sapagynyň bolmaz artygy, Pelek — elek, saýlar çäji-harpygy. Daş ýaly ýumrukdan gaty bor eken Halal gazanylan aýal şarpygy. * * * Hiç kim bolsaň, hiç kim gujak gerenok, Garyp bolsaň, algylyňam berenok. Türkmeniň-ä sesi ýetenok Taňra, Taňryňam türkmeni gözi görenok. * * * Bu ne millet, bir-birinden ürkmeli, Ýüzüňe ýylgyryp, awy pürkmeli. It uruş diýerdiň ozallar, türkmen, Indi itler uruşdyrýar türkmeni. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |