16:20 Döwlet gerekdir ýigide.. | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ DÖWLET GEREKDIR ÝIGIDE Buýsanmaga döwlet gerek! Gerbi jan-jigeriňden ýasalan, tugy ruhuň bolup parlaýan döwlet gerek! Gadymy, kämil aňly türkmen halkynyň dilinde döwlet diýen sözüň manysy gaty giň, gaty çuň, gaty kämil. Döwlet – rysk, baýlyk manysyny berýär. «Döwlet gerekdir ýigide!», «Döwleti – hanymany», «Ýigide döwlet ýar bolsa» diýen ýaly ganatly jümleleri kim bilmeýär! Ynsan durmuşy döwletden başlanýar. Döwletiň manysy giň. Döwlet – ojak. Döwlet – bagt. Döwlet – agzybirlik. «Pylanynyň döwleti oýanypdyr» – ol pylanynyň diňe bagtynyň oýanandygyny däl, baýlygynyň artýandygyny däl, agzybir, düwlen ýumruk ýaly berk maşgalasynyň bardygyny hem aňladýar. Garry adamlaryň ergeneksiz eklenip, terbiýesiz saklanan kişä «Haý, bidöwlet!» diýip käýinmesi bar. Bu ýakymsyz jümläniň aňyrsynda örän uly taryhy betbagtlyk ýatyr. Halkyň ýedi-sekiz asyrlyk tragediýasy ýatyr. Ol bidöwletlik diňe şol kişiniň ergeneksizligini aňlatman, jemgyýetiň betbagtlygyny aňladýar. Gowy döwleti bolan halkyň bidöwlet ogly bolmaly däl! Ine, muňa şeýle giň manyda düşünmeli!.. Türkmen dilinde «döwlet» sözüniň şeýle giň hem çuň mana eýe bolmagyny – ýedi-sekiz asyrlap, sözüň rast manysynda döwletiniň bolmandygy bilen düşündirip bolar. Biz, ine, kyrk ýaşly nesil, «Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy» diýlen belent, haýbatly «döwletde» kemala gelen, kemsidilen nesil! Biz döwletsizligiň nämedigini ilden sorap bilmeli däl! Dünýä boýunça uly syýasy forumlar geçýär, oňa «adam iýiji taýpanyň», Mikluho-Maklaýa Hudaý diýip ýören papuaslaryň döwleti gatnaşýar, dünýäniň taryhynda beýik siwilizasiýalary guran türkmen gatnaşmaýar! Dünýäde ullakan sport, medeni we beýleki çäreler geçirilýär, oňa üç ýüz müň ilaty bolan kiçijik döwletler gatnaşýar, emma beýik medeniýetli, edebiýatly, sagdyn bedenli, ruhly türkmen halkynyň wekili gatnaşmaýar! Bulara ýürek sessiz aglaýardy, daşyndan jyňkyňy çykaryp gör, gözüň nämeler görýär! Magtymguly Pyragy ýaly beýik klassyk, beýik sufy, beýik realist, beýik filosof şahyr dünýä boýunça ýok, emma Magtymguly «respublikalaryň spisogynda» bolşy ýaly, doganlyk halklaryň edebiýat klassyklarynyň hem yzky orunlarynda agzalyp geçilýärdi. Aýyn bolmasa, ony Gündogar klassyklarynyň hataryna goşanymyza monça bolýardyk. Magtymguly Gündogaryň, Günbataryň poeziýa ýyldyzlarynyň içinde iň bir şuglalysy ahyryn! Magtymgulynyň beýik goşgularynyň ýüz, ýüz elli sanysyny saýlap alyp, türkmençe originalyny, orsça, iňlisçe, nemesçe, ýaponça, hytaýça, ispança... sözme-söz terjimelerini kitap edip ähli uly döwletleriň edebiýat adamlaryna elýeterli etmeli. Ine, şonda Magtymguly ýigriminji asyryň aýagyna dünýä krişnaizm dininiň ýaýraýşy ýaly ýaýrar. Magtymguly dünýä üçin ýaňadan doglar! Munuň ýakyn döwürde şeýle boljagyna halysalla ynanýaryn, sebäbi türkmen halkynyň süňňünden dörän, türkmen halkynyň baý edebiýatyna guwanýan, Magtymgulyny türkmen döwletiniň buýsanjyna öwren Prezidentimiz Saparmyrat Ataýewiçiň hut şu beýik missiýany amala aşyrjakdygyna berk ynanýaryn. «Görogly» eposymyz babatda-da şeýle. Görogly rowaýat hökmünde Gündogaryň köp ýurtlaryna ýaýrapdyr, oňa «biziň Göroglymyz» diýýän halk köp. Mundan çekinip oturmaly däl. Haýsy halkyň «Görogly» eposy kämil hem beýik eser bolsa, Görogly hut şol halkyňkydyr! Döwletimiziň ýoklugy zerarly ajaýyp epos şindi rus diline hem terjime edilmedi. Sowet ýyllary içinde biziň respublika ýolbaşçylarymyz onuň dawabaşy bolaýmagyndan gorkup, eposyň duşundan dymyp geçdiler. «Görogly» ýaly folklor eposy dünýä boýunça ýok! Zehinli edebiýatçy Ahmet Bekmyradow: «Görogly» eposy bilen bir hatarda durup biljek diňe «Don Kihot» bar!» diýip tekrarlardy. Hut öz döwletimiziň bolmany üçin Nury Halmämmedow, Çary Nurymow ýaly kompozitorlar, Rehmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow ýaly şahyrlar dünýä arenasyna çykyp bilmediler. Emma olaryň döredijiligi dünýä saz hazynasyna hem poeziýasyna örän uly goşant goşup biljek! Bu asylly iş hem täze döwletimiziň borjy! Örän dana Prezidentimiz her bir sözünde: «Öz taryhymyzy bileliň!», «Biz örän beýik halkyň nesilleridiris!» diýip janykma kemini goýmaýar. Öz gadymy taryhyňdan başlap, şu güne çenli türkmen halkynyň geçen ýoluny aňyňda hem kalbyňda götermeseň, öz ruhy baýlyklaryňy kemsiz öwrenmeseň — şu gün hakyky watançy bolup bilmersiň! Watany diňe söýmek ýeterlik däl, ony doly bilmek hökman! Alty müň ýyllyk taryhymyzy bilmeseň, Saparmyrat Türkmenbaşynyň ullakan tutumlaryna doly göz hem akyl ýetirmek mümkin däl! Saparmyrat Türkmenbaşy alty müň ýyllyk taryhy bolan, onlarça siwilizasiýany döreden, adamzadyň şu günki derejesine ýetmegi üçin köp işler eden türkmen halkynyň täze döwletini hut şol taryhymyzyň binýadynda hut şol beýik halka mynasyp edip gurýar! Ol döwletiň dünýä möçberinde iň ösen, iň beýik döwlet bolmagy ugrunda biziň her birimiz yhlasymyzy, talantymyzy, söýgümizi, akyl-paýhasymyzy, güýç-gaýratymyzy, zehinimizi gaýgyrmaly däldiris. Özbaşdak, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan biziň mährimizden, paýhasymyzdan, müňlerçe ýyllyk milli aňymyzdan, söýgimizden bina bolmalydyr! Biz ýalan döwletiň nämedigini gördük. Ýetmiş ýyllap depämizden gara gum sowrup, «şu günki ýeňiş, ertirki norma» diýen dewiz bilen gije-gündiz işläp, ýene hiç zatsyz proletariatlygymyza galdyk. Ne şahsy baýlygymyz boldy, ne-de milli! Şony sapak edinip, öz döwletimiziň örän baý, örän kuwwatly, örän ylymly, örän ynsanperwer, örän agzybir, örän döwlet-li döwlet bolmagy üçin göreşmegimiz hökman! Döwletimiz baý bolsa, biz beg bolarys! Ata-babalarymyzyň «döwlet» diýen söze siňdiren ähli manysy döwletlilik bilen köne güzerine gaýdyp geldi! Buýsanmaga döwlet gerek! Galan zatlar ikinji derejeli zatlardyr! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |