11:42 Döwletgeldi bagşyny ýatlap... | |
DÖWLETGELDI BAGŞYNY ÝATLAP…
Ýatlamalar
Döwrümiz aýdym-saz sungatynyň döwri boldy diýsek ýalňyş bolmazdy. Aýdym-sazymyza gaýtadan jan berip, giň ýol açmakda, mirasymyzy bütin dünýä tanatmakda uly tagallalar edilýär. “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak, bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginmiň aňyrsynda hem ýadawsyz aladalar ýatyr. Bagşyçylyk sungatymyzyň dünýä gymmatlyklaryna goşulmagy türkmen halkynyň depesini göge diredi. Dutar ýasamak diýlende, meşhur dutar ussalarynyň göz öňüne gelşi ýaly, dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak diýlende bagşy-sazandalarymyzyň keşbi, olaryň bize galdyryp giden aýdymlary göz öňümizde janlanýar. Bu günki gün olary ýatlamak bize ganat berýär, joş berýär. Türkmenistanyň halk bagşysy, Türkmenistanyň halk magaryfynyň at gazanan işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, kompozitor Döwletgeldi Ökdirow hem türkmen saz äleminde öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Uruş ýeňiş bilen tamamlanyna Döwletgeldiň alty, inisi Alyhanyň hem üç ýaşy bardy. Ýeňiş bilen dolanyp gelenleriň arasynda maýyp-müjriplerem kändi. Döwletgeldi häzir eli dutarly daýysy Artyk bagşynyň ikilenç urşa ugradylan gününi ýatlady. Obada gyzamyk çykarýanyň, ogul öýerip, tam toýuny edýäniň märekesi hem-de beýleki üýşmeleňler Artyk bagşysyz geçmezdi. Uly oba onuň aýdymynyň aşygydy. Asyl onuň «Balsaýat», «Könegüzer», «Maral zeýrendi», «Ýaşyl baş», «Galdy arkaç, Aýnam», «Neýläýin», «Saba boldy», «Ýar gyrmyzy geýinipdir», "Sen-sen", «Tä men gelinçäm“, «Garry gadyrdany salma gözüňden», «Dostmämmet»atly aýdym-sazlaryny diňlän adamyň telim günläp onuň owazy gulagyndan gitmezdi. Soňy bilen ony diňe bir Sumbar ýakasynda ýerleşýän obalar tanaman, eýsem, onuň yzyndan tutuş Ahal ilinden, ýurduň dürli künjeklerinden hem toý çakylykçylary gelerdi. Şeýle bolansoň bagşy öýüne myhman bolupdyr. Ol damana ýolundan onlarça aýdymy ussatlarça ýerine ýetirmegi başarypdyr, aýdymlarynyň hörpi gün-günden artyp gidipdir. «Görogly», «Şasenem-Garyp» dessanyndan joşgunly aýdan aýdymlary köpleriň göwnünden turupdyr. Başga-da köp-köp dessanlardan goşgulary aýdym edip aýdar eken. Artyk bagşynyň ikilenç urşa ugradylmagynyň hem özüne ýetik sebäbi bardy. Söweşde Artyk bagşynyň bile gulluk edýän artillerist esgerleriniň görkezen aýratyn batyrgaýlygy üçin olaryň her birini bir aý möhlet bilen öýlerine görme-görşe ugradypdylar. Bu gün bolsa berlen bir aý möhlet gutarypdy. Urşa-da ylla toýa gidilýän ýaly, şol gün öýe ýygnanan mähellä aýdym aýdyp, gulaklarynyň posuny açypdy. Döwletgeldi daýysynyň dyzynda oturan ýerinden dutaryň sapyna ýapyşyp, ony goýbermän çekeläp otyrdy. Muňa gözi düşen Artyk bagşy onuň tahýaly başyny sypapdy. Soňam: - Meň düşbüje ýegenjigim. Seniňem bagşy bolasyň gelýärmi? Sabyr et, gaýdyp geldigim, söz berýän, saňa saz çalyp, aýdym aýtmagy özüm öwrederin! - diýdi-de, onuň ýaňaklaryndan taýly gezek ogşady. Heniz bäş ýaşyny hem doldurmadyk Döwletgeldiň çaga kalbynda daýysynyň bu sözleri ebedilik galan eken. Çünki ol bu hakda soň-soňlaram, hatda uly bagşy bolup ýetişen çaglarynda-da ýatlar ýörerdi. Elbetde, Ýeňiş pidasyz bolmady. Küren obadan urşa giden jemi ýüz ýigrimi ýigitden deň ýarysyna aman-sag dogduk obasyna dolanyp gelmek miýesser etmedi. Artyk bagşy hem şolardan biridi... Döwletgeldiniň talyp ýyllaryndan başlap, elinden dutar düşmedi. Ol şol ýyllar Nazar Gullaýew, Sahy Jepbarow, Ata Abdyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew dagydan tälim aldy, dutaryň hem-de bagşyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini ele almaga çalyşdy. Çekilen zähmet ýerine hem düşdi. Ol sazanda Pürli Saryýewiň ýokary bahasyna mynasyp bolup, ondan ak pata alan ýeke-täk bagşydyr. Döwletgeldi özüniň gysga hem-de manyly geçen ömründe meşhur aýdym-sazlaryň ençemesini döredip ýetişdi. Olardan "Guba gazym“, "Garyp“, “Zülpüň“, "Maral“, "Kanalym“, “Türkmenistan“, “Bibijan“, "Türkmenistan lälezar“, "Sumbaryň nary“, "Pyragyny gören daglar“, "Apat“, "Gözellerden zyýada“, "Gyratym girse meýdana“, "Seretmez“, “Bedewlerden saýlanardyň“, "Erkana Watan“, "Deňiz guşum“, "Ne bela sen adamzat“, "Nar agajy“ atly aýdymlary halkymyzyň uly söýgüsine öwrüldi. Şu ýerde bagşynyň döreden aýdymlarynyň hersiniň öz döreýiş taryhynyň, rowaýatynyň barlygyny belläsimiz gelýär. "Zülpüň“, "Pyragyny gören daglar“, "Guba gazym“, "Sumbaryň nary“, "Apat“, "Bibijan“, "Deňiz guşum“, "Nar agajy“ ýaly aýdymlarynyň döreýiş rowaýatynyň barlygyny aýtsak, olar bu barada iş salyşýan sazşynaslaryň ünsüni çekse gerek. Döwletgeldi Ökdirowyň döreden "Zülpüň“ aýdymynyň sazy ýöne bir saz däl-de, giden bir epopeýadyr“ diýip, meşhur bagşy heniz aramyzda gezip ýörkä kompozitor Aşyr Kulyýew belläpdi. Ir wagtlar Döwletgeldini daglyk obalaryndan biriniň toýuna çagyrýarlar. Ol toý ýerinde daşyna gyrmyzy mahmal geýdirilen gazma dutaryny görüp, ol dutary eline aldy. Soňam: - Bu dutar kimiňki?—diýip sorady. - Bu dutar kakamdan galan ýadygärlik—diýip, toý eýesi jogap berdi.—Bizde dutar çalyp bilýän ýok. Şoň üçinem ol indi on-on bäş ýyl bäri çalynanok—diýdi. Döwletgeldi dutaryň daş gabyny çykardy, soňam dutaryň taryny çekişdirip durka içini gepletdi: «Bu, megerem, Hojaly ussanyň elinden çykan senet bolmaly». Ol uzyn bir saz çaldy. Soňam ony ýerinde goýdy.Salym geçip-geçmänem, ol dutary gaýtadan garbap aldy. Ol şonda oturanlara «Guba gazym» atly aýdymyny uly joşgun bilen aýdyp berdi. Adamlardan ses–seda çykmady, içeri dym-dyrslykdy. Şondan soň bagşy «Zülpüň» aýdymyna tutdurdy. Oturanlar gozgalaň tapdy. Her kes bagşydan özi üçin, maşgalasy üçin bir aýdym aýtmagyny sargady. Döwletgeldi bolsa mahal-mahal dür monjugy ýaly maňlaýynda dörän derini akja ýalyk bilen süpürýärdi hemem adamlaryň ählisiniň haýyşyny bitirjek bolup aýdym yzyna aýdym aýdýardy. «Aý dogan çagy», «Pyragyny gören daglar», «Apat», «Maral», «Bibi jan»,«Gözel Sumbaryň nary» aýdymlaryny aýtdy. Oturanlaryň «How bagşy-da», «How bagşy», «Sesiňe gurban bolaýyn!», «Janyňy Alla saklasyn!» diýip gygyrmalaram bagşa aýratyn täsir eden bolarly.Onuň bolmajasy boldy, joşup-joşup aýdym aýtdy. Hatda bir aýdymy bir däl, birnäçe gezek gaýtalabam aýtdy. Ajaýyp aýdymlaryň onlarçasyny bize sowgat eden alym bagşymyz Döwletgeldi Ökdirow Magtymguly baýragynyň eýesi, şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Kerim Gurbannepesow bilen hem ilhalar aýdymlaryň ençemesini döretdi. Bagşynyň halkyň göwnünden turan «Pyragyny gören daglar»,«Apat» ýaly meşhur aýdymlary hem Kerim şahyryň goşgulary esasynda dünýä inipdi. Döwletgeldi Ökdirow kompozitor Nury Halmämmedow bilen hem ýakyndan aragatnaşyk saklapdyr.1983-nji ýylda olaryň durmuşynda şeýle bir waka bolupdyr. bir gün Nury Halmämmedow ony öz iş ýerine çagyrypdyr. «Şükür bagşy» kinomyz halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Biz oňa baş gahrymanyň keşbini oýnamaga uniwersitetiň mugallymy Aman Handurdyýewi çagyryp ýalňyşmandyrys. Ol Şükür bagşyny Şükür bagşy edip oýnady. Keşbinem ýerine ýetirdi, sazynam çaldy. Zehinler sazlaşanda, eserem şowly çykýar.Seniň hem durkuň bilen saza berleniňe gözüm gidýär.Seniň döreden saz eserleriň meni çäksiz guwandyrýar. Şonuň üçinem zehinine uly hormatym bar. Hasam Gara däliniň «Sowruldy», «Teşnut», «Ýandym» sazlarynam hiç bir közsüz ýerine ýetirýärsiň. Bu diňe ussatlara başardýar. Indem “Garadäli gökleň” barada kino döredäsek diýen pikirimiz bar. Onsoň bu barada köp oýlandym. Režisýorlar bilenem gürleşdim. Men Garadäliniň keşbini sende görýän” diýipdir. Döwletgeldi bu teklibi goldapdyr. Özüne ynanylan pursady elden bermek islemändir. «Munuň üçin elimden gelenini ederin!» diýibem onuň bilen ylalaşypdyr. Ençeme wagtlap taýýarlyk işlerini hem görüpdir, kinonyň düşürilip başlanmagyna bolsa örän az wagt galan eken. «Haýp, guýma gursak, zehinli kompozitor Nury Halmämmedowyň biwagt aramyzdan gitmegi Döwletgeldiň bu arzuwynyňgury hyýal bolup galmagyna getiripdir. Ýüregi «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýip urýan, hormatly Prezidentimiz: «Biz türkmen milli sungatynda öçmejek yz galdyran ajaýyp ussatlary, beýik ynsanlary hiç haçan unutmaly däldiris. Olaryň röwşen keşpleri, bize galdyran ruhy mirasy ýaşlarymyza görelde mekdebi bolmalydyr. Biz öz halkymyzyň ajaýyp ogullaryna guwanmaga haklydyrys» diýip, bellemek bilen milli sungatymyzyň ussatlarynyň, beýik ynsanlaryň il-güne galdyryp giden sungat eserlerine, edebi, ruhy mirasyna iňňän ýokary baha berýär. Döwletgeldi bagşy bilen bagly bir waka mydamalyk ýadymda galypdyr, 1987-nji ýylda biz täze alan ýaşaýyş jaýymyzyň toýuna bagşy Döwletgeldini hem myhmançylyga çagyrypdyk. Döwletgeldi bize eli dutarly gelipdi. Şonda ol öz döreden «Zülpi», «Apat», «Bibijan», «Sumbaryň nary», «Maral»,«Pyragyny gören daglar»,«Aý dogan çagy» aýdymlaryny uly joşgun bilen aýdyp berdi. Bu meniň üçin gaýtalanmajak pursat bolup galypdy. Çünki men ilkinji gezek bagşynyň aýdymlaryny ýanynda oturyp diňläpdim. Bu pursat hiç haçan ýadymyzdan çykmaz. Hawa, biz meşhur bagşynyň "Belent perwaz eýleýip, arşa çykar owazym“ diýip waspyny ýetiren bagtly zamanasynda, bagtyýar döwürde ýaşaýarys. Bagşy-sazandalara, medeniýet, sungat işgärlerine uly sarpa goýulýar. Olaryň atlaryny orta we ýokary mekdeplere dakýar, heýkelleriniň oturdylmagyna ýardam edilýär. "Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri“, "Türkmenistanyň halk bagşysy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, alym Döwletgeldi Ökdirowyň adyny Magtymguly etrabynyň 18-nji orta mekdebi göterýär. Mekdepde bagşa bagyşlanylyp döredilen muzeý bar. Bu ýere gelenler ýazgyda bagşynyň ýerine ýetirmeginde onuň öz döreden aýdymlaryny diňleýärler. Onuň baryp mekdep döwründe-kä saz çalmagy öwrenen gazma dutaryny synlaýarlar. Bu gün Döwletgeldi bagşyny tutuş ýurt sarpalaýar, oňa hormat goýýar. Çünki ol hormat-sylaga mynasyp adamdy. Muny bagşa ak pata beren meşhur sazanda Pürli Saryýewiň sözleri bilen aýtsak, «Döwletgeldi hem bagşydyr hem ýagşydyr». Goçy ANNASÄHEDOW, ýazyjy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |