23:45 Döwletýar beg / pýesa | |
DÖWLETÝAR BEG / üç aktly drama
Teatr we kino sungaty
Magrupynyň sýužetine käbir salgylanmalar äheňinde ■ GATNAŞÝARLAR: DÖWLETÝAR BEG TUMAR – DÖWLETÝARYŇ EJESI GORKUT ATA SALYR GAZAN ABA SERDAR AGAMUHAMMET ŞA AMAN SERDAR ARSLAN BATYR ÝANYK SERDAR MAKSATÝAR – DÖWLETÝARYŇ INISI HASAN HAN – ASTRABADYŇ BEGLERBEGI TAWUS – DÖWLETÝARYŇ HALANY ILAMAN – TAWUSYŇ KAKASY AÝPERI – HASAN HANYŇ GYZY ÝAKUP BEG NEPES NÄTANYŞ ÝIGIT MÜRZE NEJEP WEZIR KASYM AGA HORRAM OGLY ÖLDÜRLEN AÝAL BIRINJI KENIZ IKINJI KENIZ OBA ADAMLARY, NÖKERLER Wakalar XVIII asyryň ikinji ýarymynda bolup geçýär. BIRINJI AKT 1. Hörezmin. Döwletýaryň obasy. Agşam. Ak öýüň gapysyna keçe atylypdyr. Kasym aga otyr. Döwletýar, Arslan batyr, Aman serdar golaý gelýär, olaryň öňüni ýagyrnysy odunly Horram kesýär. Ol Döwletýary görüp yza serpilýär, odunyny agdarýar. HORRAM. Salawmaleýkim... wä-ä, wä, Döwletýar diýseň-de boljak... Döwletýaryň aýyn özi-dä! Döwletýar gelipdir, haw!.. (Odunyny suýräp gaçma bilen bolýar) Geldi-le, haw, gelmänler geçse bolmadymy... (Galmagal turzup gidýär). Ýüzüni garaňka tutup geläýipdir-dä. Hatyrjem boluň, haw-w, Döwletýar obadadyr, haw!.. DÖWLETÝAR. Bi neneňsi alamat boldy, ýigitler. ARSLAN. Obaňy ýagy çapan bolmasyn, Döwletýar. DÖWLETÝAR. Irgözinden aýak ýygnanypdyr, gapylar ýapyk, itler-de lal açana meňzeýär. Olar ak öýüň gapysynda daýanýarlar, ýeke oturan Kasym aga salam berýärler. Kasym aga aýat okap başlaýar, olar çökýärler. Aýat gidip durka töwerekden ikilän-üçlän adam gelip oturýar. Öýden Döwletýaryň ejesi Tumaryň agy sesi eşidilýär. TUMARYŇ SESI. Gara gözüm garasy, ogul, Ýürek-bagrym parasy, ogul, Dar işigiň söýesi, ogul, Gara dagyň gaýasy, ogul. Sensiz günler görmäýin, ogul, Düşeklerde jaýyň galdy, ogul-e-eý, Çanaklarda paýyň galdy, ogul-e-eý... Maksatýar jan, balam-e-eý... Döwletýar “Waý, dogan!” diýip, maňlaýyny ýere berýär. KASYM. Ozalebetde kysmatyna ýazylany şudur, o dünýede jaýy jennet bolsun. Dädemiz Gorkut aýtmyşlaýyn, ajal aldy, ýer gizledi, pany dünýä kime galdy. Gelmeli, gitmeli dünýe, öňi oýun, soňy puç dünýe. Gara dagyň ýykylmasyn, kölegelije gaba agajyň kesilmesin, akan görkli suwuň guramasyn, kadyr seni namarda mätäç etmesin. Ýowuz günde hudaýa sygnanyň ýagşy. (Pauza). Döwletýar, sizi-de bolan ýagdaýdan bihabar ýaly görýän. Sen Hywada Mäteriň ganyna galypsyň diýdiler, Mäteriň ogullary oba döküldiler, iniňi heläklediler. Perişan hala duşen aýal yzyndaky ýaş zenana-da per bermän haýdap gelýär. AÝAL. Dolanaýypdyr beg ýigit! Gana öwrenişen gözleriňi galdyr-a, beg ýigit! Çarwa bolup taýak tutmadyň, çomur bolup pil depmediň, oýnagyň egri gylyç. Obaňa pena bolmaly halyňa nirede it ýaly entäp ýörsüň. Sen itçe-de bolmadyň, Döwletýar, gurduň ätiýajyna belet it janawar sürini taşlajakmy diý. (Ol çekeläp äkitjek bolýan gelniň gursagyndan itýär). Ýüregi daglananyň dili baglanmaz, gaýra dur! Depä duwlanyp, namart bolaýdyňmy sen, ýagyň sowlaryna garaşyp oturaýdyňmy sen! Seni idegläp gelen ýagyň öňünden sowlana il-gün-de namart diýer. Il-gün-eý, serediň-ä bi namarda, gara ýere girmän oturşyna serediň-ä! (Ýene bir aýal haýdap gelýär, iki bolup enäni alyp ugraýarlar). Gylyç oýnan gylyçdan ölmeli bolsa, öňürti sen ölmel-ä! Eneň agysy gulagyňy gapmadymy?! Eý, hudaý-e-eý... (Aglap gidýär). KASYM. Döwletýar, o bendäniň-de ogluny heläklediler. DÖWLETÝAR. Aman serdar, paýhasy artykmaç gardaşym, bi ahwalata akylyň çatýarmy beri?! AMAN. Mäteriň ýaranlary Emin handan bidin obaňa dökülmezdiler diýjek. Ýanyk serdar gelýär. Elinde hasa, bilinde gylyç. Döwletýar ör turup görüşýär, birden hem onuň döşüne kellesini goýup, sessiz aglaýar. ÝANYK. Namysa galdym, Döwletýar, bilim üzüldi. Ýanyk serdar küje, bi hasa küje. (Gaharyna hasany gapdala zyňýar). At üstüne çykmadan galan serdary önelgeden galan heleý diýip biliň. (Soňra gylyjyna daýanyp durýar). Ýagyň ýazzy maňlaýyna topulyp barýan, gaýratly bolsaňyz, mana size çal kelle diýýän, ata kakdyryp geçiberdiler. Serdar diýeniň namysdan ölmän, gylyçdan ölse ýagşy. Namysda goýdular meni-i! DÖWLETÝAR. Ýaşulylar oňlasa, şu pursat ar-namys diýip ata çykýas, Ýanyk serdar! Hanyň galasyny başyna ýumrarys! ÝANYK. Ýanyk serdaryň ýüregindäkini diliň bilenjik aýtdyň, Döwletýar beg, han galasyny ýumranyňa degýär. Hany, dyz epeli. (Gylyjyna daýanyp oturýar). Inimiziň imany hemra bolsun... Kükregimde dykyn alyp duran böwedi böwseýin-le, ýigitler, Ýanyk serdar käýinýär diýmäň. “Köne duşman dost bolmaz” diýip, paýhasly söz aýdýan-da türkmen, köne duşmany dost tutunyp, aldanýan-da türkmen. Tagta ötmeli bolanda Emin hana türkmen gerek, dalanan it ýaly çyňsap, ýomudyň arasyna geldi, Meňligeldi sakawyň dulunda telim gün goş basyp ýatdy, ýomudyň duzuny iýdi. Biz-de oňa taňryýalkasyn diýdirjek. Aşyňy içdi, tabagyňa-da... Kasym aga-da aýyp görmez-dä, tabagyňa-da syçdy! Pis ýeri-dä, tekäni, salyry ýomudyň gyr duşmany etdi goýdy. Türkmeniň berdaşly golunda gylyç oýnasa, hanyň şelaýyn dilinde hile oýnaýar. Pagta bilen damagyňy çalar ötägider. Türkmene paýhas ýetenok, ballym, paýhas ýetenok! Hanyň gara gaýgysy, Mäteriň gany-da däl, huny-da däl, elinden gelen bolsady, düýn özi Mäteriň gara kellesini itiň öňüne zyňjakdy. Düýnki gyr duşmany bi gün toşap bolaýandyr-ow. Döwletýar, Emin han senden dynmagyň alajyny gözläp ýör, haw. Çaparmanlykda, atarmanlykda ile özüni tanadan goç ýigit sen, yzyňa leşger düşürip bilýäň-daýt, han senden gorkmajakmy diý. Mäteriň ogullaryny gözläp, tapyp, üstüňe küşgürýän-de hanyň özi. Olar alyp bilmese, hanyň özi leşger tartyp-da geler, almasa arkaýyn ýatyp biljekmi, düşegine ýylan girdi bil. ARSLAN. Leşgeriniň başyna itiň oýnuny salmagy biziň paýymyza goý, serdar. ÝANYK. Tanapyna towsup duran batyr, gaýratyňdan aýlanaýyn! Eýsem-de, garry köpegi namartlykda geňleme, biziň ýagdaýy aňla. Aýny wagt jylawyndan çekmeli boljak. Häli-häzir hanyň döwi zor bolup dur. Heýwere pis ýeri-de, o melgun bizi teke-salyr garyndaşlar bilen-de alagöz edip goýdy. Ortaguýyda çaknyşanyňyzy eşdip-de, beter hapa boldum. Dogan dogana duşman bolanda, ilden döwlet göterliber ekeni, syrtlan-da ýolbarsa haýbat atybir ekeni. Han tagtynyň türkmene nesip etmeýäni-de şondan. Kesekini tagtda oturdýas-da, özümizden otursyn diýemzok, biamat görýäris. Her il kesekini özüne ýakyn tutunjak bolup gara heläk. Ýomuda ýakyn tekä hossarlyk etmesin, salyra ýakyn ýomuda hossarlyk etmesin diýýänimiz çyn. Dilinden öpdügim dädem Gorkut “Ýatdan ogul bolmaz, külden depe” diýipdir, ballym. Akyl söze ten berýän galdymy diý, dädem Gorkudyň dili baglandy bil. (Başyna urýar). Ýetmiş ýaşan garry köpegiň bi çal başyna indi-indi paýhas inýä-daýt. Ä-äý, bi türkmeniň soňky ökünji gursun!.. DÖWLETÝAR. Öňinçä aksakallaryň maslahatyny diňlesek... KASYM. “Bi günüň haýryndan ertiriň şeri” diýlendir, maslahaty ertä goýlaýsa-da bolar, gije-de ýarpylap ýör. ÝANYK. Jaý gep. Aýat okap berseň, biz-de tursak. Kasym aga aýat okaýar. 2. Döwletýar, Arslan, Aman gapydaky düşegiň üstünde egin-başlaryny çykarman ýatyp galypdyrlar. Uzakdan baýguşyň, itiň sesi gelýär. Döwletýar basyrganýan, düýş görýän şekilde dikelip oturýar. Kepene dolanan iki adam peýda bolýar. DÖWLETÝAR. Maksatýar, geläýdiňmi, bally. Agy sasi eşidilýär, diň salýarlar. TUMARYŇ SESI. Ýakasyz, ýeňsiz köýnekler geýen, Geýjek däl diýdiň, balam. Ýansyz, ýeňsiz donlar geýen, Geýjek däl diýdiň, balam. Işiksiz, tüýnüksiz öýler geler, Girjek däl diýdiň, balam. MAKSATÝAR. Ejemi diňdirmäge alajyň ýokmy, agam, bi ses meni görde arkaýyn ýatmaga goýanok. DÖWLETÝAR. Gapdalyňdakyny tanamadym-ow. MAKSATÝAR. Ony men-de tanamok, Döwletýar. NÄTANYŞ. Ünsli seret maňa, Döwletýar, sen meni tanarsyn, tanamasaň, taňry senden bizardyr. TUMARYŇ SESI. Ala dagy aralanym, ogul-eý-ý, Garagumy penalanym, ogul-eý-ý... NÄTANYŞ. Aýny mahal meniň mähribanymdan gaýry kim aglasyn! Ajy habar gulagyna ýetendir. Ony diňdirmäge seniň gaýratyň çatmaz, Döwletýar. DÖWLETÝAR. Her ene öz balasyna aglaýan-da bolsa, olaryň sesi-de, sözi-de meňzeş. NÄTANYŞ. Meni gabahat ölüme sezewar eden sensiň, Döwletýar. DÖWLETÝAR. Ömür-de, ölüm-de Alladandyr. NÄTANYŞ. Seniň gylyjyňdan heläk boldum. DÖWLETÝAR. Kepen meňziňi uýtgeden-de bolmagy ähtimal, garagym garap dursa-da, saňa sataşanyma güwä geçere alamat göremok. NÄTANYŞ. Ortaguýyny ýatla. Sesim gulagyňa ýetse-de, sözümdäki many paýhasyňa ýetmedi. Tagapyl et diýip gygyran men-ä, sesim gulagyňda galmadymy? Alaýaraş bolup, türkmen türkmeniň ganyny dökse, il-gün baýnamaz diýdim, sözüm gulagyňda galmadymy? DÖWLETÝAR. (Gygyrýar). Gan dökülýän ýerde paýhasa orun boljakmy?! NÄTANYŞ. Ganybir türkmeniň elinden ölmek juda gabahat ekeni, saňa duşman diýenim bilen kalbyma teselli berdigim däl-ä, duşman diýsem-de, öz türkmenim-ä sen! (Döwletýar başyny tutup, iki bükülýär). MAKSATÝAR. Agam, haw, nätanyşyň teýenesi ne mojukdyr, mamla söze gol ýapýan bolsa ne ýagşy. DÖWLETÝAR. Ýeňşiň humary beýnini bulandyrdy, bi ýigit şol pursaty dile getirýär, bally. Göroglynyň pendini unudan ekenik, Ortaguýyda bularyň yzyndan kowup ýetdik, kelteräk söweş bolany ýadymda, gylyç uranym-da ýadymda. Keşbi göz öňüme gelmese-de, bi ýigidiň mamladygyna akylym çatýar. Günämi ötjek barmydyr?! NÄTANYŞ. Sowalyň gursagyňda galsyn, nähak ganyň ideljek pursatyna garaş. Döwletýar başyny asýar. Kepenliler gidýär. Uzakdan baýguşyň, itiň sesi eşidilýär. Döwletýar başyny ýere goýýar. Enäniň agy sesi dowam edýär: “Düşeklerde jaýyň galdy, ogul-e-eý, çanaklarda paýyň galdy, ogul eý-e-eý...” Döwletýar ýatyp bilenok, laňňa ýerinden galýar. Çakgan ýöräp Salyr Gazan peýda bolýar. Egni ok-ýaragly, bili gylyçly. Başynda ak, gara, sary, gyzyl reňkdäki telpek bar. SALYR GAZAN. Ýüregi gamly ýigit, goly ganly ýigit, düýş görer sen, huzuryňda Salyr Gazan Ulaş ogly diýgen är kişi daýanyp durupdyr. Onuň başyndaky bedroý telpekden neneňsi alamat gördüň? DÖWLETÝAR. Agzy ala iliň başy-da ala bolar diýgen paýhas aňdym. SALYR GAZAN. Agzy ala iliň ary-da köýer diý. DÖWLETÝAR. Arym köýenden imanym köýsün. SALYR GAZAN. Imany köýdürip-de alnan ardan ne peýda. Salyr Gazanyň süri-süri atlaryny mündük, altyn-kümüşini taladyk, kyrk ýigidi birle Orazyň akja elini bagladyk, hatar-hatar düýelerini itdik, inçe bil gyzlary birle zenanyny gola saldyk diýip, bogaz ýyrtyp gygyran gäwüriň başyna inen ýowuz oýundan habaryň barmydyr? DÖWLETÝAR. Namys-arymdyr. SALYR GAZAN. Agyr günde Gazan begiň dadyna ýetişgen oguz beglerinden habarlymy sen? Gahar kellä uran çagy gara daşy kül eýleýän, är biçimli, är görkli alplar häzir boldy, gylyjyny çaldy, habaryň barmydyr? DÖWLETÝAR. Buýsanjymdyr. SALYR GAZAN. Baýburt galasyndan parlap uçan, ýedi gyzyň umydy, Daşoguzyň, içoguzyň umydy, Gazan begiň daýanjy, boz aýgyrly Birek häzir boldy, gylyjyny çaldy, muňa nä diýer sen? DÖWLETÝAR. Guwanjymdyr. SALYR GAZAN. Altmyş erkeç derisinden içmek etse, topuklarny örtmeýän, alty öweç derisinden telpek etse, gulaklaryn örtmeýän, Gazan begiň at agyzly, gurt gylykly daýysy Oraz goja häzir boldy, gylyjyny çaldy, habaryň barmy seniň? DÖWLETÝAR. Habarlydyryn, Gazan beg, ahyr sözüňi diýeweri. SALYR GAZAN. Ahyr sözüm eşider bolsaň, arly ýigit, namysly ýigit, neçün Ortaguýyda türkmen dogmasy ýüzbe-ýüz durup-da birek-birege gylyç çalar boldy? Ak gaýanyň gaplaňynyň erkeginde köküň bardyr, neçün köke palta urar siz! Dädem Gorkut boýlarynyň paýhasynda köküň bardyr, neçün duşmana aldanar siz?! DÖWLETÝAR. Gazan beg, biziň kellä seniň başyňdaky telpek ýaraşar, bedroýy bäri okla... Salyr Gazan ýitýär. Döwletýara ýatmaga, ynjalmaga pursat bolmaýar. Egni kepenli Maksatýar haýdap gelýär. MAKSATÝAR. Döwletýar agam, Tawusdan bihabar sen. Gün-de batdy, o naçaryň-da söbügine ala ganjyk düşdi, ganjyk sypatyna giren albassy ol. Obadaky gopguny eşitmeýän bolduň, gulagyň gapyldymy diý, agam. Heý-ho-o, naçaryň al ganyny ala ganjyk agzynda görmek sapaň barmydyr?! Maksat ýitýär, Döwletýar başyny silkip daýanýar. Gapdalynda ýatan iki ýigidi çekeläp turuzýar. Arslan batyr hasanaklap gylyjyna ýapyşýar. ARSLAN. Ýagy döküldimi-aýt. 3. Ukudan oýanan obanyň galmagaly artýar. Öýden agy sesi eşidilip dur. Döwletýar, Aman otyr. Arslan batyr gelýär. ARSLAN. Ýagdaýyň çatak boljak gümany bar, Döwletýar, obaňa dowul düşüpdir. “Ýagydan ýaý boýy” diýip-de, göterlip barýany-da bar, seni penalamagy biamat görýär olar. AMAN. Dowul düşen ili gaýtaranyňdan ýagyny gaýtaranyň ýeňildir. ARSLAN. Obaň bilen özüň dil tap-aýt, Döwletýar, bize gulak asman duran boldy bular. Il-ä Döwletýar beg ýaly pena küýseýär, i-i, it degdimi oňa diýdim. Ä-äý, öz obasynda pygamberiň-de arzysy bolmandyr. AMAN. Duşmany gylyç bilen, il-güni töwella bilen gaýtarsa bolar. ARSLAN. Gel-gel Döwletýar bege töwella etmek galdymy diý. AMAN. Arslan batyr, çowdur dawasyny etme-le... TUMARŇ SESI. Sensiz günler görmäýin, ogul, Sensiz ömür sürmäýin, ogul... Kowgudan gaçyp gelýän ýaly janhowluna töweregi agtaryp Tawus gelýär. Ol delmuryp Döwletýara garap durýar. Aman bilen Arslan gidýär. TAWUS. Döwletýar, seni görmek nesibämde bar ekeni (Yzyna garanjaklaýar). DÖWLETÝAR. Tawus, obanyň dowuly saňa-da ýetäýen ýaly görýän. TAWUS. Başyňdan gara dag indi, başyň egilmesin, Döwletýar. DÖWLETÝAR. Ýüregimiň syrdaşy bol, göwnüme, kalbyma hemaýat ber. Elimde polat gylyç oýnaýan-da bolsa, kükregimdäki ýürek etden ýasalan. Dogduk obamda ýalňyzlygyň derdini duýmaýyn. TAWUS. Gara günüňde meniň derdim artykmaç ýük bolar saňa, alajym ýok, görmän gitsem gözlerim gapyljak, janym, hoşlaşman gitsem ýüregim ýaryljak. (Töweregine esewan bolýar, soňra çalasynlyk bilen Döwletýaryň telpegini galdyryp täze tahýa geýdirýär). Gara kelläň astyna ak bileklerimi ýassyk etjekdim, bolmady, derek boýuňy saýalajakdym, bolmady. Erkimiň ýetjegi gara gözüm, sen diýip aglaryn, hudaý bagtymy baglan-da bolsa, hemmä beren ajalyny maňa-da berendir, ölemde sen diýip ölerin, Döwletýar. (Onuň maňlaýyndan öpüp, gidermen bolýar, Döwletýar golundan tutup saklaýar). Egleme meni, il görüp, rakyp gülmesin, çal baş atama söz gelmesin. Bendäniň gorkusy bar, söbügimden galanok, hä diýmän geler. DÖWLETÝAR. Senden jyda düşenden, gylyjyma dogralaýyn, okuma sanjylaýyn, Tawus. Är ýigide ýalbarmak aýyp-da bolsa, saňa ýalbaranyma ökunmen. Gara günde gara başyma gara daglar inen pursady kalbymyň ýalňyz umydy sen, binesip etme meni. Dowla per berme. TAWUS. Erk-ygtyýar mende däl. Aç gujagyňy, soňky gezek gujagyňa dolaýyn, ýüregiň ýylysy tenimde galar, sowuk gabrymy ýyladar. (Döwletýaryň gujagyna dolýar). Ýalbarma, beg ýigide ýalbarmak buýrulan däldir. Beg ýigide hyrydar tapylar, meni-de hyrydaryň biri diýip bil, sesim, sözüm gulagyňda galsyn. Aw-şikardan dolanaňda gan ýokly geýimleriňi ýuwjakdym, ýadaw atyňa ot-iým berjekdim. Söweşe gidip eglenseň, depä çykyp ýoluňa garajakdym. DÖWLETÝAR. Diri aýralyga döz gelip bolarmy eýse! TAWUS. Alajym ýok. Gujagyňdan boşat indi. (Gujakdan boşap, has gyssanýar). Soňky gezek gara gözüňe, merdem boýuňa garaýyn, ýigit keşbiň göreçlerimde galar. Gözlerimi oýsalar, keşbiň ýüregime geçer, ýüregimi sogursalar, ruhum bilen asmana uçar. Ezraýyl seniň il-güne gerekli janyňy sorap gelse, janyňa derek şirin janymy berjekdim, o nesibeden mahrum etdiler. Tawusyň kakasy Ilaman haýdap gelýär. Tawus soňky gezek Döwletýara garaýar, delmurup gidýär. ILAMAN. Gylyjyndan gan damýan beg ýigit, gyzymdan el çek, naçardan el çek. Saňa göwün beren maşgalaň ahyr gününiň armanda boljagyny aýtmasam ata boljakmy men. DÖWLETÝAR. Ýerliksiz howsala ýagydan-da ýamandyr, Ilaman aga. Sizi goraglap bilmejek ýerimde gara kelläni itiň öňüne ataryn. ILAMAN. Iniňi goradyňmy diý, bizi gorar ýaly sen. Bizi yzlama, gözleme, ýiten ekenik, ýer hopan ekeni! Siz bilen ildeş, obadaş bolanyň maňlaýy gara. Oda golaý dursaň ýalny çabyrar, biz şo bolduk. Her kim çakyny bilse ýagşy. Şo naçar garamaňlaý dogan bolsa, garalygyny göräýjek. Ulugyz bolup otursyn, dul galyp-da, seniň öçen ojagyňda oturmasyn. Tüweleýiň ugruny aňşyrsa bolar, siziň ugruňyza düşmän heläk bolduk galdyk. Bu gün dost diýeniňiz, erte size duşman, düýnki duşmany tagtynda oturdýan-da siz, ondan kötek iýýän-de siz. Eýgilik bolmajakdygyny bilýän, obaň-da bilýär, il-gün ýagydan sypmagyň aladasynda. Eýýäm haçan hana habar ýetendir, hä diýmän ýagyňa garaşyber. DÖWLETÝAR. Aýny pursat sizi ynandyrmaga mende söz ýok. ILAMAN. Ynandyrjak-da bolma. Mahal barka her bende gaçsyn, gutulsyn. Han seni gaýgyryp goýmaz, sen-de aman sorap barjak adam däl. Ataň başyna ýetdiler, iniň başyna ýetdiler. DÖWLETÝAR. Mundan artyk söz diýmäň, sylagyňyzy biliň. ILAMAN. Alla ýaryň bolsun... (gidýär). Döwletýar maňlaýyny tutup düwülýär. Tumaryň agysy eşidilýär. Diň salyp oturmaga çydanok, kirşi üzülen ýaý kimin ýazylýar, nagra dartyp, gylyjyny depesinde oýnadýar. DÖWLETÝAR. Hä-aýt!.. Egri gylyç, gurbanyň bolaýyn!.. Bilimiň bezegi sensiň! Ýyldyrymyň oduna gaplanan gylyç sen. Gezek-nobat seniňkidir, söz manysy aňlanmadyk çagy gezek-nobat seniňkidir! Hakyň ýolunda iman paýlan pygamber aleýssalama hemaýat beren, ýowuz ýerde ýol açan sensiň! Ýurdumy, ilimi, ar-namysymy goramaly pursatyň geldi. Ýazygymy düzlemäge senden gaýry hemdemim ýok. Aman serdar bilen Arslan batyr dolanýar, olar Döwletýaryň soňky sözlerini eşitmäge ýetişýärler. ARSLAN. (Gylyjyny galgadýar). Wä-ä, begiň gepini tapan diliňe gurban-daýt biz. Egri gylyjyň diline lal-da, samsyk-da düşünýär. AMAN. Emin han elimizi, aýagymyzy ýüpsüz baglapdyr. ARSLAN. Egrini egri gylyç bilen dograltsa bolar. Türkmeniň paýyna gylyç düşüpdir, hiläni hanlara berdik. Oba adamlary gelýär, olaryň arasanda Kasym aga, Ýanyk serdar hem bar. DÖWLETÝAR. Är-pirlerden ak pata soraýas. Suw-da bir ýerde uzak dursa porsaýar, ar-namysa galyp ýaşamak-da adamyň bagryny haraplaýar. Mundan bu ýana çydap oturmaga sabyr-takat gutardy. Ýanyk serdar, siz türkmeniň gylyjyna daýanyp tagta münen hanyň hetdi-hasaby ýok diýdiňiz, Emin han-da şolaryň biri. Türkmen tagta oturdan hanyny tagtdan agdaryp-da bilýändir. Ýomut Emini goldan bolsa, güzeranyna bala-çagasyna hemaýaty deger diýip goldandyr. Ýomudyň, tekäň, salyryň, çowduryň agzy birigäýsedi, kesekini goldap ýörmegiň derkary boljakmy diý. Gep uzaldyp durmak derkarmy? Halaýyk, bize rugsat beriň. Başarsak, Eminiň tagtyny başyna ýumrarys, başarmasak gara kelläni goýarys? KASYM. Il-günüňe rahatlyk boljagyna anyk gözüň ýeten mahaly gara kelläni goýsa-da bolar. Häli-häzir rahatlyk bolar diýme. Eminiň ýarany artdy, tagtynyň binýady berkedi. Dädem Gorkut diýmişleýin, tekepbiri taňry söýmez. Ar-namys işi tekepbirlik bilen gabatlaşmasyn, ahyrynyň ökünji bardyr. Allatagalla türkmene-de gara kelläni bihasap beren däldir. ÝANYK. Gara ýer-de türkmeniň gara kellesinden doýarça boldy. (Döwletýary gujaklaýar, arkasyna kakýar). Ýaşulynyň pähimi-de bir hasapdyr, Döwletýar beg. KASYM. Emin han oba-da, özüňe-de ýazylganlyk bermez, Döwletýar, hanyň aýagynyň ýetmejek ýerine çekileniň amatdyr. Ýagy dökulip, başyňy kesmesin, goluňy baglap, zyndana atmasyn. ARSLAN. Wä-ä, bi ne gepdir, halaýyk, Döwletýara ilden çyk diýäýdiňiz-de aýg. HORRAM. (Arslana). Ä-äý, nätanyş ýigit, kim-de bolsaň, ýaşulyň sözüni bölme. Oba pytrap barýar-a, gözüň görüp dur-a. Garamaýak bende ýaňy mesgen tutdy, suwa ýetdi. Ýerini, suwuny taşlap gitmeli-dä, ä-ä? Hana hüşür-salgydyny töläp ýaşabermeli, men-ä şoňa kaýyl, kaýyl bolmaýan bolsa, Döwletýar gidibersin. ÝANYK. Tüket, agzyýirik diýsäni. HORRAM. Tüket diýseň tükedäýmeli bolar, Ýanyk serdar, maňa akmak diýiň, agzyýirik diýiň, oňa dawam ýok, ýirik-ýyrtyk ýerimi gizlejek-de bolamok. Bir adamyň sebäbine oba dargasa karam boljak, ýakmasa-da diýýän şun-a. Bi hany ýok etseňiz ýene bir han geler-dä, han tagtynyň boş durmajag-a belli, tagt bolany bilen o tagtda türkmeniň oturmajagy-da belli. Halys dargadyk, haw. Gara kelle çägä gömleni bilen namys dikelýän bolsa, türkmen görgülä düşen paý ýedi arkasyna-da ýetjek. ÝANYK. Tüke-et! HORRAM. Tüketdim, serdar. ARSLAN. Ýanyk serdar, ahyr gep şu boldumy? Sen serdar sözüňi diýmejekmi? ÝANYK. (Döwletýaryň boýnundan asylýar, onuň gursagyna başyny goýup hapa bolýar, zarlaýar). Ýanyk serdaryň gepi gutarandyr, ho-ow, ody öçen gara töňňedir. TUMARYŇ SESI. Giden kändir öýüm-e-eý, Gelen ýokdur öýüm-e-eý... Soňra öýüň gapysy açylýar, Döwletýaryň ejesi Tumar çykýar. Ol başatgyjyny çümre bürenipdir. Haýal ýöräp gelýär, Döwletýaryň öňünde daýanýar. TUMAR. Penakäriň biliňdemi, Döwletýar. (Döwletýaryň gylyjyna elini ýetirýär). Biliňden aýyrma gylyjyňy ýataňda-da, turaňda-da goluň astynda bolsun. Ýanyk serdar aýyrýan däldir, tüweleme, ýaşap ýör. Maksatýara-da sargydym şüdi: eliňden piliň düşdügi goluňda gylyjyň bolsun diýýärdim. Pil bilen halys öwrenişäýen ekeni... Ýalňyz galan beg oglum, Döwletýar, iliň pendini tut, ýokuş görmegin. Ýalňyz oglum ýanymda bolsun diýsem, gaňryşyma gaýtjak ýok. Senden aýralyk mundan bu ýana has-da hupbat berer, berse nädeýin, şu zaman obada gal diýmäge eneň dili baranok, oglum. (Duranlara) Döwletýaryň atasy okumyş adamdy. Gurhany kerimiň gatyny açan barmaklary gylyç tutmaga ejizdi. Keramatly kitabyň üstüne bendäniň ganyny döküp gitdiler... (Döwletýara). Gylyjyň eliňden düşmese, eneň göwnüne sen ölmejek ýaly-da, oglum. Ataň ojagyny saklap otursam, ýurduňa, iliňe dolanjagyňy bilýän. (Duranlara). Beg ýigide ideg gutarandyr öýdäýmäweriň, Döwletýara Müňgyşlakda-da, Ahal ilinde-de, Balkanda-da garaşýandyrlar... Tumar yzyna dolanýar. Ol öýe girýär, gapy ýapylýar. Adamlar ýazykly ýaly ýere garap, sarsman durlar. Birdenkä Döwletýar aýylganç gygyrýar. DÖWLETÝAR. Hä-ä-äýt!.. Duranlar sarsýar. Döwletýar gidýär, Aman serdar, Arslan batyr onuň yzyna düşýär. Adamlarda gymyldy ýok. Öýden Tumaryň sesi eşidilýär. TUMARYŇ SESI. Naçar menem eşit zarym, Galmady sabry-kararym. Ýalňyz oglum Döwletýarym, Goçagym saňa tabşyrdym. Gozgaldy köňluň ýarasy, Gitdi jigerim parasy, Gözumiň agy-garasy, Köşegim saňa tabşyrdym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |