00:14 Döwletýar beg / pýesanyñ dowamy | |
IKINJI AKT
Teatr we kino sungaty
1. Astrabadyň beglerbegi Hasan hanyň köşgi. Hasan belent kürsüde oýa batyp otyr. Ýakup beg girýär, yzyndan nökerler goly bagly adamy südürläp içeri salýarlar. ÝAKUP. Begleriň begi, bi kişi Damgandan ýollanan jansyz ekeni. Şeýh-ul-yslamyň bagyna girjek bolanda sakçylar ele saldylar, şanyň permanyny getiripdir. HASAN. (Dim-dik durýar). Şanyň permanyny?! (Haýdap baryp, Ýakubyň uzadan permanyny alýar. Okaýar. Gorkýar, tussaga golaý baryp, ony synlaýar.) Gajarmy? ÝAKUP. Geplänok, lal açan ýaly. HASAN. Damgandan kim iberipdir muny? Geplemeýän bolsa, damgandanlygyny kim aýtdy? ÝAKUP. Köwşünden çen tutduk. HASAN. Äkidiň, dilini saýradyň, saýrap başlanda çagyrarsyňyz, özüm diňlejek. (Nökerler jansyzy äkidýärler.) Ýakup beg, aýak çek... Bu permany okadyňmy sen? ÝAKUP. Bialaçlykdan okamaly boldy, begleriň begi. HASAN. Senden başga okan barmy, dogryňdan gel. ÝAKUP. Meniň elime düşenden soň okan ýok. HASAN. Öň kim okan bolsa, haýdan-haý anykla. Eger birine gürrüň beren bolsa, ony-da anykla. Astrabatda şu permandan habarly adamlary desbi-dähel zyndana ýygnamaly. Şeýh-ul-yslamyň öýüniň töweregindäki sakçylary artdyryň, öz adamlaryňy goý, gaýry bir kişä-de ynanma. Emeldäki adamlaryň öýi-mülki gözegsiz galmasyn. Iberlen jansyz ýeke däldir, nätanyş görseňiz ele salyň. Adam ogluna ynanar ýaly boldumy. Agamuhammediň atasyna, agasyna, özüne hyzmat etdim. Şahy älem tagtyna galanda depäm gök diräpdi. Bu günki gün öz gajarym meni ýok etmegiň kastyna çykdy. Heý-de bi sözleri permana ýazyp bolarmy diý. (Okaýar). “Eger-de siz Hasan atly eşekden bolan eşegi, ähtinden dänen haramhory, heleýçe-de ýok bigaýraty...” Ýakup beg, şa tarapdan ýollanan jansyzyň bu permany saňa-da gowşuraýmagy ähtimaldyr, sen-de welaýatyň ygtybarly adamlarynyň biri. Meniň golumy baglap, şanyň huzuryna eltmedik halatyňyzda başyňyzdan injek heläkçiligi bilýänsiň, permany okadym diýdiň, aýt hany. ÝAKUP. Şäher weýran ediljek, ogul-gyz, aýal-ebtat ýesir edilip sürüljek. HASAN. Hakydaňda galypdyr. Şanyň haýbatyndan gorkaňokmy, Ýakup beg? ÝAKUP. Siziň bu sowalyňyz kalbyňyzda şübhe bardygyny aňladýar, begleriň begi. Eger men babatda göwnüňizde güman bar bolsa, özüňizi horlamaň, ýüzüme aýdyň! HASAN. Seniň çaga gönümelligiň meniň ynamymy artdyrýar. Agyr pursatda gapdalyňda ynamly adamlary tapmak juda çetin, meniň kalbymdaky şübhäni geň görme, Ýakup beg. ÝAKUP. Meni başga bir mesele geňirgendirýär. HASAN. Aýt, eşideýin. ÝAKUP. Döwletýar begi kömege çagyryp, juda hatarly ýola baş goşan bolmaň. Türkmenleriň salgytdan boýun towlamaklary şanyň gaharyny getirdi. Gaharyny ilki bilen sizden çykardy, perman ýollap sizi welaýatyň häkimliginden mahrum etdi. Şahy älem adalatsyzlyga ýol berdi, emma ol adalatsyzlyga gol ýapanyna düşüner, permanyny gaýtarar diýen umyt bardy. Döwletýar leşger tartyp gelse, umyt gutarar. Türkmenleriň salgytdan boýun gaçyrmagyny siziň guran hiläňiz hökmünde kabul eder, aradaky gamyş köpri otlanar. HASAN. Bu ätiýajyň jany bar, Ýakup beg. Eýsem-de bolsa, men Agamuhammede belet, belet bolanym sebäpli-de, onuň öz ýörelgesini saýlap tutdum. Döwletýar begiň türkmenleri maňa abaý-syýasat üçin gerek. Darykma, Ýakup beg, men seni ogul ornunda görýan, seniň ätiýajyňa, şübhäňe özüme edilýän alada diýip düşünýän. Ýakup beg gidýar. Hasan permana gaýtadan garap durka Nejep wezir girýär. Hasan permany goltugyna salýar. NEJEP. Merhemetli hökümdarym, Kümmet Gabusdan çapar gelip ýetdi, hoş habar getirdi. Döwletýar beg Etrekden bäri gaýdypdyr, bäş müň atlynyň salgyny berýärler. HASAN. Hoş habaryňa özüň beri begenýärmiň, Nejep wezir? NEJEP. Biziň begenjimiz-de, gynanjymyz-da siziň ygtyýaryňyza baglydyr, hökümdarym. HASAN. Sürä birikmägi endik edinmedik ilden bäş müň atlyny yzyna düşürip bilen bolsa, Döwletýara ýeser diýmeli. NEJEP. Men deslapky sany aýtdym, hökümdarym, Etrek, Gürgen boýundaky türkmenleriň-de Döwletýaryň leşgerine goşulmak meýli barmyş. HASAN. Döwletýar beg on müň atly türkmene baş bolup gelýär diýen habary älem-jahana ýaýratmaly, şanyň gulagyna bejit ýetirmegiň çäresini görüň. Horasana, Mazanderana, Tährana dowul düşsün! NEJEP. (Gapynyň agzyna baryp ýaýdanmaç yzyna dolanýar). Hökümdarym, bir söz diýmäge rugsat ediň. HASAN. Eglenme-de diý çaltrak. NEJEP. Döwletýar kakabaş ildeşlerine nähili wada berdikä, hökümdarym. Bahana bilen Astrabada talaň salarlar diýen ätiýaç meni erkime goýanok-da, hökümdarym. HASAN. Türkmene talaňçylygy biz öwretmändik, görüberýäs. Sen ätiýajyňy ile ýetir, her kim hatyrjem bolsun! (Nejep wezir gidýär. Hasan han kürsüsinde oturýar. Goltugyndan şanyň permanyny çykarýar). Agamuhammet, bu oýun şahy äleme gelişjek oýun däl-ä. Sen eşege haramhora, bigaýrata Astrabat welaýatynyň häkimligini bermändiň, ikimiz bir agaja daňylan dälmi näme! Parhly ýerimiz-de bar, awşarlar seni dünýäniň sapasyndan binesip etdiler. (Gülýar). Zenana gözüň düşende aýbyň gonjuňa gor guýýar, älem-jahany ýandyrsam diýýäň. Sen bi permany şeýlebir pursat ýollan bolma, şahym. Häzir-de bir pille, paýhasa dolan, şa tagty täsin daragt, ony agtanyň gylygy bilen edara etseň köküni kesersiň, daragt miwesiz galar. Hasan han seniň ökünjegiňe, hataňy halat-serpaý bilen ýerine saljagyňa garaşýar. Ýakup beg gelýär. ÝAKUP. Begleriň begi Hasan han, şanyň permany bilen on müň goşun Damgandan bäri ugrapdyr. HASAN. (Gyssanýar). Jansyz gepledimi? ÝAKUP. Bi habar Mazanderandan gowuşdy. HASAN. Jansyzy geplediň, şanyň leşgeri gelip ýetýänçä içimizdäki duşmanyň alajyny görmeli. (Ýakup gidýär). He-eý, şahym, entek mütdet bar, hä diýmän Döwletýar begiň habaryny gulagyňa ýetirerler. Garşyňa türkmenleri galdyranymy eşideňde belent tagtyň sandyrar. Sendäki emel mende ýokmy diý. Birmahal ýomudy penalap, Nediriň gazabyndan sypypdyň! Bu gün ýomuda seniň saýaňda orun ýok, bolmanyna-da şükür edýän. Aldanan türkmen meniň tugumy göterip saňa topular! Ýoluňda ýomut oturmasyn, şahy älem! Aklyňa aýlan, Hasan hanyň kürsüsi saňa juda gymmat düşer!.. Kürsüsinde kanagat bilen jaýdar oturýar. 2. Hasanyň köşgi. Nejep wezir haýdap gelýär. NEJEP. Merhemetli hökümdarym, Döwletýar beg gelip ýetişdi, gaýraky derwezäniň öňünde dykyn alyp dur. Gala dowul düşüpdir, bazarlar dargady, meýdanda jemende görnenok, her kim gapysyny içinden urup, talaňçylyga garaşyp otyr. HASAN. Galadan duz-tagam çykaryň, beglerine, serdarlaryna serpaý ýapyň, Döwletýar begi köşge çagyryň. (Nejep gidýär). Şahy älemden habar ýok, Döwletýaryň owazasy Tährana ýetendir. Eýsem-de, Agamuhammet Döwletýary çölde entäp ýören garakçy saýýarmyka?.. Döwletýaryň näzeýilli adamdygyny özüň beri bilýärmiň, Hasan han! Aýperi iki kenizi bilen kürsäp gapydan girýär, baryp kakasynyň boýnundan asylýar. AÝPERI. Dädemjan, han dädem, gizle meni, gora meni, gyzyň türkmenleriň eline düşmesin. Gorkýan, ýüregim agzymdan çykyp gelýär. Howa hapalandy, ýüregim bulanýar, däde. HASAN. Akyl gyzym, gorkma sen, olar dädeň çakylygy bilen geldiler, olar myhmandyr. AÝPERI. Nejep wezir: suwa girseler olaryň ýüregi ýarylýar diýdi. Suwa ýuwnulýanyny bilenokmyşlar, ýuwun diýseň, barar-da guma agynap turar diýýär. Kirli endamlaryny büreler gaşaýarmyş. Büre dieniň näme diýdim, türkmenler gelende görersiň diýýär, däde. Hersinde müň büre barmyş. Kir tapmasa büreler adamyň etini iýýärmişler, däde! Hasan han gyzyny goltugyna gysyp gülýär. Ýakup beg kürsäp urýar. ÝAKUP. Begleriň begi, jansyz çydamady, ahyr dil açdy! Üç adamyň adyny tutdy. HASAN. Aýtma, Ýakup beg, öz gulagym bilen eşideýin. (Gidýär). AÝPERI. Ýakup, sen gitme. ÝAKUP. Eglenmäge hakym ýok, dädeň gaharlanmasyn, Aýperi. Agşam baga çykaryn. AÝPERI. Baga çykmaga gorkýan, büreden gorkýan, eýwanly otaga gel. (Ýakup gidýär). I KENIZ. Bagda Nejep weziriň ogluny gördüm, büre diýilýän zadyň demirden ganaty, it süňkünden dişi bolýar diýdi. AÝPERI. (Gygyrýar). Penjireleri ýapyň, ganatly bolsa uçýandyr olar. Kenizler penjireleri ýapýarlar. II KENIZ. Weziriň ogly diňe büräni aýdyp oňaýdymy?.. I KENIZ. Hä-ä, seniň-de çakdyrasyň gelýärmi?.. AÝPERI. Büräň adyny agzaýmaň!.. Nejep wezir girýär, yzynda Döwletýar, Aman, Arslan. Gyzlar elhenç gygyryp, kürsüniň ýeňsesine duwlanýarlar. DÖWLETÝAR. Nejep wezir, sen bizi hanyň haremhanasyna getiräýdiň çaky. ARSLAN. I-i, jaýyň içine büre girene döndi-laýt. Gyzlar ýene gygyryp bukulýarlar. NEJEP. Aýperi, dädeň baga çykdymy? AÝPERI. Dädemiň ýokdugyny gözüň görýändir-ä, owarra bol, getiren büräň ýekesi-de galmasyn, alyp git. ARSLAN. Wä-ä, büre diýeni biz bolduk-daýt. Gajar gyzlaryna büräniň çakyşyny görkezäýsek diýýän. Gyzlar aýylganç gygyrýarlar. NEJEP. (Arslana). Lal bolup dur, Hasan beglerbeginiň gül ýüzli gyzy Aýperiniň ýüregini ýarjakmy sen! ARSLAN. Ýüzi gül bolsa-da, munuň aklyna dawamyz bar, biz ýaly goç ýigitleri bürä deňäýdi-le. I KENIZ. Bibimiz büre diýen zady görenok, bilenok. ARSLAN. Bibiň islegi büre görmek bolsa, ony biz-de görkezip biljek. Gyzlar gygyrýarlar. II KENIZ. Sowulyň bir ýana, bizi çykmaga goýuň. Nejep wezir gyssap, olary bir ýana çekýär. Gyzlar ýaglyklary bilen goranyp, bukdaklaşyp çykýarlar, wezirem olaryň yzyna düşýär. ARSLAN. Bi gowulykdan alamat berýär, haw, işimiz şowuna boljak, her kime biri. Döwletýara han gyzy. Orta boýlyja eýýäm özümize göwün berdi, gözjagazy aýdyp dur-daýt. Wah-wah, häzir bürä öwrülip bolsady!.. Ak alkymdan giräge-de, goşa mämäň arasy bilen, kä çakyp, kä sorup... (Hanyň kürsüsinde oturýar). Siz, haw, diliňizi ýuwdan-a dälsiňiz (Gylyjyny dutar edinip aýdyma gygyrýar). Garşyda bir gajar gyzyn söý-ý-müşe-em, Bal döküler dodagyndan, ja-an gözelim... Geýmegine ýaşyly bar, a-aly bar-e-eý, Emmek üçin lebleriniň baly bar, jan gözelim. (Arslan aýdyma gygyryp otyrka, Hasan, Nejep, Ýakup girip durýarlar. Nejep wezir birden han kürsüsinde oturan Arslana topulýar, düş, han geldi diýen yşarat edýär. Arslan Hasana garap ugraýar.) Hasan han diýenleri şu boldumy? Essalawmaleýkim, han aga (Hasan bilen görüşýär). HASAN. Hoş gördük, sapa gördük, Döwletýar beg. ARSLAN. Döwletýar beg diýlen biz bolmaýas, han aga. Bize Arslan batyr diýerler, Döwletýaryň batyr ýigitleriniň baştutany biz bolýas. Bi duran pyýada-da Döwletýar beg diýýändirler, gapdalyndaky-da Aman serdardyr. HASAN. Hoş geldiňiz... (Döwletýar dagy bilen görüşýär). Batyryňy ýeser gördük, Döwletýar beg, hanyň kürsüsine çykyp gygyryp oturyşy, Astrabadyň horazlaryny utandyrjaga meňzeýär. ARSLAN. Owadan mäkiýany görende gygyrmasa, ondan horaz boljakmy diý. DÖWLETÝAR. Aýyp görmäň, han aga, sähraýy türkmen üçin han kürsüsiniň depeden parhy bolmaz. HASAN. Aňýadym-la. (Kürsüde oturýar). Döwletýar beg, at-owazaňy eşidip, mertebäňe guwanyp gezdik. Allanyň yradasy bilen bu gün ýüzbe-ýüz durmak miýesser etdi. Çakylygymyza eýerip, Müňgyşlak ýaly daş ülkeden gelipsiň, depäm gök diredi. Ýagdaýy Nejep wezirden eşidensiňiz. DÖWLETÝAR. Kemini goýmadyk. HASAN. Şanyň ýollan jansyzyny ele saldyk, perman ýaýradyp, içimizden urmagyň alajyny gördüler, niýetleri başa barmady, puç boldy! Birgiden adam eýýäm zyndanda otyr. Indi daşky ýagydan dynmagyň nobaty geldi, Döwletýar beg. Sen-de göwnüňdäkini aýdybermeli. DÖWLETÝAR. Aýdarys, han aga, gümürtik ýerini goýmarys. On müň goşun topy-tophanasy bilen sürnüp gelýär diýdiler. HASAN. Eýýäm-haçan welaýatyň serhetinden geçdiler. DÖWLETÝAR. Ony gözi bilen gören barmy? Atlysy näçe, pyýadasy näçe, daga ýarajakmy, düze ýarajakmy? HASAN. Ýakup beg, Döwletýaryň jogabyny ber... Ýakup beg meniň baş serkerdäm, ok-ýaraga, batyrlyga, dogry söze sarpa goýýan ýigitdir, onuň han tagtyna wepasy belent hormata mynasypdyr. ÝAKUP. Siziň belent hormatyňyz meni Döwletýara hasabat bermek aladasyndan dyndarýarmyka diýýärin, begleriň begi. Goşunyň başarnygyny söweş meýdany belli eder. Suwa girmän onuň çuňdugyny kesgitläp bolanok. DÖWLETÝAR. Ýakup beg, gep otarma-da duşmandan bihabardygyňy boýun al. HASAN. (Gyssanýar). Serkerdeler üçin ýeňiş gözel gyz kimin islegli bir zatdyr, her kim oňa şariksiz eýe bolsam diýýär. Ýakup begiň gabanjyny geň görme, Döwletýar beg. Biziň begler siziň beglerden parhlyrakdyr, olar doganlarynda beg bolup dogulýarlar. Begiň ogly-da begdir. AMAN. Türkmenlerde “Neriň döli bolmaz” diýen söz bar, han aga. HASAN. He-he, bi has mojuk aýdylan ekeni. DÖWLETÝAR. Begligi agramlaşmaga gelmedim, han aga, maňa aýakbagy boljak begiň-de, serdaryň-da derkar däl. Ähli nökeriň meniň ygtyýaryma geçsin. Muňa birinji şert diýýärler, indi ikinji şertimize gulak goý. Agamuhammet şadan agzy bişen türkmen gaýdyp Astrabatda suwy üfläp içmeli bolmasyn, erkin ýaşasyn, ýaýlasynda malyny baksyn, arkaýyn ekin eksin, hasyl ýygnasyn. Gep tamam, han aga, bizler-de uzak ýoldan aryp gelen adamlar, bir meýdan dynç alsak. Döwletýar dagy Nejep weziriň ugratmagynda gidýärler. HASAN. Gatyrganma sen, Ýakup beg, her kim öz amatyna bakýar, kim hüşgär, kim hilegär bolsa, şol ýeňer. Wagşylykda gaplaňdan sapak alan-da bolsa, türkmene gaplaňyň hüşgärligi berilmändir. Ýenilkelle, köwekdir, sen-sen diýseň eňen ugruna gider, ölenini-galanyny bilmez. Şanyň leşgeri bilen-de öňürti Döwletýar garpyşsyn. Öz ýigitlerini özüne ygtybarly görer, juda howp dörän ýere-de şolary sürer. Ysgyn-mydardan düşsün, olja götermäge, talaňçylyk etmäge gurbaty galmasyn. Başyň egilmesin, Ýakup beg, nökerleriňi artykmaç pidadan gora. Ýakup beg alada bilen başyny asyp gidýör. 3. Hasanyň köşgi. Ýeňiş sazy çalynýar. Hasan han gelýär, gapdalynda Nejep wezir. NEJEP. Ýakup beg hä diýmän siziň huzuryňyzda häzir bolar, hökümdarym. HASAN. (Kürsüde oturýar). Döwletýaryň eglenmegine nähili sebäp tapylanmyş? NEJEP. Oljadan tutan adamlaryň gymyldysy haýalrak bolýandyr, hökümdarym. HASAN. Bi ýeňiş meni agyr alada goýýar, Nejep wezir, begeneýin diýýän, bolanok. Bu ýeňşiň habary Horasana, Turana ýaýrar, türkmenleriň gylawy artar. NEJEP. Emin han bilen duşmançylyk zerarly Döwletýar beg telim ýyl bäri ýurduna barmaga zar. HASAN. Türkmende belli ýurt bolupmy diý, malyna ot tapan ýeri ýurdudyr. NEJEP. Ähtimal, bu ýeňşiň öwezine sizden Emin hanyň üstüne goşun çekmegi talap eder. HASAN. Oljanyň üçden iki bölegi Astrabadyň paýy bolsun diýeris, şeýdip-de türkmenleriň tölemedik salgydynyň ýerini dolarys. Ýakup beg gelýär, baş egip durýar. ÝAKUP. (Ýaňsyly dabara bilen). Sizi sag-salamatlykda hoş gördük, begleriň begi. HASAN. Agyr ýitgi çekmän, syna sagat dolanypsyň, Ýakup beg, begenip otyrys. Döwletýar begiň söweş tilsimleri seniň göwnüňden turan bolmaga çemeli. ÝAKUP. Serkerde hökmünde onuň başarnygyna sarpa goýýandygymy aýdýan. Bu ýeňiş Döwletýar begiň ýeňşi. Siziň islegiňiz ýerine düşdi, begleriň begi. HASAN. Barha meniň howsalam artýar-da, kalbym giňänok. Döwletýary mahabatlandyryşyň myrryhymy artdyrýar, Ýakup beg. ÝAKUP. (Has tutanýerli). Tilki sapalagyndan bihabar goşunyň gözgyny ýagdaýyny görüp, heniz-de aýňalyp bilemok. Döwletýar begiň bir bölek atlysy şa goşunynyň öňünde guýruk bulady: ine, size owadan guýruk, el uzadyň-da alyň. Alarys öýdüp, akmaklar, ýigitleriň söbügine düşdüler. Olara-da geregi şol, eýleden-beýleden dürtgüläp, ýyrtyjy haýwany öjükdirýän şekilde şanyň leşgerini düze alyp çykdylar, Görogly begiň it urşuny görüň diýdiler. Çakgan ýigigleriň, ýyndam atlaryň bolmasa, dat günüňe! Türkmenler tüweleýe öwrüldiler, ugruny ýitiren şa nökerlerini dolap-dolap aldylar. Döwletýaryň ýene bir bölek atlysy ýazzy maňlaýdan urdy, ok bolup atyldylar, tugy ele saldylar. Tuguň gidenini görende, goşun pytrama bilen boldy. Çakgan ýigigleriň güni geldi. Urdular, basdylar, sançdylar, bize göz edip, gajar ýigitleriniň kellesini togalap düşürdiler. HASAN. Eşitdik, aýtdyň, boldy, bas edäý. ÝAKUP. (Has öjügýär). Nökerleriňi artykmaç pidadan gora diýip, sargyt edipdiňiz, begleriň begi. Şol islegiňiz-de ýerine düşdi, munuň üçin-de Döwletýar bege minnetdar boluň. HASAN. Bes et! ÝAKUP. (Gulak asanok). Ýöne aman galanyna begenýän bardyr öýtmäň, düz meýdanda kädi kimin kelleleri togalanan gajar ýigitleriniň hasabyna aman galdylar diýip düşüniň. Olar janlaryna derek ruhuny ýitirdiler, olar entekler aýňalmazlar, aýňalýançalar elindäki ýaraga olaryň erki ýetmez. Aýňalan günleri bolan ahwalata ýagşy göz ýetirerler, kelleleri kesilen ildeşleriniň hasabyna ýaşaýandyklaryna düşünerler, namys ederler. Olaryň ökünjine, gaharyna duçar bolmakdan heder edeliň, begleriň begi! HASAN. Hetden aşdyň, Ýakup beg, bes et! ÝAKUP. Türkmene arka diräp, ýeňiş gazanmadyk, gajaryň bina eden döwletine emelsiz zarba urduk. Agamuhammet şanyň aýylganç gazabyndan bize sypma ýok. Iki gajaryň arasyndaky duşmançylyk ýarasy bitip barýardy, biz oňa çiş dürtdük, biz külli gajaryň öňünde ýazykly. Pessejik kürsüňiziň bähbidini arap guran oýnuňyza per bermän, Agamuhammet şa tagtyna mynasyp iş gören ekeni, ol bizi gajar iliniň ýigrenjine sezewar etdi. Biziň ýüzümiz gara, bize ökünçden gaýra ýol ýok. HASAN. Bes et, ugra, gözüm görmesin seni! Ýakup beg dogumly ýöräp çykyp gidýär. Hasan han agyr oýa batyp, ýegşerlip otyr. NEJEP. Merhemetli hökümdarym, eýsem-de bolsa, häzirlikçe Döwletýar begiň Astrabatda galmagy gerekdir? HASAN. Oljasy ýeten türkmeni saklamak başartmaz. Telim müň leşgeri meý bilen, neşe bilen bäş gün güýmärsiň, altynjy gün ýurduňy talap başlar, gelin-gyzyňa göz gyzdyrar. NEJEP. Döwletýar begiň hemaýatyna bil baglamaly bolar. HASAN. Türkmenler söweşe çykanlarynda bege gulak asýandyrlar, jeň tamam boldugy möjek kimin pytyrar giderler... Döwletýar, Arslan, Aman gelýär. Hasan han olary tukat garşylaýar. ARSLAN. Wä-ä, han aga, köşkde ýeňiş sazy çalyndy diýdiler, eýse, bi tukatlyk näme diý. Meý içýän-de göremzok, sylag-serpaý-da göremzok, i-i, Döwletýar begiň ýeňşine guwanmaýan bolduňyzmy siz? HASAN. Täze don geýen kysmy, ýeňşe-de öwrenişmek gerek. Meý-de bolar, sylag-serpaý-da bolar. AMAN. Ýeňiş toýuny goşadan tutaýsak neneň bolar, han aga. (Han gorkuly geňirgenýär). Gül meňizli gyzyňyz bar ekeni, Döwletýar bege mynasyp gördük. (Han sarsýar.) ARSLAN. Aman serdar ikimize kenizleri-de bolar, han aga. HASAN. Hetdiňi tana, türkmen! ARSLAN. Hetdini tanajak bolsa, ondan-da türkmen bormy diý. Hetdini tanap-tanaman, Döwletýar begiň aýbyny gördüňizmi? Aýagy agsakmy, akyly kemmi?! Döwletýar beg giýewiň bolsa, duşman golaýyňa geljekmi, han aga. Özi-de henize-bu güne öýlenmedik päkize ýigit. Serediň-a, uly gyz ýaly sülmüräp, utanyp oturşy nämä degmeýär!.. AMAN. Bi, biziň üçünji şertimiz, han aga. Hasan han ýaýdanyp oturýar, maslahata mätäç ýaly wezire garaýar. NEJEP. Siz hanyň iki aýagyny bir gonja sokmaň, ýigitler, gyz gerek – tiz gerek edýarsiňiz. AMAN. “Tamdyra gyzanda ýap” diýilýändir. ARSLAN. Ä-äý, gajar bilen türkmeniň daýy-ýegendigini unutmaň- daýt... HASAN. Men naçar maşgala sütem-zorluk edip bilmen. Biraz egleniň, görüň, eger-de Döwletýar begi sulhy alsa, o ýagdaýda bu gürrüňe dolanaýmaly bolar. ARSLAN. Heý, biz ýaly ýigitleri görüp-de, göwnemejek gyz bolarmy diý, goşa toýy assa-assa başlabersek-de bolar. 4. Hasan hanyň köşgi. Döwletýar, Aman, Arslan. ARSLAN. Öten gije Hasan hanyň aşpezi bilen şerap urduk, kelleler häzir-de Ýyldyz dagyň depesi ýaly dumanlap dur. Aşpez adynam-a aýtdy maňa, hakydamdan uçaýan ýaly-daýt... Aý, hüjüräň ysy gelip duran ad-a bardy, Isgender bolaýmagy-da ähtimal. Gajar-da bolsak, aslymyz türkmendir diýdi, dogan bolup galdyk. Bir tagamy iki gaýtalaman, kyrk gün hany naharlap bilýän diýip magtansa-da, işigaýdan çorba bişrip bilenok ekeni. Çorba iýmeýän bolsaň senden türkmen bolmaz diýdim. Çorba köşgüň tagamy däl diýip sypjak boldy, Döwletýar beg hanyň körekeni bolsun bakaly, türkmeniň çorbasyny bişirmeli borsuň diýdim. Nädersiň Astrabadyň ýerden ýöräni çorba iýjek diýip-de, dat edip otursa... AMAN. Gadym zamanda, entek şäher ýokka, bi ýerden kerwen ötüp barýan ekeni. Kerwene daklyşyp gelýän eşek toýnagy bilen ýer gazapdyr, o ýerde-de tükeniksiz hazyna ýatan ekeni. Hazynaň hasabyna şäher guranmyşlar, adyna-da Astrabat goýanmyşlar, türkmençe aýdanyňda eşek-abat bolýar. ARSLAN. Wä-ä, Aman serdar, bi ýerde eglener ýaly etmediň-daýt. AMAN. Eglenmäge höwesim-de ýok, ýüregim Balakany talwas edip dur. ARSLAN. Talwas etse, eýjejik kenizi atyň ardyna alýas gidiberýäs. Döwletýar beg-de han gyzy bilen söhbet gurjaga meňzänok-daý. Ýaýdanma, Görogly begiň şa gyzlaryna daraýyşyny ediber-ä. Gylyjyň han tagtyna daýanç bolup dur, hanyň gyzy-da bilmän duran däldir şony... (Iki keniz gelýär). Bi eýjejik hüýr-perilere syn kylyň, aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi bar... I KENIZ. Bibimiz geljek, Döwletýar beg ýeke galsyn. ARSLAN. Döwletýar beg, başyňy belent tut-aý, han gyzynyň, şertini galawut etme. Guýruksyz-gulaksyz köpegiň müňüsini getir diýse-de, hä diýäý, müň sany meleje büre getir diýse-de hä diýäý. II KENIZ. Büre diýmäň, bibimiň ýüregini ýararsyňyz. Aman serdar, Arslan batyr gidýär. Aýperi gelýär, ol gara geýnipdir, ýörüşi haýal. Döwletýar ony synlaýar, ol Döwletýara garanok. Kenizler Döwletýaryň öňünde gyzyl gwozdika güllerini goýýarlar, çykyp gidýärler. Soňra Aýperi Döwletýaryň gözlerine garaýar. Dymyşlyk uzaga çekýär. Arslanyň aýdym sesi eşidilýär: “Garşyda bir gajar gyzyn söý-ýmüşem-eý...” DÖWLETÝAR. Adyňa Aýperi diýdiler, han gyzy. AÝPERI. Seniň adyňy hiç kimden soramadym. DÖWLETÝAR. Begleriň ady soralýan däldir, begleriň ady eşidilýändir. (Aýperiniň garaýyşynda ýigrenç duýulýar.) Men seniň batyl okuňa çydaman, maňa beýle oýun derkar däl. (Syçrap ýerinden turýar, Aýperi sarsanok). Neçün gara geýindiň, Aýperi? AÝPERI. Güllerden aňmadyňmy? DÖWLETÝAR. (Öňündäki güllere içgin garaýar.) Owadan güllerden seniň gül meňziňi aňlap biljek, gaýry bir many tutmaga çakym ýok. Bi güller biziň iliň güllerin-ä meňzänok. (Aýperi janagyrdy gülýär). Han gyzynyň oýny artykmaç boljag-ow. AÝPERI. (Janagyrly). Gülden many alyp bilmeýän adam güle hyrydar çyksa, ol gülüň soldugy dälmidir?! Gam-gussanyň gaýgy-hesretiň alamatyny aňarsyň diýip goýup gitdiler. DÖWLETÝAR. Astrabat ýagydan sypdy, ataň han tagtynda otyr, gam-gussa diýmäň näme, gara geýinmäň näme? AÝPERI. Ikimiziň aramyzda pynhan gürrüň bolar öýtme, saňa ahyrky sözümi diýmäge geldim. DÖWLETÝAR. Aýt sözüňi, gulagym sende, han gyzy. AÝPERI. Sen hyzmatyňa, edermenligiňe baha kesdiň. DÖWLETÝAR. Mugt Buharda ýok. AÝPERI. Men seniň tölegiňe düşen paý. Seniň gözüňe dünýe maly olja bolup görünýär. Oljaňy al-da, çaltrak Astrabatdan owarra bol! Atam gaňryşyňa gaýdaýsa, seniň günüň geljek. Gyzyny zorluk bilen at öňüne basyp alyp gitmäge, üssesine-de Astrabady talamaga amat dörejek. Şol islegiň-ä bolmaz! Aýralyga, kemsitmä döz gelerin, seniň taňrygargan çölüňde saralyp-solaryn. Demir ganatly büreleriňiz al ganymy sorsun. Eli-aýagy çorly zenanlaryňyz ýüregimdäki öçmejek ýigrenji duýarlar, meniň ýigrenjim seniň mertebäňi peselder, püçege çykarar, soňabaka saňa meniň gözüm bilen garap seni ýigrenip başlarlar. Meniň ýigrenjim bilen öz gara günleriniň heläkçiligini ölçärler. (Janagyrly gülýär). Han gyzyny duluna geçiren begiň çöli çarbaga öwrüler diýdilermi, gara öýi köşge öwrüler diýdilermi?! Meniň ýüregimdäki ýigrenç çarbagy hazan ýeline, toýuňy ýasa duçar eder! Aýperi gülleri alyp ýere urýar, soňra eglenmän gidýär. Döwletýar oýa batyp otyr. Ejesiniň agy sesi gulagyna eşidilýär: “Ala dagy aralanym, ogul-eý-ý, Garagumy penalanym, ogul-e-ý-ý”. Aba serdar peýda bolýar. DÖWLETÝAR. Seni ýatlap otyryn, Aba serdar. ABA. Ýatlanyň üçin-de geldim, Döwletýar beg. Men senden iki ýüz ýaş uludyryn. Tahmasp şanyň döwründe egri gylyja daýanyp Astrabady alypdym. Han tagtynda kimler oturmady, her gelen maňlaýyna bakylyk tagmasy basylandyr öýdýärdi. DÖWLETÝAR. Men geňeşe mätäç, serdar! ABA. Geňeşi dost-ýara goý, sen meniň başymdan geçen külpete gulak as. DÖWLETÝAR. Başyňa düşen külpet maňa aýan, serdar. ABA. Aýan-da bolsa, many alaryň ýaly sabyr-takat edip diňle, ýüregiňi eliňe alma!.. Men Astrabada sygmandym, Astrabat-da meni sygdyrjak bolup durmady. Kaşaň köşk amanat lybasa döndi. Sährada ak çadyr dikdim, çadyrda ýatsam dünýäm giňeýärdi, gözlerime uky gelýärdi. Dul hatynyň gujagyna düşen ýetginjek ýaly söhratdan aýrylmak maňa-da başartmady. Meniň tekepbirligim astrabatlylary haýykdyran ekeni. Maňa ýakym berýän sähra olaryň-da höwesini götermelidir öýdýärdim. Çadyryň eteginden ýylan-içýan girer diýseler, olaryň ätiýajy myrryhymy atlandyrýardy. Muzaffar bitikçiniň näzenin agtygyny zora ýanap duluma geçirdim, Astrabadyň abraýly ojagynda kemala gelen gyzy ýassykdaş tutunyp, dikgumşuk emeldarlaryň seňrigine kakmak isläpdim, düzden gelen çarwadagymy unudarlar öýdüpdim, gaýta men her ädimde olara çarwadygymy duýduran bolsam nätjek. Eýsem-de bolsa, gylyja per bermeýän ahwalatlar bolýar, ýigrenji şo diýip bil. Şonuň hemaýaty bilen-de şerapdan meý-mes bolup ýatyrkam gara kellämi togaladylar... Galdyr başyňy, Döwletýar beg, seni özümden parhly gördüm. Han gyzynyň ýigrenjini äsgermezlik etmäge seniň gaýratyň çatmady, bu seniň kemligiň däldir, paýhasyňdyr, beg! Aba serdar gidýär. Döwletýar ýerde ýatan gülleri galdyrýar. Arslanyň aýdymy eşidilýär: “Ak synada mämeleri gunçadyr, deger gunça müň jennetiň bagyna, ja-an gözelim!” Döwletýar çykýar, soňra ýoldaşlary bilen dolanýar. DÖWLETÝAR. Galan gürrüňi ýolda etsek ýagşy. ARSLAN. Ozalebedinde adam birysgal dogmasyn!.. Döwletýar beg, sen bizi-de binesip goýjak, haw!.. Gidýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |