20:27 "Döwrümiziñ betbagtçylygy..." | |
"DÖWRÜMIZIÑ BETBAGTÇYLYGY..."
Edebi makalalar
Prezident Kennedi ony Ak Tama çagyranda, ýazyjydan "gidýäñizmi?" diýip soralypdyr. Şonda "şu taýdan Waşingtona çenli 160 mil ýol aşmaly. Günortanlyk nahar üçin kösenip gideniñe degenok" diýip jogap beren ýazyjy Uilýam Folkneriñ bu jogaby döredijilik adamsy bilen döwletdir hökümetiñ arasynyñ nähili bolmalydygyny kesgitli formada görkezýändigi üçin örän gymmatlydyr. Çünki döredijilik adamsy şol aralygy aşmagy niýetine düwende döwletiñ mümkinçiliklerini öz bähbitleri üçin ulanmak isleýär. Döwlet dolandyryşyny elinde saklap oturanlaram şol aralyga bakan ýöräp, döredijilik adamsyna ýakynlaşmagy pikirine düwende azatlyklaryñ çägini daraltma meýilnamasy güýje girýär. Prinsipleriñ adamy bolup, ynanan prinsipleri ugrunda barlyşyksyz göreşen Folkneriñ Ikinji jahan urşunyñ dowam edýän ýyllarynda dogduk depesi Missisipiniñ ýeke-täk kommunisti bolan norwegiýaly işçä 200 dollar aýlyk bermegi-de ýönekeý işçiniñ prinsiplerine bildiren hormatynyñ alamatydy. Nobel baýragyny gowşuryş dabarasynda sözlän sözünde adamyñ ýeñilmezekligi pelsepesini ýanjamagy Folkneriñ aýratynam ýurdunyñ günorta böleginiñ azatlyklar ugrunda alyp barýan göreşini täze sepgitlere çykarýar. • Uilýam Folkneriñ Nobel baýragyny gowşuryş dabarasynda sözlän sözi Stokgolm, 1950-nji ýylyñ 10-njy dekabry Bu baýragyñ gös-göni maña däl-de, çeken zähmetime (asla şan-şöhrat we bähbit üçin däl-de) alnynda gara der we kalbynda ejir bilen, adam ruhuna goldanyp şindize çenli döredilmedik eserleri ýazandygym üçin berilýändigine düşünýärin. Ine, şonuñ üçinem men bu baýragy wekil hökmünde kabul edýärin. Baýragyñ doly taryhyna we mertebeli maksadyna mynasyp görnüşde onuñ pully bölegini sowmak üçin ýer tapmak kyn däl. Emma maja görkezilen bu gyzyklanmadanam mynasyp görnüşde peýdalanyp, özüni güzaply we muşakgatly ýazyjylyk işine bagyş eden ýaş oglan-gyzlara şu kürsüden seslenesim gelýär. Wagty gelende meniñ ýerime geçip çykyş etjekleriñem meni eşitjekdiklerine ynanýaryn. Döwrümiziñ betbagtçylygy biziñ uzak wagtdan bäri arasynda ýaşap gelýän we hatda onuñ bilen eriş-argaç bolup gelen haýwanpisint gorky duýgusydyr. Adam magnawyýetini gyzyklandyrýan ähli meselelerden ýekejesi galypdyr: Bizi haçan köpçülikleýin gyrarlarka? Şol sebäpden döwürdeş ýaş ýazyjylar adam kalbynyñ öz-özi bilen göreş meselesini ýatdan çykarypdyr. Emma hakyky edebiýaty, ine, şu göreşler döredýär. Dije şonuñ üçinem ýazanyña, zähmet çekeniñe degýär. Ýazyjynyñ şolary ýadyna salmagy derwaýysdyr. Ýazyjy gorkynyñ masgaralanma duýgusydygyna düşünmeli, muña düşünenden soñ gorkyny ömürlik ýatdan çykarmaly, adam kalbynyñ reallyklaryndan daşgaryn hemme zady döredijilik ussahanasyndan aýryp zyñmaly, köne we müdimlik hakykatlar bolan: Söýgi, at-abraý, merhemet, buýsanç, rehim-şepagat, özüñi pida etme ýaly düşünjeleriñ ýok ýerinde ýazylanlaryñ ýöntem we ýatdan çykarylmaga degişlidigine göz ýetirmeli. Muña göz ýetirmedik ýazyjynyñ zähmetiniñ boýnundan lagnat asylýandyr. Ol söýgini däl-de, şöhweti, pidasyz ýeñlişleri, umytsyz ýeñişleri, iñ ýamany-da bütin bularyñ barsyny agyry-ynjysyz we merhemetsiz görnüşde ýazyp bilýär. Onuñ gussasynda hemmeleriñ düşünýän gussasyndan nam-nyşan bolmaz, beýle eserler hiç hili yz galdyrmaýar. Adam magnawyýetini ýazmagyñ ýerine çemeçil hereketleri bilen baglanyşykly boş sözleri tirkeşdirip ýazar ýörer. Muña düşünmedik ýagdaýynda keseden synlaýan synçy hökmünde adamyñ ölümini ýazar. Men adamyñ ölümi hakdaky ret edýärin. "Adam hemme zada çydap bilýändigi üçin baky ýaşaýar" diýmek dilde añsat. Hatda garañkylygyñ soñundaky gyrmyzy şapakda asylyp galan gaýadan ykbalyñ iñ soñky jañy ýatyp galanda, hatda şol wagtam bir ses galar: Ol ses adamyñ ejizem bolsa, hiç haçan ýok edip bolmajak sesidir! Men adamyñ ýok boljagyna ynanmaýaryn. Men adamyñ diñe ýaşamak däl, eýsem ýeñiş gazanjakdygyna ynanýaryn. Adam diñe sesiniñ ýitip-ýok bolup gitmejekdigi sebäpli baky bolman, öz hüý-häsiýeti, ruhy, çeken jebri-jepalary, boýun egmezekligi sebäpli bakydyr. Ýazyjynyñ borjy şulary ýazmakdyr, adamlaryñ kalbyny güýçlendirip, olara kömek etmekdir, älemiñ ebedilik gymmatlyklary bolan adamkärçiligi, wyždany, umydy, buýsanjy, merhemeti, özüñi pida etmegi olara ýatlatmakdyr. Şahyryñ sesi diñe ýönekeýje şahyrana owazdan ybarat bolmaly däl, bu ses ýaşamagy, ýeñiş gazanmagy üçin adama goldaw we daýanç sütüni bolup hyzmat etmelidir". Mayis ALIZADE. Ýekşenbe, 01.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |