15:16 Dünýäde ýagşy at galdyrmak - bagtdyr! | |
DÜNÝÄDE ÝAGŞY AТ GALDYRMAK – BAGTDYR!
Edebi makalalar
Haýran galaýmaly, özüň babatda, durmuşyň babatda pikir öwürip başlaýarsyň, emma birden pikirleriň Watan, Watanyň ykbaly bilen sepleşip gidýär. Watan, ýurt, il-ulus hakda pikir öwürseň bolsa, pikirleriň eýýäm dünýä hakyndadyr. Munuň sebäbi – kiçi pikiriň aňyrsynda uly zat ýatýar. Ýigriminji asyrda dünýäde on sekiz sany Generalissimus bardygyny eşidip kellämi tutaýdym. Eger dünýäniň kellesi bar bolsa, ol hem kellesini tutar! Türkmenden ilkinji bolup Gurban Pälwanowyň general bolandygyny eşidip nähili begendik. Oglankak Staliniň generalissimusdygyny, ýöne ýalan generalissimusdygyny bilip nähili gynandyk. Sebäbi ol biziň watandaşymyzdy, bizden näme diýip generalissimus bolmaly dälmiş! Haýsydyr bir adada ýaşap ýören jeňbaz Çan Kaý Şa dünýä generalissimus diýip, näme üçin Adamzady gyrylmakdan, gul bolmakdan, faşizmden halas eden Stalin şeýle ada mynasyp bolmaly dälmiş! Generalissimuslary urşuň dogurýandygyndan biz bihabar. Ýigriminji asyr on sekiz sany generalissimus dogurmak üçin näçe uly uruşlary başdan geçirmeli boldy, bu bolsa biziň hasabymyza girmän galdy... At, hormatly at, şan-şöhrat, dereje hemişe bolupdyr, hemişe-de bolar! Dünýäni tagtlap ýaşap ýören dana oguzlar at meselesine özleriçe çemeleşipdir. «Dünýä geldiň, ýaşa, eger at gerek bolsa, gazan!» Örän paýhasly filosofiýa. Biziň oguz zamanynda ýaşamaýanymyz hem taň zat, ýogsa atsyz ölüp-ýitip gitmeli borduk. Adama at gerek! Allatagalanyň hem ýüz-de bir ady bar. Gapbar, möwlam, kadyr, jepbar, perwerdigär... Allatagalanyň atlary – beýik filosofiýa! Elbetde, gazaply taryhy bolan dana halkymyzyň hem atlarynyň özi giden bir ullakan filosofiýa. Ruslarda erkek kişileriň atlarynyň ählisi dini atlar ýa gadymy Hudaý atlary we şuňa meňzeşler. Geçmişde türkmenleriň atlaryna nazar aýlasaň bolsa, olaryň taryhy, psihologiýasy, filosofiýasy görnüp dur. Geçmişde atalarymyz öz dogmalaryna – Aždar, Gaplaň, Ýolbars, Gylyç, Hanjar, Babyr ýaly atlary dakypdyr, häzirki zaman atlary – Meýlis, Şöhrat, Maksat, Wepa, Sapa – garaz, abadançylyk atlary. Meşhur türk satirik-ýazyjysy Eziz Nesin ýigriminji ýyllarda türk halkynyň pasportlaşdyrylyşy, islendik adama islendik ady almaga ygtyýar edilişi barada ýazyp: «Boldy bir tomaşa, tüýs züwwetdin adamlar özüne Batyr diýip täze at alsa, husyt, bitini iýme kişiler Jomart diýip at aldy...» diýen pikiri aýdýar. Elbetde, bu satirigiň pikiri. Satirik dünýä biziň seredýän burçumyzdan başga burçdan seredýär... Beýik akyldar Gorkut atanyň ajaýyp bir jümlesi bar: «Adyňy men berdim, ýaşyňy Alla bersin!» Biziň her birimize ady ene-atamyz berýär... emma ondan daşgary halkyň hem dakýan bir ady bar. Islendik ideologiýaly döwletde döwletiň hem öz mynasyp ogullaryna berýän hormatly, resmi hormatly atlary bolýar. Hormatly atlar ähli zamanlarda bolupdyr, ýene-de bolar! SSSR – dürli-dürli atlaryň watany boldy! Bir zaman soýuzyň meşhur aýdymçysy Batyr Zakyrow bilen meşhur Raj Gapur duşuşýar, olar tanyşýarlar. Batyr Zakyrow öz resmi atlaryny sanaşdyryp başlaýar. «Özbegistan SSR-niň halk artisti, SSSR-iň halk artisti» diýip, jyn okan ýaly sanaşdyrypdyr. Raj Gapur bolsa «Millioner sergezdan Raj» diýip bir jümlede jogap beripdir diýip, bu bälçik gürrüňe hezil ederdik. Ol rastmy, il gepimi, Alla bilsin. Ýöne munuň aňyrsynda uly hem gynançly hakykat ýatyr. Sosialistik jemgyýet şahsy emlägi ret edýär. Emma ilaty hem bir zat bilen gyzyklandyrmaly ahyry, maddy baýlygy nähilidir bir zat bilen çalşyrmaly ahyry. Netijede, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, stahanowçy, at gazanan gurluşykçy, at gazanan maldar, Halk ýazyjysy diýen ýaly ýüzlerçe at ulanyşa girizildi. Hormatly atlar halky işletmegiň, dolandyrmagyň döwlet programmasyna öwrüldi... Hakyna seredeniňde maddy zatdan hormatly at arzyly! Millioner ýazyjy bolanyňdan, garyp hem bolsaň, halk ýazyjysy bolanyň gowy. Emma segseninji ýyllarda hormatly atlaryň berlişinde ýagdaý birneme üýtgedi. Hormatly atlar takyk baha geçdi. Uly çinownikler ondan maddy bähbit gazanyp başladylar... Atlar diňe dünýewi jemgyýetde däl, dinde-de ulanyşa girizildi. Muhammet pygamberimize ymmatlary Allanyň resuly diýip ýüzlense, hezreti Ala «Allanyň şiri» diýlip at berildi. Diýmek, at jemgyýetiň ähli gatlaklarynda durmuşyň wajyp bir zynjyry bolup hyzmat edipdir. Islendik döwlet raýatyndaky adamlaryň edýän işlerine, ähmiýetine, tutýan ornuna görä tapawutlandyryjy atlary ulanaýmalydyr. Onsuz döwlet bolup bilmeýär. Seljuklar döwrüniň tanymal weziri Nyzamylmülk gadym zamanlaryň şalarynyň hormatly at meselesine örän jogapkärçilikli çemeleşip, seljuklar döwründe jogapkärçilik peselip, dürli atlaryň köpelendiginden zeýrenýär. Wezir, belki, döwrüň üýtgeýän-digini nazara alan däldir. Ýogsa onuň öz ady Nyzamylmülk – şalygyň abadançylygy diýen manyny berýär. Ol «Syýasatnama» atly kitabynda at hakynda bir gyzykly fakty bize miras goýupdyr. Imperiýa döreden Mahmyt Gaznawynyň bary-ýogy ýekeje tituly bolupdyr. Nyzamylmülk beýik soltan Mahmyt Gaznawy hakynda mydama otrisatel pikir aýdaýanyny kem görmeýär, oňa dogry düşünmek gerek. Sebäbi Seljuk şalary onuň imperiýasyny çym-pytrak edip, öz imperiýalaryny gurdular. Öz agdaran soltanlary hakda olaryň gowy pikir aýtmajagy belli. «Soltan Mahmyt soltanlyga eýe bolanynda halyf el-mömin el-Kadyr billahdan bir at dakmagyny haýyş edipdir. Olam oňa Ýaminaddöwlet – «döwlet süüni» diýip at dakypdyr. Mahmyt Soltan Nimruzy, Horasany, Hindistany (tä Sümnata çenli) basyp alanynda we tutuş Yragy eýeläninde, ol hormatly adyny ulaltmagy haýyş edip, köp sanly sylag-serpaýy bilen ilçisini halyfyň üstüne ugradypdyr. Halyf muňa razylyk bermändir. Aýtmaklaryna görä, Mahmyt on gezek dagy ilçisini ugradypdyr. Emma olaryň hiç biri netije bermändir. Halyf Samarkandyň hakanyna bolsa üç at beripdir: Zahyreddöwle – döwlet ýardamçysy, Munn halypa illaha – Hudaýyň ýerdäki wekiliniň kömekçisi, Mälik-aş-şark – Gündogaryň we Hytaýyň şasy. Muňa Mahmydyň gözi gidip ugrapdyr. Ol ilçini ýene bir gezek halyfyň üstüne ugradypdyr we: «Men tersalaryň ähli ýurtlaryny basyp aldym, Allanyň hatyrasy üçin din gylyjyny çalyp söweşýärin, sen bolsaň hakana üç hormatly at, meniň dikmäm ikimize bolsa bir at berýärsiň» diýip hat ýollapdyr. Oňa halyfdan şeýle mazmunly hat gelipdir: «Hormatly at adamyň sarpasyny götermek üçin berilýär, onsoň şol at arkaly onuň abraýy, meşhurlygy artýar. Sen sylagly-sarpaly adam, saňa hormatyň birem ýeterlikdir. Hakan bolsa ylymsyz-bilimsiz, türk, nadan adamdyr... Sen ähli ylymlardan baş çykarýarsyň, bize ýakyn adamsyň. Biziň sen baradaky niýetimiz seniň çak edişiňden gowudyr». Şol mahalky dünýä diýilýäniň gylla ýaryna höküm edip oturan Soltan Mahmyda at nämä gerekkä diýjegem tapylar. Tersine, ýönekeý adamlara, garamaýaga garanyňda at olara zerurlyk bolup durýar. Soltanlaryň, şalaryň, hanlaryň bar zady ýetik. Olarda güzeran aladasy ýok. Olar halkyň, ýurduň aladasyny etmeli! Olaryň zähmet haky bolsa – halkyň söýgüsi, sylagy, hormaty. Staliniň gowy görýän, diýilmegini isleýän ýeke ady bar eken: Stalin – şu günki Lenin! «Serdar», «Halkyň atasy» diýen sözler başgalar tarapyndan aýlanyşyga giren epitetler. Bu gün bolsa ony her kim kesä çekýär, goşadyrnak içine alýar. Ony goşa dyrnagyň içine alyp oturasy zat ýok. Ol, hakykatdanam, serdar, hakykatdanam halkyň atasydy. Serdarlaryň ýalňyşyp terse gidenini taryh köp bilýär. Öz maşgalasyna gan ýuwutdyran atany näçe diýseň mysal getirip bolar! Şalar sözüň doly manysyndaky halkyň atasydyr! Ýöne atada ata bar! Gep şonda! Şalar, soltanlar halkyň atasydyr, çünki gije-gündiz olaryň aladasy halk, ýurt, abadançylyk bolmalydyr. Şeýle şalary halk öz ýüreginde ýaşadyp, wagtyň, unudylmanyň penjesine bermändir. Özlerini uly mawzoleýlerde jaýladýan, özlerine ullakan piramidalar gurýan hökümdarlar däl-de, il-ulsuň söýýän hökümdarlary taryhda galýar. Beýik seljuk hökümdary soltan Sanjaryň mawzoleýine baryp görmedik, meger, ýokdur. Oňa halkyň hormaty uly, emma barybir ol Görogly däl... Görogly ýagşyzadalar jem bolanynda üç dileg edýändir, ýadyňyzda bolsa. Emma şol üç dilegiň içinde perzent, özüne dowam dilemegi unudýar. Ol gygyryp: «Yzym ýitmez ýaly bir perzent hem beriň» diýýär. Üç dilegiň içinde aýdan bolsaň bolardy, indi ol diýeniň bolmaz, ýöne biz kyýamat ahyryna çenli adyň Ýer astynda ýatmaz ýaly ederis – diýip, ýagşyzadalar jogap berýär... Görogly bütin ömrüne ýurduň, il-ulsuň aladasy bilen ýaşaýar, il-ulusam kyýamat ahyra çenli ony söýer! Dünýäde ýagşy at galdyryp ýaşamak bagtdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halky üçin ymgyr köp iş eden şahsyýet. Şonuň üçin, berk ynanjyma görä, türkmen ýaşasa – Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady, hyzmaty ýaşar. Türkmen halkyny bagta ýetiren Saparmyrat Türk-menbaşy türkmen halkynyň aňynda bagta ýetirijiniň simwoly bolup ýaşar. Halkyny bagta ýetiren Serdar bagtlydyr! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |