10:48 Dünýäni toba halas eder -3/ dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Romanlar
ADAM BILEN DERTDEŞ DÜNÝE Garybyň gözýaşy täsir etdimi, Hakyň dergähinde ýetim oglanlaryň, dul hatynlaryň dilegleri kabul boldumy, ýa Ömruzak ýaly ýagşylyga bil baglan bendeleriň umytlary hasyl boldumy, garaz, her niçik hem bolsa žurnalistleriň diýe-diýe halky halys «gypjyn-gypjyn» eden möhletleriniň gelip ýetmegi bilenem hiç hili üýtgeşiklig-ä bolmady. Kyýamat gopmady. Asman inmedi, Ýer çöwrülmedi. Ýyldyzlar «alaşakyrdy» bolşup, ýere dökülmediler. Taňrynyň tegelegem edil öňküsi ýaly maşrykdan dogup, magrupdanam ýaşyp dur. Aýyňam şol bir torç eden ýoly bilen, ýalňyz galan gämi deý, gök üzre gaýyp ýörşi. Umuman, öňki-öňkülik. Pelek gökde gerdan, halk ýerde sergerdan. Durmuşam, adamlaryň gün-güzeranlaram Hasan aganyň arabasy ýaly, şol bir maýdaljygy bilen «tykyrdap» öz ugruna tigirlenipjik gidip barýar. Howpuň sag-aman sowulandygyna Hudaýdan müňde bir razy bolan adamlaryň hersi öz halynyň ýetdigine görä Ýaradanyň ýoluna sadakalar berýär, hüşür-zekat paýlaýar, ýagşy dilegler, aýat-töwirler edýär. Birbada halkara gatnaşyklary, ençeme wagt bäri dowam edip gelýän döwletara dawa-jenjel hem gowulaşan ýaly, iň bolmanda azalyşan ýaly boldy. ...Ýöne, «şemal bolmasa çöp başy gymyldamaz» diýlişi dek, edil heýhat gopmasa-da, tebigy hadysalar köşeşmedi. Gaýtam güýjerledi. Köpeldi. Gerimi giňedi. Başyndan agyr apat inmedik ýekeje yklymam galmady. Goja zemin çaýkandy. Dertli başyny ýaýkap ýaýkandy. Başy muňly boldy. Şahyr Çardaglynyňkydanam beter agyr bir hala düşdi. ...Şol zatlaryň üstesine, ençeme asyr bäri ukuda ýatan gaýnaklaryňam, hususan-da, «Wezuwiý» wulkanynyň asgyryşyp-üsgürişip oýanmaklary we daş-töweregindäki ilatly nokatlary, öri meýdanlaryny ýaşaýjylary, mal-garalary bilen bilelikde akyp ýatan gyzgyn magmalara gark etmekleri, käbir yklymlarda Ýeriň hopmagy, jaýryk atyp, içine müňlerçe adamlaryň ardurja gapgarylmaklary we başga-da şoňa meňzeş aýylganç hadysalaryň yzly-yzyna ýüz bermekleri tebigatyň özleri bilen asla oýun etmeýändigini adamlara äşgär etdi. Käbir aýratyn üşükli, bilermen kişileriň aňynda bolsa: «Ýogsa-da şü heýhatyň özi bolaýmasyn, baryp-baryp soňy şoňa syrygaýmasyn» diýen howsalaly pikir döretdi. Olaryň şol pikirlerini elinjek tassyklamakçy bolýan ýaly, tebigat öz ýüzüniň başga-da birnäçe görülmedik taraplaryny görkezdi. ...Tomsuň jokrama yssysynda, onda-da ymgyr çöl içre, «güpledip» gar ýagdy. Buz doňdy. Şatlama aýaz boldy. Birtopar çöl haýwanlary gatap galdy. ...Gyş baglar gülledi, miweledi, miwe getirdi. Öri meýdanlarynda gök otlar guşaklyga ýetdi. Adaty bolmadyk aşa yssy zerarly, Hindistanda, Afrika ýurtlarynda köp adam heläk boldy. Demirgazyk buzly okeanyň buzlary eräp, yklymlar sary yňdy. Deňiz ýakasynda bösňeýän guşlaryň ýarysyndanam gowragy heniz ylma mälim bolmadyk sebäplere görä gyrlyp gutardy. Ýagdaý şol terzde dowam etse, aňyrsy iki ýyldan soň şol jelegaýlarda ýekeje-de perrende galmajakdygy äşgär boldy. Gepiň gysgasy öňem gaharjaňlykda ýakasyny tanadan tebigat indi däliräne döndi. Öň adamlar öz dertlerini dünýeden görýän bolsalar, indi dünýe-de öz derdi-belalaryny adamlardan görýäne, nämedir bir zat üçin olardan aryny almakçy bolýana meňzedi. Mesele žurnalistlerdir alymlaryň telewideniýe boýunça edýän çykyşlarynyň çygryndan çykyp, Bütindünýä derejesine dalaş etdi. Netijede, BMG-niň Howpsuzlyk komiteti tarapyndan bolup duran we gün-günden adamzat üçin uly howpa öwrülip barýan heläkçilikli hadysalary her taraplaýyn öwrenmek, sebäplerini kesgitlemek, öňüni almaklygyň çärelerini agtarmak maksady bilen dünýä meşhur alymlardan, tejribeli harbylardan, dünýä dinleriniň wekillerinden, şeýle hem käbir edebiýat we sungat işgärlerinden ybarat «Halas ediş» topary döredildi. Ony gysgaça: HET diýip, atlandyrdylar. Amerikanyň Kosmos agentligi bolan «NASA», «Ýeriň janly stimuly» atly halkara kompýuter merkezi, «Ýeri maksatnamalaşdyrmak boýunça halkara merkezi», Ýeriň asman jisimleri bilen çaknyşaýmak ähtimallygyna gözegçilik etmek maksady bilen, golaýda NASA-nyň ýanynda döredilen we hut şonuň düzümine girýän «Gözegçilik merkezi» ýaly abraýly ylmy edaralar hem HET bilen egin-egne berip, bilelikde işleşmeli edildi. Halas ediş toparynyň çykarýan kada-kanunlaryny, talaplaryny, görkezmelerini eýeçilik görnüşine garamazdan, dünýäniň iň kiçijik hojalyklardan, edara-kärhanalaryndan başlap, tä, iň uly döwletlere, hatda harby, syýasy we ykdysady bileleşiklere çenli berjaý etmeklige borçly edildi. Şeýle toparyň döredilendigi bilen dünýä halklarynyň hemmesi habardar edildi. Telim wagt bäri nämäniň-nämedigine düşünmän, aljyrap ýören halk uludan demini alanda, goja zeminiň ýokarky gatlagy sarsyp giden ýaly boldy. 2. ...HET haýal etmän öz işine başlady. Ilkinji mejlise gatnaşmak üçin, halasgärler BMG-niň binasyndan özlerine bölünip berlen çaklaňja, ýöne, kaşaň zala ýygnanyşdylar. Toparyň başlyklygyna bellenen, fizika boýunça dünýä belli alym, Nobel baýragynyň laureaty, agyr hem daýaw göwreli, ýüzi dolmuş, gabaklaryndan gar ýagyp duran Irwing Stiwen hemmeleriň ýygnanandyklaryna gözi ýetensoň, münberiň ortarasynda oturan ýerinden haýallyk bilen galdy-da, tokmak ýaly ýumruklaryny stola diräp, eglibräk durşuna topar agzalaryny ilkinji iş günleri bilen gutlady. Hemmesine jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi. Öňlerinde duran ýeňil bolmadyk hem adaty däl mesele bilen ýene bir gezek tanyşdyrdy. Şu mesele boýunça halkara merkezlerinden suwytly bir zada garaşmaly däldigini ahmyr bilen aýtdy. ― Hadysalaryň diňe fiziki we himiki häsiýetlerini öwreneniň bilen iş bitenok. ― Tupanyň nämeden döreýändigini, ýer titremeleriniň nämeden emele gelýändigini, wulkanlaryň nädip çogýandygyny, sil suwunyň nireden gelýändigini, ýangynyň nämeden, nädip tutaşýandygyny bu wagt çaga-da bilýä... ― diýende onuň ýeke bir sesi däl, tutuş göwresi sandyrady. Esli wagt ýuwdunjyrap durandan soňam, nämeden başlansa gowy boljakdygy baradaky maslahaty orta atdy. Hadysalaryň heýhat bilen «haýkyryşýandyklaryny» öňdenem oturan-turan ýerlerinde ýanjaşyp ýören din wekilleri, bu işe öňi bilen geçmişde ýüz beren we mukaddes dini kitaplarda, rowaýatlarda beýan edilen, heläkçilikli hadysalary öwrenmekden başlamaklygy teklip etdiler. Teklip birbada goldanylan ýalam boldy. Emma, megerem Afrika ýurtlarynyň birinden bolsa gerek, topugyna düşüp duran alabeder gök köýnekli, gytygrak buýra saçlary telpek ýaly tes-tegelek, gabakman gara gözleri mähirden doly garaýagyz gelin söz sorap münbere çykdy-da, gaba göwüslerini owsunjyradyp durşuna: ― Belki, bu işiň başyny Älem-jahanyň täleýini kesgitleýän gadymy, ylmy syrlary özünde jemleýän kitaplary agtarmakdan, şolary öwrenmekden başlarys... ― diýdi. ― Ýaňky teklibe bolsa biz heran-haçanam dolanyp gelip bileris. Stiweniň ýüzi ýagtylyp gitdi. ― Şeýle kitap barmyşynmy özi? Garaýagyz gelin jogap berip ýetişmänkä, edil münberiň alnynda oturan saç-sakgaly ösgün, aýnasy ýaşyl, tegelek äýnekli, ýönekeý geýnen bir moýsepit kişi hümmet hasasyna daýanyp, kynlyk bilen ýerinden turdy-da, gyryljak sesi bilen: ― Ýok!.. ― diýip, gygyrdy. ― Beýle kitap ýok! Öň bolanam bolsa indi ýok... ― Stiweniň haýyşy boýunça moýsepit ýaşuly özüniň Býeik Britaniýadandygyny, käriniň bibliograf bolup, ömrüni köne kitaplaryň gözleginde geçirendigini aýtdy. Ýadyndan çykardymy ýa hökman däl hasap etdimi, adyny aýtmady. Henizem münberiň aňyrsynda ýylymjyrap duran gelne garabam sözüni dowam etdirdi. ― Siziň aýdýan kitaplaryňyzyň biri Watikanyň kitaphanasynda bolupdyr. Dogrusy, ol häzirem bar. Ýöne, biziň derdimize ýararlykly däl. Çünki, mundan dört ýüz ýyl ozal, şol kitaby kimdir biri kitaphananyň diwarlaryndamy ýa çetindemi berk bukupdyr. Üsti ýaňy-ýakynda, kitaphanada düýpli abatlandyryş işleri geçirilen wagty açylypdyr. Emma, heran-haçan tapaýsalaram ulanyp bilmesinler diýen niýet bilen bukan adamyň özi şeýdipmi ýa o-da kimdir biriniň şeýdenini görüp, galanja ýerlerinem şeýdäýmesinler diýen gorky bilen ýörite bukupmy, garaz, şol kitabyň iň bir gereklije ýerleri ýyrtylyp alnan ekeni. Galan sahypalarynyňam seneleri, sanlary, adam we ýer-ýurt atlary yhlas bilen öçürilipdir. Olary hatda iň bir güýçli, häzirkizaman enjamlaram, şöhlelerem aýyl-saýyl edip bilenok. ― Ýaşuly ýaýdanýan ýaly eýlesine-beýlesine garanjaklady. ― Şolar ýaly syrly, ylmy kitabyň ir döwür «tamplýorlarda» bolandygy barada maglumat bar. Ýöne, olaryň dini ordeni baryp-ha on dördünji asyrda gadagançylyga düşdi. Olar şol kitaby özlerinden dört ýüz ýyl soň dörän «massonlara» geçiren bolaýmasynlar diýen gürrüňem bar. ― Moýsepit ýaşuly duran ýerinde ellerini serdi. ― Ýöne, gürrüň-gürrüň bolýa. Iň ähtibarlysy Tibetdäki lamalaryň kitaphanasy. Şu iş üçin gerek boljagyny bilip, men dek-düýnüň özünde olar bilenem internet arkaly habarlaşdym. Stiwen gaňňa münen çaga ýaly, oturan ýerinde «loňk-loňk» etdi. ― Näme diýdiler? ― «Şeýle kitap bizde ýogam däl, ýöne, dünýäniň derdi bu wagt bir kitap bilen gutulardan çökderräk. Siz gowusy bu ýere geliň-de, Dalaý Lamanyň özi bilen duşuşyň, ol size garaşýar» ― diýdiler. Stiwen bu gezek ýaşula tarap diňe boýnuny süýndirdi. ― Tutuş topara garaşýarmyşynmy ýa diňe size?.. Moýsepit çaga ýaly ýöwselledi. Aljyrady. ― Wiý-ý... Toparadyr-la... Men näme... Men kim... Men bir... Häki bir... Bibliografyň sözüni topar agzalary hökmünde halasgärler bilen bilelikde işe başlan, iki sany tibetli ýaş monah ― lama hem tassykladylar. Stiwen kanagatlanma bilen baş atdy. Moýsepit oturdy. Henizem münberde ýaýkanjyrap, birgeňsi ýylgyryp duran garaýagyz gelnem gidiberjek ýalam etdi-de, sakga saklandy. «Ýalt» edip Stiwene tarap seretdi we nirede bolsa-da, bir ýerde gadymy maýýalardan galan hemmesem birmeňzeş on iki sany hrustal kelleçanaklaryň bolmalydygy barada gürrüň berdi. ― Şolary ulanmak arkaly maýýalar ýeke bir adamzadyň däl, eýsem külli Älemiň, ondaky jisimleriň, planetalaryň, şol sanda Ýeriňem täleýine seredip, ykballaryny kesgitläp bilýän ekenler ― diýibem sözüni soňlady. ― Egerde eýgerip bolsa, şolar bize-de köp zatlary aýdyňlaşdyrab-a bererdi. Ýene-de şol, bibliograf ýaşuly «hyk-çoh» edip ýerinden galdy-da, ýitipmi ýa ýitirilipmi, garaz, şol kelleçanaklaryň häzir birinden öňňesiniň ýokdugyny, ol biriniňem düýn-öňňine çenli, ýagny, tä, jan teslim edýänçä Kubanyň komendanty Fidel Kastronyň şahsy emläginde bolandygyny aýtdy. ― Elbetde, şular ýaly dünýä dahylly iş üçin gerek diýsek, ony bize komendantyň ornuna geçen inisi Raul Kastro berer, öz eli bilen getiribem gider, emma ol kelleçanaklar ýekelikde iş bitirip bilmeýärler. ― Bibliograf ýaşuly daş-töweregine seredip, dabaraly gürledi. ― Ýöne, ol komendantyň özün-ä gaty berk gorapdyr. Alty ýüz gezekdenem gowrak edilen kastlardan baş esen, bagry bitin alyp çykypdyr. Agzan zatlarynyň düýbi boş çykyp duransoň, Stiwen garaçyny bilen kejikdi. ― Edil, kimdir biri şu zatlaryň boljagyny bilip syrly, gadymy ylymlaryň ýalagyny suwdan çaýyp giden ýaly bolup dur. Onuň bu näsaz keýpi hemmelere-de geçdi. Birbada hiç kimden ses çykmady. Başky tekliplerini ýatlamak üçin bolsa gerek, dindarlar gozganjyraşyp ugradylaram welin, yzky hatarlaryň birinde oturan, kellesi şyr-takyr, orta boýly, garny pökgüje, ak köýneginiň ýakasy ýalpyldap duran, gyzyl galstukly, iňňeden çykma owadan gök kostýumly, altmyş ýaşlaryndaky bir kişi elini galdyrdy-da, Stiweniň idin bererine-de garaşman, münbere tarap tigirlenip gaýtdy. ― Rus alymy Filozow. Fizik. Ylymlaryň doktory. Akademik. Nobel baýragynyň laureaty ― diýip, entek münbere-de ýetmänkä, Stiwen topar agzalaryny onuň bilen tanyşdyrdy. Filozow münberiň aňyrsyna geçişi ýaly «ýalt» edip, Stiwene seretdi. ― Esasy meselä geçmezden öň, men bir bäş-üç agyz giriş sözüni aýtjak bolýan, hormatly başlyk. Stiwen oturan ýerinde duluklaryny titredip «gübür-gübür» etdi. ― Aýdyberiň... Filozow indi köpçülige ýüzlendi. ― Şu bolup duran heläkçilikler külli adamzadyň başyndan inen musallatmy ýa Ýeriň? Ýa ikisiniňemmi? Öňürti ine şuny aýyl-saýyl etmek gerek. ― Alym sag eliniň süýem barmagyny çommaltdy. ― Öňi bilenem goja zeminden başlalyň. Bilşiňiz ýaly, biziň bu ene topragymyz öňem telim gezek şular ýaly, belki mundan-da beterräk, dürli heläkçilikleri başyndan geçiripdir. Mysal üçin, gadymy maýýalaryň galdyryp giden ýazuw ýadygärliklerinden mälim bolşuna görä, ir döwür, ýa-ha içinden, ýa-da daşyndan güýçli bir urga sezewar bolupdyr-da, Ýer özüniň hem, öz okunyň, hem Aýyň, Günüň daşyndan aýlanyş tizligini üýtgedipdir. Netijede, bir gije-gündiziň dowamlylygy otuz alty sagat bolanlygyndan ýigrimi dört sagada, bir ýylyň uzaklygy bolsa, sekiz ýüz kyrk gün bolanlygyndan üç ýüz altmyş bäş güne çenli azalypdyr. ― Filozow gurak-gurak ýuwdundy. ― Hiç hili hadysa uçramaýanda-da, tebigatdaky ähli zatlaryň üýtgäp durýandyklaryny özüňiz ýagşy bilýäňiz. Ýer hem şonuň ýaly. Wagty ýetende onuň ol egninden bu egnine, bu egninden ol egnine öwrülýändiginem, polýuslarynyň öz orunlaryny çalyşýandygynam bilýäňiz. Her biri biziň müňýyllyklarymyza barabar kosmiki aýlaryň, ýyllaryň, günleriň, pasyllaryň, her paslyň özüne mahsus howasynyň bardygynam, her çalşykda tutuş älem-jahanyň lerzana gelýändigindenem habaryňyz bar... ― Alym gözlerini ýumup, çep eliniň aýasy bilen maňlaýyny tutdy. ― Ýadymda barka aýdaýyn: şu zatlaryň üstesine Gün Hudaýy Geliosyň ogly Faetonyň başarmajak işine baş goşup, Günüň jylawyny atasynyň elinden alandygy we Güni öz okundan sypdyryp, asmany kül-peýekun edendigi, Ýeri bolsa ýakyp-ýandyrandygy baradaky rowaýaty hem goşmak bolar. ― Filozow ýene-de Stiwene ýüzlendi. ― Her elli million ýyldan bir gezek, tutuş Gün sistemasynyň biziň galaktikamyzyň içinden parran geçip gidýändigi welin, hemmäňize mälim bolşy ýaly, rowaýatam däl, ertekem däl-de, hakyt ylmy hakykat. Ine, büý-ä hormatly başlyk, ýaňky aýdyşym ýaly giriş sözüm... Ýagny, «mus-musum...» Indi bolsa, rugsat berseňiz «mustapama» geçmekçi. Stiwen hemmeleri haýran galdyryp, ýylgyrdy. ― Baş üstüne, baş üstüne... Buýruň!.. ― Diýjek bolýan zadym: şu bolup duran hadysalar, ýaňky meniň sanap geçen zatlarymyň islendigi bilen bagly bolup biler. Çünki, birinjiden-ä bu uç gyraksyz asmanyň içindäki barça zatlaryň barysy bir göwre, bir ten, bir jan hasap edilýär. «Bir sygryň şahyna ursaň, müň sygryň endamy syzlar» diýlişi ýaly, şonça barlyklaryň biriniň başyna düşen iş, beýlekileriňkidenem sowa geçmeýär. Ýagny, şu ýerde bir büräniň aşgazany agyrsa, şonuň yzasyny iň bir alysdaky galaktikalarda ýaşap ýören jandarlaram duýýarlar. Ikinjiden bolsa, külli jahan içre bar zat hereketde. Bir duran ýerinde durýan, üýtgewsiz zat ýok. Iň bärkisi gadymy müneçjimleriň galdyryp giden asman kartalaryna seretseň, şol ýerde görkezilen ýyldyzlaryň käbirleri öz orunlarynda ýok. Boş goýlup gidilen ýerlerde bolsa haýsydyr bir ýyldyz «lowurdap» dur... Indi-i-i!.. ― Sapagyna gyzan mugallym ýaly, Filozow ýumruklaryny düwüp, iki ýana ýaýkanjyrady. ― Egerde-e... Egerde ýaňky agzalan syrly kitaplary, kelleçanaklary tapyp, şolar arkaly bolup duran hadysalaryň, ýaňky meniň sanap geçen zatlarymyň, haýsam bolsa biri bilen badaşýandyklaryny takyk kesgitläp biläýenimizde-de olaryň garşysyna çäre tapyp, adamzady halas edip bilerismi? ― Filozow «tarp» etdirip bir aýagyny ýere urdy. ― Ýok!.. Bilmeris!.. Näme üçin? Sebäbi ol tebigat! Biz şu çaka çenli: «Tebigaty boýun egdirýäs, ony jylawlaýas...» diýip, geldik. Şeýdibem ýalňyşdyk. Hiý, adamam bir öz atasyny boýun egdirip, enesini jylawlap bilermi? Bilmez! Şonuň üçinem, men, şu günki gözümiziň öňünde bolup duran hadysalar Ýeriň öz içki ýa daşky özgertmeleri bilenem, kosmosdaky üýtgeşmeler bilenem, umuman, tebigatyň fiziki we himiki häsiýetleri bilenem däl-de, eýsem, edil ynsanyňky ýaly beýnisi, ýüregi, öýkeni bar bolan, edil adam ýaly dem alýan dünýäniň, şeýle-de, onuň garnynda «depirjikleşip» ýören adamlaryň ruhy-ahlak gatnaşyklary bilen bagly bolaýmasyn? Şu ýerde biziň özümiziň günämiz bar bolaýmasyn diýip pikir edýärin. ...Zala şeýle bir ümsümlik aralaşdy welin, halasgärler hatda biri-birleriniň ýürek urgularynam eşiden bolsalar gerek... ...Pursatdan peýdalanyp, din wekilleri ýene-de öz başky tekliplerini orta atdylar. Bu gezek olary hemmeler goldadylar. Şondan soň geçmişde bolup geçen we şu günki hadysalara juda meňzeş heläkçilikler baradaky maglumatlary jemläp, kitapça görnüşinde gyssagly suratda çap edip, topar agzalaryna ýaýratmaklygy, ony içgin öwrenilenden soň maslahata goýmaly diýen karara geldiler. Şeýle hem etdiler. Rowaýatlary özünde jemleýän kitapça hä diýmän, halasgärleriň elinde häzir boldy. Onuň gysgajyk mazmuny şeýleräk: «...Agzeki gürrüňleriň üsti bilen şu güne gelip ýetmegine görä, heläkçilikli hadysalar, hatda heýhatyň özi hem geçmişde örän köp gezek gaýtalanypdyr. Ýöne, şolaryň Nuhuň tupanyndan öňňesini adamzat ýadyndan çykarypdyr. NUH (INJILDE NOÝ) Bu rowaýatda bir döwür, dürli sebäplere görä ― adamlaryň özünden ýüz öwrendikleri, şeýtanyň alyna gidip, özüniň kada-kanunlaryny bozandyklary, Nuh pygamberi dagy asla hasabam etmändikleri üçin, Hudaýyň olara gazap edendigi, Nuhuň maşgalasyndan we oňa gulak asanlardan öňňesini sil suwuna gark edendigi aýdylýar. HUD Musulmançylygyň mukaddes kitaby bolan Kurany Kerimde beýan edilen heläkçilikli hadysalaryň ýene birem Hud pygamberiň döwrüne degişli bolupdyr. Ol waka Arabystanyň Akraf diýen ýerinde ýaşaýan aditler bilen baglanyşykly. Şol zaman olar örän baý ýaşapdyrlar. Ahyram mesliklerine çydabilmän, hudaýlykly işlerden ýüz öwrüp, her hili azgynçylyklara baş goşup başlapdyrlar. Hud olary tertip-düzgüne çagyrypdyr. «Rysgy Hudaý berýändir. Ol ýüzüni sowsa hor-zar bolarsyňyz» diýipdir. Emma, olar oňa gulak asmandyrlar. «Ol bize zat berenok, ýer sürüşenok, mal bakyşanok, bar zady biz öz gaýratymyz bilen gazandyk...» diýip, gaýtam gaýybanasyndan Hudaýyň özüne-de piçjiň atypdyrlar. «Gel, seňňem garnyňy doýraly» diýşip, asman sary barmaklaryny çommaldypdyrlar. Ýumruklaryny düwşüp, haýbatam atypdyrlar. Hudaý köp geçirimlilik edipdir. Toba gelerlerine, düzelerlerine garaşypdyr. Emma, Ol garaşyk etdigisaýy, adamlaryň azgynçylyklary artypdyr. Hudaý özlerinden gorkýandyr, batyrynyp bilmez öýdüpdirler. Hudaý ýene-de gazaba münüpdir we olary açlyga, her hili keselçiliklere sezewar edipdir. Huddan we onuň ýaranlaryndan öňňesi sanlyja günüň içinde gyrlyp gutarypdyrlar. SALYH Şondan soňky heläkçilik aditlerdenem has baý ýaşan we şoňa görä olardanam beter şeýtanylyga ýüz uran samudýanlaryň başyndan inipdir. Hudaý olaryň arasyndan Salyh atly imanly birine ýalawaçlyk derejesini beripdir. Ýöne, samudýanlaram özlerinden öňküleriň ýalňyşlyklaryny gaýtalapdyrlar. Salyha gulak asmandyrlar. Gaýtam, Hudaýyň oňa özünden nyşan hökmünde beren Ak ineriniň aýak damarlaryny kertip, kast bilen öldüripdirler. Şol günüň ertesi samudýanlar asmandan gelýän elhenç zenzeläniň sesine oýanypdyrlar. Gorkudan ýaňa kimsiniň zähresi, kimsiniň ýüregi ýarylypdyr. Käbirleriniň gulaklary gapylsa, birnäçesiniň bäbenekleri hanasyndan çykypdyr-da, «patlap» ýere gaçypdyr, agyzlaryndan, burunlaryndan ik ýaly gan «zogdurylypdyr». Hatda düşeklerinden turman, oýanyp ýetişmän amanadyny berenlerem az bolmandyr. Heläkçilikden diňe Salyh ýaranlary we özüne uýan ýakyn garyndaşlary bilen bilelikde halas bolupdyr. LUT (INJILDE LOT) Lut pygamberiň döwründe, Sodom we Gomorra şäheriniň ýaşaýjylary meslikdenem beter, «syrtpuruşlyk» belasyna uçrapdyrlar. Lutyň eden töwellalary ýer tutmandyr. Hudaý Luta kömek ederi üçin, iki sany perişde iberipdir. Olar Lutuň öýüne myhman düşüpdirler. Emma özleriniň kimdiklerini tanatmandyrlar. Azgynlar Lutdan şol ikisini diläpdirler. Lut: «Ýetişip oturan iki gyzym bar, şolary bereýin, emma myhmanlaryma degmäň» diýipdir. Syrtpuruşlar: «Hä-ä, sen biziň näme isleýändigimizi bilýän dälsiň-ow...» diýşip, onuň myhmanlaryna tarap topulypdyrlar. Lut pygamber «dat» edip, ellerini asmana seripdir. Onsuzam bar zady bilip, görüp oturan Hudaý, myhmanlarynam, maşgala agzalarynam alyp, öýden çykmaklygy hem-de yzyna garaman gaçmaklygy oňa «üm» edipdir we sähelçe salymyň içinde-de syrtpuruşlaryň barysyny duz gatyşykly doňňara daşlara öwrüpdir. Sodom bilen Gomorrany bolsa, ýer bilen ýegsan edipdir. ŞUAÝBA Onuň madýanitlere ýalawaçlyk eden döwründe ýüz beren heläkçilik hem, edil öňküler ýaly, adamlaryň ýagşy günleri göterinibilmän, bet işlere baş goşandyklary, Hudaýdan daş düşüp, şeýtana golaýlaşandyklary sebäpli bolup geçipdir. *** Kitapçanyň şu ýerine halasgärler «Ezraýyl we çopan» baradaky agzeki rowaýaty hem goşdular. 4. ...Rowaýatlary hertaraplaýyn, içgin öwrenenlerinden soň, topar agzalary ony giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin, mejlisler jaýyna ýygnanşdyrlar. Bir güne çeken çekeleşikli çykyşlardan soň, HET, rowaýatlar dogrusynda şeýleräk netije çykardy. a) Geçmişde ýüz beren, we mukaddes dini kitaplarda, şeýle hem rowaýatlarda beýan edilen heläkçilikli hadysalaryň hiç birem ýer ýüzi boýunça, tutuşlaýyn däl-de, bölekleýin, belli-belli taýpalaryň, halklaryň arasynda, aýry-aýry çäklerde bolup geçipdir. b) Şolaryň hemmesem adamlaryň mesligi, gedemligi, Hudaýdan daş düşüp, şeýtana şägirt bolandyklary, ruhy-ahlak taýdan juda pese gaçandygy, Hudaýyň gaharyny getirendikleri zerarly bolup geçipdir. Şol hadysalaryň hemmesem Hudaýyň gazabydyr, dokluk belasynyň açlyk belasyndanam has aýylgançdygynyň aýdyň subutnamasydyr. w) «Ezraýyl we çopan» atly agzeki rowaýatda bolsa, has irki döwürlerde adamlaryň tutuş ýer ýüzi boýunça, onda-da ýeke bir ruhy-ahlak taýdan däl-de, eýsem ylym, tilsimaýy ― tehniki taýdanam has ösüp, Hudaýyň derejesine dalaşandyklary, her hili ýaraglar bilen biri-birlerine heýhatdanam uly howp salandyklary sebäpli, Hudaýyň gazabyna duçar bolandyklary barada beýan edilýär. Şeýtmek bilen Biribaryň olary bütinleý ýok bolup gitmekden halas edendigi, has takygy «arassalaýyş» çäresini geçirendigi ýaňzydylýar. Adamzat aňynyň ýadyna görä, Ýaradan şolar ýaly çäreleri soňam birnäçe gezek gaýtalamaly bolupdyr. Çünki, adamlar hiç haçanam özlerinden öňküleriň goýberen ýalňyşlyklaryny, gazanan günälerini sapak edinmändirler. Gaýtam, geçirilen şol «çäreleriň» Nuhuň tupanyndan öňkülerini ýatlaryndan çykarypdyrlar. ...Adamzadyň şu günem özüniň şol taryhy ýalňyşlyklarynyň nobatdaky, ýene biri bilen ýüzbe-ýüz durana meňzeýär. | |
|
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |