22:11 Dünýäni toba halas eder -5/ dowamy | |
10.
Romanlar
Uçara münüp, Kalkuttadan asmana göterilen halasgärler Tibet daglarynyň eteginde ýerleşen onçakly uly bolmadyk N atly bir şäherjagazyň daşy çöp-çalamdan doly ýönekeýje uçargähinde gondular. Çünki, Tibetli lamalaryň mekanlaryna alyp barýan kötel ýodalar şol ýerden başlanýardy. Gijäni şol şäheriň özleri üçin öňünden ýörite taýýarlanyp goýlan pukaraja myhmanhanasynda dem-dynç alyp geçirenlerinden soň, halasgärler ýerli bazara baryp, ýol üçin gerek bolaýjak zatlardan, hususanda azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan ýüklerini tutdular. Şol ýerde hem, her daýym ikibir-üçbir dagdan düşüp, gerek-ýarak zatlaryny alyp gidýän monah ― lamalara sataşdylar, tanyşdylar. Dalaý ― Lamanyň huzuryna barýandyklaryny aýtdylar. Onçakly uzaga çekmedik özelenmelerden soň olary özlerine ýol belet bolup bermeklige yrdylar. Haýal etmänem ýola düşdüler. Daşlaryndan seredeniňde gartaňrak görünýänem bolsalar, monahlar örän ýeňil gopýardylar. Ýadamaýardylar. Halasgärleriň, hususanda Stiwen ýaly göwresi agyr, etli-ganly adamlaryň kötel ýollara kynlyk bilen dyrmaşyp baryşlaryna, daljygyşlaryna, ejir çekişlerine nebsagyryjylyk bilen seredýärdiler. Sähelçe säginselerem, ylgap baryp olara goltgy berýärdiler, söýget bolýardylar. Düşelgelerde olaryň, ganan, sypjyrylan ýerlerine derman çalyp, daňyp berýärdiler. Özleri welin, ýatmaýardylaram, ibaly iýibem içmeýärdiler. Ýoluň agyrlygyndanam, asla hiç zatdanam zeýrenmeýärdiler. Bilesigelijilik etmeýärdiler. Iň bärkisi özleriniň yzlaryna düşürip alyp gidip barýan adamlarynyň kimdikleri, näme maksat bilen barýandyklary bilenem gyzyklanmaýardylar. Howply-hatarly, inçejik ýodajyklardan, kert gaýaly uçutlardan geçenlerinde aşyrymlardan aşanlarynda hem tobaçylara uly höwes bilen hemaýat berýärdiler. Başda özlerini birneme tutuksyrak alyp barýanam bolsalar, kem-kemden öwrenişe-öwrenişe soňabaka ýüzlerem açylyşdy. Kynçyklykly dag ýodalarynyň gerdişini tobaçylaryň hersi birhili başdan geçirdi. Ýaşlar özlerini merdemsi alyp bardylar. Hudožnik Teodor Teo öýüne baransoň, ýagly reňk bilen kendir matanyň ýüzüne geçirmek üçin, duş gelýän ajaýyp dag manzarlaryny aýak aldygyna galam bilen kagyza çyzyşdyrýar. Surata alýar. Alym Filozow ýola başlaly bäri saç-sakgaly ösgün, hortap, gözleri ýumjuklap duran bir kişi bilen dynuwsyz jedelleşip gelýär. Hatda düşelgelerde-de eňegi dynanok. Ol kişi welin, käte bir başyny ýaýkaýar-da, sesini çykarman oňaýýar. Umuman, erewde-berewlik. Ber-başagaýlyk. Her kim özleri üçin adaty bolmadyk bu ýoluň basymrak tamamlanmagyny isleýär. ...Güzaply ýoluň dördünji güni, tobaçylaryň çat maňlaýlaryndan çykan belent dagyň çür başynda, lamalaryň meşhur monastyrlary elesläp göründi. Tobaçylar uludan, sowuk demlerini aldylar. ...Öňlerinden birgeňsi ýylgyryşyp çykan monahlaryňam uly-kiçi, barysynyň örän sagdyn görünýändikleri, tobaçylary ýene bir gezek geň galdyrdy. Olaryň dek oturany ýa işsiz durany ýok. Juda bolmasa maşk edýärler, elleriniň üstünde durup dik-başak ýöreýärler, zyňlyp-zyňlyp aşyr atýarlar, ýumak ýaly düýrülýärler-de, esli ýere çenli ýumalanyp gidýärler. Käbirleri bolsa aýbogdaşlaryny gurapdyrlar-da, gözlerinem ýumup, iki aýalarynam jüpläp ujuny eňeklerine diräp, sessiz-üýnsiz otyrlar. Daş-töwereklerine ýaltaklaşyp duran tobaçylary monastyra gelen täze monahlardyr öýden bir goja lama agzyny aňkarylyp duran Stiweniň gulagyna golaýlatdy-da, ýuwaşlyk bilen: ― Ilki gelenlerinde şularam siziň ýalydylar. Entegräkden sizem şular ýaly bolarsyňyz... ― diýdi. ― Süňkleriňiz dagy edil sakgyç deý süýner durar. Eltilen gonakhanalarynda iýip-içip, dem-dynç alyp oturan wagtlary, girip-çykyp, özlerine hyzmat edip ýören ýaş monahlardan alan üzlem-saplam maglumatlaryna görä, buddaçylaryň eşikleri iki müň bäş ýüz ýyl bäri, ýagny, Buddanyň öz ýaşan döwründe geýendäkisinden sähelçe-de üýtgemändir. Şeýle hem olar öz eşiklerini bedenleriniň bir bölegi hasaplaýarlar, hatda ýatan wagtlaram ony özlerinden gaty bir daşda goýmaýarlar. Ýamasy on birden geçýänçä ony täzelemegem bolmaýarmyşyn. Aýaklaryna sandal geýişleri möwsümleýin. Elbetde, tibetliler, tibetli lamalar, olaryň syrly durmuşlary, özlerini alyp baryşlary, galyberse-de tibet medisinasy barada ýazylmadyk zadam ýok, alymlaryň arasynda o zatlary bilmeýänem ýok. Ýöne, «eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, olar barada tobaçylaryň bildiklerisaýy ýene-de bilesleri gelýär. Her niçik hem bolsa ýadawlyk bar zatdan üstün çykdy. 11. Iki ýaşyndaka tibetli monahlaryň gözleg topary tarapyndan gözlenip tapylan we on üçünji Dalaý Lama Thupto Gýasonyň reorkornasiýasy, ýagny, onuň ruhunyň bu dünýä gaýtadan inip, täze giren teni hökmünde ykrar edilen häzirki Dalaý Lama, 1936-njy ýylyň 6-njy iýulynda Hytaýyň Ando welaýatyna degişli Tibetiň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Takser şäherinde dogulýar. 1959-njy ýylda Hytaý Tibeti basyp alandan soň, ol gaçyp Hindistana barýar we şol ýerde özüniň dini wagyz-nesihat hem-de aň-bilim babatda işlerini dowam etdirýär. Şol zatlaryň netijesinde, hususan-da, günbataryň goldamagy bilen, ol Tibetiň uly awtonomiýa gazanmagyny başarýar hem-de dogduk mekanyna dolanyp gelýär. Tibetli buddaçylar Dalaý Lamalaryň hemmesini, Tibetiň penakäri ― Dwalataşwali Botkisatwiniň ömrüni öz ömürlerinde dowam etdirijiler hasaplaýarlar. Şeýlelikde, tobaçylar bilen duşuşmaly Dalaý Lama, tertip boýunça on dördünjidir we parahatçylyk boýunça Halkara Nobel baýragynyň eýesidir. *** Tobaçylar Dalaý Lamanyň huzuryna Stiwen başlyklaýyn ýedi adam bolup barmaklaryny müwessa bildiler we bu barada hyzmatkärlere mälim etdiler. Olar bolsa, Dalaý Lamanyň ähli myhmanlary bilelikde kabul etmekçidigini aýtdylar. ...Dalaý Lamanyň egin-eşikleriniňem, özüni alyp barşynyňam, ýönekeý lamalardan gaty bir tapawutlanyp barmaýandygy tobaçylarda oňa bolan guwanç duýgularyny döretdi. ― Siz dogry ýola düşdüňiz... ― diýip, salamlaşykdan, hal-ahwal soralyşykdan soň, Dalaý Lama aýtdy. ― Indi işiňiz ugrugar. Asyl ugrugyberenem ýaly. Kitaply meseläňizem ýadymda. Şeýle kitap bizde bar. Ýöne, ol indi size gerek bolmaz. Siz ony gaýybana okadyňyz. «Ümüne» düşündiňiz, «üýnüni» aňladyňyz. Salgysyny aldyňyz. ― Ol myhmanlarynam alyp daş çykdy. Olary monastyryň öňündäki onçakly uly bolmadyk meýdança eltdi. Bir goluny ýapy ýaly bolup duran Stiweniň äpet egnine atyp, beýleki elini örän alyslarda görünýän, üsti garly gyýçak-gyýçak gerişleri Gün bilen çaknyşyp duran beýik daga tarap uzatdy. ― Honha, siziň işiňiziň, meniň sözümiň jemi, ana, şol ýerde. Adamzadyň humara goýlan ykbalynyň haýsy tarapa agjakdygam siziň şol ýerde gazanjak netijäňize bagly. Oňa «Haraý dagy» diýerler. Her kim Barhudadan haraý islese şol ýere barar. Näderini bolsa onuň özi biler... ― Dalaý Lama bir dem sözüne dyngy berdi. ― Ol ýerde ýeke bir Hak bilen däl, eýsem şu dünýä bilen ugurdaş we gaýry dünýäler bilenem aragatnaşyga girip bolýan asman derwezesi bar. Siziň tobaňyzam şol ylahy derwezäniň üstünden geçip gitmeli. Baryň, egerde tobaňyz kabul bolsa, halk heýhatdan halas bolar. Bolmasa, zamana ahyr bolar. «Ezraýyl we çopan» atly rowaýatdaky waka adamzadyň başyna geler. Imanlylar galar, bar zat ýene-de täzeden başlanar. Ýöne, ýagşy umytda bolalyň... Goý, siziň bu taryhy we ylahy missiýaňyz ýerine düşsün... Ýene bir aýtjak zadym: ýanyňyza hiç hili tehnika almaň. Jübi telefonlaryňyzy, hatda goşar sagatlaryňyza çenli şu ýerde goýup gidiň. Dalaý Lamanyň dört sany ýolbelet, şeýle hem ak pata bermegi bilen, tobaçylar ýola düşdüler. Ýöne, olar entek monastyryň guşlukdan düşýän uzyn kölegesinden saýlanybam ýetişmänkäler, geň-taň bir wakanyň şaýady boldular. Myhmanlara göz etjek boldularmy ýa özleriniň gündelik edip ýören adaty bir işlerimi, belli däl, üstünde monastyr ýerleşen berk gaýanyň düýbündäki, gabarasy orta tap ýük maşynynyňkydan pes bolmadyk, dört gyraňly, gapdallary yhlas bilen sünnälenen, ak mermer daşyň daşyny gallaşyp duran dört sany ýaş lama, pessaý hem hoş owaz bilen aýdym aýtmaga başladylar. Aýdymyň hörpi güýçlendigisaýam, hiç ýerden asgynjagynyň, direginiň ýokdugyna garamazdan, daş duran ýerinde gozganjyrady-da, birdenem usullyk bilen göterildi. Barybam monastyryň kölegesinde duran özi ýaly owadan, ak daşlaryň gapdalyna emaý bilen gondy. Ençeme harajat çykaryp, ägirt uly tehnikanyň güýji bilen, nijembir müň tonnalyk arş gämilerini älemiň dürli künçlerine ýollap ýören alymlar bu hadysa şeýle bir geň galdylar welin, duran ýerlerinde agyzlaryna uçuk gaýnanynam, düýşümdir öýdüp, kä özleriniň, kä ýalňyşyp biri-birleriniň butlaryndan burup-burup alanlaram boldy. ...Aýdymyň täzeden başlanmagy bilen, sünnälenip goýlan daşlaryň ýene biri howada hallan atyp ugrady. 12. ...Gyralary ter öleňli, içi sowuk hem dury suwly çeşmeleriň üstünden, balasyny beladan goraýan ene bürgüt deý, şol çeşmeler üzre, müň dürli dillerde saýraşýan guşlardan doly şahalaryny ýaýyp oturan mähnet daragtlaryň astyndan, her öwrüminde yzy ekiz owlakly dag jerenleri, godolakly gulanlar otlaşyp ýören sapaly jülgeleriň, ene saýlaryň içinden geçip, ýagdaýlarynyň ýetdigine, gurplarynyň çatdygyna görä peslikde ylgaşyp, beýikde ýortup, Dalaý Lamanyň pendi esasynda özlerini behişt içre gadam urup barýan tobaçylar tä, arz jaýyna golaýlaşýançalar, özlerinde hiç hili ýadawlyk duýmadylar. Owalebetde özlerine Biribaryň bagyş eden jana tenekar arassa hem tämiz dünýäsini nämelere çalşandyklaryny welin duýdular. Hamala diýersiň Hudaýyň huzuryna ýelden ýasalan ýeldaýy ýol bilen barýan ýaly, şondan soň olar Haraý dagynyň garly gerişlerini nazarlap, öňkülerindenem has ýeňillik bilen ýeldirilip ugradylar. ...Ine-de, Haraý dagynyň çür başy. Dünýäniň iň tämiz ýeri. Adam zerarly zaýalanan dünýäniň zaýalanman galan ýalňyz bir çüňki. Ol ýerde gelip-gidýän zyýaratçylar üçin, ökde bir ussa tarapyndan ýörite ýasalan ýaly, üstüne ýylçyr gara daş düşelen, uly bolmadyk meýdança bar ekeni. Ýolbelet bolup gelen lamalar tobaçylara gelmeli ýerlerine gelendiklerini, az-kem dynç alanlaryndan, garbak-gurbak edenlerinden soň, mynajata başlabermelidiklerini aýtdylar. Nämeler etmelidiklerini öwretdiler. Düşündirdiler. Tobaçylaryň welin, dem-dynç alara, garbak-gurbak edere wagt sarp edesleri gelmedi. Şonuň üçinem, edil biri buýruk beren ýaly, barysy birden ýüwrüp baryp, meýdançanyň ortarasyna üýşdüler we ellerini göge serip, hersi öz dillerinde: ― Eý, Alla-ah!.. ― Ýa, Hudo-o!.. ― O, Bo-ože-e!.. ― O, Go-ospo-di-i!.. ― O, Go-ot!.. ― O, Ýeho-owa!.. ― diýşip, gygyryşdylar. Şol sözi olar birnäçe gezek gaýtaladylar. Durup-durup diňşirgenişdiler. Alamata garaşdylar. Emma ne ýerden, ne gökden, hiç hili ses-üýn eşidilmedi. Üýtgeşme, hereket bolmady. Şol wagt başdan-aýak HET-iň döredilmegi bilenem, onuň alyp barýan işi bilenem ylalaşman, gidibem bilmän, degerli çykyşlaram etmän, diňe diýlen zatlara söz tapyp, iňirdäp ýören, şu ýere-de «yňňy-çyňňy» bilen zordan gelen gözi tegelek gara äýnekli, jüýk burun, çokga sakgally, çöpe-jan bitdi, jahyldygyna garamazdan, garrylardanam kän ejiz görünýän biri öňküje edähedine eýerip ilk-ä «hoňňul-hoňňul» etdi, soňam kim-kimleriň gepi bilen şu güne düşüp ýörendikleri üçin topar agzalarynyň barysyna degişli edip erbet sögündi. Yzyndanam Stiweniň alkymyna dykylyp häziriň özünde yza gaýtmak barada buýruk bermegini talap etdi. Oňa özi ýalylardan ýene-de bäş-üç adam goşuldy. Ýöne, Stiwen şol aralykda-da özüni ýitirmedi. Çalarak eglibräge-de, talapkäriň kelte-kirpikli, hamçyk gözleriniň içine seredip durşuna, hemmeler eşider ýaly edip: ― Heýhat hakykatdan-da gopup, tä, hemmämiziň ýeňsämizden südenekledip, Magşar meýdanyna sary sürrekledilip äkidilýänçäk, özümize tabşyrylan şu mukaddes işi dowam etdirmeklik biziň borjumyzdyr ― diýdi. ― Ýöne, ýeke siz däl, başga-da kimiň gidesi gelse gidibersin... ...Ol sözüni soňlap-soňlamanka-da, tobaçylaryň aýaklarynyň aşagy bilener-bilinmez elenip gitdi. Toýda taý tapylmadyk pälwan ýaly eginlerini terezilendirip oturan şöhleli daglaram daş-töwereklerine söýünçli garap, buýsanç bilen ýaýkanjyraşan ýaly boldular. Stiweniň soňky sözünden billerine kuwwat gelen dek söm-saýak bolşup duran tobaçylar duran-duran ýerlerinden ýene-de meýdançanyň ortasyna okduryldylar. Lapykeçlik bilen özlerini gara daşyň üstüne taşlan «tersçilerem» ýagdaýyň üýtgänini aňdylar-da, «hasanaklaşyp» ýerlerinden galdylar we baryp beýlekilerden öňürti ellerini asmana serdiler. ...Ýene-de şol bir hereketler gaýtalandy. ...Ýene-de şol bir sözler aýdyldy. Şondan soň welin asman gümmezi yraň atan ýaly boldy. Şondan soň tobaçylar tutuş bir göwrä öwrüldiler-de: ― Arz!.. Arz!.. Arz!.. ― diýşip, öňkülerindenem has batly gygyryşdylar. Ýüzünde ýekeje übtük ak buludyňam ýokdugyna garamazdan, şol dem dünýe-älemi sarsdyryp gök «gübürdedi». Maşrykdan «wazyrdap» çykan sary ýyldyrymyň ujy asmanyň ýüzünden «şowurdap» geçdi-de, zeminiň magrup çüňküne «güzürdäp» sanjyldy. Onuň sudury ýitip-ýitmänkä-de, gök gümmeziň depesinde öwşün öwsüp görnen tozli ýaýyň «zarňyldap» duran dinlerinden dökülýän ylahy mähir hem muhabbet duýgularynyň ilkinji zerreleri öz günäleri bilen goja zemini çoh-çoh jebir-jepalara sezewar eden bendeleriň depelerinden sepelenmäge, gaýmalaklaşmaga başladylar. Olaryň käbir tozgajyklary gelip, henizem asmana ellerini serşip duran tobaçylaryň ýüz-gözlerine gonsa, käbirleri gelşi ýaly olaryň ýüreklerine siňdi, kalplaryna doldy. Dünýälerini giňeltdi. Beýnilerine arassa, täze bir ruhuň ilkinji öwüşginlerini çaýdy. Üýnlerine ― üýn, aňlaryna ― aň goşdy. Tobaçylaryň hemmesi şol dem edil Sebzepoş bilen hoşlaşyk pursat özlerinde dörän ýakymly duýgyny indi ikinji gezek, ýöne, ondanam has hoşnut görnüşde başlaryndan geçirdiler. Arzlaryny diňlemek üçin, Biribaryň özleri bilen hakykatdanda aragatnaşyga girendigine, şondan soň tobaçylaryň göwünlerinde güman galmady. Şonuň üçinem, «hasyr-husur» dyzlaryna çökdüler-de, ellerini ýene-de göge serdiler. ― Haraý!.. Haraý!.. Haraý!.. Gök edil gök gumry ýaly «gummur-gummur» etdi. Howa usullyk bilen tolkun atdy. Mymyjak şemal öwüsdi. Tobaçylar indi ellerini ýakalaryna ýetirdiler. ― Toba!.. Toba!.. Toba!.. Bu sözi ençeme gezek gaýtalanlaryndan soň, tobaçylar özleriniň we özlerinden öňküleriň tehniki tilsimaty taýdan eden öte geçmeleri üçin ötünç soradylar. Gazanan günäleriň geçilmegini, ýazyklarynyň ýulunmagyny, adamzadyň başyndan heýhatyň sag-aman sowulmagyny dileg etdiler. Ýalbardylar. Soň maňlaýlaryny ýere goýup, esli wagt tükge düşüp ýatyşlaryna, öňki aýdanlaryny içlerindenem üç gezek gaýtaladylar. Arzlarynyň kabul bolandygyny ýa bolmandygyny bilmek üçin, esli wagtlap böwürlerini diňläp ýatdylar. Yşarata, alamata garaşdylar. Bu gezekki yşarat öňküleriň dagy çeni-çaky bolmady. Ýagny, meýdançanyň ýylçyr gara daşlary, tobaçylaryň gözleriniň öňünde agardy. Bu ahwalata tobaçylar öz tobalarynyň Hak dergähinde kabul boldugy, ýazyklarynyň ýulundygy, günäleriniň geçildigi, adamzadyň başyndan heýhatyň sowuldygy diýip, düşündiler. Edil şol wagtam olaryň gulaklaryna asmandan uçup barýan uly bir guş sürüsiniň ilk-ä «şyg-şyg» edýän ganat sesleri, soňam «jürrülde-jürrül» boluşýan saýrak owazlary eşidildi. Sähelçe wagtdanam ol sesler daşlaşdy-da, göze görünmeýän guş sesleriniň täze bir tapgyry peýda boldy. Soň ýene... Ýene we ýene... Has geň ýerem, adaty guşlar ýaly olaryň hemmesiniňem ýüzleri bir ugra däl-de, dürli yklymlara tarapdy. ...Mähir gatyşykly ylahy söýgi bolsa, maýdagöz elekden geçen ak un kimin, ýap-ýaňyja ýulunan adamzady gerdeninde göterip duran zemin üzre şo-ol, sepelenip du-ur, sepelenip du-ur... du-ur... Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |