20:53 Dünýäni toba halas eder -2/ dowamy | |
6.
Romanlar
Şol arzyly pursat gelip ýetýänçä, aradan ylaýyk üç ýyl geçdi. Şahyr arzyly poemasynyň suduryny taslap başlady. Ülňüledi. Alkymyndan alyp, bir çetinden girişibermäge az wagt galdy. Emma bolmady. Garrylyk gaýtgyn berdi. Nusgawy şahyrlaryňky dogry bolup çykdy. Göm-gök dyrnaklarynyň her biri aran dek, penjelerinden gan sarkyraşyp duran gaharjaň dünýä, şahyra garrylygyň nämedigini gözüne görkezmek islän ýaly daşyna tor gurup başlady. Ömründe gatyrak gyzdyrybam görmedik Ömruzak birdenkä syrkawlady. Wagty bilenem aýňalmady. Gaýtam gün-günden egbarlady. Ondan aýňalyp ýetişmänkä-de, «Ýekelikde barsak eýgertmez» diýendirler-dä, men-men diýen ýigitlerem güýlüp taşlaýan, ýakasy gaýyşly keseller daşyndan köwejekleşip ugradylar. Öňi bilenem, bir wagtlar obada poçtalýon bolup işlän Ýagmyr aganyň aýaly Olokjan apanyňky ýaly çöwrülip duran çymçyk hem çym-gyzyl gözlerini gymşaýdyp, «gan basma» geldi. Gelşi ýalam şahyryň ýap-ýaňyja ütüklenen akja köýneginiň ýakasyndan towlap tutdy-da, bir silkende omzuna aldy. «Me saňa ömrüň iň ajaýyp pursaty” diýibem, ýeriň ýüzüne «pylçap» bir urdy welin, şahyr bir halta çig et ýaly «hylk» edip ýere düşdi-de, gözlerini petige dikdi ýatyberdi. Üstüne Arzyman bilen Magtym gelmedik bolsady, onda «gan basmanyň» ojagaz oýnunyň nämeler bilen gutarjak ekendigini bilýän ýok. ...Ol şondan üç gün soň, «reanimasiýada» özüne geldi. Üstüne eglip duran ogluna gözi düşendenem aýdan sözi şu boldy: ― Magtym, şu ýeri Moskwamy?.. «Durnaň üstüne urna» diýen ýaly, täze keseliň tärini tapyp ýetişmänkä-de, bildirmän diýen ýaly gapysyndan, her eli bir tokga kirli gantly ― «süýji keseli» girdi. Arkasyndaky goş haltasyny dulda goýşy ýalam, «sen-men» ýok, gelip, göni şahyryň aýagyndan agyz urdy. Saralyp duran, düýbi çüýrük dişleri bilen, «hyrs-hyrs» edip, gözel görüp guwandygy, söýerlerine bakyp söýündigi gara gözleriniň köklerini kertdi. Edil, itme kör etmese-de, gözýetimini gaty golaýlatdy. Daşyny duman aldy. Bir dosty bilen jaňlaşan wagty ýagdaýyny aýdyp zeýrendi welin, o-da göwünlik berenden geçen, gaýtam begenýän ýaly ozaldanam «şaňňy» sesine bat berip: ― Hudaý her kimiň günäsine görä dert berýändir... ― diýdi. Muny Ömruzak bar zatdanam beter gaty gördi. Bolsa-da, dadyna Arzyman ýetişdi. ― Dostuň ýalan aýdypdyr. Hudaý derdi özüniň gowy görýän bendelerine berýändir. Synaga salýandyr. Ine, görersiň, bu zatlaryň barysy gowulyk bilen gutarar, aýagyňam, gözüňem gutular ― diýdi. Arzymanyň şol diýenleri hakykatdanam boldy. Ýöne, oňa çenli Hudaý şahyry başga-da köp-köp synaglara saldy. Şolaryň arasy bilen «çigin agyrynyň» beren azary Ömruzak üçin «gan basma» bilen «süýjüniňkidenem» beter boldy. Şol döwür ol «itenek-çomalak» öňküje edýänje işlerinem edip bilmedi. Çünki, agyrysyna çydar ýaly däl. Beýleki ikis-ä agyrysyz-ünjüsiz etjeklerini edişip ýörler welin, munuň ne gije, ne gündiz «sorkuldysy» ýatanok. Işläp otyrka halys ýüregine düşen wagty agyryly goluny bir stoluň aşagyna sokýa, bir üstüne çykarýa, bir oturýa, bir turýa, ahyram halynyň üstünde arkan ýatýar-da, iki ýana çabalanyp başlaýar. Kebzeleriniň üstündäki oklaw ýaly damarlar şonda ony «tarpyldadyp» «hä» eýläk, «hä» beýläk zyňýar. Bu onuň iň gowy emeli. Iň gowy emi. Çünki, Magtymyň internetden alan jogaplarynda-da, Orsýediň telekanallarynda çykyş edýän wraçlaryň salgy bermeklerine görä-de, şol kesele şondan başga derman, çäre ýokmuşyn. Diňe hereket. Diňe maşk. Ýogsam oňa Magtymyňam etmedik emi galmady. Hamyra tenekar garyp ýapgam etdi, ak kerosine «düşürip» üstüni basyrybam gördi, bolmady. Göwni bir ýaly. Hereket welin hakykatdanam peýda etdi. Şol keseliň esasy häsiýeti şundan ybarat: ýagny, uzynly günem-ä köşeşýän wagty ýokdur welin, niçikmi, ýeriňe geçip ýatmaga hyýallandyňmy, o-da «sorkuldap» başlar. Dik otursaň ýene ýagşy, dik dursaň ondanam ganymat. Ýöreseň has gowy. Her niçik hem bolsa ondanam, «süýjiniň» aýagyna salan ýarasyndanam berhizi berk tutmak, şeýle hem Arzyman bilen Magtymyň irginsiz aladalary arkaly, Ömruzak sag-salamat gutuldy. Ondan soň endamyna ören «gijilewük» şahyra ylaýyk iki ýyl ýan ýoldaş boldy. Onuň ýanynda çigin agyrysyny dagy toýlaýmaly ekeni. Netije, ne gündiz ýatuw ýok, ne gije. Iň ýamanam ýüregedüşgünç, sähelçe ýöwselleseň akylyňy üýtgedip, huşuňdan aýraýasy gelip dur. Ömruzak şonda öz ýanyndan: «birine gargajak bolsaň ― hern-ä endamyňa gijilewük çyksyn diýýämeli ekeni» diýen kesgitlemejigem döretdi. Orslaryň: «Боль не может вечно продолжатся или, или…» diýişleri ýaly Ömruzak ondanam sypdy. Elbetde, ökde-ökde hekimleriň kömegi bilen. Şondan soň ol ýene-de «gan basmadyr», «süýji» bilen ýüzbe-ýüz galdy. Hekimleriň aýtmaklaryna görä çigin agyram, gijilewügem şol ikisiniň turzup ýören topolaňlary ekeni. Göz meselesinde welin olar şahyra eglişik etmediler. ...Göz keselleri institutynda ýyl ýarym dürli bejergiler aldy. Bolmady. «Bizlik iş gutardy, agam, daşary ýurtlaryň birine gidäýmeseň...» diýdiler. Daşary ýurda goýberilmejekdigine, goýberiläýende-de maddy ýagdaýynyň çatmajakdygyna gözi ýetip duransoň, Ömruzak olardan: «Haýsy ýurda gitmeli, näçeräk harjy gerek bor...» diýip sorajagam bolmady. ...Iki ýyl geçenden soň: «Näme bolsamam şu ýerde bolaýyn» diýen niýet bilen, öz ugrundan iň ökde doktorlaryň birine gözüni operasiýa etdirdi. Netije bermedi. Görüşi gyl ýatymam üýtgemedi. «Süýjiniň» içýakgyç «jykyr-jykyr» gülküsi gulagyna gelendenem, Ömruzak «süýji hanyň» jany sag bolsa gözüne puluňam, ýurduňam peýda etmejekdigine düşündi. Bu zatlaryň hemmesini şahyr Magtymyň öýünde başdan geçirdi. Çünki, ol ejesi, gelni bilen elinjek seretmek üçin, kakasy «ýykylan» güni öz öýüne alyp gidipdi. Goşa keseliň irmän-arman, ýadaman-ýaltanman, agyp-dönüp salýan söweşleri, gurýan darkaşlary Ömruzagy halys ýadatdy. Egbarlatdy. Şonuň üçinem, ol mundan telim ýyl ozal başlan, henizem şol ýerde özüne garaşyp ýatan «Ýaşasyn garrylyk!..» atly poemasyny göz öňüne getirip: «Sag-aman aýak üstüne galdygym, şony «Ýüzüň gursun, garrylyk!..» diýip, düzederin, görkezen şu külpetlerini ýeke-ýeke ýüzüne basaryn diýdi. Şu pikirini ol ömürboýy özüne syrdaş bolup gelen ýan ýoldaşy Arzymana-da aýtdy. Arassa çöl içre ösen çopan gyzy bu gezegem ärine döwletli maslahat berdi. ― Seni arkasyna alyp gidibiljek, men-men diýen ýigitler ýarpy ýaşyňam ýaşabilmän ötüp gitdiler. Hudaýa şükür et. Dert beren Allah dermanynam berer. Demiň gelip dursa bu zatlardan saplanaýmagyňda-da umyt bar. Küpür gepleme, şahyr... ― diýdi. Şeýle ýürekdeşligi, özünden kän-kän akyllydygy üçin, Ömruzak ömründe gör indi näçinji gezekdir, aýalyndan minnetdar boldy. Syrkawçylyk döwri halyny sorap jaň edýän tanyş-bilişleriniň tebipsiräp berýän içýakgyç maslahatlary welin, şahyry halys alyp ýatdy. Olaryň biri: «Hä-ä-ä, şeý diýsene. Biz-ä how oglankak aýagymyza ýara çyksa üstüne siýäýýädik...» diýse, başga biri «Porsurak diýmeseň düýäň siýdigi hasam täsirlidir...» diýdi. «Gözüň haýallan bolsa göz dogtoryna barmaly ekeniň. Juda bolmasa «taýa fun» damdyr. Äýnek al...» diýdi. Iň ýamanam olar üç-dört günden jaň edip, şahyrdan salgy beren emlerini, maslahatlaryny edendigini ýa etmändigini soraýarlar. «Edemok» diýse-de, gaty görýärler. «Aý, bolýa-da, biz-ä häki bir jandurmazlykdan aýdaýdyk. Galanynam özüň bil...» diýşip, «hoňňul-hoňňul» edişýärler. Şonda Ömruzak öz ýanyndan ýene-de bir kesgitleme döretdi. Ýagny, derdiňi hiç kime aýtmaly däl. Meseläňi orta atmaly däl. Mahlasy öňküleriň aýdany: «Başy agyrmaýanyň ýanynda, başym agyrýa» diýme. Çünki, olar ol sözleri saňa nebisleri agyryp däl-de, seniň ornuňda özleri däldiklerine begenmekden ýaňa, ýürek joşgunyna bäs gelip bilmän aýdýarlar. Bu ― adama Hudaýyň ganym duşmany bolan şeýtandan geçen häsiýet. Şonuň üçinem, şahyr el telefonyn-a bir öçürdi, aýaly bilen ogluna-da: «Kim öýe jaň edip meni sorasa: «Öldi, diýiň! Üçi geçdi diýiň, ertir ýedisi, pylan wagtam kykry diýiň», diýip, içiniň ýangynjyna «jibir-jibir» etdi. ...Gepiň gysgasy uzaga çeken syrkawçylyk şahyry halys ýagdaýda usurgatdy. Tapdan düşürdi. Öň käte bir eline galam alyp, iki setirjik çyrşaýan bolsa, indi ondanam galdy. Eýwana çykyp, haçan asmany iň soňky gezek synlaýanyn-a özem ýadyndan çykardy. Öýüň içinde-de eli hümmet hasasyz hereket edip bilmedi. Bar zatdanam beter işsiz-güýçsüz, düşekde bulaşyp ýatyşy ýüregine düşdi. Hasam beýni ýadady. Gorkunç-gorkunç düýşler gördi. ...Bir görseň-ä ikinji jahan urşy döwrümişin-de, nemeslere ýesir düşüp, ejir baryny çekip ýör. Bir görseňem o dünýädemişinde, jemmet giren agzyňdaky kafeniň daş işiginde öňräk öten dostlary bilen piwo içip otyr. Özem: «Beh, bu ýer-ä gowy ekeni-aý» diýip, öwran-öwran gaýtalaýar. Beýlekilerem «ýyrşda-ýyrş». Näme sebäpdendigi belli däl, türmä düşüp, yzyny gaýgy edip, azatlykdan mahrum bolanyna gynanyp ýören gezeklerem bolýar. Gapysyz, penjiresiz, petigi pes, diwarlary galyň, gözedürtme garaňky teýzeminiň içinde çykara yş gözläp urnup çykýan gijelerem az bolanok. Ýöne, has gorkunçlary bar... ...Ine, ol çolaja ýol bilen nirädir bir ýana gidip barýarmyşyn. Tomus. Tüp yssy. Töwerekde janly-jemende ýok. Içgysgynçlyk. Birdenem öňünden çalam-çaş, towlam-towlam bolup ýatan, tikenekli simlerden, dilkaw-dilkaw, gyralary byçkynyň dişi ýaly erez-erez bolup duran mis, alýuminiň galaýy gyýkyndylaryndan we şoňa meňzeş, zibile zyňlan önümçilik gyýkyndylaryndan ybarat ullakan üýşmek çykýar. Sowulypjyk geçäýmeli welin, Ömruzak näme üçindir özüni göni şonuň içine urýar. Urşy ýalam çolaşýar. Sypjak bolup urundygy saýam tikenekler, erezler endamyna beter çümýär. Yzasy baryp bagryna batýar. Gyýçaklar zer-zaw bolan endamyna pile kimin oranandan soň, şahyr özüniň ol beladan sypyp bilmejekdigini özi duýýar we uly ili bilen gygyryp başlaýar. Ýa-ha şolar ýaly-da öz sesine özi oýanýar ýa-da agtyklarynyň biri gelip oýarýar. Şonda ol heziller edinýär, şol zatlaryň düýşi ekendigine begenýär. Käte welin hernäçe gygyrsa-da, özem oýanyp bilenok, turuzýanam ýok. Göwnüne Arzyman ýa Magtym gapdalynda duranam ýaly welin, oýaraýanoklar. Muňa Ömruzak kejikýär. Gahary gelýär. Şolara eşitdirmek üçin has gaty gygyrybam görýär. Bolanok. Göwünleri bir ýaly. Bolmajagyna gözi ýetensoň, öz-özüni oýarmak üçin ilk-ä doga-aýat okaýar, soňam aýaklarynyň barmaklaryny, dabanlaryny gymyldatjak bolup jan edýär. Hernäçe kynam bolsa, bu emel oňa başardýar. Oýanýar. Soň görüp otursa, şo gezekler onuň sesi içinden çykmaýar ekeni. ....Bir gezegem entek täze oba çykmadyk, terslin-oňlyn oturan obalarynyň içinden geçýän, raýyşlaryny hyşadyr-gamyş basan ýabyň raýyşy bilen gidip barýarmyşyn. Birdenem öňünden hatara goýlan, üç-dört sany ullakan gazan çykýar. Ýanlarynda hiç kim ýok. Ýöne, aşagynda ot ýanyp dur. Has gorkunç ýeri «lasyrdap» duran mähnet gazanlaryň içi adam kellelerinden dolumyşyn. Aýlanyp, öwrülip, çümüp-çykyp ýörler. Her gezek ýüze çykanlarynda-da, haraý isleýän ýaly gözlerini petredişip Ömruzagyň ýüzüne naýynjar seredişýärler. Bir zat diýjek bolup agyzlaryny açanlaryndanam, «pakyrda-pukur» bolşup aşak gidýärler... Agyr ahwalatdan oýanmak üçin Ömruzak ýene-de uly ili bilen gygyrmaga başlaýar... Magtymyň ony doktordan-doktora äkidip, eden iň soňky tagallalaram netije bermedi. Sanatoriýalara, şypahanalara äkidere bolsa indi syrkawda gurp ýokdy. Ähli edilmeli emler edilip bolnupdy. Ýaman dert, soňabaka berilýän dermanlar, urulýan sanjymlaram täsir etmelerini goýdular... Şondan soň Ömruzagyň özem ömür tanapynyň syrygyp, toýnakdan geçendigini, ýüzüniň hanjakdygyny duýdy. Has beterem ýadap, ejizledi. Gitmeli ýerine basymrak gidäýenini, barmaly ýerine basymrak baraýanyny kem görmedi. Aşaklyk bilen, çagalaryndan ogrynça ýola garady. Algydaryna garaşdy. Diň saldy. Göwnüne bolmasa, aram-aram nirelerdendir bir ýerlerden, kimdir biri adyny tutup gygyrýan ýalam boluberdi. Şoldur... ― diýip, şolar ýaly-da şahyr ýatan ýerinde gozganjyrady. ― Çagyrýan bolsa şoldur. Ajaldyr. «Beren amanadymy alyp gel» diýip, jan eýesi gyssaýandyr... Özüniň basym azapdan dynjakdygyny duýmakdan ýaňa, şahyryň sary gaçan ýüregini begenç duýgulary gaplap aldy. Algydary welin gara görnenokdy. Ömruzak onuň debse-dähel gelibermeýändigine gynandy. Gahary geldi. Ylgap öňünden çykaýasy, gidip alyp geläýesi geldi. Ahyram şol maksat bilen aýalyna-da, ogluna-da duýdurman ýola düşdi. ...Çykan ýerem dag degreleri boldy. Ulgam-ulgam depeler... Baýyrlyklar... Ömruzak şolaryň üsti bilen gaýdyrylyp barýar. Aşaklaberendenem dabanyny depeleriň depesine diräge-de şeýle bir towusýar welin öňküsindenem has belende göterilýär. Aşgabat dagy ho-ol, yzda galypdyr. Ömürboýy edilip gelnen etsem-goýsamlar, arzuw-hyýallaram şonuň içinde galan bolmaly. Şahyr ümzüginiň nirädigini, nirä barýandygyny aňýar. Ýöne, ol arzyly mekan welin, görnenok. Gaýtam gitdigiçe öňünden çykýan gaýaly-germawly daglaryň sany artýar. Şol aralykda-da ol näme üçindir Bükdüzowy ýatlaýar. Birdenem ol gyzyl ot ýaly «güzürdäp» aşak inýär. «Pel-pelläp» ýere düşýär. Görse öňünde ullakan bir gowagyň agzy garalyp dur. Daşyndan seredeniňde-de eýmenç görünýändigine garamazdan, şahyr hamala hut şony gözläp gelen ýaly, ikirjiňlenmän içine girip gidýär. Hiç ýerinden yş düşmese-de, töre gitdigisaýy gowagyň ýagtylyp barýandygyna şahyr geň galýar. Ony has geň galdyran zat ― gowagyň diwarlary dürli temalardan, şeýle hem gözüň ýagyny alyp barýan açyk, ýiti reňkler bilen çekilen suratlardan doly ekendigini. Olaryň hiç birem meksikaly hudožnikler Sikoýrosyň, Oroskonyň, Riweronyň diwarlara çeken monumental eserlerinden kem däl. Tapawutly ýeri ― gowakdaky suratlaryň gahrymanlary bir ýerde duranoklar. Diwardan düşüp, münüp, elewreşip ýörler. Käte, Ömruzagyň daşyna aýlanýarlar-da, oňa öliň soragyny berýärler. Düşnüksiz dilde biri-birleri bilen, bir zatlar barada jedelleşýärler. Soň ýene-de baryp, öňki-öňki ýerlerinde, bir nokada seredişip durýarlar. Şondan soň olardan ses-üýn çykanok. Birdenem, Ömruzagyň ýöräp barýan dälizi gutarýar-da, ol üç-dört dälize dagy bölünýär. Labirinte düşendigine şahyr diňe şondan soň bilip galýar. Birine girip ýöräp ugraýar welin, o-da birnäçe dälize bölünýär. Soň ýene... Ýene... Başda: «Aý, yzymy taparyn-la...» diýen düşünje bilen gidip oturanam bolsa, soňabaka ony yzyny tapmazlyk gorkusy gaplap alýar. «Bolmanda näme, sen indi öýüňe gaýdyp bararyn öýdýäňmi?» diýen pikir beýnisine dolandanam, ol ýene-de öňe tarap hereket edip ugraýar. Näçe wagtlap ýörändigi belli däl, ahyrynda bir ýerde, bir ölügsije yşyjag-a görünýär. Golaýlaşdygysaýam yşyk ulalýar, güýçlenýär. ...Ine-de çykalga. Ýöne, onuň daş ýüzine nirelerdendir bir ýerden ýüzlük elektrik çyrasynyňka meňzeş, sarymtyl, ölügsije yşyk düşýär. Asman garaňky. Ýüzünde ýekeje ýyldyzam ýok. Aý bardyr, Gün bardyr diýib-ä tama-da edip oturmaly däl. Ömruzagyňam o zatlara akly çatman duranok. Azaply ýurduň jebrinden dynyp, jepasyz menzile gelendigi çyn bolsa, onuň üçin bolany şol. Ýagty düşýän ýerden aňryk, garaňkylyga tarap siňe-siňe seretdi welin, adatdakysyna görä birneme darrak, demir ýoly göründi. «Hä-ä... Şunuň bilen daşaýar ekenler-ow...» ― diýen oý, ýyldyrym çaltlygynda şahyryň aňyna gelip geçdi. Derrewem ol oý soraga öwrüldi. ― Onda näme üçin bu ýere meniň ýeke özüm, onda-da labirintiň içi bilen geldimkäm?» ...Şahyr at toýnaklarynyň sesine tisginip gitdi. Oňa çenlem garaňkylykdan başlary ak telpekli, eginleri ýalpyldap duran, täzeje gyrmyzy donly, gyzyl eňek jahyllar at debsileşip çykdylar. «Haýkyryşyp» biri-birlerine bir zatlar diýişdirdiler. Ömruzagyň olara «Ýigitler, gowagyň içine giräýmäň, ol labirintiň yzyny tapmarsyňyz» diýesi geldi. Emma olar oňa «barmysyňam» diýmediler-de, hälki darajyk demir ýoluň üsti bilen, Hudaý bilsin hanjakdygyna, «jypytdylar» ötägitdiler. Edil şol wagtam Ömruzagyň kalbyna giňlik aralaşdy. Ýüreginde şol garaňky dünýä bolan söýgi döredi. Yzyna bolan küýsegi ýitdi-de, onuň ýerini kaýyllyk tutdy. Şol ýerde galmaga razy boldy. ...Şol dünýäniň öňden özüne tanyş derwezesini, onuň gapdalyndaky «kafeni» tapyp, ol ýerde köne tanyşlary bilen piwe içişmek üçin, özüni garaňkylyga urdy-da, çen bilen, çem gelen tarapa ýöräp ugrady. Bäş-on ädim edendenem öňünde ýympyk şemalyň ugruna ykjap duran ak eşikli, çal göwre, salgym atan ýaly bolýar. Siňe-siňe seredýär welin, ol hakyt Arzymanmyşyn. Ömruzak: «Bu ýerlerde sen näme işläp ýörsüň, Arzyman...» diýip, ondan sorasy gelýär. Ol welin äriniň aýdýan sözlerine ünsem berenok. Şol bir gidişine götinjekläp barýar. Muňa Ömruzak kejigýär. Gahary geljek bolýar. Şonuň üçin ol: Arzyma-an!.. Arzyma-an!.. Arzyma-an!..» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrýar. ...Gözüni açsa Arzyman üstüne eglip dur. Ýüzi ak-tam. Gapdalynda Magtymam bar. Onuňam ýagdaýy ejesiniňkiden gowy däl. Ikisem: «Ýüregimiz-ä ýardyň-la, ýaman gorkuzdyň» diýşip, daşynda «hozanak» bolşup ýörler. ...Şol ahwalatdan soň şahyr üç günläp özüne gelibilmän ýatdy. ...Onuň ýola düşenini söýerlerem, daşkyrak dogan-garyndaşlaram aňdylar. Ikiden-ýekeden gelip hoşlaşdylar. Razylaşdylar. 7. ...Howwa, ömrüniň aglaba bölegini poeziýa bilen darkaş gurap, galan böleginem asmandaky sorag amallaryna seredip geçiren türkmen şahyry Ömruzak Çardaglynyň häzirki ýagdaýy şeýleräk. ...Ýöne, onuň ýatan otagynyň bir burçunda duran ullakan ýasy telewizoryň çanak antenalar arkaly dünýäniň dürli künjeklerinde bolup duran, henize çenli görlüp-eşidilmedik, äpet uly möçberdäki ýangynlar, suw joşgunlary, ýer titremeleri, bir başy asmana ýetýän gaýnaklar, adam pidalary baradaky maglumatlaryndan çen tutsaň-a, Biribar tarapyndan berkarar edilen, adamzady öz garnynda göterip gelen gojaman dünýäniňem ýagdaýy Ömruzagyňkydan ibaly däl ýaly bolup dur. Köne ylymlardan, dini rowaýatlardan habarly adamlar-a muny açyk pyşgyrmasalaram, ýeň astyndan biri-biri bilen edýän «hyşy-wyşy» gürrüňlerinde «ahyrzamananyň nyşanydyr bi...» diýip, düşündirdiler. Halyny soramak üçin ýanyna gelýän adamlaryň üsti bilen, bu gürrüň Ömruzaga-da ýetdi. Hä diýmänem, bu pikiri şol zatlary telewideniýe boýunça teswirleýän žurnalistlerem alyp göterdiler. ...Elbetde, haçanam bolsa bir wagt zamananyň ahyr boljakdygyny, adamzadyň başyndan iru-giç heýhatyň injekdigini bilmeýän-ä ýok bolsa gerek. Çünki, ol ynanç gaty irden bäri gelýär. Kurany Kerimde, Injildir ― Töwratda o zatlar barada giňişleýin maglumatlaram bar. Şoňa görä adamlar telim asyr bäri ― belki, ondan-da uzakdyr, ― özleriniňem düýn-öňňinjigem şol nesillerden bolandyklaryna garamazdan, yzyndaky nesilleri ahyrzamananyň möjekleri hasap edip gelýärler. Nusgawy şahyrlaryň arasynda-da «Bilmenem ýakynmy ahyrzamana...» diýip, ýazmadyg-a ýok. Şu günki adamlaryň ýa oglundan, ýa gyzyndan, juda bolmasa aýalyndan ýa gelninden nalamaýanyna duşmak kyn. Bu zatlar ruhy-ahlak, terbiýe meselesi bilen bagly. Ýöne aňyrdan gelýän dini düşünjä görä heýhaty golaýlaşdyrýan esasy zatlaryň ýene birem ― ylmyň, tehnikanyň, tilsimatyň gazananlaryny adamzadyň özi-de bilmezden özüne garşy ulanylmagy bolmaly. Hut şu meselä degişli bir rowaýaty Ömruzak oglan wagtlary oba adamlaryndan köp eşidipdi. ...Şol rowaýata görä, bir wagtlar Biribar Ezraýyly ýanyna çagyrypdyr-da: «Bar, ýere düş-de, adamlardan habar tutup gel, olar nä derejä ýetipdirler...» diýipdir. O-da adam sypatyna giripdir-de, başga hiç ýere barman, göni çet-çemerleriň birinde goýun bakyp ýören bir sada çopanyň ýanyna baryp, salam-helikden soň, gepiň gerdişine görä diýen ýaly: «Çopan aga, şu wagt Ezraýyl niredekä, bilip bolmazmyka» diýipdir. Çopanam taýagynyň ujy bilen çägäniň ýüzüne tegelek çyzypdyr-da, onam dört bölüpdir. Soňam böleklere siňe-siňe seredip: «Halypa, Ezraýyl häzir ýer togalagynyň dört künjünde-de ýok. Ine, şu çyzyklaryň çatlyşýan nokadam bolsa Ýeriň göbegi, merkezi. Ikimizem şu ýerde durus. Diýmek, Ezraýyl ýa sen, ýa men...» diýipdir-de, eýýämhaçan dagap ugran dowarlaryny dolamak üçin, «kişüwläp» gidiberipdir. Ezraýyl baryp Biribara bu zatlary birin-birin beýan edipdir. Biribar bir meýdan böwrüni diňläp durupdyr-da: «Düşnükli. Olar ýene-de şeýtany ýeňip bilmändirler. Öňki ýalňyşlyklaryny sapak edinmändirler. Ýene-de olaryň tilsimaýy güýji bilen biri-birlerini ýok edip goýbermek howpundan goramaly boldum. Baryň, gidiň-de, meni ýadyndan çykarmadygyndan, Ýere we külli adamzada howp salýan tilsimaty, edrenji ýaraglary ýasamaklyga gatnaşmadyklardan öňňesini ýok ediň...» diýipdir. ...Howwa, adamlar üçin «heýhat» sözi täzelik däl. Ýöne, onuň haçan, haýsy görnüşde gopjakdygyny bilýän ýok. Ony hatda pygamberlerem bilmeýän ekenler. Sahabalary sorasalaram: «Haçan boljakdygyny owal ezelinde şol güni belläniň özi biler...» diýýän ekeni... Emma ine telewizora çykyp, her günki hadysalary teswirläp ýören žurnalistler welin, il-güni, şolar bilen bir hatarda, agyr ýatan Ömruzagam haýran galdyryp, heýhatyň haçanam bolsa bir wagt däl-de, ýene-de ylaýyk iki ýyldan gopjakdygyny aýdyp, bütin dünýä jar çekýärdiler. Ýanyp duran gözlerinden uçgun syçradyşyp, telekameralaryň öňünden iki-baka okkessirme geçip ýörüşlerine öz sözlerini gadymy maýýalaryň senenamalarynyň hut şol agzalan möhletde gutarýandygy bilen delillendirýärdiler. Özlerem, eger-de çyn bolup çykaýsa külli adamzadyň bagtyna boran ýagdyrjak şol aýylganç habary gynanç ýa howsala bilen däl-de, hamala söýünji habarlary bar ýaly agyzlaryny suwjardyşyp, şipde-şip dişleriniň suwuny soruşyp, dillerini «ýalmandyryşyp» uly hyruç hem höwes bilen, ýanjap-ýanjap aýdýardylar. Hä diýmän adamlaryň başyndan injek agyr apaty tutuş iki ýyl öňünden duýduryp ýörendiklerine buýsanmakdan ýaňa «dylym-dylym» edişýärdiler. Petekelerini gaýşardyşyp, tumşuklarynam dik ýokary tutup ýolsuz-ýodasyz ýerlerden, çöp-çalamlygyň içi bilen «idenekleşip» baryşlaryna kä uly, kä kiçiräk harsaňlara büdräp, ýa ýüzin, ýa arkan gaýdanlarynam bilmän galýardylar. Soňabaka olara dürli hünärdäki alymlaram goşuldylar. Tegelek stoluň başyna geçip, bolup duran hadysalar barada pikir alyşdylar. Olar žurnalistler ýaly gygyryp gepleşmeýärdiler. Gorkuly çaklamalar bilen halkyň kalbyna wehim salmaýardylar. Gaýtam olary aljyramazlyga, basga düşüp, üstlerini gorka basdyrmazlyga çagyrýardylar. Halk welin barybir gorkýardy. Hernäçe giňlige saljak bolsa-da, dowla düşýärdi. Özleri ölüp gidenlerinden soňam dünýäniň duraýanyny, ýaşaýşyň dowam ediberäýenini, soňky nesilleriniňem arkaba-arka ýaşaberäýenlerini kem görenokdylar. Halys çäresizdiklerine akyl ýetirenlerindenem soňam: «Öňi-soňy kyýamat gopup, özümizem barybir «ýelem-ýüwlet» boljak bolsak, şunça wagtlap rozygär boldugymyz, ýagty ýalançy bilen hoşlaşyp bir galalyň...» diýýän ýaly, gündizlerine-hä penjirelerini açyşdyryp, ýarpy göwrelerinem daş çykarardylar-da, agşam gök asmany, onuň dünýä nur saçyp duran göwher gülýakasyny, alyslardan-alyslara uzap gidýän gözýetimi, içgin-içgin synlaýardylar, «Belki iň soňky gezegimizdir» diýşip, däridir tüssäniň derdinden ýaňa aňkap duran howadan ýeke bir öýkenlerini däl, eýsem, galanja ömürleriniň soňuna çenli ýeterlik gor edinmekçi bolýan ýaly, garyn boşluklaryna çenli syhnap-syhnap doldurýardylar. Gijelerine bolsa, ýumşaksy gara mahmalyň ýüzüne sepilen balhy, ak tudanalar misli «balkyldaşyp» duran ýyldyzlara, başyna ýukajyk ak öýme oranan, nika ýüzüginiň içinde sülmüräp, özlerine tarap syrly seredip oturan ak eşikli ak gelne meňzeş kümüşsöw Aýyň nurana keşbini, gam-gussa gatyşykly mähir bilen synlaýardylar. Öz ýanlaryndan olar bilen hoşlaşýardylar. *** ...Şol zatlar agyr halda ýatan şahyr Ömruzak Çardaglynyňam ünsünden sowa geçenok. Barysyny görüp, ýatyr. Görmedigini, eşitmedigini ýüregi syzýar. Ýöne, ol o zatlardan gorkanok. Çünki, şeýle uly söýgi bilen ýaradan dünýäsini Biribaryň bir demde berbat edip goýberiberjekdigine ynananok. Arzyman bilen Magtyma-da: «Gorkmaň. Ol öz bendelerine dözmez. Öň dözenem bolsa indi dözmez. Iň bolmanda bir usul bilen adamzada heýhatdan gutulmaklygyň ýoluny salgy berer, ony beýnilerine guýup, agyzlaryna salar, garaz, gazabyny görkezişi ýaly geçirimliliginem görkezer...» diýýär. Şonuň üçinem, ol özüni ýitirenok. Hiç zatdan umydynam üzenok. Agşamlaryna özüni eýwanda ýumşak kürsä çykarmagyny Magtymdan haýyş edip, haly teňrägem bolsa, tä, ysgyndan gaçýança asmana seredip oturmaklygam ýadyndan çykaranok... Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! - 05.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |