21:47 Durmuşyñ şahyrana beýany | |
DURMUŞYÑ ŞAHYRANA BEÝANY
Edebi tankyt
(Didarberdi Allaberdiýewiñ "Sözlär Senaly Dilim" atly kitabyna ýazylan edebi syn-sözbaşy) Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ amala aşyrýan demokratik özgertmeleri öz oñyn netijelerini berip, türkmen döwletiniñ bütin dünýäde abraý-mertebesiniñ artmagyna getirdi. "Ähli işde meniñ esasy aladam halkym bolar" diýen döwlet Baştutanymyz aýdan sözüniñ işden aýry çykmaýandygyny müñ keren subut etdi. "Döwlet adam üçindir!" diýen asylly we ynsanperwer taglymatyñ başynda duran, beýleki dünýä halklary we döwletleri babatda "Açyk gapylar" syýasatyny ýöredýän, umumyadamzat bähbitli teklipleri öñe sürýän milli Liderimiz, diñe bir öz ulus-iliniñ däl, beýleki dünýä halklarynyñ hem söýgüsini gazandy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyñ döredijilik intelligensiýasynyñ wekilleri bilen geçirýän duşuşyklarynda, edebi-çeper döredijilik üçin döwletimiziñ ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, olaryñ öñünde anyk maksatlary goýýar. Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe durmuş bilen aýakdaş ýöremelidigine añryýany bilen düşünýän şahyr Didarberdi Allaberdiýew hem döwrüñ sesine ses goşup, döredijilik äleminde asylly işleri amala aşyrýar. Ol edebiýatda okyjylaryñ ýüregine barýan ýol-ýodany tapmak üçin, aýdýan pikirlerini inçeden yzarlaýar, peder pentlerine eýerýär, nakyllardyr atalar sözüne salgylanýar, dogruçyllygy, halallygy baýdak edinýär. Onuñ dünýä edebiýatyny erjellij bilen özleşdirendigi, gündogar edebiýatyny içgin öwrenendigi, galyberse-de, yslam edebiýatyny, keramatly kitaplary has-da yhlas bilen okandygy, onuñ beýan edýän temalarynda, getirýän delillerdir mysallarynda mese-mälim görnüp dur. Şahyryñ Watan, berkarar döwlet, bagtyýar döwür hakda ýazýan setirleriniñ owazy, hörpi has-da belentde, onuñ käbir bentlerine ýüzleneýin: Türkmen sözi gursagymda tumar deý, Köñlüm içre nur saçyp dur kamar deý. Watan diýip dartylyp dur damarym, Bedew atyñ göwsündäki kemer deý - diýse, ýene bir ýerde: Arzuwy deý Pyragyñ tamam boldy gyşymyz, Yranmaz döwlet gurduk, bir suprada aşymyz, Dogandyr Balkan, Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz, Bu Berkarar döwletiñ gullugynda bäşimiz, Diýaryma dolanan döwrana nazar eýle - diýýär. Başga bir goşgusynda bolsa: Arkadag öñden gören, Ajap eýýamy beren, Berkarar döwlet guran, Bagtyýar ili görseñ! - diýen setirler bar. Kitaba girizilen eserler isle ok Watan, il-gün, isle buýsanjymyz bedewler ýa-da gudratly mukamlarymyz, isle-de söýgi hakda bolsun ~ olaryñ ählisiniñ özeninde Ýaradanyñ gudrat bilen bina eden uç-gyraksyz giñ älemi ýaly, sähraýy türkmeniñ giñ göwni ýatyr. Şahyr haýsy zat barada ýazsa-da, öz pikirlerini, pelsepelerini çeper obrazlaryñ, täsin tapyndylaryñ, gapma-garşy mysallaryñ üsti bilen okyja hödürleýär. Mysallara ýüzleneýin: Käte howa hiç möwsüme meñzänok, Pasyllar göwnüme dörtden köp ýaly. Maşgalany dolandyrsa erkekler, Zenanlar dünýäni dolandyrýarlar. Taýly gözüñ bir menzilden görse-de, Seresap gezmegi körden öwrengin. Men gijäñ gujagynda ýatmadym, Gije meniñ gujagymda uklady. Ömür boýy öwredýänleñ içinde, Iñ beýik mugallym durmuş ekeni. Göwnüñiz gaýrata beslenip dursun, Göroglyny, Keýmir köri ýat edip. Güleniñ ýanynda gülmesem-de men, Aglanyñ ýanynda aglasym gelýär. Meñzäp gara daglañ belent başyna, Göwüslek bulutlañ süýdünden emseñ. Ýeri gelse ýagşylyk et duşmana, Oña şondan agyr ýamanlyk bolmaz. Älem-jahan Hak yşkyndan döränmiş, Söýgüdenmiş bu dünýäniñ binýady. Arapça bilsem-de doga sanamok, Öz türkmen dilimde ýüzlenýän Haka. Setirlerde şahyr ýüreginiñ joşguny, şahyr kalbynyñ heýjany görünýär. Men şahyr Didarberdi Allaberdiýewiñ bu kitabynyñ okyjylaryñ söýgüsini gazanjakdygyna, çeper sözüñ muşdaklaryny begendirjekdigine ynanýaryn. Berkarar döwletiñ bagtyýarlyk döwründe ýene-de döwrebap, ilhalar eserleri döretjekdigine, hormatly Prezidentimiziñ: "Şahyrlarymyza bolsa, döredijilik ruhuny her bir adamyń kalbyna ornaşdyryp biljek ajaýyp goşgulary we poemalary döretmekde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin" diýen parasatly sözlerinden ruhlanyp işlejekdigine birjik-de şübhelenmeýärin. Osman ÖDÄÝEW, ýazyjy. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |