13:37 Düşün: Seniñ çiniñ ŞAHYR ahbeti! | |
DÜŞÜN: SENIŇ ÇINIŇ ŞAHYR AHBETI
Edebi tankyt
(B.Hudaýnazarowyň soňky ýyllardaky goşgulary hakda oýlanmalar) Bu, aslynda, ussatlar ähline mahsus häsiýet bolmagy-da mümkin. Hiç bolmanda, bu ussada has bolan tebigylykdygyny aýdyp bilerin. Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgularyny okanyňda, «Ine, hakyky şahyr...» diýeniňi duýman galýarsyň, nämesindendir, şygyretiň tebigaty barada özboluşly oýlary ýadyňa salýar. Bu gezegem şeýle boldy: şygyr döreýärmi ýa-da ýazylýar? «Şygyr döredipdir», «şygyr ýazypdyr» diýlen söz düzümlerine şeýle bir öwrenişipdiris welin, biri-biriniň ornuny çalyşýan deň agramly sinonim sözler hökmünde ulanmaga endik edipdiris. «Eýsem olar sinonim aňlatmalar dälmidir?» diýlen sowalyň dörejekdigine güman ýok. Hatda deň derejeli düşünjelerdigini tassyklaýan müňlerçe mysallary getirip boljakdygyny bilýärin, gerek bolsa, özümiziňem ony parh etmezden telim ulanandygymyzy boýun alýarys. Indi ulanmarys hem diýip biljek däl, Emma Berdinazar Hudaýnazarowyň poeziýasy şygyr diýilýän zadyň, aslynda, Allatagala tarapyndan ynsana bagyş edilen närsedigini, zehinleriň güýji bilen döreýändigini belleýär. Ony özüniň mysaly arkaly tassyklaýar. Gepiň gerdişinde ýatlasam, Berdinazar şahyr altmyşynjy ýyllardaky goşgularynda, makalalarynda goşgyny perzende meňzedip yzygiderli çykyş edipdi. Bu bihal deňeşdirme däl ýaly. Ikisiniň-de tebigatynda meňzeşlik bar, ikisi-de tilsim bilen kemala gelmeýär. Hakyky sungat diňe döräp biler. Ýazylýanlar – olar hol bärräkilerdir, dörän eserlere meňzejek bolýanlardyr. Başgarak bir jümlede aňlatsak, döreýän şygyrlar ynsabyň, borjuň (borçnamanyň (borjuň däl!), bähbidiň zehini mejbur etmegi bilen ýazylýar. Bu «teorema» subýektiwizmden düýpgöter halasdyr diýip aýdyp biljek däl. Onsoňam Hakdan içen zehinler diňe döredýärler, olar «şygry ýazmalar» diýip hem aýdyp bilmeris. Bulara derek «dörän şygyr» bilen «ýazylan şygryň» dag bilen deňiz ýaly parhynyň bardygyň mysal üçin, B.Hudaýnazarowyň ýaňy-ýakynda çap edilen «Meniň dünýäm» atly ýygyndysy bir kemsiz subut edýär. Bu ýygyndy bir demde dörän kitap. Ol barada şahyryň özi: «Meniň bu goşgular kitabym barada aýdylanda bolsa bu eserler 1995-nji ýylyň tomsunda süýt çogan ýaly bolup süňňümden syzyp çykdylar» diýip, «Awtordan» sahypasynda ýazypdyr. Bagtyna kepil geçýän alamatlar duýlup baranok welin, «süýt çogan ýaly bolup» zybana gelenini, diýse-diýmese-de, şygyrlaryň howalasy, poetikasy aýdyp dur. Iň ähmiýtli ýeri-de «Meniň dünýämi» döreden şygyrlaryň aglabasy mundan otuz ýyl ozalky, ýagny altmyşynjy ýyllardaky goşgularynyň bize tanadan Berdinazar Hudaýnazarowyny bize gaýdyp berdi. Altmyşynjy ýyllar meniň pikirimçe, türkmen şygyr sungatynyň XX asyr taryhynda özboluşly zehinleri edebiýata getiren graždanlyk ruhly onýyllyk bolup orun aldy. Şolar ýaly ylham geterilişigi öňem bolmandy, soňam bolmady. Göwnümize bolmasa şol onýyllykda «orta tap» atlandyrylan goşgular hem mazmun taýdan-da, şahyranalyk jähetden-de öňky onýyllyklaryň saýlama şygyrlaryndan kämildi, olaryň awtorlarynyň zehin we dünýägaraýyş çarçuwasy-da juda giň bolup, dünýä möçberinde, umumy adamzat ykbaly bilen baglanyşykly oýlanýardy. Emma parlap gidibermeýärdi. Sebäbi olaryň üstüne kölege salyp duran äpet çynar-zehinler bardy, Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, Ata Atajanow ýaly özboluşly şahyrlaryň döredijiligine «Biraz beýleräk süýş» diýip bilmek üçin, şolaryň derejesinde, belki olardan-da garyş-sere tapawutlanýan zehin, ynam gerekdi. Ine, şony «Gyzgyn sähra», «Ýaşlyk biziň bilendir», «Adam hakynda aýdym» kitaplar aýdyp bilipdi. Kitap özüne görä okyjysyny tapýar, Olara hyrydar bolan adamlar intellektuallygy bilen-de, san taýdan-da özgelerden saldamly bolmasa, asgyn däldi. Berdinazar Hudaýnazarow edebiýatymyza çabga ýaly bolup indi. Ondan bihabar bolupdyryn diýen adamy näme atlandyrsaň atlandyryp oturmaly derejedäki meşhurlygy elde etmegi başaran şahyr sähel salymda dörediji ýaşlaryň halypasyna öwrüldi oturyberdi. Şahyryň şygyrlary sil suwy ýaly okgunlylygy, Garagum ýaly agraslygy hem tämizligi, milliligi bilen görelde görkezip, türkmen şygyr sungatynyň ruhuna täze bir howany –«B.Hudaýnazarowyň goşgulary» diýlen guwançly jümläni aralaşdyrdy. Ine, indi togsanynjy ýyllaryň iş ahyrlarynda ýene-de «şahyr B. Hudaýnazarowyň täze goşgulary» diýlen jümläni ulanmagyň özümizde aýratyn bir lezzet oýarýandygyny gizläp oturmaýyn. Ýene-de altmyşynjy ýyllardaky B.Hudaýnazarowyň şahyryna ruhuny küýsäp, «Meniň dünýämi» elime alandygymy, ýene-de hakyky Berdinazar Hudaýnazarowa sataşandygymy tekrarlap aýtmagy okyjylyk borjum hasap edýärin. Eýsem-de bolsa, ýygyndynyň artyklygy nämede? Bu sowala «onuň özboluşlylygynda, zehinli ýazylanlygynda» diýip bir jümlede jogap beribem bolardy. Onda «özboluşlylygy nämede?» diýlen soragyň dörejegi hem görnüp dur. Ony ýüze çykarmak üçin ýörite ylmy iş ýazmak gerekdir. Bu, nesip bolsa, gelejegiň işi. Häzirlikçe subýektiw bolsa-da, özümizde galdyran täsirler hakda aýtmak bilen çäklenýäris. Edebi eseriň temasy düýpgöter formal faktor bolmasa-da, şygra, şahyrçylyga aýgyt ediji derwaýyslyk däldir. Bu aýdylanlar edebiýat teoriýasynyň nukdaýnazaryna laýyk gelmeýän kesgitleme bolsa-da, B.Hudaýnazarowyň poeziýasyna gezek gelende dogrudyr. Muny ýönelige aýtmaýarys. Şahyryň neşir edilen goşgular ýygyndylaryny Garagum, uruş we parahatçylyk, päklik, ahlak, sähra peýzažy, zähmet, söýgi, ynsan ömri ýaly barmak basyp sanaýmaly temalar öz daşynda jemleýärdi. Ýöne şol tematiki «çäklilik» özünde «ol çäklere sygmaýan» mazmun-pelsepä eýedi. Elimizdäki ýygyndynyň hem tematiki örüsi şol giňişligi – ahlak, ynsan ömri, Garagum, uruş ýyllarynyň ýaşlygy... ýaly temalary bellemeli tematiki täzelik – «Hindistan temasyndan iki goşgy», «Omar Haýýam», «Yspyhanyň «Şaapbas» myhmanhanasy» ýaly syýahatnamalardan hem düşnük düşüpdir. Bu, elbetde, garaşsyzlyk ýyllaryna gadam basmagy bilen awtoryň döwlet hem jemgyýetçilik işleri ýerine ýetirip başlandygynyň alamaty. Şunuň bilen baglanyşykly başga bir ähmiýetli ýagdaýy bellemek zerur. Berdinazar Hudaýnazarowyň sowetler döwründäki eserlerinde halkyň geçmişine guwanç, millilik, türkmençilik ruh bolup ýaşaýardy, obrazlarda häsiýet aýratynlygy hökmünde göze ilýärdi, çeper diliň obrazly aňladyş serişdelerini örtenip ýaşaýardy. Ol özüniň barlygyny duýdurman hem oňup bilmeýärdi, «Ine men bärde» diýip orta çykyp hem bilenokdy (başga çykyp bilýän-de ýokdy, dogrusyny diýsem, çykjak-da ýokdy). «Milletçi», «dindar» diýlen sözler syrtmak bolup depäňde hallan atýardy. Adalatyň hatyrasyna aýtmagymyz gerek, eger milli ruhlulyk «ýanbaşa» alnyp başlanan bolsa, ilkinji nobat Berdinazaryňkydy. Şoňa ýetilmän aýak çekilenine şükür etmeli! Ine, şol ruh, äheň, häsiýet bolup altmyşynjy ýyllardan bäri özüni duýduryp gelen şahyrana ruh «Meniň dünýäm-de» özbaşdak temalara öwrülip, aç-açan söhbede başlapdyr: Erkek erkek bolsun, aýalam aýal, Iň gadymlardan gelýändir bu ýol, Gursagyňda hyjuw, başyňda hyýal, Şeýleräk türkmeni göresim gelýär. «Aýal-gyzlaryň hak-hukugyny kemsitmek»; «Gelin-gyzlar babatdaky feodalizmiň zyýanly urp-adatlary», «Aýal-gyzlara baý-feodal göz bilen garamak», «Gelin-gyzlary köpçülik işine çekmek», «Jemgyýetçilik durmuşynda aýal-gyzlaryň orny»... umuman, şular ýaly «sanasaň sogaby bar» jümleler häli-häzirler düşnükli hem aňyrsynda saklanýan mazmun aňlamaly bolsa-da, uzak bolmadyk bir gelejekde ýörite düşündirişler talap eder gorkusy ýok däl. Yňan ugruna başy bilen gidýän türkmen birki arka aýlanandan soň, ýokarky sözlerlerdäki «aýal-gyzlar», «Gelin-gyzlar» tirkeş sözleri «erkek oglanlar», «erkek kişiler» bilen mejbury çalşyryp ulanmaly bolaýmasyn diýlen howatyry ýatladýan ýokarky bent, biziň pikirimizçe, «baý-feodal garaýyşlardan» düýpgöter halas aladadyr. Ol göwnüçökgünligiň (pissimizm) nyşany däl. Häzirki zaman türkmen jemgyýetçiliginde görlüp-eşidilip durlan ýagdaýlardan çykarylýan obektiw netije. Allalygymyz sözlesek, käbir halatlarda ýakasyndan ebşitläp tutaga-da: «Erkek erkek bolsun, aýalam aýal, Iň gadymlardan gelýändir bu ýol» – diýäýesiň gelip durýandygyny gizläp oturmalyň. Hernä, gowusy bolsun-da! Şahyr «Goşgular başy» atly şygrynyň yzky bendinde türkmenleriň iň wawaly ýene bir meselesini orta atýar: Il bolsun, atyny ýeke çapmasyn, Unutmasyn şol gadymy çatmasyn, Ýöntemligi çenden-çakdan ötmesiň, Şeýleräk türkmeni geresim gelýär. Geçen asyrlarda ýurdumyza aýlanan taryhçylaryň, syýahatçylyryň, jansyzlaryň ýazgylarynda türkmenler barada dürli garaýyşlar bar. Bir ýazgyda «galtaman» ýa «rehimsiz», «wagşy» atlandyrylsa, başga birinde «myhmanparaz», «açyk göwün», «batyr» adamlar diýlip häsiýetlendirilýär. Türkmenler ýaly kakabaş ynsanlaryň her kimde bir hili täsir galdyrjagy belli. Mesele onda däl. Esasy zat – gelen myhmanlaryň ählisi diýen ýaly türkmeniň bir häsiýetini ol ýa-da beýleki röwüşde agzybirlik bilen belläp geçipdirler. Ol häsiýet – her kimiň özüni han-beg saýmagy. Özge taryhy şertleriň hem täsirini inkär etmek bolmaz welin, türkmeniň depesinden basyp, bagtyny ýatyryp gelen esasy ýagdaý şu bolsun gerek. Azady, Magtymguly Seýdi, Zelili, Kätibi ýaly akyldar şahyrlaryň birleşmek, bütewilik barada öňe süren şahyrana pähim-paýhaslarynyň zamanynda durmuşa geçip bilmändiginden hemmämiziň habarymyz bar. Ahyrynda-da 1881-nji ýylda Gökdepe tragediýasynyň dörändigini-de hemmämiz bilýäris. Hemmämiziň bilmeýän, belki aň etmeýän zadymyz – aýagymyza palta uran häsiýetimizi şu günler terbiýeläp ýetişdikmikäk? Jemgyýetçilik aňy hemmämizde (bolmanda, köpümizde) formirlendimikä? Ine, şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň ýokarky bendinde şeýleräk sowal podtekst bolup saklanýar. Şygyr näderejede düşnükli, aýdyň bolsa, şol derejede-de çuňňurdyr, kämildir. Magtymgulyny bütin ömrümize okap ýörmegimiz şonuň üçin. Her okanymyzda bir gat çuňlugyna aralaşyp gidip otyrys. Ondan her ýaş özüne gerek sözleri eşidýär. Men B.Hudaýnazarowy Magtymgula deňemekçi bolup ýokarky gürrüňleri gozgamadym. Her şahyryň öz orny bar. Ýöne Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiliginiň ilkinji ýyllarynda döreden şygyrlarynyň şu günlere çenli hem gaýtalanyp okalyp ýörlendigini, «Meniň dünýäm» diýen ýygyndysynyň şol ruhly goşgulary özünde jemleýänligi hem-de olaryň klassyky pähim-paýhasa eýedigini, iň esasy-da şu günleriň juda derwaýys meselelerine amal edýändigini nygtamak üçin Magtymgulyny ýatlaýaryn. Elbetde, Magtymguly eletmez şaha. Emma Magtymgulymyz bar diýip, beýleki zehinleriň gadyr-gymmatyna kem baha garap bilmeris. Özüni sylaýan medeniýetli adam, jemgyýetçilik öňki-soňky, uly-kiçi edebi baýlyklara hormat goýmalydyr, halky halk edip orta çykarýan. zadyň medeniýetdigine, sungatdygyna, edebiýatdygyna Garaşsyz ýurduň graždanlary hökmünde indi her birimiziň düşünmegimiz gerek. Ony beýgeltmegiň aladasy bilen ýaşamalydyrys. Ýogsa bolmasa, şahyryň «Biziňkiler» goşgusyndaky awtoportretimize guwanyp ýörmegiň zamanasy geçdi. Şygry tutuşlygyna göçürsek täsiriniň üýtgeşik boljagy belli. Ýöne hormatly okyjylarymyz ony özbaşdak okap görerler diýen ynamymyz bar, şoňa görä soňky üç bendini maglumat üçin getirýäris: Günä diýip, gorkmaz Hakdan, Habarlydyr ak arakdan, Müýnürgemez töwerekden, Hezil edip gaşananda. Tekjelerde dürli kitap, Bary garrar bagry tütäp, Göwnün däl-de, garnyn otap, Gägirer el ýuwşanynda. Bir başyna müň zat derkar, Hysyrdanar, ýatmaz bikär. Hyrçyn dişläp, başyn ýaýkar, Kem-kem dünýä düşünende. Türkmenleriň hyrçyny dişlemeli bolan gezegi az bolmandy. Häzir hem ýokdur diýip bilmeris. Emma özümize bagly zadyň hötdesinden gelip bilmän, arak bolsa aragyndan gaýtman, zerli kitaplary gelşik üçin alyp, gatyny açman ýörsek, garny otarmagyň aladasy bilen gije-gündiz hars kakyp, dünýesinden bihabar ýaşap ýörsek, onda hyrçymyzydişlemeli pursatlarymyz gelejekde-de kemlik etmez. Üstesine-de, bu biziň orta gatlak intelligensiýamyzyň portreti. Elbetde, zerli kitaplary okap, olaryň akyl-paýhasyny aňyňa siňdirip ýören intelligentimiz az hem bolsa bar. Oňa derek kitap al diýseň myrryhy tutýan diplomly kişiler-de ýeterlik bar. Görnüşi ýaly, şahyr häzirki zaman türkmen intelligensiýasyny, umumylykda, dogry suratlandyrýar. Görnüşi ýaly, hatly-sowatly gatlagyň jemgyýetçilik,sosial garaýyşlary, işjeňligi şu dereje bolansoň, işçi-daýhan toparymyzyň intellektuallygy hakda mesele türkmen jemgyýetçilik aňynyň daşynda galýar. Ýagdaý şular ýaly bolansoň, haýsy bir haýwany meňzetme, metafora, epitet edip ulansalar, munuň däl diýmäge ertirki günem aýgyt edip bilmesek gerek. Bu adamyň jan damaryna ýapyşýan juda ynjyk, juda agyryly milli mesele. Ýokarky bentlerden öňki we ondan soňky pikir ýöretmeleri şahyryň «Biziňkiler» goşgulary dile salgy berýär. Görnüşi ýaly, bu goşgy hem türkmençiligiň agyryly taraplary baradaky duýduryşdyr. Okyjy ony peýwagtyna siňňin okasa, ol oýlanmalary has baýlaşdyrjagyna biz ynanýarys. B.Hudaýnazarowyň altmyşynjy ýyllardaky goşgularynda poetiki mazmun güýçlüdi. Başgaça aýtsak, şahyranalygy– dili, obrazlylygy, çeperçilik serişdeleri bilen okyjylaryň berekellasyna mynasyp bolupdy. Togsanynjy ýyllaryň B.Hudaýnazarowynda, biziň pikirmizçe, jemgyýetçilik mazmun saýlanyp göze ilýär. Beýle diýildigi altmyşynjy ýyllardakydan çeperçilik derejesi asgyn diýildigi däl. Dogrymy diýsem, şondan belent hem diýip biljek däl. Ýogsa «Meniň dünýäm» özüniň halk dili bilen, täze-täze çeperçilik tärleri bilen goşgulary gylawly hem görkezýär. Şahyrana erkinligi, okgunlylygy-da öňkülerçe barly görünýär. Her hal şahyranalygy, obrazlylygy terezä salyp bir taýyny saýlamaly diýseler, altmyşynjy ýyllardaky goşgular saldamly görünýär diýip bilerin. Meniň garaýşym, belki, subektiwdir, Şol ýyllardaky şygyrlaryny edebi hadysa hökmünde kabul edip, olaryň aşygyna öwrülen müňlerçe okyjylarynyň biri bolanym üçin, bu garaýşymyň subektiw däldigine kepil geçip biljek däl. Onsoňam ol ýyllarda: Üstün gyraw basan sähra ýollary, Sizi ölçäp çykdym ädimme-ädim. Dähedem-dessemläp depengollary, Nämedi, nemedi gözleýän zadym?! – diýlen ýaly bentleri bilen şygyrýetimize täze öwüsgin beren şahyryň hyjuwy we biziň ýaşlyk ýyllarmyz ýatyr. Bu hem täsir edýän bolmagy mümkin. Her näme bolanda-da, B.Hudaýnazarowyň şu günlerki poeziýasynyň jemgyýetçilik taýdan has mazmunlydygyny, dünýewi pikirlere baýdygyny şular ýaly bir ýagdaý bilenem tassyklap bileris. Täze ýygyndyny okap başlanyňda, has mazmunlysy diýip, şygyrlara bellik edip, 30-40 sahypa ýeteniňden soň, yzyňa agdaryp ugraýarsyň welin, yşaratsyz galany birki sany bolup çykýar. Bu bir. Ikinjiden, has täsirli bentler diýip, mysal üçin: Sahawatsyz ömür – gury bir töňňe, Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar. Sylaň bir-biregi wagtyňyz barka, Mümkin... ýene bir sagatdan giç bolar. Her zadyň wagty bardyr agalar, Gije kimin gara saçlar agarar... Biribardan bu dünýäde (ak) abraý, O dünýäde nury Iman isledim. Bolsa-da adamlar beýikli-pesli, Maýda-ha bolmandyr türkmeniň asly. Oguzhanyň yzy, Göroglyň nesli, Ownama haw, murtuň towlanyp dursun. – ýaly bentleri belläp çykmaly bolsa, kä goşgynyň gylla ýarysyna, käsiniň ýarysyndan köpüsine, käbir goşgyny bolsa tutuşlygyna belläp çykaýmaly bolar. Şonuň üçinem, haýsy birini mysal alyp, haýsy birini galdyrjagyňy bilmän ýaýdanan pursatlarymyz köp boldy. Ýokarky bentler kitabyň ilkinji sahypalarynda ýerleşdirilen «Adamyň bir mätäç zady», «Isleg», «Ak gün depämizden sallanyp dursun» goşgulardan getirildi. Olardan habarly okyjy: «Ol bentleri alman, beýleki bentleri alan bolsa gowy boljak ekeni» diýip igense, doly ygtyýarlydyr we onuňky dogrudyr. Çünki biz ol goşgulardan çem gelen bentleri mysal getirdik. Üstesine-de, şygyrlarda belentlilik-peslilik ýok. Mysal alsaň, ählisini alyp oturmaly. Biz muny B.Hudaýnazarowyň poeziýasyny wagyz etmek üçin aýtmaýarys. Bizin garaýşymyzça, hakyky ýagdaý şeýle. Kämil poeziýa hakda gürrüň etmegiň aňsat tarapy hem bar, kyn tarapy-da bar. Aňsatlygy –islendik mesele babatda ep-esli söhbet edip, pikir alşyp bolýar. Çetinligi –oňa düşünmek ýeňil, düşündirmek kyn. Bentlerini, mazmun, çeperçilik jähetden her näçe «çigitläp», «ýanjap» derňedim edersiň welin, ýene şonça zadyň daşynda galanyny bir haýukdan bilip galarsyň. Ertir-birigün diňe «degdi-gaçdy» gürrüň edipdirin diýen netijä gelersiň. Ara biraz salym salyp ýazanlaryňy okap çyksaň, heniz şygra «Giriş» hem ýazmandygyňa düşünersiň. Bu seniň galamyň ýiti-kütekligi üçin bolman, kämil goşgularyň dil bilen aýdyp düşündirip bolmaýan bir täsin sungaty özünde saklaýanlygy sebäplidir. Bu aýdylanlar subutnama talap edýän bolsa, «Meniň dünýämi» düzýän goşgularyň aglabasyny göçürip çykaýmaly bolar. Emma ol hemmä mälim hakykat bolany üçin, şeýle derwaýyslyk ýok bolsun gerek. Şeýle-de bolsa, bir goşga ýüzlenmek isleýäris. Özem ol goşgynyň kämil şahyranalygyny nygtamak maksatdan hem ileri durýan bir islegi kanagatlandyrmak üçin şeýdýäris. Şahyryň «Meniň dünýäm» atly goşgular ýygyndysyny edinen adamlaryň ony özbaşdak okajakdygy belli. Ondan bihabar gelen ildeşlerimiziň, bolmanda şu makala arkaly tanyşmaklaryny isläp «Üçlemeleri» dolulygyna göçürýäris: Diňe iliň kemin däl-de, Öz keminem duýup bilýän, Goçaklarmyz aman bolsun! Özüne däl, özgelere, «Sen beýiksiň» diýip bilýän, Gerçeklermiz aman bolsun! Aglap duran bir biçärä, Ýüregini gyýyp bilýän, Är kişiler aman bolsun! Özün söýse söýsün welin, Başgany-da söýüp bilýän, Zor kişiler aman bolsun! Özi ýaly bir bendäni, Aldamagy aýyp bilýän, Merdanalar aman bolsun! Hakykatyň hatyryna Gara başyn goýup bilýän, Goç ýigitler aman bolsun! Haramlaşýan heňňamlarda, Diňe halal iýip bilýän, Mähribanlar aman bolsun! Dilinde däl, durmuşynda, Nebsine haý diýip bilýän, Gahrymanlar aman bolsun! Biz bu goşgynyň çeperçiligi, ritmikasy, dili hakynda stilist filologlarça söhbet edip, B.Hudaýnazarowyň şahyrana özboluşlygyny ýüze çykarmaga synanyşyp bilerdik. Şygryň jemgyýetçilik mazmuny barada-da umumylykda, eger gerek bolsa, «Haramlaşýan heňňamlarda diňe halal iýip bilýän Goç ýigitler aman bolsun», «Nebsine haý diýip bilýän Gahrymanlar aman bolsun» diýen ýaly setirleriň mysalynda gürrüň etmek mümkindir. Çünki haramlaşyp barýan zamanada çöregini halal diýip bilýän adamlar, dogrudan-da, goç ýigitlerdir. Şahyryň adalatly belleýşi ýaly, nebsine haý diýip bilýän ynsanlary zamananyň Gahrymanlary atlandyryp bolar. Pajygaly döwürde-de Gahryman bolup orta çykjaklar ýene-de şolardyr. Şuňa meňzeş mazmun düşündirişleri şygryň beýleki bentleri babatda-da dowam etmek bolar. Emma biziň ählihalk okyjylyk düşünjämiziň sada kommentarilerden ýokarda durýanlygy sebäpli, beýleki beýtleriň «maňzyny» her kimiň özüniň çakyp almagyna galdyrýarys. Ondan soňra-da, ala-böle bu goşgynyň gürrüňini etsek, onuň gözgörtele tapawutlylygyny ykrar edip, beýlekileriň ondan bir basgançak pesdigini aňlatmak ýaly nädogry logikanyň ara goşulmak ähtimallygyndan hem çekinmän duramzok. «Seredewer bende, basjak ýeriňe», «Watan yşky», «Bu ýagty jahana geçen bäbekler», «Eý-how bu ýalançyň oýny nätäňet», «Şahyr», «Adyňy alkyşlap guraýyn söhbet», «Balkan pälwanyň aýdanlaryndan»... ýaly onlarça goşgy hiç bir babatda kemdir diýip bolmaz. Olary hem tutuşlygyna göçürsek göçürip oturmaly. Ala-böle «Üçlemeleri» okyjylaryň dykgatyna täzeden hödürlemegimiz, ozal aýdyşymyz ýaly, mazmun babatdan-da, çeperçilik jähetden-de beýlekilerden rüstemligi üçin däl-de, graždanlylyk ruhunyň, jemgyýetçilik mazmunyň has güýçli, böwsülen böwet ýaly bolup ýüze çykýanlygyndandyr. Özümize galsa, ony «Graždanlygyň Marşy» atlandyryp, ruhuna laýyk saza goşup halka hödürlärdik. Bu edebi çäre täzeden kemala gelip barýan türkmen jemgyýetçiliginiň, ýagny türkmençiligiň ilerlemegine goşant bolup hyzmat ederdi. Dogrusy aýdylanda, graždanlyk şygyrýete suwsap ýörüs öýdýän. Käbir goşgularda gaýgy-gussanyň duýulýandygyna garamazdan, birhili özüne çekiji görünýär. Şahsy terjimehala degişli bolaýsa gerek diýläýjek şygyrlar hem, nämesindendir, ähliumumy mazmuna eýe ýaly bolup dur. Bu hili goşgulara «albom goşgular» diýip öňler dänjirýärdik. Häzir bolsa olar hem özüni özledip ýör. Mysal üçin, «Kine», «Hasaplasaň ýaşalypdyr», «Ýoluň aýagujunda», «Gyzylaýak», «Ojagyma», «Bäbejigiň baş ujunda», «Jennet jana çakylyk», «Dost hatyrasy», «Sanjara seredip ýazylan goşgular», «Türkmenlerde aýalyňy magtamak»... ýaly şygyrlary B.Hudaýnazarowyň «Meniň dünýäm» ýygyndysyna awtobiografizm häsýetini berýän eserler. Şeýle mazmunly şygyrlar her kimde bir hili täsir galdyryp biler. Käbiri ony anyk şahsyň mysalynda çöşlenýän umumy adam ykbaly hakdaky liriki oýlanma hökmünde kabul etse, käbirimize olar intim söhbet bolup duýulmagy mümkindir. Özem şeýle okyjylary ruhy göýdüklikde aýyplap bolmaz, olaryň hem garaýyşlary, belli derejede, essasyz däldir. Mysal üçin, «Türkmenlerde aýalyňy magtamak» diýlen setir bilen başlanýan goşgynyň islendik bendini, diýeli ikinji bendi: Bir gezek üstünden düşensoň ýolum, Ykbalyma şärik boldy ykbalyň. Bilýän: gama batsam seniň ahwalyň Meňkidenem teň bolupdyr, Ogultäç – ýa-da bolmasa «Sanjara seýeredip ýazylan goşgulardan» bir bendi, meselem, şu bendi: Bu gün ýigit çykdyň on ýedi ýaşap, Ýylgyrýaň sähelçe dodagy dişläp, Hernä bagtyň çüwüp, ykbalyň işläp, Ýörejek ýoluňda ýaran tapylsyn – okap, Berdinazar ýaly ählihalk ykrar eden uly zehiniň maşgala çygryndan, ýagny öýüniň intim – maşgala näzirgemeleridir arzuw isleglerini ählihalka hödürlemegi onuň abraýyna däl. Aýaly Ogultäç maşgalalyk borjuny ýerine ýetiripdir, ogul-gyz bolsa kimde ýok her kim öz aýaly, ogly hakda goşgy goşup çap etdirmeli bolsa nähili bolar? Gep ol şygyrlaryň kämilliginde däl. Başga kämil goşny ýazan we ýazýan ýokmy?! – Ine, şulara ýakyn pikir ýöreden adamlara men gabat geldim. At tutulyp goşgy ýazylyşy hakda aýtsam, häzir türkmenlerde näçe gelin-gyz bar bolsa, şonça goşgy ýazyldy diýsek, biraz öte geçme bolar welin, emma gelin-gyz adynyň goşgusyz galany bardyr öýdemzok. Dikdurma bagşylary, biziň radio-telewideniýemizi diňläp göräýiň» – Ine, bular ýaly düşündiriş berýän okyjylar hem bar. Muňa bada-bat jogap bermegimiz gerek: Toýlarda sarnalýan aýdym tekstleriniň hatarynda goýup, B.Hudaýnazarowyň şygyrlary hakda gürrüň etmek şygyr sungatyna düýpgöter düşünmeýändigiňi boýun almakdan başga hiç zat däldir. «Elbetde, kyn günde, ýanýoldaşyňa kömek etmek maşgalalyk borjuň. Ýöne şol borjy her başy boglanyň berjaý etmeýändigi hem hemmemize mälim. Borjuny berjaý edip bilýänler iň adamkärçilikli, jepakeş, mähriban adamlar. Ýagdaý şeýle bolansoň, maşgalaň bolanda näme, näme üçin onuň tarypyny etmeli dälmiş?! Onuň propagandistik ähmiýeti hem bar ahyryn. Ýaşlarymyz şeýle jepakeş, borjuna wepaly zenanlardan nusga alyp bilseler, näme armanymyz bar. Poeziýanyň wezipesi hem «ýagşylary ýaýmak» dälmidir näme!» Bular ýaly düşündirişleriň gapdalyndan «Dogry, klassyky poeziýada maşgala şygyrlary ýok diýen ýaly, ýöne oňa derek söýgi lirikasy san-sajaksyz... Klassyky şahyrçylyk dünýämiziň howalasy, emma şygrymyzyň ölçeg daşy diýip, häzirki zamanyň şahyrana ruhuny, tematiki özboluşlylygyny petikläp oturybermek bolmaz...» diýlen ýaly owadan filologiýany hem diňlemek bize miýesser etdi. Bu dürli pikirliligiň obýekti – öňde ýatlanylyşy ýaly, şahyryň «Sanjara seredip ýazylan goşgular», «Türkmenlerde aýalyňy magtamak» ýaly goşgular. Goý, her kim öz pikirinde galsyn. Garşylykly garaýyşlary döredip bilýän bolsa, şygryň düýpli meseläni gozgap bilýänliginiň alamaty. Onsoňam ol şygyrlaryň maňzyna batmany üçin, öňküsinden has türkmenleşip, ony goldaýanlaryň bolsa türkmenliginden çykyp gitmejekdigi bize belli. Şoňa görä-de, ol ýa-da beýleki garaýşy inkär edip, bolmasa-da goldap ýazgy ýazmak derwaýyslygy ýokdur. Emma beýleki şygyrlaryna gezek gelende «altyn aralyk» diňe zyýana bolup biler. Çünki okyjy diýeniň bilenhemmesem deň däl. Şygryň sosial, ynsanperwer mazmunyny, ähliumumy ykbaly ýüze çykarylmagyna mätäçlerimiz, belki, köplük edýändir. Şahyryň «Kine» atly goşgusynyň hem aslynda terjimehal ýatyr. Aýry-aýry setirler bolsa has şahsy häsiýete eýe. Mysal: Ýigit ýaşly atam bardy, Terk etmeli boldy ýurdy. Özgelerden giç dogýardy – Günüm bilen Aýym meniň. ...Şeýle zabun kemsidildim Ýokka hergiz aýbym meniň. Bu setirlerde, dogrudan-da, şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň terjimehalyndan pursatlar saklanýar. Şahyryň şahsyýetinden maglumat berýän bu setirleriň estetiki mazmuny onuň özüne degişli bolşy derejede okyjylar köpçüliginiň «şahsy eýeçiligi» bolup aňa hem kalba täsir edýär. Onuň düýp sebäbi 1937-nji ýylyň tutha-tutlugynda «ýigit ýaşly atasy» sürgün edilen on müňlerçe, nähak töhmet bilen kemsidilen ýigdekçeler hem şol mukdarda. Şoňa görä-de, ömrüniň tragiki parçalaryny açýarka, tutuş halk tragediýasyny gürrüň berýär. Başga bir mysal. «Hasaplasaň ýaşalypdyr» setir bilen başlanýan şygyrdan iki bent: Çyndan köpräk galp gördüm, Aglap gördüm, gülüp gördüm, Dirilikde ölüp gördüm, Birazajyk, birazajyk. Ýaz ýagşy dek kakabaşdym, Ýer-ýurt gördüm, göwün açdym, Şerap içdim, serden geçdim Birazajyk, birazajyk. Bu setirleriň hem ähli «informasiýasyny» liriki gahrymanyň başyna ýükläp, şahyryň terjimehalyny «tämizläp» bilmeris. Şol bir wagtyň özünde-de ol köpçüligiň ömür beýanydyr. Aýry-aýry adamlar: «Men köpräk galp görmedim, Dirilikde ölüp görmedim» diýip tersine tutsa, ony jedelde ýeňjek bolup durmarys. Ýa-da bolmasa, kimdir biri: «Men ýaz ýagşy ýaly kakabaş däldim. Şerap hem içmedim, serden hem geçmedim» diýse, onuň hem garşysyna çykmak hyýalymyz ýok. Ýöne ol köpçülige – mysal üçin, şahyryň deň-duşlaryndan başlap, şu günleriň ýaş neslini öz içine adýan bolsa, Aşgabadyň (we beýleki şäherlerimiziň) çakyr zawodynyň nijeme ýyllap önürip gelen we häzir hem önderýän önümleri bilen ekin meýdanlary suwaryldymyka diýen sowal orta çykýar. Oňa «ýok» diýlip jogap bermeklik şygryň köpçülik mazmunlydygyny, köpümiziň terjimehalymyzdygyny boýun almakdyr. Başga bir goşgudaky söhbetler bolsa ählihalk hem däl, köpçüligiň hem däl, belki, belli bir sandaky adamlaryň ömür ýoly bilen utgaşyp gidýändir. Mysal üçin, «Ýoluň aýagujunda» goşgudan: Ýene gelip Ýerbendime, Bakýan guba çöllerine. Çagalygym siňdi gitdi, Säher öwsen ýelleriňe. – diýlen bendi ýa-da «Gyzylaýak» şygryň: Beýik derýaň kenarynda, Bag hellewlär her ýanyňda, Jahyllygyň humarynda, Başym silkip gezen ýerim – maglumatlary hakynda oýlanaňda, bütin ömrüňde ol ýerleri görmedik adamlaryň aglaba köpçülikdigi belli. Hatda, Ýerbent, Gyzylaýak diýen ýerleriň Türkmenistanda bardygyny ýaňy şu goşgular arkaly bilip ýörenleriň bolmagy-damümkin. Emma ol ýerlerden bihabar okyjyda şygra hyrydar. Çünki şahsyýetiň şahsy ýatlamalaryndan «syrygyp gaýdýan» duýgulary ählihalk möçberdedir. Şahyryň «Meniň dünýäm» ýygyndysyna girizilen beýleki terjimehal dahyly goşgular babatda-da şoňa ýakyn ýagdaýlary aýdyp bolar. Umuman, awtobiografizmsiz döredijilik ýok. Ol bir şahyrda ösen görnüşde bolup biler, beýleki bir awtorda gyltyzyrak gaýdar, mahlasy, onsuz liriki gahrymanyň kemala gelip bilmejegi şygyr sungatyndan azda-kände habarly adam üçin aýdyň hakykat. Aýdyp otursak, geçmiş edebiýatyň «awtorçylyk» ýaly iň derwaýys hem çylşyrymly meselesine amal etmek üçin edilen synanyşyklaryň köpüsiniň liriki gahryman arkaly amala aşyrylýandygy şol sebäplidir. Galyberse-de, şahyrlar özleri barada söhbet edýärkä, il-günüň oý-aladasyny, pikir-hyýalyny äşgär edýärler. B.Hudaýnazarow barada aýdanymyzda bolsa, awtobiografizmi iň güýçli özünde saklaýan şahyrlaryň biridir. Ol häsiýet altmyşynjy ýyllardaky eserlerinde has güýçli duýulýardy, häzir hem bir çen bar. Ýöne awtoryň awtobiografizmi diňe şahsy terjimehalynyň, ýagny dört diwaryň içine ýerleşýän ýa-da şol çäkdäki gatnaşyklaryň beýany bolman, köpçülige ilteşikli duýgudyr pikirleriň örüsinde gezýärdi. Mysal üçin: Garagum, sähra, Ýerbent, Gyzylaýak düşünjeler şahsyýetiň ýaşan ömür atributlary. Şol bir wagtda-da, ol biziň ählimiziň watanymyz. Ol özüniň awtobiografiki häsiýetlerini şeýle bir giň planda işledi welin, ol zatlar şahyryň «terjimehalyndan» aýrylyp, ählumumy ykbala geçdi oturyberdi. Mysal üçin: Garagum, sähra ýaly duýguly sözler B.Hudaýnazarowyň şygyrlaryndan öňem poeziýamyzda bardy. Ýöne olar, köplenç, ýer-ýurt düşünjelerden aňry geçip bilmeýärdi. Ol serhetden aňry ätläp bilýän şygyrlar hem aýyn bolmasa «dowzah ýaly Garagum», «keläp ýatan sähra» ýaly meňzetmeler bilen bezgek edipdi. Mahlasy, Garaguma gidip, sähra çykyp gönençlik görmersiň diýlen bir duýgy şygyrdan şygry geçip, okyjynyň aňynda ýakymsyz bir garaýşy kemala getiripdi. Şeýle äheň bilen kyrkynjy, ellinji, belli derejede, altmyşyjy ýyllaryň hem başynda ýaşan türkmen şygyreti B.Hudaýnazarowa töründen orun görkezip, Garagum, sähra ýaly sözleriň asyl manysyny gazanyp bildi. Bu düşünjeler ýer-ýurt aňlamyndan Watan, toprak sözleriň sinonimi derejä çenli ösdürildi. Aslynda, ol ozalam watanymyzdy. Ýöne şygyret ony ownadypdy, birazam yrbaslapdy. B.Hudaýnazarow ol düşünjeleri öz asyl manysyna gaýtaryp getirmekden daşgary, estetiki mazmun bermegiň hem hötdesinden geldi. Şahyryň Garagum, sähra siklleri ony gözellik, päklik, näziklik obrazy, hatda simwoly derejä çenli belende göterdi. Gumly şahyr adyny hem Berdinazar Ýerbentde doglany üçin däl-de, Garagum temasynyň tutuş döredijiligine ýaýrap gidenligi sebäpli alypdy. Mahlasy B.Hudaýnazarowa çenli sus ýatan Garagum, sähra şahyra obraz bolup şeýle bir parlap galdy welin, birden-bire altmyşynjy ýyllaryň poeziýasy «Garagumuň ýylagyndan», «sähranyň howasyndan» doldy duruberdi: ýaş poeziýamyz şahyryň täze howasyny alyp göterdi. Garagum, sähra, Ýerbent, Gyzylaýak – şahyr üçin diňe bir dogduk mekan, ýaşalan ýurt däldi, diňe bir döredijilik tematikasy hem däldi, belki, hem döredijiliginiň, hem şahsy özüniň ykbalydyr. Bu şeýle bolmaly. Ýogsa bolmanda, üstünden otuz ýyldan, hem köpräk wagt geçenden soňra-da şol öňki yhlasy, şol öňki hyjuwy bilen ýüzlenmezdi. Aý-günleriň öz kadasy bar. Ol ömrüň boýuna öçmez öýdýän duýgyňy hem «kesmekledýär», käbirini «çaň-tota» basdyrýar, Muňa mysal derwaýys bolsa, altmyşynjyýyllarda döredijiliginiň aýrylmaz bölegi bolan söýgi oýlanmalarynyň «Meniň dünýämden» orun ýetmändigini, käbir kakuwlar bar hem bolsa ähmiýetsiz bir orunda durýandygyny ýatlap bileris. Şoňa görä-de aý-günlere pida bermän, ýokarky düşünjeleriň öňki şahyranalyk bilen dowam etdirilmesini, meniň pikirimçe, ykbal atlandyrmak bolar. Muny tassyklaýan mysallara ýüzlenmeli bolsa, juda köp bendi göçürip çykmaly bolar. Olar jedelsiz hakykat. Şonuň üçinem, ol bentlere berilýä «ýer paýyny» biraz soňrak başga bir goşga bersek, şahyr üçinde, okyjy üçin-de peýdaly bolsa gerek. Murapbag formasy ýene-de türkmen poeziýasynda işe başlady. Ol atly şahyrlaryň hem, ýaş şahyrlaryň hem döredijiliginde belli bir täsirler galdyrdy, şu günler hasam giň gerime eýe boldy. Bu edebi formanyň öňürräki onýyllyklarda ünsden sowa saklanmagynyň öz sebäpleri bar. Täzeden rowaçlanmagyna itergi beren ýagdaýlary we göreldeleri ýüze çykaryp teoretiki aspektde ýazyp bileni üçin ajaýyp bir makalanyň, hatda, ylmy işiň materialy. Bu gelejegiň işi. Häzir murapbag formasynyň «Meniň dünýämdäki» ony we many-mazmun hyzmaty barada gürrüň gidýär. Murapbagyň täzeden örňemegini diňe B.Hudaýnazarowyň poeziýasy bilen baglanyşdyrsak, adalatsyzlyk bolar. Emma şygyr sungatymyzyň «üns merkezine» geçip, häzirki döwür poetikamyza özboluşly ýaraşyk bermeginde şahyryň şygyrlarynyň saldamly goşandy bar. Bu hyzmat diňe forma jähetden däl, eýsem-de bolsa taryhy ýagdaýlar bilen şertlenýän mazmun talaby nukdaýnazardan-da bellenip geçmäge mynasypdyr. Bu «Şygyr teoriýamyz» ýazylanda ýörite durlup geçilmeli edebi faktdyr. Mesele şundan ybarat: murapbag owadan, ýeňil forma. Üç setiriň özara kapyýalaşyp, dördünji setiriň refren äheňli bolmagy, ozaly bilen, tiz ýatda galyp, uzak wagtlap hakydada saklanmagyna hemaýat edýär. Munuň üstesine-de, saza-mukama goşulmaga iň ukyply şygyr formasy. Bu ajaýyp artykmaçlyklaryň juda kyn tarapy hem bar. Ol juda saldamly mazmuny talap edýär. Şu talap hem geçen asyrlarda şahyry şahyrdan tapawutlandyran esas «ölçeg daşy» bolup, hakyky şygyrlary warsakylardan saýlap bilipdir. Bu häzir hem şeýle. Ýaz kömelegine meňzäp gazet-žurnallarda pida bolýan murapbag goşgularyň okan dessiňe ýatdan çykmak bilen bolýanlygy bu formanyň talabyna aň edilmezlikden ýa-da oňa hötde gelip bilmezlikden diýsek dogry bolar. Ol juda nepis we arkasy güýçli forma. Onuň arkasynda halk döredijiliginden: «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Saýatly – Hemra», «Nejeboglan»... ýaly eserleriň, ýazuwly edebiýat tarapyndan Magtymguly, Seýdi, Zelili, Aşyky, Dosmämmet, Mätäji, Misgingylyç ýaly şahyrlaryň durýandygyny, gep arasynda bolsa-da, ýatlap geçmegimiz gerek. Murapbagy murapbag edip ulanjak bolsak, şu ägirtler bilen baş dalaşmaly pursatlar-da bolmaly bolar. Berdinazar Hudaýnazarowyň «Meniň dünýäm» ýygyndysyny gurnaýan goşgularynyň aglaba köpüsi murapbag formasynda. Biz bu habary aýtmak bilen, ýygyndynyň ähli goşgusy murapbagyň mazmun talabyny diýjek bolamzok. Ýa-da bolmasa, şahyryň, zehin saldamy ýokarky klassyklar derejededir diýlen pikiri aýtmak üçin hem ony dile almadyk. Bu meselelere häzirlikçe her kimiň öz garaýşy bolup biler. Soňrakysyny bolsa wagt görkezer. Ýöne synçy hökmünde öz pikirimizi aýtmak hökmany bolýan bolsa, bu formanyň talabyny düşünjeli kabul edip, şahyryň aşakdaky ýaly goşgulary döredip bilendigini bellemelidiris. Bir nusga. «Pähimleriň» üçünji bölegi: Buýsanç egsilmekçi bolsa kem-kemden, Ynsan ýüreginde ýalkym azalar. Ýata suwa dönüp pikir-hyýallar, Däli göwünlerde tolkun azalar. Gün görmek däl – ömür sürmek kyn bolar, Är oňa däl, aýal äre han bolar. Gara görmän, haýbat atýan kän bolar – Ýagyny yzyna serpen azalar. Aýyp artar – adam galmaz haýrana, Gezek berler batly-batly ýaňrana, Gol ýapýan gytalar aglan-eňräne, Ynsabyň sudundan gorkan azalar. Müýnürgär beýikler, Çyrpynar egsik, Aglasaň aglaber, Hamsyksaň hamsyk, Köpeler kölge dek yşnaksyz samsyk, Akyly daş ýarýan tentek azalar. Azap çeken duýgy böwri symsyklar, Hany toba eden, hany syr saklan? Garyplaşar, garyplaşar gursaklar, Telpekli köpeler, Erkek azalar. Dogrusyny diýsem, şygry höwes edip göçürdik. Beýle goşgularyň uzyn-gysgalygy hem parhyňa däl. Ony okap otyrkaň, «Şeýle goşgyny menem döredip bilsedim!» diýip köpler höwes eden bolsa gerek diýlen bir çaklama kalbyňy gurşap alýar. Hakykatdan-da, eser klassyky derejede. Pähim-paýhas özüniň «jugrafiýasy» bilen,durmuşylygy bilen saldamly görünýär. Siňdirilen zehiniň hem zehin kemi ýok. Ony aňymyza ornaşdyryp, öz-özümiz hakda, zamanymyz hakda oýlanmak galýar. B.Hudaýnazarowyň klassyky şygyrlaryny wagz edip, okyjysyny artdyrmak niýetimiz ýok. «Meniň dünýäm magazinlerde çaň basyp ýatmasyn diýibem ýokarky goşgyny getirmedik. Aslynda, şahyry okyjylara indi tanatmaly däl, kitaplary-da ýörite synlaramätäç däl. Biziň pikirimizçe, awtor bu goşgusynda eýle diýmek isleýär, beýleki şygrynda beýle diýmekçi bolýar» ýa-da «bu setiriň ideýa mazmuny...» ýaly arzan filologiýany B.Hudaýnazarowyň poeziýasy babatda ulanmak, on (äsgermezlik etmek, bolmasa-da ýaňsylamak deň derejeli derňewdir. Şahyr hiç haçanam «ýaşmak astyndan» gürrüň etmändi. Indi-hä baýaky! Diýjek zadyny dogry durup obrazly diýip bilýärdi. Şonuň üçinem ol –Berdinazar Hudaýnazarowdy. Wezipesi bolmasa-da, tapylgysyz zehindi, şahyrdy. Şol zehiniň öçüp gitmändigine begenip hem-de oňa subutnama bolsun diýip ýokarky goşgyny tutuşlygyna göçürip okyjylara ýetirdik. Bu goşgudan, belki, has agramlyragy-da, belki, has ýeňilirägi-de «Meniň dünýämde» bardyr. Oňa ýok diýip bolmaz. Ýöne ýygyndynyň saldamynyň we umumy ruhunyň ýokarky şygyr kysymdygyny bellemek gerek. Ýygyndy biziň ruhy dünýämize aralaşyp, biziň dünýämizi bizi kemsiz tanadyp bilipdir. Şoňa görä, şahyr «Meniň dünýäm» ýygyndysyna «Biziň dünýämiz» diýip at goýan bolsa-da, gelişmän durmazdy. «Dünýä» dünýä bolanda, ol barada näçe söhbet etseň, ýene-de şonça möçberiň aňyrda ýatandygy äşgär duýlup durýar, oňa gutarma ýok. Şol sebäbinden bu şahyrana dünýäniň nepisligini okyjynyň öz ygtyýaryna galdyryp, kitaba girizilen goşgularyň uçdan-tutma «dörän goşgulardygyny» aýratyn nygtap, belliklerimizi jemlemek isleýäris. Indi B.Hudaýnazarowyň soňky ýyllar döredijiliginde peýda bolan başga bir ruha, äheňe nobat bermegimiz gerek. *** Türkmenistan döwleti Garşsyzlygyny yglan edeli bäri alty ýyl çemesi wagt geçip barýar. Jemtyýetiň özgermegi, täzelenmegi üçin bu juda çäkli wagt bolup dursa-da, köp zatlar ýyldyrym çaltlygynda amala aşyryldy, Adamlaryň ruhy dünýäsiniň täzelenmeginde ýazyjy-şahyrlaryň Garaşsyzlyk döwründe döreden eserleri aýgytly rol oýnady. Aýry-aýry şahyrlar bolsa Garaşsyzlygyň aýdymçysyna, Prezident Saparmyrat Türkmenbaşynyň alyp barýan syýasatlarynyň edebi jarçysyna öwrüldi. Şeýle şahyrlaryň öňhatarynda Berdinazar Hudaýnazarow durýar. Ol Garaşsyzlyk edebiýatynyň kerwenbaşysy bolup, şygyrlary bilen galamdaşlaryna we ýaş şägirtlerine görelde görkezdi. Berdinazar Hudaýnazarowyň goýazy, saldamly, dünýewi ruhly poeziýasy bar. Ol SSSR ýyllarynda geldi-geçer temalara, Kompartiýanyň kararlaryna bagyşlap goşgular ýazmandy. Gaýta badyhowa dabaralary, il gözüni baglajak bolýan bolgusyz samahyllamalary ýaň- sylap publisistik çykyşlar edýärdi, okgunly şygyrlar döretdi. Bu häsiýetler il içinde şahyryň mertebesini belende göterdi, onuň poeziýasy altmyşynjy ýyllarda döredijilik işine başlan ençeme ýaş zehinleriň özboluşly mekdebine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyga gadam basmagy bilen, ilkinji Prezident edilip Saparmyrat Türkmenbaşynyň saýlanmagy bilen B.Hudaýnazarowyň şeýle mertebeli, okyjylaryň söýgüsini gazanan şahyrana dünýäsinde täze sahypalar peýda boldy. Garaşsyzlygyň miwesi we şahyryň ylhamy bilen dünýä inen ol eserler –«Serdar», «Serdar halkyn synlap dur», «Türkmenistan hakynda aýdym», «Duzuň haky», «Gypjak obasy, 1940-njy ýyl, 19-njy fewral», «Garaşsyzlygyň müň güni» ýaly şygyrlar Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine özboluşly bezeg berýär. Şahyr «Serdar» atly goşgy-aýdymynyň ilkinji bendinde biziň Garaşsyzlygymyzy Serdaryň alyp berendigini ýaňzydyp, şeýle ýazýar: Ata-babalaň ýurdy, Gadym mekany, Serdar, Sag bol, Garaşsyz boldy, Boldy erkana, Serdar. Şygryň ikinji bendinde: «Göwünleriň ynanjy, Külli türkmen guwanjy, Bu topragyň daýanjy, Şöhraty-şany» diýlip wasp edilýän Serdaryň Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşylygy açykdan-açyk mälim bolup, onuň tarypy üçünji bentde has mazmunlaşýar: Daşymyzyň galasy, Dillermiziň senasy, Iliň-günüň penasy Hem mähribany, Serdar, Poeziýanyň güýji onuň obrazlylygynda. Şahyrlar adaty ýagdaýlary hem şeýle bir gelşirip aýdýarlar welin, şol görüp-bilip ýören zatlaryň beýle ähmiýetli, duýgy-mazmunlydygyna oturyp geň galýarsyň. Elbetde, şahyrlar hem hil-hil. Olaryň biriniň obrazly pikirlenişi ýöntemräk bolup, setirlerinde duýgy pesräk, «galmagal», howaýy mahabatlandyrmalar köpräk orun alýar. Bu onuň tarypyny edilýän şahsyna hormatynyň, söýgüsiniň kemliginden däl-de, Taňry beren ylhamynyň mümkinçiliginden gelip çykýar. Emma zehinli, hakyky şahyrlar bolsa gönümellikden gaça durup, duýguly, obrazly jümleleri başarnykly peýdalanmagyň hötdesinden gelip bilýär. Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen halkyny asuda ýaşatmak ugrunda alyp barýan daşarky syýasatyny) we Türkmeňistana baky bitaraplyk statusyny alyp bermegini Berdinazar Hudaýnazarow «Daşymyzyň galasy» diýlen juda düşnükli hem obrazly jümlede aňladyp bilipdir. Şahyryň «Iliň-günüň penasy» diýen setiri bolsa sarpaly Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen halkyny bolelinlikde ýaşatmak üçin alyp barýan içerki syýasatynyň şahyrana aňlatmasydyr. «Dillermiziň senasy», «Hem mähribany, Serdar» diýlen sözler bolsa bendiň ýokarky setirleri bilen garylyp-gatylyp, şahyryň ussatlygyndan habar berýär. B.Hudaýnazarow «Serdar» goşgy-aýdymynyň her bendinde sarpaly Saparmyrat Türkmenbaşa mahsus bolan sypatlaryň birnäçesini şahyrana aňladýar. Mysal üçin, «Külli türkmen guwanjy» bolup duran Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi obrazy şygryň dördünji bendinde aşakdaky şekilde häsiýetlendirilýär: Arzuwlary ganatly, Görogly dek gaýratly, Elleri sahawatly, Ýüzi nurana, Serdar. Şygryň ahyrky bendi bolsa «Bu topragyň daýanjy», «Dillermiziň senasy»... Serdar baradaky obrazly häsiýetnamalaryň logikaly jemlemesi bolup, waspnamany şeýle jemleýär: Alla gujur-joş bersin, Bir ýerine bäş, bersin, Ykbal saňa ýaş bersin, On gezek ony, Serdar. B.Hudaýnazaroýeyň «Serdar» goşgy-aýdymy akgynly okalýar, onda düşünmesi kyn bolan sözler, aňlatmalar duş gelmeýär. Forma- synyň çeper, obrazly bolşy ýaly, mazmuny hem çuňňurdyr. Şahyryň bu goşgy aýdymy häzirki zamanyň iň meşhur aýdymlarynyň birine öwrüldi. Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan, ilkinji Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy barada ýazylan eserleriň içinde iň şowly çykan, şahyrana goşgularyň biri diýip Berdinazar Hudaýnazarowyň «Türkmenistan hakynda aýdym» atly şygryny bellemek bolar. Şygyr obrazlylygy we mazmunlylygy bilen nazaryňy özünde egleýär. Gerbine ak bedew gelşik berýän Türkmenistan topragyny şahyr: Bahar pasly begres geýýän topragyň, Ak gyşda irkilsin garyň astynda. Garaşsyz döwletim – Türkmenistanym, Bakyýa ýaşasyn nuruň astynda – diýip, özüne. mahsus bolan obrazly pikirlenmeler bilen alkyşlasa, il-günüň bagtyňaçylmagy, ýurduň abadanlaşmagy Prezident Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet hem halk bähbitli tagallalarynyň miwesidir diýlen pikiri şahyrana frazologizm arkaly öňe sürüpdir: Sen dünýäde abadan bol, aman bol, , Üstünde ak bagtyň daňy atanym. Serdar ogluň açdy seniň alnyňy, Ýaşa, jan Watanym, beýik Watanym. Garaşsyzlyk ýyllaryňda Türkmenistan, gününi sanap özgerdi, adamlaryň duýgy-düşünjesinde täze-täze garaýyşlar peýda boldy. Ýurdumyzyň ykdysady, medeni durmuşy. hem özüniň akabasyny özgerdip, täze ugurlara gadam basdy... Mahlasy, ýurduň özgerişini çäkli möçberde aňlatmak kyn. Ony beýan etmeli bolanymyzda-da, B.Hudaýnazarowyň «Garaşsyzlygyň müň güni» diýen goşgusy ýaly joşgunly, inçeden çeper beýan etmek çetin. Şahyryň çeper dili bilen aýtsak, Garaşsyzlygyň müň gününiň her sagady, minudy ägirt uly wakalardan doly, adamlaryň gatnaşyklarynda, dünýägaraýyşlarynda uly özgerişlikler emele geldi...Garaşsyzlygyň müň gününde özboluşly hasabat bermeli diýen karara gelen şahyr ol täzelikleri şahyrana, obrazly, dilde şeýle aňladýar: Bu müň günüň her biri, Her sagady, minudy, Ýüreklerde oýardy Ynanç bilen umydy. Bu müň günüň her biri Egne alyp ýyllary, Göwünleri giňeldip Süýjeltdi dilleri. Garaşsyzlygyň many-mazmunyny ýazyp doly, teswirlemek, täzeliklerini birin-birin suratlandyrmak adamlaryň ykbalyna, durmuşyna ýetiren täsirini jikme-jik aňlatmak mümkin däl. Ony B.Hudaýnazarow ýaly zehinli şahyrlar hem doly we her taraplaýyn açyp, döredijiligine ýerleşdirip bilmeseler gerek. Çünki Garaşsyz Türkmenistan we Prezident Saparmyrat Türkmenbaşynyň içerki hem daşarky syýasatlary, döwleti dolandyrmakdaky hyzmatlary, her bir türkmenistanlynyň ykdysady, ruhy durmuşyndaky roly bir döredijilige ýerleşmekden ägirtdir, giňdir. Emma aýry-aýry pursatlary, käbir ýagdaýlary, birnäçe alamatlary şöhlelendirmek we şolar arkaly Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny umumy görnüşde bolsa-da, çeper beýan etmek mümkindir. Mysal üçin, türkmen halky kommunistik zamanada gadagan edilen din-ynanjyna gowuşmaga, öz asyl taryhyny öwrenmäge, buýsanjyny erkana aýtmaga Garaşsyzlyk ýyllarynda mümkinçlik tapdy, Munuň özi çynlakaý mesele. Garaşsyzlygyň mazmunyny aýdyň äşgär edýän hadysa. Şahyr hem şol pursatlara ünsi çekip, Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny okyjylaryna ýetirmekligi maksat edinipdir: Elden giden dinimiz Dilden giden Taňrymyz, Çuňňur guýular ýaly Gömlüp giden aňrymyz. Özümize gowuşdy. Gözüň aýdyň, ymmatym! Gök diredi çal başym, Göterildi gymmatym. Şahyr şygrynyň dowamynda Garaşsyzlygy göwünleriň ganatyna, göwreleriň güýjüne meňzedýär: Garaşsyzlyk! Ne beýle Ýakymly sen, süýji sen. Göwnümiziň ganaty, Göwrämiziň güýji sen. Halky elgarama, bakna durmuşdan Garäşsyzlygyň dyndarandygyny şahyr ýerlikli ýaňzнdyp, bu özgerişi1kleriň gözbaşynda Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň durýandigyny adalatly belläp, şygryny şular ýaly bitiripdir: Elgarama durmuşyň Baky sowuldy, Watan, Ganat ýaýyp gülläber, Serdar ogully Watan! Türkmenistanyň Garaşsyzlygy hem Prezident Saparmyrat Türkmenbaşy barada ýazan şahyryň ýokarky goşgularynyň ritorikasyny «Serdar halkyn synlap dur» diýen şygry dowam edýär. Şahyryň liriki Şahsy Prezidentimiziň halkyna söýgüsini, kiçigöwünliligini: Kän gezek synladym şeýle görnüşi: Uly il öz Prezidentin gallap dur. Prezidentem ula-kiçä baş egip, Şol hoşamaý ýylgyrmagyn paýlap dur – diýip, janly şaýat hökmünde şygryna başlasa, il-günüň, dabara-mejlislere gatnaşýan adamlaryň Saparmyrat Türkmenbaşa garaýşyny suratlandyrmak bilen şygryny dowam edýär: Adam bary tolkun atýar okeýan dek, Alkyş sözi gulagyňa ilip dur. Il-1gün täze dogan Aýa bakýan dek Nyýazowy ýüzlerine sylyp dur. Şahyr goşgusynyň dowamynda Saparmyrat Türkmenbaşy we halk diýlen düşünjeleri barha sazlaşykly, barha hyjuwly suratlandyrýar, sarpaly Serdarymyzyň belent mertebesini joşguňly setirler bilen taryplap şeýle diýýär: Halk özüniň arzuwlaryň, umydyn, Perişdeleç bu adama baglap dur. Göwni galkan goja gözün güldürse, Garry ene guwanjyndan aglap dur. Goşgynyň ahyrky bendi şahyryň ritoriki äheňini şeýle bir güýçlendirýär welin, Serdar bilen halkyň özara gatnaşygyny Allatagzlanyň özi synlap, buýsanyp duran ýaly bir şekil göz öňünde janlanýar. Gül bilen güler ýüz töwerek-daşyň, Halk Serdary, Serdar halkyn synlap dur. Meger, şu görnüşe garap ýokardan, Allaň özi bu topragy synlap dur. Bu hyjuw-ritorika şahyryň Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşa söýgüsinden, onuň alyp barýan işlerine, syýasatyna hormatyndan nyşandyr. B.Hudaýnazarowyň poeziýasy diýlende, bar zatdan öňürti, obrazly kartinalylyk göz öňüne gelýärdi. Şol ruhy ýatladýan şygyr Garaşsyzlyk we Prezident Saparmyrat Türkmenbaşy temalara hem aralaşdy. Bir mysal – «Gypjak obasy, 1940-njy ýyl. 19-njy fewral». Şygryň ady biraz prozalaç görünýär. Onda näme üçin ýer we sene görkezilýär? Bu sowaly şygryň soňky bendi anyklaýar. Şygryň şahyrana mazmunyny doly kabul etmegimiz hem şahyryň obrazly özboluşlylygyny aýdyň duýmagymyz üçin başy üç bendi okalyň: Bahary bir ädim öňe süýşürip Çigrek gije geçdi, Daň atdy ýene. Buýsanja bukulyp ak öýde ýatyr Ak jahana ogul inderen Ene. Ak ýagyş ýagýardy gaýraky guma, Çal ümür çöküpdi ilerki daga. Bu iki läheňiň aralygynda Haýran galyp ýatyr eýjilek çaga. Galam bilen çala çekilen ýaly Bäbejigiň gaşlarynyň çyzygy. Girip bilmän bu ýyljajyk içerik Ýadaw damja pitikleýär üzügi. Zehin siňdirilip döredilen bu bäş bentden ybarat goşgynyň dördünji bendinde dünýä inen ynsanyň ömür ýoluny wagtyň hasaba alandygy, obadaşlarynyň bäbege uzak ýaş diläp edýän arzuwlary beýan edilýär. Ol ynsan kimkä? Şygryň soňky bendinde bu sowalyň jogaby mälim bolýar. Şahyň şygrynyň şeýle sünnä, obrazly bolup çykmagynyň sebäbi hem öz-özünden düşnükli bolup gidýär: Toýçularyň gürrüňini diňşirgäp, Tegelek tüýnüge garap her daýym, Eziz enäň gujagynda ýatyrdy; Türkmeniň geljekki beýik Serdary. Ine, indi «Gypjak obasy, 1940-njy ýyl, 19-njy fewral» diýlip at berilmegi düşnükli boldy. Şahyryň adalatly belleýşi ýaly, «Bu durmuşda duzsuz zadyň weji ýok.» Türkmenler duza keramatly zat hökmünde garaýarlar. Duzdan ant içmeklige Allanyň adyndan kasam içmek ýaly seredilýär. Awtoryň şahyrana beýanyny ulanyp aýtsak, «Iň haý-haýly, iň aýgytly pursatda Duzdan kasam içmek bolupdyr kada». B.Hudaýnazarow! «Duzuň haky» atly goşgusynyň başky iki bendinde duzuň gadyr- -gymmaty, gudraty barada ýokarky ýaly söhbet edip, şeýle mukaddeszady Serdarymyzyň mugt edendigini uly dabara bilen belleýär: Iň arzyly, iň bir eziz myhmany Duz-nan bilen garşy almak däbimiz. Ine, bu gün şol duzy-da mugt etdi, Serdarymyz – beýik arkadagymyz. Bu uly hadysa! Dünýäniň hiç bir ýerinde duzy mugt eden döwlet ýok. Ýöne duz mugt boldy diýip, ony harlamak bolmaz. Onuň gadyr-gymmatyny bilmek biziň borjumyzdyr. Şeýle terzde söhbet edýä, «Duzuň haky» atly goşgy liriki oýlanmalaryny şular ýaly dowam edýär: Hawa, Serdaryň bu sahawatyndan Many çykararlar adamlaň özi. Olar hergiz-hergiz arzanlatmazlar Bir teňňe tölenmän alynýan duzy. Duzdan uly bolma diýlen bir gep bar, Sebäbi duz biziň ynsabymyzdyr. Ödemeli her kim iýen duzuny – Bu biziň mukaddes hasabymyzdyr. Serdaryň bu sahawatyny, elaçyk jomartlygyny ýene bir gezek bellemek bilen, şahyr adamlaryň duzuň mugtlugyna düşünjeli çemeleşjekdigine ynam bildirýär we goşgusyny aşakdaky ýaly jemleýär: Hawa, Serdaryň bu ýagşylygyna Dogry düşünerler adamlaň özi. Ýok olar hiç haçan arzan tutmazlar, Bir teňňe tölenmän alynýan duzy. Şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň şahyrana döredijiliginde watançylyk pafosynyň täze bir akabasyny emele getiren Garaşsyz, Bitarap Watanymyz Türkmenistan, ilkinji Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy baradaky goşgular soňky ýyllar türkmen poeziýasynyň çeperçilik hem ruhy gymmatlygy bolup, halkyň arasynda orun aldy. Bu goşgular joşgunly watançylygyň, Garaşsyzlygyň, bitarap Watana, Serdara söýgi, guwanç ideýalarynyň ajaýyp nusgalary bolup, häzirki zaman şygyrýetimize bezeg berýär. *** Şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň soňky ýyllardaky şahyrana döredijiligi hakdaky belliklerimizi nähili äheňde jemlesek-de bolman durmajak ýaly. Emma oýlanyşyp otursak, bu jemleýji sözlemi ýazmak aňsat bir işem däl. Çünki elli ýyllyk döredijilik işi B.Hudaýnazarowy şahyr, ýazyjy, dramaturg, oçerkçi, kinossenrist, publisist hökmünde ile meşhur etdi. Oňa «Türkmenistanyň Halk ýazyjysy» diýlen hormatly at 1984-nji ýylda berildi. Ol 1971-nji ýylda «Gumlular» romany üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny we 1994-nji ýylda şygyrýeti üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy. B.Hudaýnazarow häzir Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň başlygy wezipeleri alyp barýar. Şahyr döredijilik işgärleriniň aksakaly, görnükli jemgyýetçilik işgäri hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we sarpaly Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlaryny il içinde wagyz etmekde-de saldamly işleri alyp barýar. Şular ýaly uly döredijilik hakdaky ýazgynyň soňuny nähili jemläp bileris? Bize derek ony şahyryň özi aýdypdyr: "Düşün: Seniň çiniň Şahyr ahbeti!" Gurbandurdy GELDIÝEW, professor. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |