10:55 Düşünilmän galan düşünje: Atatürküñ respublikasy | |
DÜŞÜNILMÄN GALAN DÜŞÜNJE: ATATÜRKÜÑ RESPUBLIKASY
Taryhy makalalar
Osmanlyda XIX-XX asyrlarda giñden ýaýran günbatarlylaşmagyñ esasy motiwasiýasy - özgerişe we öñe gidişlige çalt ýetmekdi... Döwrebaplaşma prosesine "medeni gijikme" bilen goşulan osmanly býurokratiýasy we münewwerleri (intelligensiýasy) syýasy we guramaçylykly üýtgeşmeleri Günbatardan şo durşuna "eksport" edip" taryhyñ yzyna galmakdan halas bolunar öýtdüler! Osmanly býurokratiýasy we münewwerleri ösüşi formalizmden we tehnikadan gözledi. ("Tanzimatçy kellä" eýe Abdylhamyt II-niñ mekdepleşmäge üns bermegi munuñ tipiki mysaly...) Atatürküñ bolsa tapawudy şudy: Synpsyz-artykmaç ýeñilliksiz, halkçy düzgün döretmek... Ýagny: Özgerişiñ we öñe gidişligiñ ýoly - Günbataryñ syýasy, ykdysady, medeni gegemoniýasyna garşy doly garaşsyz bolmakdan geçýärdi. Ykdysady garaşsyzlyk bolmazdan adamlaram, ýurtlaram doly azat bolup biljek däldi. Munuñ özi islendik hili eksplutasiýa, daşara garaşlylyga garşy çykan anti-imperialistik doktrinady. Bir bitewi güýçli döwletiñ, milli bazaryñ gurluş sebäbidi... Meselem dünýewilik-sekulýarizm ýaly dünýewi öwrülişikleriñ düýp özeni ösüşe, galkynyşa badak atýan, diniñ özüni-de eksplutaturläp yzagalaklaşdyrýan feodalizm-derebeýlik bilen hasaplaşmakdy... Ine... Osmanly Tanzimat añyýeti (Sadrazam Mustapa Reşit paşa we başgalar) bilen respublikan zamanabaplaşmagyñ (Atatürküñ) esasy tapawudy-da şu düşünjede ýatyrdy. Birinjisi milli bazary ýykyp eksplutasiýanyñ ýoluny açsa, ikinjisi eksplutasiýa garşy ulus bazary kemala getiripdi... Ýogsa-da, günbatarçylar ulusçylary az wagtyñ içinde nädip ýeñdi? * * * Atatürk "Respublikany biz gurduk, ony beýgeltjek we ömrüne ömür goşjagam sizsiñiz" diýenem bolsa... Respublukanyñ DP we RHP ýaly partiýalarynyñ brýurokratlary we intelligentleri Atatürküñ garaşsyzlykçy kemalistik sistemasyny tersine öwürdi. Ýurdy Tanzimat añyýetine - Günbataryñ imperial düzgünine dolap getirdi. Türkiýe Osmanlynyñ 1838-nji ýyldan başlan açyk bazar-eksplutasiýa düzgünine dolap getirildi... Halkdan, halkçylykdan üzñe "gullukçy häkimiýeti" kemalizmi ilki "atatürküñ ýoly", soñra "atatürkçülik" we yzyndanam harby döwlet agdarylyşyklary bilen gardiropçylyga öwürdi! Kemalizmiñ düýp esasy halkçy ykdysady öwrülişij ýatdan çykardyldy. Ösen medeniýete, döwrebaplaşmaga ýetmek ideýasy ýöntem günbatarçy öýkünmelere öwrüldi... Çepçiler 60-njy ýyllarda giñden ýaýran günbatarlylaşmagy maksat edinenlere garşy "Tanzimat münewweri" kesgitlemesini ýöne ýere bermedi. Doly garaşsyzlykçy 1968-nji ýylyñ gozgalañy öwrülişikleri togtadanlara, içine köwenlere garşydy. Galyberde-de: Garaşsyzlykçy çepçileriñ garşysyna (Günbatar kontrrazwedkasynyñ eli bilen) konserwatiw agressiýanyñ çykarylmagu tötänlik däldi. Wagtyñ geçmegi bilen... Käbir çepçilerem neoliberalizm-globallaşma şemalynyñ badyna millilik hereketi kemalizme duşman boldy. Kabul etme (восприятие) operasiýalary geçirildi. Kyblasy günbatarçylyk bolan Bosfor uniwersiteti ýaly ýokary okuw jaýlary, Murat Belge ýaly yrga çepçiler muña goşant goşdy. Häzir şindizem käbir konserwatiw (we käbir çep) gatlaklaryñ düşünje derejesinde Atatürke doly añ edip bilmezlikleriniñ sebäbi-de şudur! * * * Geçilen müddetde Atatürk hakyky many-mazmunyndan goparylyp arşa çykarylyp, tabulaşdyryldy, ýalñyzlaşdyryldy... RHP ýaly partiýalar "kürsi syýasatçylygyna" ýesir düşürildi. (Ideologik esassyzlygy syýasatdyr öýdýän Kylyçdarogly ýaly gyssaga düşen her syýasatçy jemyyýetçiligiñ we partiýanyñ goldawyny almak üçin "Atatürk" diýdi!). Gynansak-da, häzir ýüz ýaşyny belleýän respublikanyñ içi köwüldi, ýok edildi! Umumy bähbit prinsipi bilen gurulan ulus-döwlet taryhy bilelikdeligi doly çagşady... Halk-ulus ýakynlaşmasy-jemgyýetçilik prinsipi, aýratynam ikinji respublikaçylyk patarrakysy "raýat jemgyýetçilik" we yzyndan gelen dini jemagatlar arkaly dargadyldy. Günbatar gegemoniýasy AKP-FETÖ-çepçi liboş hyzmatdaşlygy bilen ýetjek derejesine ýetdi. Diñe bularam däl: RHP ýaly merkezi partiýalaryñ eli bilen respublika populizmiñ eline berilip, doly garaşsyzlykçy pozisiýasyndan çykarylyp, demokratiýa (saýlaw sandygyna) ses bermäge çenli düşürildi. Munuñ özi halkyñ hökmürowanlygy däl-de, diñe tehniki çärelerdi. Şeýle-de guramaçylyk taýdan mejlisiñ bardygy özbaşyna demokratiýanyñam, respublikanyñam bardygyny subut edip bilmez! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |