13:40 Düýp mesele | |
DÜÝP MESELE
Publisistika
ABŞ-da gul eýeçiligi haýsy partiýa syndyrdy? Gul eýeçiligi syndyran Respublikan partiýa... Gul eýeçiligini goldaýan Demokrat partiýa… Gul eýeçiligine bolan garaýşyñ (1828-nji ýylda gurulan) Demokrat partiýany ikä bölmegi bilen Respublikan partiýa 1854-nji ýylda döredildi. Taryhy proses syýasy partiýalary nireden alyp nirä urýar: Ata-babalary gul edilen garaýagyz nesilleriñ bugünki gün iñ garşy çykýan partiýasy - Donald Trampy Prezidentlik kürsüsine oturdan Respublikan partiýa. Düýn garaýagyzlaryñ umydy bolan bu partiýa häzirki gün nädip ýigrenç bildirilýän partiýa öwrüldi? 1776-njy ýyl. Iñlis kolonializminiñ tepbedini okan ABŞ Garaşsyzlygyny yglan etdi. Demirgazykdaky ştatlar senagatyñ ösen we işçiler synpynyñ agdyklyk edýän ýerleridi. Günorta ştatlarda bolsa ekerançylyk ösendi we oba hojalygyn gul zähmetinden peýdalanýan "feodallar ykdysadyýetine" eýedi. Demirgazyk şol bir wagtyñ özünde liberalizmiñ, respublikaçylaryñ wekilçiligini edýärdi. Şol sanda gul eýeçiliginiñem ýatyrylmagynyñ tarapdarydy. Iki jemgyýetçilik gurluşy we agalyk ediji synp ABŞ wekiller palatasy we senatorlaram biri-birileri bilen gapma-garşylykly ýagdaýa geldiler. Goh-galmagally çekişmeler döredi. Mysal üçin... Demirgazykdaky senagat buržuaziýazy gümrük paçlarynyñ artdyrylmagyny talap etse, günortadaky gul eýeleri daşarky bazarlara eksport edýän pagtasynyñ gümrük paçlarynyñ artdyrylmagyna garşy çykdy we ş.m. ... Ýurt aslynda ikä bölünen haldady. Mejbury bileleşik 1861-nji ýyla çenli dowam etdi. Gul eýeçilikli Günorta ştatlar ABŞ-dan bölünip aýrylýandygyny deklarasiýa arkaly resmi ýagdaýda jar etdi. Yzysüre gul eýeçiligini ýaýmak üçin Demirgazyga hüjüm etmäge başlady… Çaknyşyk "häzirkizaman taryhyñ ilkinji iñ uly urşuna" - ABŞ-nyñ Graždanlyk urşuna (1861-1865) sebäp boldy. Ýurduñ ilatynyñ 2%-i uruşda wepat boldy. Netijede… Günortanyñ gul eýeçilikli “feodalizmi” yeñildi… Demirgazygyñ liberal kapitalizmi ýeñiş gazandy… ■ MARKS KAPITALIZMIÑ TARAPYNY ÇALDY Şol döwür… Londonda sürgünde gezip ýören Karl Marks "New York Tribune" gazetine Respublikan partiýany goldaýan makalalary ýazyp ugratdy. Ol şertsiz-sowalsyz Demirgazyk kapitalizmine arka durdy… Ýeri, antikapitalizmiñ düýbüni tutujy atasy Marks garşysyna giden kapitalizminiñ näme üçin näme üçin isledi? Soñ-soñlar Lenin bu ýagdaýa "ýerindäki ýagdaýyñ ýerinde gelnen netijesi" diýip baha berdi. Ýagny belli bir wagt we ýerdäki wakany belli bir çarçuwada degerlendirmäge çalyşýan rewolýusioner içki we daşarky konstrukturany göz öñüne tutman bilmez. Ýagny… Rewolýusioner garşyma-garşy gelende "feodal han-beglere" däl-de, buržuaz liberal kapitalizmiñ tarapyny turýar. (Ýerli kürt han-beglerine oda düzüp, kemalist galkynyşa duşmançylyk beslän çepçileriñ gulagyny şañlatdyk öýdýän!) Marksyñ Demirgazygy goldamagy geñ zat däldi. Senagat kapitalizminiñ lokomotiwi Angliýa başlyklaýyn, gul zähmetiniñ önümi bolan pagtadyr şeker ýaly zatlary ujypsyz çykdajy bilen öndürmäge ýykgyn edýän ýurtlar gul eýeçiliginiñ dowam etmegini isleýärdi. (Bugün pagtadyr şekeriñ ýerine nebitdir gazy goýup, göz öñüne getirip görüñ siz!) Arzan çig mala garaşly yzagalak halkara koalizasiýa Marksyñ garşy çykmagynda aýratyn many bardy. Marks bu sferalaýyn yzagalak ýaranlyklaryñ garşysyna "ulusçy" liberal buržuazlary, intelligensiýany we işçiler synpyny goýdy… (Imperializmi ýok saýyp Türkiýede partiýalar frontuny döretmegiñ hiç hili manysy ýok. Ýeke gezek öwsen pessaý syýasy şemalyñ badyna ýykylar gider…) ■ ÖMRÜNI TAMAMLADY Respublikan partiýanyñ öwrülşigi ykdysady häsiýetlidi: XIX asyryñ “rewolýusioner” partiýasy… XX asyryñ “yzagalak-dindar” partiýasyna öwrüldi… Demirgazygyñ partiýasydy, günortanyñ uly goldawyndan peýdalanýan partiýa öwrüldi! Aslynda… Respublikan partiýanyñ tutumy kapitalizmiñ nireden nirä öwsendigini görkezýär. Respublikan partiýa wagtyñ geçmegi bilen kapitalizmden neokapitalizme sowruldy… Ronald Reýgan bile başlap, Donald Tramp bilen dowam eden neoliberal-wagşy kapitalizme arka durup, dünýädki her dürli yzagalak globallaşma ýaranlygyñ öñbaşçysy boldy. Hawa, geñ galar ýaly zat ýok... XX asyrdan başlap Respublikan partiýa düýpgöter başga hili syýasy ugra gönükdi. Gul eýeçiligini ýatyran partiýa garaýagyzlaryñ ezilip-horlanmagynda uly rol oýnady. Munuñ özeninde akýagyz işçi synpynyñ arzan garaýagyz işçi güýjüne bolan duşmançylygy ýatyrdy. Kagyz ýüzünde gulçulykdan azat garaýagyzlar bu gezek ýoksullyk girdabynyñ zarby bilen “ikinji sınp raýata” öwrüldi. Wagtyñ geçmegi bilen “akýagyz işçi synpy-da” garyplykda garaýagyzlar bilen deñleşdi. Bugün… ABŞ-daky garaýagyz topalañlaryna hakykatdan daş ýüzleý baha berilýär. Mesele düýn bolşy ýaly, şugünki günem ykdysady häsiýetlidir… Düýp mesele şu: Ähli sistemalar ölümlidir. Kapitalizm ömrüni bireýýam paýawlady, diñe ýerine näme gonjagy belli däl… Jümle-jahana sistema-režim bozujy günler garaşýar. ABŞ-da bolup geçen topalañ bütindünýä syýasy sarsgynyñ buşlukçy ýañlarydyr.… Soner ÝALÇYN. "Sözcü" gazeti, 04.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |