18:30 Düýşler / hekaýa | |
DÜÝŞLER
Hekaýalar
I. Ýaşajyk çagalygymda maňa aýylganç hyýal gelýärdi. Munuň özi meniň penjireden köçä uzak wagtlap sereden çagym bolýardy. Adamlar eýläk-beýläk ylgaýardylar, duşuşýardylar, bir-biriniň gözlerine kaklyşyp gidýärdiler, aýak çekýärdiler, ýylgyryşýardylar, ellerini bulaýlaýardylar; bükülişip oturan paýtunçylar bilen, ýüzleri salyk ýuwaş atlary bilen paýtunar şakyrdaşýardylar, aýallar, erkekler, çagalar, itler – bularyň bary köçeden tutuş sagatlap üznüksiz akyp durdy, akyp durdy. Ana şonda, meniň göwnüme bolmasa, adamlar diňe şeýle aladaly, alňasak, äwmezek we ýat bolan bolýardylar – ýalandan hakydalaryna getirmedik, esasy, ägirt hem dabaraly zady ýatlaryndan çykaran kişi bolan bolýardylar. Menem öz ýanymdan: hä diýmän şol zat bolar öýdýärdim. Bada-bat, dem alym salymda bütin dünýäniň ýüzünden şol bir täsin ýatdan çykan pikir at salyp geçerem – hemme zat togtar. Adamlar, haýwanlar, jaýlar, daşlar, asmandaky bulutlar – bary, diri we jansyzlaryň ählijesi geňirgenmekden ýaňa tisginip gidýärler, doňup galýarlar, dym-dyrs bolýarlar hem diň salýarlar. Şonda älemiň depesinden magşar gününiň aýylganç diwanyna çagyrýan Ysrapylyň surnaýynyň sesi açyk eşidilýär. Men özümiň bükgüldili çaga ýüregim bilen howpurgap we çuň ynanç bilen keramata garaşýardym. Tä garaňky köçäniň ugrunda iki hatar fonarlaryň yşygy altyn zynjyr bolup uzap gidýänçä garaşar durardym. II. Mende tas her aýda diýen ýaly gaýtalanyp duran we özümi horlaýan başga-da bir elhenç düýş bardy. Boş garaňky otagda gorkudan gözleriniň ody alnan, zagyrdaşyp tapdan düşen birnäçe adam ejir çekip otyr. Menem şolar bilen. Biziň käbirimiz diwaryň gyrasynda, burçlarda otyrys we ellerimiz bilen somalyp duran dyzlarymyzy gujaklaşyp, biri-biri bilen duşuşmakdan çekinýän hereketler bilen, kapasa gabalan ýyrtyjy haýwanlaryň hereketleri bilen öňe-yza haýaljak yranyşýarys. Emma gorky-ürküden ýaňa halys buza dönen dodaklarymyz ýekeje söz-de, birje ses-de çykaryp bilenok. Biziň gözlerimiz edil göze görünmeýän sapajyklar bilen çökerilen ýaly, işigiň bar ýerine sypynman diwara çiňerilip durdy. Ol işik wagtal-wagtal bir açylýar, hut şol wagtam biziň birimiz çakylyksyz, ses-selemsiz başymyzy aşak salyp çykyp gidýär we gabsanyň ýeňsesinde zym-zyýat bolýar. Gapy ýaňadan ýapylýar. Ýöne welin, biziň hemmämiz içinde ysgyn-mydary galmadyk, çala bildirýän kölegeleriň çabalanýan gyp-gyrmyzy ýagtydan doly ägirt otagyny bir minutlykça görüp galýarys, agyry bilen tapsyzlykdan ýaňa gykylyklary eşidýäris, ahyrynda-da ony – Jellady – görýäris. Ol daýaw, gujurly we salyhatly, özüniň çykyn-çykyn göwresine syrdaşýan gyzyl geýimli, ýasy ýüzi gan-petsiz butnamandyr. Bu – Jellat, onuň başga ady bolmany üçinem, adyny şeýle tutýarlar. Gapy ýapylýar – ýamaşgandan hem tüm garaňkylyk we gorky-howp. Men häzir özümiň-de nobatymyň ýetjekdigini bilýärin. Ölümiň gaýgy-gamynda iki elim bilen kelläme ýapyşýaryn-da: - Ýok... bolup biljek zat däl... Bu düýşdür, bu diňe oraşan ahwalat. Men häzir oýanaryn!.. – diýip pyşyrdaýaryn. Emma men ukymdan açylyp bilemok we sowuk der basyp hem howpdan ýaňa bütin durkum bilen gagşap: “Men uklap ýatan bolsam, onda ukudadygymyň pikirini etmezdim. Munuň özi janly, çyn hakykatdyr: bu umytsyz, ses-sedasyz adam şekilleri, ganly otag, maňa garaşýan Jellat... Ajal! Hemmesi çyn” diýip oýlanýaryn. Işik açylýar. Men “Öz nobatym ýetdi!” diýip oýlanýaryn we boýun egip turýaryn, bedenimiň her bölejiginde uly howp duýýaryn. Jelladyň lopbuş ýuwha ýüzi maňa bakýar we şonda men oýanýaryn. III. Emma indi meniň düýşüme ýygy-ýygydan ýer girýär – munuň özi aýlanyp-togalanyp, haýsydyr bir üznüksiz, gara, näbelli düýpsüz çukura eňip barýan äpet janly ýadro, ol anyk hem gizlin kanunlara tabynlykda uçup barýar. Ýeriň daş-töweregem – tümlük bugjarýan ganyň we maslyklaryň porsusyndan doly, dykyz, tüm garaňkylyk. Şol tüm garaňkylyk ýeriň üstüne abanypdyr we elhenç şepbeşik basyrganma bolup süýgeşipdir, ýerem düýşünde iňňildeýär we çabalanýar hem oýanyp bilenok. Men özümiň garyp, ajaýyp, enaýy, düşnüksiz diýarymy görýärin. Ony edil söýgüli aýalym hökmünde – namysyna deglen, betnyşan edilen, gana boýalan, kemsidilen we aldanan halda görýärin. Onuň çäksiz giňdigini, Buzly okeandan ýyly deňizlere çenli, Günbatardan erteki ýaly Gündogara deňiç giňişligini görýärin, ol tutuşlygyna-da ýangynyň ýalkymy düşüp, gana gark edilen we maslykdan doldurylan, iňňildi hem näletden ýaňa saňňyldaýar. Onuň ýüzünden ganly düýş ýöräp barýar, şol düýşde-de, guduzlan ganojaklar hahahaýlaşyp, aýallar bilen garrylary öldürýärler, çagalaryň kellelerini köçäniň daşyna urup mynjyradýarlar, şu gyzyl tümlükde gandan adamlaryň elleri bugaryp dur. Men hemme ýerde çakyrsüňk elleriň serlişini we gury, gyşyk erinleriň sessiz “Çörek!” diýip, nalaýyşlaryny görýärin. Haýsy birleri olara: - Sabyr ediň! – diýip, jogap berýärler. Beýlekileri: - Sem boluň! – diýip, gygyrýarlar. Men tenlerini ot-ýalyn çürüşdiren, çekip-çydardan agyr zähmet zerarly elleriniň ýaryklarynda guş guzlaýmaly adamlary, döşleri çökük, gapyrgalary tapyşan adamlary görýärin. Men olaryň: - Biziň zähmetimiz – nälet, gulçulyk geregimize däl! – diýýän tawuşsyz nalalaryny eşidýärin. Birleri: - Çydaň! – diýip, jogap berýärler. Başgalary: - Sem boluň! Gulçulyga kanagat ediň – ýa-da özüňize hem güjükleriňize ölüm – diýip haýkyryşýarlar. Men ýene şeýle bir dok, aşgazanyna sygman agdyk nahara gägirýän, açdan özüniň iýip gutarmadyk çörek gyňagyny gizleýän ynamsyzlary, köre-körlükden adam öldürýän gullary, kemsidilip we masgaralanyp ejir çekenleriň maslyklaryny-da görýärin. Şonda welin, basym gana boýalan dünýä oýanar diýen hyýala gelýärin. Göwnüme bolsa bir gün agşam ýa gündiz, ýangynlaryň, zorlugyň-sütemiň, ganyň we iňňildileriň arasyndan älemiň depesinde kimiňdir asuda, dana, saldamly sözi – düşnükli hem ýakymly sözi ýaňlanaýjak ýaly bolup dur. Hemmeler hem oýanarlar, uludan dem alarlar we gözleri açylar. Gezelen tüpeňler öz-özünden aşak goýberiler, dokmädeleriň utanç-haýadan ýüzleri gyzarar, müňkürler bilen tapsyzlaryň ýüzleri nurlanar, ganyň bar ýerine ajaýyp güller gögerer, şolardan biz ejir çekenleriň mazarlaryna çemen baglarys. Şonda düýnki gul: “Gaýdyp gulçulyk ýok” diýer. Hojaýyn hem: “Dünýäde adamdan başga hojaýyn ýok” diýer. Ýüzi açylan, oýanan ýer bolsa hemmelere mylakatly: “Çagalar! Meniň emmelerime geliň, deň we erkinleriň hemmesi, geliň. Men süýdümiň köplüginden ejizleýän” diýer. IV. Men düýşüň gutarýanyna we ukudan açylyşyň gidişine ynanýaryn. Biz otly hem ganly daňlaryň ýagtysyna ukudan oýanýarys. Emma bu şapak gijäniň däl-de, säheriň şapagy. Biziň depämizdäki asman ýagtylýar, säher şemaly daragtlarda şuwlaýar! Gara gije yşaratlary gaçýar! Ýoldaşlar! Azatlygyň güni gelýär! Bizi ganly düýşli ukudan oýarýana ebedi şöhrat! Azap çekenleriň kölegelerine ebedi ýadygärlik. 1905 ý. Aleksandr KUPRIN. Terjime eden Nurmyrat ESENMYRADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 10.01.1971 ý. | |
|
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |