23:29 Ilkinji eserim / hekaýa | |
ILKINJI ESERIM
Hekaýalar
Bu waka Moskwada bolupdy. Ol wagt meniň ýaňy bir on ýedim dolupdy. Bu ýaşda ýazyjynyň durmuşy göwnüňe başdan-aýak şan-şöhrata beslenen, bägüllerden we ýeňişlerden doly ýaly bolup görünýär. Meniň üçin bu ýola düşmek adamzada elýeterli bolan bagtyň çür başydy. Ilkinji hekaýamyň mazmuny häzir anyk ýadyma düşenok. Ýöne ýalňyşmaýan bolsam, onda ajaýyp maý säheri suratlandyrylýardy. Şol säherde hem Woldemar atly bir ýigidiň Lýudmila diýen gyza aşyk bolşy, ol gyzyň hem atly goşunyň serkerdesi bilen Woldemara ikilik edişi barada gürrüň berilýärdi. Hekaýanyň ady «Irki gözýaşlardy». «Irki gözýaşlary» azyndan sekiz gezek dagy göçürdim-de, olary biziň öýümize ýygy-ýygydan gelýän we maňa ýagşy umyt bilen garaýan şahyr Wenkowa eltip berdim. Wenkow rus gazetdir žurnallarynyň bir wagtda hemmesine diýen ýaly ýazardy we ýurt bähbitli saýýan pikirlerini jüpüne düşse-düşmese hemme ýere «sokmagy» başarardy. Eger ol tupany suratlandyrsa, onda goşgynyň soňunda hökman, haçan-da bolsa bir wagt «garalyp duran bulutlaryň» öz watanynyň asmanyndan syryljakdygyna bolan umydyny beýan edýärdi. Şaglawugyň görnüşi oňa gadagan edilen pikiriň sütem gandallaryny kül-uşak edişini ýatladýardy. Onuň özboluşly ýüz keşbi henizem göz öňümden gidenok: mama dişän, akanak-çukanak bolup duran süýri ýüzi hemişe bir tarapa gyşaryp, selçeň, bulam-bujar, çäge reňkli sakgaly sandyrar durardy. Selçeňden göni saçlary burunlak, şowakör we tüňňi maňlaýly kellesiniň iki tarapyndan egnine dökülip durdy. Ol hiç haçan bir ýerde oturmazdy, hemişe otagyň içinde ol burçdan bu burça gezmelär ýörerdi. Gowky aýaklaryny giň we gülkünç açyşy harasat wagty gäminiň ýokarky gatynda dört gatnaw edensoň, şkafjagazyň ýanyna barardy-da, ondan iki sany bulgurjyk (biri özüne, beýlekisi söhbetdeşine) bilen şerbetli gaby alardy. Ony hem ýüz-gözüni elhenç çytyp içerdi, soňra şerbetli gaby yzyna — şkafjagaza salyp, «deňizçiniň ýöreýşi» bilen otagyň içinde iki ýana gezmelemegini dowam etdirerdi. Iwan Liodorowiç meniň hekaýamy göwünli-göwünsiz kabul edip, ony bir ýerlere hödürlejekdigine söz berse-de, şowlulyga uçrajagyna kepil geçip bilmejekdigini aýtdy. Ýöne şu gümürtik wada-da maňa artygy bilen ýeterlikdi. Aradan birküç aý geçdi… Hekaýamyň «Московский иллюстрированный листок» gazetiniň redaksiýasynda ýatanyna esli wagt bolandygyna garamazdan, onuň ykbaly nämälimligiň tümlügi bilen örtülendi. Elbetde, şu geçen döwrüň içinde men Iwan Liodorowiç görgüliniň mazaly ýüregine düşüpdim. Hepdäniň her çarşenbe we şenbe günleri bizi okuwdan boşadýardylar. Menem hökmany suratda onuň ýanyna barardym. Ol hemişe meniň gözlerimde şol bir sowaly okardy we «Garaşmak, sabyrly bolmak gerek… derrew diýen zat bolmaz ahyry, redaksiýa hekaýalardan ýaňa hyryn-dykyn» diýen ýaly nesihatlardan başga hiç zat bilen köşeşdirip bilmezdi. Elhenç sözler: redaksiýa hekaýalardan ýaňa basgy bolup ýatyr! Ýöne olar meniň «Irki gözýaşlarym» däl-de, başgalaryň gyzyksyz hekaýalary ahyryn… Bagt hemişekisi ýaly, bu gezegem garaşman durkam, duýdansyz geldi… Bir gezek harby-inženerçilik sapagyndan (bu ylmyň diňe adynyň tutulmagy hem meni häli-häzirem tisgindirýär) alan birligim üçin ýekşenbede dynç alşa goýberilmedim. Agşam sagat dokuzlara dynç alşa giden harby okuwçylar yzlaryna dolanyp ugradylar. Kimdir biri (men şol wagt çilim çekilýän ýerdedim): «Kalinin dynç alyşdan geldi, özem sizi gözläp ýör» diýdi. Bu habar meni biraz geňirgendirdi: kelpeňräk hem ýeňilkelle Kalinin şu çaka çenli ýagşydan-ýamandan gürleşip gören adamym däldi. Men oňa näme üçin gerek boldumkam? Biz çilim çekilýän ýerden ýatýan jaýymyza barýarkak, basgançakda duşuşdyk. Kalininiň elinde dolanan uzyn kagyz bardy: ― Eşidýäňizmi ― diýip, Kalinin endigine görä, suwjuklyk bilen dilini aýnadyp, söze başlady: ― Bir «şpak» (biziň dilimizde bu «harby däl» diýmegi aňladýar) size şuny gowşurmagy haýyş etdi. Ol dolanan kagyzy meniň elime tutdurdy. ― Nähili şpak? ― diýip, men biraz ynjalyksyzlandym. ― Bilemok… Daşyndan göräýmäge tutuk adam… Köçede meni saklap, sizi tanaýanymy-tanamaýanymy sorady. Men tanaýandygymy aýtdym. «Beýle bolsa, şoňa gowşursaňyzlaň» diýip, şuny elime tutdurdy. Dolagdan çaphana boýagynyň ýiti ysy gelýärdi. Ýüregim haýsydyr bir süýji täzeligi duýup, gursagymdan çykaýjak bolýardy. Men howlukmaçlyk bilen kagyzy açanymda «Иллюстрированный листок» iki sanyny gördüm. Meniň durmuşymda şolar ýaly bagtly pursatlar soň-soňlaram az bolmandy. Ýöne şol gezek ýaldyrawuk ak kagyzyň ýüzünde gara harplar bilen ýazylan setirlere seredip tolgunyşym ýaly joşgunly duýga çümenim meniň-ä ýadyma düşenok. Begençden ýaňa çendenaşa tolgunmagym käbir gödek hereketleri hem etdirdi. Içki duýgymy açyp görkezmek üçin birbada bäş basgançakdan böküp, alagoh bolup, ýokarlygyna ylgap çykdym. Ýatak jaýymyza kürsäp girip, ýatalgadyr oturgyçlaryň üstünden böküp, guduramagymy dowam etdim. Ahyrynda, biraz ynjalyp, asma çyrany aşak düşürdim-de, gazeti açdym. Setirler gözümiň öňünde böküp, harplar gara zolaklara öwrülýärdi. Her näme-de bolsa, kimdir biri bilen bu şatlygymy paýlaşmak gerekdi. Özüme has ýakynrak saýýan ýoldaşlarymdan birini görüp, oňa tarap okduryldym: ― Görsene… gazetiň… ine, şu ýerini… meniň hekaýamy çap edipdirler. Tolgunmadan ýaňa demim-demime ýetenokdy. Ol bolsa bu täzelige geň galsa-da, meniň garaşanymça begenmedi. ― Şeýlemi? Hany? ― diýip, ol biparhlyk bilen elini gazete uzatdy. Ol okap başlady, men weli onuň yzynda durup, gymmatly setirlere egninden üstaşyr seredýärdim. Ol örän haýal okaýardy. Meni birden nähilidir bir gabanjaň duýgular gaplap aldy. ― Saklan, saňa soň bererin. Entek özümem okamok ― diýip, onuň elinden gazeti kakyp aldym. Onuň ýanyndan gaýdanymam şoldy welin, mende ýene-de kimdir biri bilen şatlygymy paýlaşmak islegi döredi. Gazeti azyndan on ýoldaşyma-ha görkezendirin. Olar, häki bir, gyzyklanan kişi bolýardylar, ýöne olaryň hereketleri meni kanagatlandyranokdy. Ahyrsoňy şatlygymdan habardarlaryň uly üýşmeleňi daşyma jemlendi. Kimdir biri eseri daşymdan okamagymy haýyş etdi. Tolgunmakdan we ýaňky ylgawymyň netijesinde daljykmakdan ýaňa sesimi sandyradyp, öňden tanyş owadan jümlämi okap başladym: «Ajaýyp maý säheridi…» Hekaýany okap bolanymdan soň, diňleýjiler göwnüm üçin ony oňladylar. Kimdirbiri: ― Tankytçylaryň pikirini okamak gaty gyzykly bolardy ― diýdi. Şol barmana töwerekden bilesigelijileriň ýene-de birnäçesi geldi. Nämäniň- Nämedigini eşidenlerinden soň, olaram eseri diňlemäge isleg bildirdiler. Menem Ikinji ýola ony edil öňkim ýaly, uly höwes bilen okap berdim. Her gezek eserimi gaýtadan okanymda, onda täze-täze ajaýyplyklary tapýardym. Ýöne maňa bu-da az görünýärdi. Eserimi beýlekilere sesli okadyp, gözlerimi ýumup diňläp oturyşyma, oňa kesekiniň duýgusy bilen garamaga çalyşýardym. Ertesi rota serkerdämiz Drozd meni öz ýanyna çagyrdy. ― Derrew maňa şol çyrşaşdyran zadyňyzy beriň ― diýip, ol gazaply sesi bilen buýruk berdi. Düşünmediksiredim: ― Nämäni, ýoldaş kapitan? ― Siz… gazetjagazda nähilidir bir bolgusyz zatlary ýazypsyňyz, şony bäri beriň… Özüňizem gepiňizi köpeltmäň… Etjek alajyň ýok, oňa gazetiň bir sanyny getirip berdim. Ol ony açdy-da, adymyň baş harplaryna barmagyny çommaldyp sorady: ― Şumy? ― Şu, ýoldaş kapitan ― diýip jogap berdim. Rota serkerdämiz gymmatly neşiri ýyrtyşdyryp durşuna: ― Karsere (karser — günäkäri wagtlaýyn ýekelikde saklamak üçin tussag jaýy) ýönel. Bu ýene-de bir gezek gaýtalansa, mekdepden çykarylarsyňyz — diýdi. Men karsere gitdim. Drozdyň gazet bilen bagly hereketi meni ýürekden gynandyrsa-da, döredijilikde sowatsyz mähelläniň ýerliksiz aýyplamalaryna hemişe döz gelnendigine, geljekde hem döz gelinjekdigine bil baglap, özümi köşeşdirdim. Men karserde iki gije-gündiz oturyp çykdym. Ýanymda gazetiň zeper ýetmedik sany bolany üçin içim gysmady. Men öz hekaýamy gaýta-gaýta okaýardym. Ony gullukda meýletin galan serkerdä — karseriň sakçysyna hem okap berdim. Ol özüniň oňlamasyny «Ýeserlik bilen ýazylypdyr!» diýmek bilen aňlatdy. Ondan bäri köp-köp ýyllar geçdi. Men eýýäm öz tejribäme görä, edebiýatçynyň ýolunda bägüllere garanyňda tikenleriň has köpdügini bilýärin. Her gezek öz eserim çap bolan neşiri elime alanymda, oňa begenmäge derek, oturyp setirlerini sanaýaryn. Ýöne kalbymyň bir künjünde birmahalky ýaşlyk göwnaçyklygy bilen sähel zada ýürekden begenip bilýän ýyllaryma bolan ötgür bahyllyk duýgusy döreýär. Aleksandr KUPRIN. Rus dilinden terjime eden: Ogulnur GELDIMYRADOWA. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |