02:16 Dymyp diñlenýän hakykat / nowella | |
DYMYP DIÑLENÝÄN HAKYKAT
Hekaýalar
Dogrusyny aytsañ öldürýärler bu döwürde. Edil orta asyr eýyäminden biri gelip gulagyma çawuş çakan ýaly. Tisgindim. Garañky gijäniñ Aýy hem depämden aýpalta ýaly sallanyp dur. Misli obany çapawullamaga gelen galtamanlaryñ garşysyna ýeke özi çykyp, çapylyp öldürilen garry atamyñ hut özi gapdalyma gelip: "Heý, ogul, hakykaty aýtmakdan gorkup, gaçyp gideniñden dogry sözläp öleniñ has abzalyrak" bolaýmasa diýýän ýaly. Men oña näme diýeýin. * * * Dogryñy aytsañ öldürenoklar, nasyñy çykaryp urýarlar. Cagalykda şeyledi. Klasymyzda hemmämiz Myratdan gorkýardyk. Daýawdy. Mugallymlar bilen dep-deñdi. Onsañ ol käte oýun edip, "Hany, dawaý daşyma geçiñ" diýip, klasyñ ikinji, üçünji şeflerini güýç synanyşmaga çagyrar. Olar hakykatdanam ondan gorkýardylar emma şonda-da aýdanyna ýok diýmän, ýalandan daşyna geçip, urşan kişi bolýardylar, soñam ýeñlen bolýardylar. Myrat bolsa, mes, hahahaýlap gülýär. * * * O wagt hakykat näme, dogry söz näme, anyk manysynam bilemok. Hakykat hakykat. Dogry söz dogry söz. Mekdebe gatnaýan. Okan bolýan. Mugallymlardan sapaklary öwrenýäs, öý işi yazýarys. Myratdan hem gorkup hormat edýäris. Okuwdan soñ öýe. Mallara ot berip, suwa ýakmaly. Gyş bolsa, içigar suwy ýylydyp bermeli. Elim goşa bedreli, ugrumam kanala tarap. Doñup ýatandyr. Cagalaryñ goh-galmagaly. Yzyma garaýan. Goñşularyñ çagalary. Deñ-duş bary. Eh-e, şäherdäki daýzalarynyñ ogly hem bar. Olar känlik, jagyl-jugul. Içinde biri ekabyrrak: - Eý, Bekgi pökgi, Timurçik bilen uruşşakmy - diýip, alkymyma dykylýar. - Timurçik şäherde karateýe gatnaýa. - Men uruşjak diýdimmi? Geýnüwlije Timurçik göwnüýetmez ýylgyrýär: - Aýtdym-a, gorkýa diýip, ýörüñ gaýdalyñ-da. Serawno uruşmaýa, sebabi taýak iyjegini bilip dur-a. Onuñ bolup durşuny gözümiñ gyýtagy bilen synlap durşuma ýene klasdaşym ýadyma düşdi. Myrat, Myrat... * * * Myrat Myrat martyşka, on baş kilo kartoşka diýýädik ýok ýerinde. Güluşerdik. Bir günem tutdy şol sözüñ üstünde. Yakamdan towlap iki gezek dagy diwara süýkäp aldy. Ýensäm awap gitdi. Gözlerime dagy ýaş tegelendi öýdýän. Gaty gaharym geldi. Ol bolsa entegem ýakamy sypdyrarly däl. Bir emel etdim, taýak iýmejek bolup gollaryny tutdum. Golumy silkip aýyrdy. Arkasyna aýlanyp, ýene gollaryny gañryp saklamaga çalyşdym. Emma Myrat öküz ýaly güýçli. Gyp-gyzyl bolup dyzaýar. Ahyr güýjüm galmady, bize tomaşa edip duranlara bagyrdym: - Geliñ-ä, doganyñy depeýinler, urup ýykyñ şu wagt. Başga wagt başarmajaklaryny bildilermi, hemmesi ala-gupürdi bolup üstümizden indiler. Myradam menem aşakda galdyk. Haýsy ýumruk salýar, haýsy depýar. Klasa girmäge jañ bolup gidipdir. Hiç kim bilenogam. Men ahyr gyra özümi atdym. Oglanlaryñ aşagynda Myrat zörledip aglayardy. Ahyr oglanlar aýryldylar. Myrat aglap, içini tutup otyrdy. Akgy maymyn diýýän klasdaşymyz ýuwaşjadan oña golaýlaşdy: - Myrat, niräñ agyrýar? Myrat oña seredip: - Göbegimiñ ýanyna biriniz-ä erbet depdiñiz. Ýaman agyryp dur. Akgy ýaramsaklyk edip, penjeginiñ kisesinden aşyk ýaly köke çykardy: - Me, şuny iýäýsene, häzir gowlaşar. * * * - Timurçik ursana şuny! Näme agzyna bakyp dursuñ? Timurçik edil alkymyma dykylyp: - Görelimi - diýýä. Men: - Tapawudy ýok- diýýän. - Ýöne gapdalyñdakylar goşulmasynlar. Gonşmyzyñ ogly Söýün: - Seni Timurçigiñ özi hem bir zat edýär-how, Bekgi pök-gi - diýip, gaharymy getirjek bolýar. - Güýçli karatist ol. Basym gara guşak alýar. - Näme guşak alsada, bire-bir çyksyn. Men şundan galsammara öýe baryp çörek iýmeýän. Timurçik ýalandan gülen boldy. Uruşmaga meydan açdylar. Daşymyza tegelendiler. Urşup başladygam welin Söýün goşulyp gitdi. Ýogsa Timurçik goşulma-da diýdi. Ýaranjañlyk edýän ýaly, arkamdan gelip birki ýola depdi. Gaty agyrmasa-da gaharym geldi. Elime ilen zat bilen aýlap saldym. Galaýy bedräm zaýa boldy. Soñ men belent yere çykyp, oña barybir dogrusyny aytdym: - Ey samsyk Söýun, sirke basan gara goýun. Meni diñle, Timurçik ertir gider. Dayzañ maşynly dosy gelip äkider. Sen meñ goñşym-a, sen hiç ýere gideññoga. Malyatagyñyzdan ders çykaryşmaly bolanda Timurçik kömek edenoga. Iki bolup ders çykaramzokmy. Körek ogurlamagada bile gidýäs-ä. Samsyk sen Söýun! * * * Aklyma sygydyryp bilmeýän bir hakykatym bar. Ony entek hiç kime aydamogam. Şol wagt aýtmadym, indem aytsam däl. Kakam türmede, ejem pahyram yarawsyz. Öýüñ bar ýuki egnimde diýen ýaly. Öýüñ gutarmaýan işinden sypsam gapdalymyzdan geçýän kanala balyk tutmaga eñýän. Iki çeññegim bar. Bir lakga için biri maýda balyklara. Kanalyñ añry tarapy pagta atyz. Hally däli bilen Ogultäç gelnejäniñ potrat ýeri. Ýaz gelse, şol ýerde ýatyp turýarlar. Depesinden gum sowrup işleýärler pahyrlar. Özlerem bizden beter garyp. Hally akgam wino içýär. Ogultäç gelnejem halamasada içýär. Aý garaz pagta otap, ýekeläp ýadasalar kanala gelip salkynlap gidýärdiler. Äri suwuñ içinde samsyklyk etjek bolsa, betlenip gygyrýar. Suw ýaly arassa yerde şuññaly iş edilermi, aýryl ýerçeken. Hally däli-dä kikir-kikir gülýär. "Dursana, Okgam - diýýär, - suwda ýaman gowy gidýä. Akar suwa haram ýokmaz diýýä, gel-lä, Okgam". Ogultäç gelnejem gaty akylly. Etmez. Hally akgam, dogry hereket etmese, çekinip durmaz, göni patyladyp aýdar. Şonuñ üçin taýak iýýän wagty az däl. Şol günem bir zadyñ üstünde ýaman tersleşdiler. Hally däli diýseñ däli. Düýe ýaly baý düwledi. Ogultäç gelnejemem baý gygyrdy. Sesleri ýatmady. Birdenem Hally akgam kanalyñ raýşyna dazlap çykdy, elinde hem üç ýaşlaryndaky kiçjikje gyzlary. Çagajyk bir çyrlaýa bir çyrlaýa. Oña bamyñam diýenok. Ezeneginden tutup gelýän çagasyny kanalyñ suwuna zyñyp goýberdi. Bir zatlar diýip gygyrýar, sesem aýylganç. Şol wagt näme diýýäninem añşyramok. Çagajyk suwa pöñk etdi-de, çümüp gitdi. Suwa özümi okladym. Çagajyk hiç ýerde ýok. Erbet gorkdum. Suw ýuwutdym gark bolmanyñ bäri ýany boldum özümem. Bir görsem çagajyk meñ çeññek guran ýerimden galkyjyklap çykaýmazmy. Wah-h, neresse çaga zyñdym şol tarapa. Suwdan alyp, gyra çykdym. Dem-düýt ýok, agyz-burunjugy göm-gök gaýyr. Kinoda görenim ýadyma düşdi. Derrew başaşak edip, silkeledim. Oña çen kanaldan urup geçen Ogultäç gelnejem ulyiline, uwlap ýetip geldi. Edil enesiniñ sesini eşdip jana gelen ýaly çagajyk düwunip, suw gaýtaryp özüne geldi. Çagajyk näme bolanny bilmän aglaýardy. Enesem aglaýardy. Menem agladym. Yöne bu wakany hiç kime aýtmadym. Hally akgam şondan soñ içmesini goýaýdy öýdýän. Ondan bäri näçe ýyl geçdi. Şol çagajyk uly gyz bolup ýetişdi. Dört örüm saçly, bälçik gyz. Özümden kiçi inim gowy görýärmiş ony. Ogultäç gelnejemiñ gyzam inimi ýaman görenokmyş. Saçykesilen. * * * Gyş gijeleri. Başlasa gutarmany bilmeýän gyş gijeleri. Ejem ikimiz gürrüñleşip gijäni ýarpylap ýatarys. Oña çenli jorap örýän ejeme kömekleşýän. Uzyn kelep bolup ýatan ýüplükleri ýumak etmek meñ işim. - Eje, - diýýän. - Şol öñki aýdyp bereniñ bar-a?! Ejem jorap örýän myhlaryndan gözüni aýyrman: - Haýsy aýdyp berenim balam - diýip soraýar. Men öñem nijezar diñlän gürrüñimi ýene ejeme aýtdyrasym gelýär: - Şol gezek oba galyamanlar çozanda garry atam näme üçin beýlekiler bilen gaçyp gidäýmändir-dä - diýip, ahmyr bilen dodaklarymy gysýan. Ejem işinden ünsüni bölmän: - Aý balam, garry atañ ýetmiş ýaşyndaky aksakgal eken-dä şol wagt - diýýär. - Onsañ meñ ýaly garryny näme edýä gelen ýagy diýip galyberipdir-dä. Men durup bilmän ýene soraýan: - Eje, obada garry atamdan başga ýekejede garry ýokmudyka. Onuñ ýaly bolup obada başga hiç kim galmandyr. Ejem hiç zat diýmän dymýar. Menem näme diýjegimi bilemok. * * * Ýöne söñ-soñlaram kän oýlandym: garry atam oba galtamanlar çozanda ýeke özi galyp olara hakykaty aýdan bolmaly. Meger şonuñ üçinem hakyny alan bolmaly. Sylapberdi MUHAMOW. 07.08.23 ý. Klin. Leningradskiý şosse. Maýdanowa. | |
|
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||