08:53 Edebi hem ebedi pikir parçalary | |
Orazguly ANNAÝEW
Edebi tankyt
1. Dünýäniň birligini, bütewiligini, ähli barlyklaryň biri-biri bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny duýup, oňa doly düşünip bilmeýän şahyryň döreden eserleri çig-çarsy bolar. Şol ägirtligi, şol äpetligi görüp, duýup bilýän kişiniň eseri ownukçyllykdan, kir-kimirden, kümsük pikirlerden halas bolar. Şahyr dünýäni, dünýäniň aladasyny arkasyna alyp, agyr ýüküň astynda ýegşerip gezmeli kişi däldir. Şahyr dünýäniň depesinde, döwrüň depesinde orun almalydyr. Ýöne ol basan ýerini torç etmek üçin belentlige çykman, namazlygyň üstünde duran ýaly hereket etmelidir, mukaddesligi syzmalydyr hem ony artdyrmalydyr. Eger şeýle bolsa, şahyr bir setirinde dünýäniň derdini beýan edip, oňa teselli bolup biler, bir bendinde naçaryň gözüniň ýaşyny sylyp, onuň adamzadyň geljegini dowam etdirýan gudratdygana ynandyryp biler, bir şygrynda özüniň, öz ömrüniň bakylyk bilen nähili aýrylmaz baglanşyklydygyny subut edip biler. Görşüňiz ýaly, söhbetimizi uly düşünje – dünýe barada başlan hem bolsak, netijede ýene ynsana, ynsan häsiýetine, adama dolanyp geldik. Çünki her bir adamyň dünýäden uly dünýäsi bar. Şahyr soňsuz ummandaky ýaly şol çäksiz dünýäniň guwwasy. Ol geçmiş, şu gün, geljek, döwür, dowam hem bakylyk diýen suwa çümüp, çykyp, öňe tarap hereket edip barýar... Siz suwa çümen adamy suwdan çykandan soň öwüň! 2. Hakyky şygryýet eseri işiň arasynda diňlenýän, çem gelen mahaly okalýan, güýmenje üçin ele alynýan serişde bolmaly däldir. Ol ýaşalýan hem ýaşadýan barlyk bolmalydyr. Ol zerurlykdyr, ol ýaşaýyş çeşmesine öwrülmelidir. Onsuz durmuşyň manysy soluk, tagamy duzsyz, özi çydamsyz bir ezýet ýaly duýulmalydyr. Şygyr, şygryýet howa ýaly zerurlykdyr. Şygyr dünýäsine aralaşyp, şatlanyp, ýylgyryp, gülüp bilýän kişi, özüni başgaça, başga kişi ýaly duýup bilýän adam, aňlap hem aglap bilýän ynsan bagtlydyr. Ol şahyryň hut özüniň döreden ideal, arzuw edýän okyjysydyr, öz hossarydyr, öz halasgäridir. Özem bu okyjy şahyrdan has belendir! Şahyry şahyr edýän şoldur. Elbetde, ol muny bilenok, bilmezem. Ýöne bu inkär edip bolmajak hakykat. Men özümde şeýle bir okyjymyň barlygyna begenip ýörün. Ol maňa öz ýazan şygyrlarymy şeýle bir düýpli, çuň we dogry düşündirýär welin, bu eseri özümiň ýazanyma geň galyp, gözlerime ýaş aýlanyp gidýär. Hut şeýle bir okyjymyň, ýekeje janköýerimiň barlygy üçin men özümi şahyr hasaplap bilerin. Hut şeýle halasgärimiň barlygy üçin men öz döredijilik ykbalymdan razy, juda razy bolup bilerin. Ýakynda edil şeýle ýene bir okyjymyň barlygyny bildim. Men onuň aýdan sözlerini hemmeleriň eşitmegini islärdim. Ýöne bu, goý, hiç haçan açyklanmajak ençe syrlarym ýaly meniň gursagymda galsyn. Uzak wagtlap maňa ynam, güýç, kuwwat, ylham bersin. Men edil şu iki ýürekdeşim ýaly üçünji bir okyjymyň barlygyna ynanýaryn. Ýöne ol, goý, meniň aňymda, hyýalymda ýaşamagyny dowam etsin. Eger-de onuň bilen tanyşsam, men şygyr döretmekligimi bes etmeli bolarmykam diýýärin. 3. Bir goşgynyň nädip dörändigini düşündirip bilýän bolsaňyz, ol hakyky şygyr däldir. Şygyryň dünýä inmegi durşuna syrdyr, ahyryna çen düşünip hem düşündirip bolmajak syrdyr. Çaganyň dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagatdan soň dünýä inýändigini bilýän hem bolsak, onuň haçan, nähili we kim bolup ýagty jahanda peýda boljaklygyny anyklamak asla mümkin däl. Şygyr şahyryň aklyndaky pikir, kalbyndaky duýgy bilen hylwat gatnaşykda haçan boldy, haçan bolýar, haçan boljak – bu ahwaly, bu hadysany, bu syry kesgitlemek asla mümkin däldir. Eýsem, başga däl-de hut şu şygryň dünýä inmegine sebäp bolan ýagdaý näme? Eýsem, bu şygyr düýn ýa ertir däl-de näme üçin hut şu pursatda ýagty jahana çykdy? Ine, şular ýaly çözgüdi tapylmajak ýüzlerçe sowallar bar. Eýsem, düşündirip bolmajak ýagdaýy, hadysany, barlygy düşündirjek bolup çyr-çytyr ýapyşyp ýatmalymyka? Belki, düşündireniňden soň onyň ähli gözelligi, imrindiriji syrlylygy, üfleseň üýtgejek gözelligi gaýyp bolar. Şygryň gudratyny sada dil bilen düşündirjek bolmak, ýumruk ýaly göwheriň içiniň nähilidigini bilmek üçin ony çekiç bilen döwen ýalydyr. 4. Uly ýaşly ýazyjy-şahyrlar ol ýa bu edebi hereket, ösüş ýa-da şahyr, şahyryň eseri barada islendik pikirlerini aýtmaga hukuklydyryn öýüdýärler. Elbetde, erkin pikirlilik, köňle geleniň şagladylyp goýberilmegi begenilmeli pursat. Ýöne belli bir derejede ykrar edilen, belli bir derejä ýeten kişi aýdan her bir sözüne dykgat etmelidir. Ilki bilen onuň netijesi barada oýlanmalydyr. Ol aýratyn hem garşysynda duran kişiniň, sözlerini gönükdirýän adamynyň taýýarlygyny, ruhy-halyny hasaba almak mejburyndadyr. Näçe berk, gaty, duzly sözleri aýtsam, maňa şonça-da köp üns berýärler, abraýym şonça-da artýar diýip pikir etmeklik düýbünden ýalňyş. Käte siziň bir dem dymmagyňyz, belki, bir sagat sözlän ýalkymly nutugyňyzdan artyk täsir eder hem has peýdaly bolar. Döredijilikde, döredijilik baradaky jedellerde we çekişmelerde „degene gözüm menden däl“ etmek bolmaýar. Şahyr kalby näziklikden hem has näzikdir. Çyraçüýşe ýaly pagşyldap döwülen kalby seýiklemek asla mümkin däl. Mertebe -- boýy gysganyňky bir hili, boýy uzynyňky başga hili, ýaşy ýokarynyňky bir hili, ýaşy kiçiniňki başga hili däldir. Mertebe mertebedir! Ony peseltmäge synanşyk hiç kesiň hetdine düşmez! 5. Biz käte durmuşymyzdan, özümizden, döredijiligimizden şeýlebir razy, kaýyl bolup, hezil edip ýaşaýarys welin, pökgüje, myssyjak, ýumşajyk, düşnükli, şirinje, göwnühoş goşgujyklary ýazyp başlaýarys. Ol goşgular galypdan çykan çig kerpiçler ýaly ähli ölçeglere deň gelýär, many-mazmunam hiç kimi rahatsyz edenok, niýetem gowja, aý, garaz, dil ýetirere, at dakara sebäpsiz eserler-dä! Ýyp-ýylmanak... Ýöne okyjy bular ýaly ýympyk, ýylmanak eserleri beter halap baranok. Iň bolmanda yzygiderli, uzak wagtlaýyn okamagy halanok. Ol büdür-südür, käte düşnüksiziräk, öz häsiýetine ters gelýän hereketleriniň beýanyny tapyp bilýän, ýympyk bolanyndan duzy agyrrak düşen, ýeňil bolanyndan ýüki çökderräk şygry, şygyr setirlerini gowy görýär, şony isleýär. Ýöne şahyr okyjynyň bu islegini göz öňünde tutup eser döredip bilmez. Ol onuň şahsyýetinden, ruhy hlayndan, ussatlygyndan emele gelmelidir. Elbetde, şygyr okyjynyň kalbynda orun alsa, oňa ýetesi näme bar! Ýöne „şygyr diňe okyjy üçin döredilýär diýmek“ dogry bolmaz. Dörän şygryň ilkinji okyjysy şahyryň hut özüdir. Eser ilki bilen onuň hil synagyndan geçýär. Şonuň üçinem şahyr döreden hemme eserini „okyjynyň özi biler-dä“ diýip, kalbyndan çykaryp goýberiberenok. Diýmek, şahyr eserini özi üçinem döredýär. Iň naýbaşy eserlerdir öýdenlerini bolsa okyjylaryna hödürleýär. Okyjy her gezk täze eseri okamak niýeti bilen ele alanynda şu aýratynlygy -- özüne hormaty ýadyna salsa gowy bolardy. Dowamy bar... | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |