08:06 Edebi hem ebedi pikir parçalary | |
Orazguly ANNAÝEW
Edebi tankyt
Dowamy 6. Halypanyň borjy şägirdiniň döredijiligini bolşy ýaly kabul edip, onuň şol ülňüde ösmegine ýardam etmekdir. Eger ol ýaş şahyry öz galybyna sokmak islese, onuň öz sözleri bilen sözläp, öz pikirleri bilen oýlanmasyny gazanmak üçin zorlasa bolmaz. Muňa asla ýol berilmeli däldir. Bu bägülüň suratynyň aşagyna çopantelpek diýip ýazyp goýan ýaly bir zat bolar. Halypanyň borjy şägirdinde hut özünde ýok zady görmegi başarmakdyr. Eger ol özboluşly bir owaz bolsa, edebiýata täze bir akym getirýän bolsa, täze bir ýodajyk, ýol salýan bolsa, ana, şony aýamak, ösdürmek we ýokary derejä götermek size aýratyn bir bagtly pursatlary eçiler. Şägirtden özüňiz ýaly bir şahyry ýetişdirmek, munuň özi siziň ähli azabyňyzyň, yhlasyňyzyň, zähmetiňiziň netijesiz, biderek bolandygyny görkezer. Çünki, sen eýýäm barsyň. Ikinji saňa bolsa zerurlyk ýok. 7. Şahyryň şahsyýetini aňlamak, düşünmek we aýratynam düşündirmek kyn wezipediir we oňa özboluşlylyklar mahsusdyr. Şahyr özüni dünýäniň eýesi hasaplap, onda bolup geçýän ähli ýagdaýlara goşulyp, ony öz islegine görä gönükdirip bilýändirin öýdýär. Çünki, onuň dünýä diýip düşünýäni söz. Söz bilen bolsa islän zadyňy edip hem etdirip bolýar. Ol hyýaly hakykata, hakykaty hyýala öwrüp bilýär. Çünki, oňa bu bagt, bu paý berlipdir. Ýöne onuň adaty adamlar ýaly birini duşman yglan etmäge, başgany ýalňyş ýola iteklemäge, başga bir kişiniň mertebesini peseltmäge, gysgaçasy, haýyry unudyp, şere hyzmat etmäge hiç we hiç haky ýokdur. Ol beýle pes gatnaşyklardan belent bolmak mejburyndadyr. Ýaradyjylygyndan ötri şahyryň perişdeleşdirilýändigi, melekleşdirilýändigi sebäpli ol gatnaşyk batgalyklaryna asla girmeli däldir. Eger şahyr durmuşdaky adaty aladalardan ýokarda bolup, on, ýüz, müň, ýüz müňleriň oý-hyýallaryny, arzuwlaryny, garaşýan gowulyklaryny kalbynyň öýjüklerinden, beýnisiniň hüjrelerinden süzüp, şygrynyň sözlerine, setirlerine siňdirmese, döredilen eser hiç bir kişini imrindirmez. Şahyr diňe hakykaty beýan edýän şygyrlary döredýän bolsa, şygyr habar, şahyr habarçy bolardy. Onda durmuş hakykaty näme?! Durmuş hakykaty eseriň hamyrmaýasydyr. Onsuz eser bolmaz, ýöne onuň özi hem eser däldir. Şahyryň aýagy ýere daýanýan bolsa-da onuň ruhy, akly, duýgulary ýerden ýokarda, al-asmanda mesgen tutýar. Şahyr perişdeleşdirilip biliner. Şöne ol perişdeleşdirilýändigini asla bilmeli däldir. Bilse-de oňa ynanmaly, ony boýun almaly däldir. Gynansak-da, bu her kesiň başarjak işi däl. Munuň şeýledigini özi özüni perişdeleşdiren käbir kişini göreniňde anyk göz ýetirýärsiň hem-de nebsiň-janyň agyrýar! 8. Şygyrdaky pikir, duýgy, pelsepe ýasama, emeli, ýörite döredilen bolmaly däl. Olar tebigy, öz-özünden dörän, hyrawa gögeren pikir, duýgy we pelsepe bolmalydyr. Özem olaryň hemmesi şübhesiz hakykat hökmünde kabul edilip, okyjy ony öz derejesine çenli ösdürip, öz hakykaty arkaly tassyklan mahaly söz gudraty bilen dünýä inen bu pikiriň, duýgynyň we pelsepäniň ýaşamaga hukugynyň barlygy ýüze çykar. Eger „Aýyň kümüş saçyn sypady ellem“ diýen goşgy setirini okap, oňa-da ynanmadyk bolsaň, onda ol sözler şygyryň jadyly owazy däldir. Eger bu sözlere ynanýan bolsaň, onda Aýyň belentligi, tämizligi, ajaýyplygy, adatça elýetmezligi, soňra-da näme üçin seniň elleriň onuň ýok saçyny sypaýandygy barada müňlerçe sowal ýüze çykman, sen oňa şol durşuna ynanýan bolsaň, ol şygyrdyr, bu sözüň, şygryýetiň ömür düşündirip bolmajak gudratydyr. Ol sözler, şu setirler seni durmuş, dünýä gurluşy, ynsan gatnaşygy, mukaddes söýgi we ýene-de onlarça täze dörän pikirlere iterýän bolsa, duýgy deňzinde hopugyp, gark bolup başlaýan bolsaň, saňa hüjüm eden täze pelsepewi aňyýet önümlerinden halas bolmak üçin ýene-de şygryýete sygynýan bolsaň, sen eýýäm ol gudratyň göze görünmeýän ganatlary bilen ýerden bir gez ýokary galansyň. Mundan soň seniň aýaklaryň ýere degjegi gümana... Eger şygryýet perdesinden deň gopmasaň, ganyňda onuň ruhy aýlanmasa, onda şygyr setirlerinde aýdylan sözler samsyklaç, manysyz, hatda, üstüňden gülünmek üçin aýdylan ýaly bolup duýulyp hem biler. Bu ýagdaý okyjynyň şahyrdan has belent şahyrdygy baradaky biziň pikrimizi ýene bir gezek tassyklamaga mümkinçilik döreder. Hut şol okyjy şahyryň aýtmadyk ýa-da aýdyp bilmedik pikirini, duýgusyny, şeklini duýup, görüp bilýär, onuň üstüni dolýar, ony has beýgeldýär. Şygyr iki sany belent ruhly kişiniň – şahyr bilen okyjynyň arasyndaky baky, mukaddes gatnaşygy mizemez birikdirýän ýelimdir. „Aýyňam bir saçy bolar-maý, bolaýanda-da senmi ony sypajak“ diýýän adam şygyr okamaýar, şygyr okamaly däldir, birden ýalňyşyp okaýanda hem onuň beýle pikir öwürmäge ukyby ýetmese gerek. Hudaýa şükür! Şygyr hakykatyň beýany däl, beýanyň hakykaty bolmalydyr. Ýagny, beýan edilen her bir ahwalatyň hakykatdygyna ynandyryp bilýän gudrat bolmalydyr. 9. Şahyr şygyr döreden pursatynda aňyrsyna göz ýetmeýän, okgunly akýan däli derýanyň kert gaýalaryndan ybarat iki kenarynyň arasynda gerilen inçe tanapdan eli uzyn syrykly darbazçynyň tolgunma duýgularyny başdan geçirýär. Şol mahal onuň ýürek urgusyny, gan basyşyny ölçäp görseň, ol howply çäklere ýeten bolmaly. Söz tanapyndan deňagramlylygyňy zordan saklap öňe hereket edip barýan pursatyň sähel säwlükden ýa saga, ýa sola agyp gidip biljekdigiňe anyk göz ýetirýärsiň. Şygyrda aýagyňy gyşyk basmak bolmaýar, yza ätleme-gä asla-da! Syrat köprüsine meňzeýän bu inçe, uzyn ýoldan geçilende aşak gaçyp, soňra-da ady-sory eşidilmedik, gör, näçe höwesjeň bolandyr?! We ýene-de, gör, näçe beter höwesjeň bolar!.. Halypa tanapdan ýöräp barýanyň elindäki hasa bolup biler. Kese tutulyp göterilen hem bolsa, ol dogry ýoly açýan, maksada ýetjek ýoly görkezýän hasadyr. Halypa hemişe şägirdi aşak gaçaýsa, özüniň hem onuň bilen däli derýanyň gujagyna pažžyldap düşjekdigini bilmelidir. Edil şol pursatda onuň ähli azaby, yhlasy hem umydy reýgan bolar. Onuň ikinji gezek halypa meýdanyna çykasynyň gelmejegi hem hakykat. 10. Saglygy saklaýyşda täze bir açyş edilipdir. Kinniwanja bedenlileriň – mikroblaryň, mikroorganizmleriň ählisiniň ýok edilip, ap-arassa /steril/ şertlerde çagalaryň ýetişdirilmegi örän howuply eken. Mikroblary bütinleý ýok etmek üçin ähli serişdeleri ulanmak dogry däl bolup çykdy. Çünki ol bedenjikleriň aglaba bölegi peýdaly, akyllyja ekenler. Olar seniň saglygyňa zyýanly özlerine meňzeşleri iýip, ýok edip bilmek ukybyna eýe eken. Eger-de biz ýagşyny, ýamany ýok edişdirip, ahyrky derejede arassalygy gazansak, onda bedeniň öz saglygy ugrunda göreşme ukubyna zeper ýetirýär ekenik. Ýowuz, çylşyrymly, belli bir derejede amatsyz şertlerde ýetişen çagalaryň has zehinli bolup bilýändigi öňdenem mälim. Çünki ähli bedeniň özüniň hemme mümkinçiliklerini toplap, ýaşaýyş üçin göreş alyp barmaga mejbur bolşy ýaly, şertlere uýgunlaşmagyň dürli ýollaryny agtarýan beýni hem ýokary derejede kämilleşýär. Şygryýet hem janly bedendir. Bu bedeniň parçalary hökmünde gowşak, başgalardan täsirlenýän, hatda, göçürýän, özüne bolşundan has artyk, başgalara hiç baha bermeýän, agramlyk daşy, esasy bolmansoň peşmek ýaly howada gaýyp ýören '“şahyrsumaklaryň“ hem, umuman, hereket etmäge, bar bolmaga hukugy bardyr. Asyl olar senden hukuk sorabam duranoklar. Ýaşaberýär, ýazyberýär, nirä ýönelseň öňüňden çykýar, özüni „şahyr“ diýip tanyşdyrýar, onsoň özüň şahyrdygyňa utanyp başlaýarsyň. Olar kinniwanja bedenliler ýaly ýumşajyk, ýuwutmasy aňsatja-da däl. Olary diňe wagt ýok edip bilýär... Dowamy bar... | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |