08:15 Edebi hem ebedi pikir parçalary | |
Orazguly ANNAÝEW
Edebi tankyt
Dowamy 11. Elbetde, edebiýatda şaglap duran şa ýol bar, kenarlaryna haýbat atyp lummurdap akýan umumy akym bar. Köp kişiler dörediji adamyň, döredijilik adamynyň /döredijilik adamsynyň däl/, aýratynam ýaşlaryň hut şu çäkden çykman hereket etmegini isleýär, käte talap edýär. Ýoluň gyrasyna çykmaga, derýanyň kenaryndan aşmaga meýil edýän kişiniň derrew temegine kakyp, ýalňyş ýoldan barýandygyna ynandyrjak bolýarlar, sürä goşulmagyny isleýärler. Dogrudanam, şeýle bir dörediji adamyň, aýratynam ýaşlaryň, saňa şygyr hökmünde hödürleýän eseriniň seniň üçin ýat görünýän bolmagy, owazynyň gulagyňy dyrçanaklaýan boilmagy ahmal. Onuň başgaça bolmak islegi, ile meňzemejek bolmaga çalyşmagy, belki, başda nusgalyk bolman biler. Ýöne her bir gazanylan ýokary netije ýalňyşlyklardan, säwlüklerden, synaglardan we tejribelerden başlanýar. Diňe şygyr däl, islendik eser, adaty, öwrenilişen halda bolsa, ol dykgaty az çekýär. Adaty /ordinar/ däl eser okyjynyň ünsüni özüne güýçli çeker we onuň ýadynda uzak mahallap galar. Ýagdaý şeýle bolansoň, halypalar, şol sanda okyjylar hem legendäki hapa suwy dökenlerinde ýuwulan çagany hem ýere serpmeli däldirler. 12. Her bir şahyryň ykbaly, aýratynam döredijilik ykbaly bar diýip aýdýarys. Bu dogry, inkär edilmejek hakykat. Ýöne döredijilik meýdany hem hut durmuş ýaly garaşylmaýan wakalardan, düşündirmesi kin hakykatlardan dos-doly. Aýdaly , bir şahyr döredýär, özem gowy eserler döredýär. Ýöne oňa üns berýän ýok. Düz ýola çykyp bilenok. Hakyky şahyr ruhly kişiler çekinjeň, utanjaň, göze-başa düşmegi asla halamaýan, asyl ony başarmaýan kişiler bolýar. Şonuň üçinem olar gorküýzä düşen gyzylary ýaly diwar süsüp, öz sesini, owazyny özi diňläp ýörmeli bolýarlar. Çykalga ýok. Küýzäniň düýbünde gowurdakdan galan dury ýaga batyp galaýmak howpam ýok däl. Ýöne şygryýet, ony gurşap alýan giňişlik we howa gudratdan doludyr. Muňa men tüýs ýürekden ynanýaryn. Şonuň üçinem, wagty-sagady gelen pursaty ol şahyr Symrug guşy ýaly bolup parlap galar, açyk howa, nurly asmana çykar. Şol ýerde ol öz mynasyp ornuna eýe bolar. Bu şeýle bolmalydy, bu şeýle-de bolar. Ýöne munuň nädip, nähili bolandygyny bilmek, düşündirmek mümkin däldir. Gudrat bar ýerinde gudrat görersiň! 13. Halypa şägirdiniň diňe şu gününi, häzirki ýagdaýyny däl, eýsem, geljegini, boljagyny öňünden görüp bilmelidir. Islendik ýaş şahyryň ilkinji ýazan goşgulary ussat şahyr bolmagy arzuwlap ýazylan arzalardan başga zat däldir. Men näme üçin „başlangyç şahyr“ diýen söz düzümini köp ulanýaryn. Çünki ilkinji goşgularyny il bilen paýlaşmak islegini özünde duýan ýaş ýigit ýa gyz döredijilik diýen bu uzyn hem kötel ýoluň başlangyjynda duran kişidir. Dykgaty çeken, ilkinji „berekellany“ alan ýaş şahyr birinji öwrümden aňryk geçmän, gözden gaýp bolup, ýitip gidip biler. Sen bu ýollary öň özüň geçip göreniňden soň, indem şägirdiň elinden tutmak üçin yzyňa dolanyp geleniň üçin sende başga hiç kime nesip etmejek tejribäň bar. Sen şol durmuş hem döredijilik tejribäň belentliginden şägirdiň güzaply ýoluň haýsy menziline ýetip biljekligini kesgitläp bilersiň. Halypa – şägirt gatnaşygynyň iň ajaýyp aýratynlygy -- bir ruhy ahwalat döwründe iki sany parhly şahsyýet halyny /halypa we şägirt/ ýaşap bilmek bagtyna eýe bolmagyňdyr. Halypa – şägirt gatnaşygynyň iň belent derejesi halypanyň özüni halypadygyny ýa-da şägirtdigini unutmasydyr. 14. Hemme taraplaýyn kämil, ösen şahsyýet üçin öz-özi bilen ikiçäk galan mahaly, geçirilýän bu pursat onuň üçin içgysgynç, çydamsyz ezýetli bolmaýar. Çünki ol içki Meni bilen, öz ekiztaýy – içki Özi bilen bile bolýar, onuň bilen söhbet edýär, jedelleşýär, wagtyny örän gyzykly hem netijeli geçirýär. Içki Men hakyky menden duýgy-düşünje babatda has ösen, özüni erkin duýup, özüni garaşsyz alyp barýan, özüni döreden seni däl, seni döreden Özüni söýüp hem hormatlap bilýän beýik barlyk. Ol seniň eden dogry hereketiňe begenip, buýsanyp, „berekellla“ diýip, arkaňa kakyp bilýär. Şol bir wagtda ol seniň egsik tarapyňy görüp, utanç beriji bir hereketiň üçin seni içiňden törpüläp, azar-ýamanyny bermäge-de ukyply. Bir bedendäki iki barlygyň ylalaşygy, birligi, agzybirligi arzuw edilýän hadysadyr. Aglaýan hem gülýän pursaty adamyň hakyky keşbi, ýüzi görünýär diýýärler. Belki, bu pursat hakyky Men bilen içki Meniň birleşýän hem bir bolýan pursatydayr. Käbir nakgaşlar bir kişiniň keşbini – portretini çekenlerinde onuň ýüzi özüne meňzemeýän ýaly görünýär. Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen ol adam hut şol suratdaky ýaly keşbe geçýär. Belki, ussat nakgaş diňe garşysynda oturanyň syparyny däl, eýsem, onuň içki Meniniň keşbini hem görmäge ukyplydyr?! 15. Hakyky şahyra, hakyky ýaş şahyra çekinjeňlik, utanjaňlyk mahsusdyr. Oňa bu häsiýet ylham bilen bilelikde berilýän bolmaly. „Goşgularymy çykartmak üçin, baýrak almak üçin men nämeler etmeli“ diýip dyzap duran kişi, hatda belli bir derejede ukyply-da bolsa, sende özünden daşlaşdyrýan duýgyny döredýär. „Size ajaýyp goşgularymyň birini okap bereýin“ ýa-da „Şahyr hökmünde döredijiligime mekdep döwründe başladym“ diýip, özüni tanyşdyrýan kişi agzy bilen ak guş tutýanam bolsa, başdan özüne ynamy ýitirýär. Ýazan goşgusynyň öňüne düşüp, çyrşanja setirlerini ýolbars ýaly kuwwatly alabaýdyr öýdüp, hakykatda bolsa, gözjagazlaryndanam tüýjagazlary çykyp duran kinniwanja gürjüjigiň boýnuna ýüp dakyp, öňünden çykana „bas“ diýip, gorkuzaýjak bolýan kişi „köpegini“ şygryýet däl-de başga meýdanda gezdirmelidir. Çünki onuň tüýlüje köpegi hakda hakyky pikriňi aýtmak howuply. Çünki ol, göwnyne ýaramasa, köpejige derek saňa agyz urup biljek derejede taýýarlykly, „Seniň özüň kim?“ diýip biljek derejede bihormat. Uzaga çekip biljek monology sessiz diňlemekden başga çäräň bolmaz. Ol tä maksadyna ýetýänçä päsgel bermeseň gowy. Asyl päsgel berdiräýmezem. Çünki seniň aýtjak sözleriň şahyr hem şygyr diýen düşünjeler bilen bagly bolar. Ol bolsa şahyr däl, ýazany-da şygyr. Sabryň ýetse diňle, gaýratyň çatsa göwnüňe alma. Ýöne „men şahyr hökmünde“, „men şahyr“ diýip söze başlaýan nätanyşdan ätiýaçly bolmagy hiç haçan ýadyňyzdan çykarmaň. Hakyky şahyr, hakyky şahyr boljak ýaşlar mydama öz döreden eserleriniň kölegesinda galýarlar. Olar köplenç sesiz-sedasyzdyrlar, „men“ diýseler-de „men-men“ diýýän däldirler. Olaryň eserlerine halk baha berer. Bu onuň özüne-de berilen bahadyr. Halk „pylany erbet şahyr“ diýip gürrüň etmeýär, mydama „pylany gowy şahyr“ diýip söz açýar. Gynansak-da bu bagt hemme kişä nesip edenok. Dowamy bar... | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |