08:21 Edebi hem ebedi pikir parçalary | |
Orazguly ANNAÝEW
Edebi tankyt
Dowamy 16. Dörediji ýaşlar örän kyn, diýseň çylşyrymly synagdan geçmeli bolýarlar. Bu, hatda, öz ilkinji eserleriňi döretmekden, dörediji adam hökmünde özüňi yglan etmekden hem kyn synag. Ýaş şahyr hyjuwy, ylhamy, yhlasy bilen ýakylan otluçöp ýaly „paz“ edip alaw alýar, köp kişiniň ünsüni özüne çekýär, özboluşlylygy bilen käte köpleri haýran galdyrýar. Başlangyç şahyryň eserleri çap edilip başlanýar, ýaýlymlarda ýaňlanýar, käte bäsleşilklerede baýrak alýar, şygryýet muşdaklarynyň arasynda tanalyp başlanýar. Bu bir, iki... birnäçe ýyl dowam edýär. Ine, şu pursatdan soň, ösüşiň, kämillige tarap ýoluň ikinji menzili başlanýar, şu ýerde yrga köprüden aňyrky kenara geçmek, dagyň ikinji kemerine dyrmaşmak zerurlygy ýüze çykýar. Bu döredijilik ýolundaky iň kin sepgit, iň kyn synagdyr. Öňküleriň ýaly ýazmaly däldigiňe düşünýärsiň, hemmeler düşünýär, başgaça bolsa döredip bolanok. Galyp, petir köke ýaly meňzeş şygyrlar, hatda, öz ýüregiňe düşüpdir. Ýöne ganatyňy näçe kaksaň-da düýeguş ýaly aýagyň ýerden üzülenok, şol duran ýeriňde dursuň, gaýta aýagyň barha ýere batýan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Ol duýgy däl, ol hakykat. Şahyryň bir ýeri depeläp durmasy, özgermäge gaýrat tapmazlygy onuň soňunyň ilkinji alamatlarydyr. Şahyr beýle päsgelçilikleri ömürboýy ýeňip geçmeli bolýar. Bu synagda oňa güýç berýän ýagdaý onuň öz-özünden içki närazylygydyr. Beýle pursatlarda halypa şägirdine diýseň peýdaly maslahatlary berip, ony dogry ýola gönükdirip biler. Ýöne bu pursatlarda täze belentlige galmak diňe ýaş şahyryň özüne bagly bolup galýar. Munuň ýeke-täk ýoly bolsa, şahyr elmydama ýaş şahyr bolup galmaly. Şol hyjuw, şol yhlas, şol ylham ony islendik belentlige göterip biler. 17. Käte täze bir awtoruň eserleri bilen tanyşanyňda onuň çyndan ähmiýet berilmäge mynasypdygyna, eseriň çuňňur pikirlenýän, güýçli duýup bilýän dörediji tarapyndan dünýä inderilendigine göz ýetirýärsiň. Ýöne eserde ganat kakmaýan setirleriň, aýagyny ýerden üzmeýän duýgudyr pikirleriň, ünsüňi uzak eglemeýän şekilleriň barlygyny, entek ussatlygyň, kämilligiň bärden gaýdýanlygyny görýärsiň. Ine, şu ýerde halypanyň şägirtden ussat ýasamak, öz halypaçylyk ukybyny göze görner derejede şägirdinde şöhlelendirmek islegi parlap göterilýär. Ussat külalyň küýze ýasamak üçin arzuw eden palçygyna eýe bolandaky çäksiz begenji hut halypanyň özünde peýda bolýar. Islendik halypanyň, ussat şahyryň döredijilik ykbaly, döredijilik ömri ahmyrdan, „ahlardan“ hem-de „wahlardan“ doludyr. Kämil şahyr hiç haçan öz döreden eserinden ahyryna çenli hoşal bolup bilmez. Hut şonuň üçinem halypa şägirdini öz arzuw edýän derejesinde eserleri döredip biljek ussat edip ýetişdirmek üçin elinde baryny edip, ukybyny, zehinini, tejribesini sarp edýär. Sarp etmelidir. 18. Halypa bilen şägirdiň arasyndaky ylalaşyk, baglanşyk, elbetde, iki taraplaýyn bolmaly. Özem ýokary netije iki tarapyň, taraplaryň özlerini nusgalyk derejede alyp baranlarynda ýüze çykýar. Haýsy tarap bolsa bolsun, tapawudy ýok, öz borjuny egsik ýerine ýetirse, döredilen eser, asyl bilelikde dünýä inderilen täze bir barlyk – dörediji şahsyýet golak ýa-da çolak bolýar. Şägirt döreden eserini sünnäläp, göwnüne jaýlap, taraşlap, timarlap halypa hödürlemeli. Ol her gezek halypanyň ýanyna ilkinji gezek gelenindäki tolgunmany başdan geçirmelidir. Halypa şägirdi bilen duşuşanda takwa kişiniň namazlyga geçip, Hak bilen ýüzbe-ýüz bolşy ýaly özüni taýýarlamalydyr. Çünki ol öz öňünde öz arzuwyny görýär! Her okalýan setir ylahy däl, ylhamy setirler bolup, olar diňleýjiniň aňynda hem kalbynda müdimilik orun almaly. Halypada görmek, duýmak ukyby örän ýokary bolmaly. Köňül batyllygy bar adam hiç haçan halypa bolup bilmez. Bu ilki bilen halypanyň görmek isleginden gelip çykýar. Dünýäde görmek islemeýänden beter sokur kör ýokdur. 19. Eger okaýan ýa-da diňleýän şygryňyzda eliň däl-de kalbyň hem beýniniň hereketini duýup, yzarlap bilýän bolsaňyz, bu siziň paýyňyza bagtly pursatlaryň düşendiginiň alamatydyr. Okaýan ýa-da diňleýän şygyr setirleriňiz diwara urulýan nohut däneleri ýaly beýniňiziň, kalbyňyzyň diwaryna urulyp, patylap ýere dökülýän bolsa, onda siz mundan lezzet alýan dälsiňiz, gaýta ýersiz-ýere keseklenip duran ýaly duýgyny başdan geçirýänsiňiz. Ýöne size sabyrly bolmak ýaraşar. Çünki siziň näzik kalbyňyza ýara salan şu seçmelerini hem awtor sünnäläp, başardygyndan duýgy şerbetine ýatyryp, iň ajaýyp gül kokularyny saçyp duran eser hökmünde saňa hödür edýär. Onsoňam hemme wagt ýa-da hemme hödürleneniň erbet bolup durmaýandygyny hem unutma. Dörediji adama, hatda, iň gowşak eserleri döreden awtora-da hormatyňyz artar ýaly siz şeýle tejribäni synag edip görüň diýmek isleýärin. Göwnüňize ýaramadyk goşgyny eliňiziň tersi bilen gapdala zyňyp, eliňize ak kagyz hem galam alyň. Ünsüňizi, dykgatyňyzy jemläp, ähli ukybyňyzy ulanyp, bir bent şygyr döretmäge synanyşyň. Bolmaz. Başartmaz. Özem bu ýagdaýda siziň hiç bir günäňiz, ahmyr eder ýaly hiç bir sebäbiňiz ýokdur. Men köp şahyrlary şahyr, ýaş şahyrlary ýaş şahyrlygy üçin däl-de şygryýete maýyllygy, söz sungatyna söýgüsi, hormaty üçin gowy görýärin, sylaýaryn. 20. Döredilen eser hakyky şygryýet, nusgalyk döredijilik terezisinde ölçeniljek bolsa, goşgy setirlerinde güýçli, täsirli, many-mazmuna baý sözleriň barlygy entek ýeterlik däl. Bu sözleriň, setirleriň aňyrsyndan ony ýaradanyň özboluşly hem täze, gaýtalanmajak keşbi, ruhy dünýäsi görünmelidir. Awtoruň bir ýa-da birnäçe şygrynda, goşgular toplumynda bu dörediji kişiniň hiç kime meňzemeýän owazyny duýup bilmek, onuň saňa ýetirmek isleýän duýgularyny, täze pikirlerini kabul etmek, onuň şahyr keşbine ynanmak siziň üçin uly açyşdyr. Bu bagtly açyşdyr. Bu ýygy-ýygydan gaýtalanýan hadysa däl. Bu hut şonuň üçin hem gymmatly. Ýaşlar şeýle bolmaly, iň bolmanda şeýle bolmaga ymtylmaly, hut şeýle açyşlara sebäp boljak eserleri döretmeli. Edebiýat meýdanyna gaýralanmajak täze dogan ýyldyz bolup şöhle saçmaly. Eger awtoruň täze şygyrlaryna, goşgular toplumyna, özüne garaşylýan bolsa, bu edebiýat üçin, şygryýet üçin bagtly pursatlardyr. Bu öz keşbi, öz sesi, öz ýoly bar bolan ýa-da bar boljak täze bir şahyryň gapyny kakýanlygynyň alamatydyr. Bu bagtly pursatlar ýygy-ýygydan gaýtalanyp duranok. Siziň eşidýäniňiz kakylýan gapynyň sesi däldir. Ol şygryýet dünýäsinde täze dogulan şahyryň kalbynyň gürsüldisidir. Dowamy bar... | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |