11:10 Edebiýat, döredijilik hakda kelam agyz | |
EDEBIÝAT, DÖREDIJILIK HAKDA KELAM AGYZ
Edebiýaty öwreniş
Işjeňligiň islendik görnüşinde bolşy ýaly, döredijilikde-de näçe köp işleseň, şonça-da bilýän tilsimiň, emeliň köpelýär. Ýazmagam döredijiligiň, ýagny, işjeňligiň bir görnüşi-dä. Onsoňam, adam ýaşy gitdigiçe dünýägaraýşam üýtgeýär. Ýaş döwrüň öz-özüňe-de, ile-güne-de gazaply bolup, Pyragy atamyzyňky ýaly: “dişimi uşadyň ýalan sözlesem” diýip, çar ýanyňa gazaply hem zabun göz bilen bakýarsyň. Adamlaryň kemçilikleri bilen ylalaşasyň gelmeýär... Soň wagt geçýär. Köşeşýäň, ylalaşýaň... Özüň bilenem, adamlar bilenem, kemçiliklerdir-artykmaçlyklar bilenem... Onsoň gaty köp zatlara ýumor bilen seredip başlaýarsyň. Öň özüňi gazap atyna atlandyran zatlar, indi saňa gülkünç bolup görünýär. Indi özüňem, iliňem “dişini uşadasyň” gelmeýär. Diňe, nähilem bolsa, Allaň özüňe beren zehinini ulanyp (eger-de şol zehini Alla hakykatdanam beren bolsa, öz gedemligiň (ýagny Şeýtan) seni aldamaýan bolsa), adamlary birneme güldürip, olaryň göwnüni açyp, aýdasyň gelýän zady hiç kime gyjalat bermän ýumşaklyk bilen aýdasyň gelýär. Meşhur iňlis premýer-ministri Uinston Çerçill, özünden öň ýaşap öten beýleki bir meşhur iňlis premýer-ministri Benjamin Dizraeliniň nakyla öwrülen jümlesini özüçe üýtgedip şeýle diýipdir: “Kim ýaşlygynda radikal bolmadyk bolsa – onda onuň ýüregi ýokdyr, kim akly goýalandan soň konserwator bolmasa – onda onuň akly ýokdyr”. Dogry şo! *** Döredijilik adamlarynyň biriniň saçy bilen baglylykda şeýle henek bar: Günlerde bir gün, Juma Ýazmyrat bilen dostlarynyň biri, ile belli suratçylaryň biriniň toýuna görünmäge barypdyr. Şonda Juma Ýazmyrat, dostunyň gulagyna pyşyrdap, şol döwürde öwüp arşa çykarylýan meşhur suratkeşleriň biriniň adyny tutupdyr-da, şonuň bilen tanyşmagy özüniň köpden bäri arzuw edýändigini aýdypdyr. Eger-de şol suratkeş hem toýda bar bolsa ony özüne görkezmegi haýyş edipdir. Dosty oňa suratkeşi görkezipdir. Seretseler, ine bir saçy orus güjüginiň salpy gulaklary ýaly çowlum-çowlum bolup, egnine düşüp duran, şilliň uzyndan gelen, arryk bir zatmyş ýaňky meşhur suratçy. Juma Ýazmyrat ýaňky tanyşmagy arzuw edip ýören suratkeşini synlapdyr-synlapdyr-da: “Bäh, “pylan hudožnik” diýseler, “kimkä, ölmänkäk bir görüp galaýsak” diýip ýördüm welin, bü-ýä bir, Hywa tarapyna inçeräk taýak sokaga-da tam hekläbermeli çotga çalymdaş bir zat ekeni” diýipdir. Çynmy bu henek, ýalanmy, belli däl. Belki, halk köpçüligi, döredijilik adamlarynyň käbiriniň daş sypaty barada aýdasy gelýän birki agyz ýiti sözüni şeýle görnüşde henege öwrüp, meşhur wäşi artistimiziň üsti bilen aýdýandyr… *** Birýan ujundan tutuş jemgyýet, hiç haçanam döredijilik bilen meşgullanmaýar. Elitalar hakynda taglymat, jemgyýetiň 80 göteriminiň iýmek, içmek, özüniň ýaşaýyş jaýyna, rahatlyga, yssylap-üşemezlige, beýleki jynsa bolan höwesini kanagatlandyrmak reflekslerinden we instinktlerinden ugur alyp ýaşaýandygyny, 20 göteriminiň jemgyýeti, onuň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda, telekeçilikde, sungatda, edebiýatda, sportda, ylymda-bilimde, oýlap tapyşlarda, baýamakda, jemgyýeti inkär etmekde, sergezdanlykda, wejera bolmakda öňe dartýan bölegidigini, şol 20 göterimiň bary-ýogy 2 göteriminiň hem öňki pikirler, ylymlar hem bilimler toplumyndan jemgyýetiň durmuşyna täzelik getirýän täze pikirleri, ideýalary oýlap tapýandyklaryny nygtaýar. Isaýy pelsepeçileriň haýsysynyň aýdandyg-a ýadyma düşmeýär welin, olaryň biri: “Allatagala öz ýaradan dünýäsine dogry baha kesmek üçin ynsany ýaradypdyr” diýýär. Elbetde bu pikir ony aýdan pelsepeçiniň hakykat ýüzünde teologiýa (ylahyýet) ylmynyň ýelesinden-ä däl welin, ygyndanam geçmeýändigini aňladýar. Sebäbi Ýaradana haýsydyr bir närsä baha kesmek üçin hiç hili “hasa” gerek däl, asla Oňa baha kesmek gerek däl, ýaradylan zat ýaradylmanka Ýaradanyň ýanynda onuň bahasy mälim. Ýöne: “däliniň müň gepi telek bir gepi gerek” diýlişi ýaly, bu mysal getirilen jümlede-de bir pikiri peýdalanyp bolýar. Nämedir bir zada baha kesmek (düşünmek, akyl ýetirmek) üçin başga nämädir bir zadyň zerurdygy hakyndaky pikir. Meniň pikirimçe, sungatam (edebiýatam) jemgyýetiň özüne has doly hem duýgy gatyşykly, çeper baha kesmegi (düşünmegi) üçin ulanylýan esasy serişdeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda-da ol jemgyýetiň düzümindäki ýaňky aýdylan 2 göterimiň (генератор идей) öz döreden (ýa-da gaýtadan işläp düzen) täze pikirlerini jemgyýetçilik dolanyşygyna ornaşdyrmaklarynyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Sungatda (edebiýatda) döredilen pikirleriň hem aglaba köpüsi bada-bat bolmasa-da uzagyndan köpçüligiň durmuşyna siňýär. Mysal üçin, Gurbannazar Ezizowyň halk arasynda iň ýörgünli goşgusy “Myhmançylykda aýdylan tost”. Sebäbi teležkada tamadalar şony has köp ýanjaýarlar. Emma şol bir wagtda-da dürli ýollar bilen Gurbannazaryň ajal bilen ynsanyň arasyndaky gatnaşyk, ebedilik hem wagtlaýynlyk hakyndaky gözleglerden doly pikirlerem köpçüligiň dünýägaraýşynda orun alýar. Diýmek, her näme diýilse-de sungat diňe sungatyň täk özi üçin bolup bilmeýär. “Sungat diňe sungat üçin” diýen aforizm bilen-ä düýbünden ylalaşyp biljek däl. Sebäbi sungatam tebigatyň tebigy miwelerinden tapawutlylykda adamyň aňynyň emeli miweleriniň hataryna girýär. Adam bolsa diňe jemgyýetde, ýagny özi ýaly adamlaryň arasynda özüni doly möçberde adam hökmünde duýýar. Hatda haýsydyr bir adam jemgyýeti inkär edende-de, has takygy özüniň jemgyýeti inkär edýändigini sereşläninde-de şol hereketini adamlar üçin edýär. Diňe şeýle ýagdaýda ynsan aňynyň emeli miweleriniň manysy bar. Edebiýat bilen sungatam şeýle. Olar ilkinji nobatda, pul üçin, ýeňil şöhrat üçin, jemgyýetde ähmiýetli orunlary eýeleýän adamlara gowy görünmek üçin ýazylsyn, döredilsin, tapawudy ýok, barybir jemgyýet üçin, adamlar üçin ýazylýar, döredilýär. Ýöne bir zady welin, bilip goýaýmaly: okalmajak zady ýazmagyň jinnek ýalam manysy ýok. Elbetde, her bir okyjydan Kalderony, Lope de Wegany, Korneli, Rasini, Gomeri, Safony, Fizulyny, Hysrow Dehlewini, Nyzamy Genjewini, Döwletmämmet Azadyny, Abdysetdar Kazyny, Dostoýewskiýniň “Doganlar Karamazowlaryny”, Golsuorsiniň “Forsaýtlar hakynda sagasyny” we ş.m. hökmany ýagdaýda okamagy talap edip bolmaz. Hakyky durmuşyň aglaba köp ýagdaýlarynda edebiýat bilen dem almaýan bolsaň olary okamagyň zerurlygam ýok. Beýle talap, edil her bir adamdan kibernetikanyň nazary esaslaryny ýa-da kwant fizikasyny jikme-jik bilmegi talap etmek ýaly bir zat bolýar. Ýöne edebiýat diňe muşdaklar üçin däl, onda ýönekeýje ýazylan, okasaň Tolstoýyň “Uruş we parahatçylygyndan” pes täsir etmeýän çaklaňja eserlerem juda kän. Şeýle eserleri okamak, bilmegem durmuşda köp säwliklerden goraýar, käbir çykalgasyz hasap edilýän jygba-jyg ýagdaýlardan taýyn çykalga görkezýär. *** Şol bir sözüň dürli durmuşy ýagdaýlarda dürli manylary aňladyp bilýändigine durmuşda kän duş gelmek bolýar. Mysal üçin: “sadap” diýen söz bilen bagly durmuşda bolan bir waka ýadyma düşdi. Obanyň ortarasyndaky ullakan ulag bejerilýän ussahanada ýurdumyzyň dürli etraplaryndan gelen ussalar işläp otyrlar. Şol wagtam obaly degişgen ýigitleriň biri aňyrdan ala-hasyrdy bolup geldi-de nämedir bir zatlary agtaryp, iki-ýaňa alakjap başlady. Daşoguzly ussalaryň birem onuň bolup ýörşüne dözmän, kömek etjek bolup: “Pylany näme sadabyňy ýitirdiňmi? Ýaňy oglanlaň biri men ulanaýjak muny, diýip tapyp alyp gitdi” diýdi. Ýaňky ýitigini gözläp ýöreniň ýüzi boz-ýaz boldy. Iki ädende ussanyň ýanyna golaýlady-da, onuň ýakasyndan ebşitläp tutdy. “Eý! Sen! Meň heleýime nämeler diýip dursuň?” diýip çym-gyzyl bolup gygyrýar, özem. Olary aralamak, köşeşdirmek iş boldy. Beýle gabat gelişjegini nireden biljek diýsene?! Ol zat gözleýäniň iş geýminde bir-iki sany iligiň ýokdugyny, Daşoguzda-da ilige “sadap” diýilýändigini, ussanyňam ol degişgene iligini tapyşmaga kömek etjek bolandygyny, degişgeniňem aýalynyň adynyň Sadapdygyny... Durmuş-da. Hiç bir dramaturg ýa-da ýazyjy şonuň ýaly fantaziýasy güýçli bolup bilmeýär... *** Edebiýat baradaky nukdaýnazar - bu her okyjynyň öz içki dünýägaraýşyna, şahsy kabul edişine bagly. Mysal üçin, bir adama Ramştaýnyň sazy şirin bolup eşidilip biler, beýleki bir ynsan üçin bolsa ol diňe kakofoniýa bolup ýaňlanar. Mysal, milletiň türkmen bolubam dutaryň-gyjagyň sazyndan lezzet alyp bilmän bolar, şol bir wagtda-da ýedi däl-de ýetmiş arkaň Wenada doglup-döräbem Ştrausyň walslaryny halaman bolýar. Ýa-da Afrikanyň jeňňellerinde, ýabany taýpada (Ýewropa medeniýetiniň nukdaýnazaryndan) doglubam beýik ýazyjy, alym, kompozitor bolmak mümkinçiligi bolup biler...Giňdir dünýe, geňdir dünýe... Edebiýat hakynda aýdylanda bolsa, ilkinji nobatda onuň täsirliliginden ugur almalymyka diýýärin. Mysal üçin, men Ýanuş Korçagyň “Korol Matiuş” kitabyny çagalykda azyndan on gezek okadym, ýöne bu meniň polýak edebiýatyny nusgalyk diýip hasap edýändigimi aňlatmaýar. Ýa-da men Akutagawa Rýuneskonyň, Oe Kendzeburonyň (Kobo Abeniň) eserlerini ýöne bir tanyşmak üçin, ýüzleý okadym. Sebäbi özüne çekmedi. Ýöne bu ýapon edebiýatynyň derejesini pes diýip hasaplaýandygymy aňlatmaýar. Şeýle hem men şu wagta näme üçin Stefan Sweýgiň nowellalarynyň gyzykly diýlip hasaplanýandygyna düşünmeýärin. Awtorynyň öz janyna kast edip aradan çykandygy üçinmikä?! Ýa-da suratkeşlik sungatynda kubizm, awangardizm, modernizm akymlaryna uýýan hudožnikleriň “eser” diýlip atlandyrylýan zatlaryny demlerini alyp bilmän taryplaýanlara hem düşünmeýärin. Nireden okandygym-a anyk ýadyma düşmeýär welin, pelsepeçileriň biri: “Adam - Durmuş, dünýä bilen deňeşdireniňde edil Dünýä ummanynyň birje damjasy ýaly. Ýöne şol damjada bütin dünýä görünýär” diýipdir. Ýene-de şol pelsepeçimi ýa-da başgasymy, ol hem anyk ýadyma düşmeýär: “Dünýäni, durmuşy öwrenmekde adamyň elinde diňe onuň özünden başga gural ýok” diýipdir. Dogrudanam, biz islendik zada baha kesenimizde-de näçe obýektiw bolmakçy bolsak-da, barybir subýektiw netijelere gelmeli bolýarys. Bu hem öz-özünden düşnükli zat. Adam diňe özüniň şahsy aňynyň (analiz ukyplarynyň), durmuşy tejribesiniň, alan edep-terbiýesiniň, mentalitetiniň, bilimleriniň, zehininiň - umuman ähli subýektiw düzüm bölekleriniň kömegi bilen daşky dünýäniň obýektiw hadysalaryna baha berýär. Daşky dünýä içki dünýägaraýşyň kömegi bilen baha bermek bolsa hiç haçanam subýektiwlikden halas bolup bilmezmikä diýýärin. Salwador Daliniň suratlary ýa-da Malewiçiň “Gara kwadraty” sungatmy?! Beýle gepleseňem, düşünmeýän zadyňy inkär etmek aňsat diýen argument bilen çüýlemäge howlugýarlar. Ýagny, sen nadan ýa-da seniň içki gurluşyň nepis däl-de gödeňsiz, sen diňe meýdanda goýun bakmakdan, birazajyk yslanyp ugran gowurdakdan, gatap giden külçeden we birki aýlap ýuwunman, tot-tozan basyp gezmekden lezzet almaga ukyply. Ol hakyky inçe-näzik-gözel duýguly adamlar bolsa beýle bolmaýar... Bilemok, belki şeýle ynançlar dogrudyr. Ýöne, meniň özüm-ä çalaja ýagyş sepeläp geçenden soň çölüň kükäp duran ysyny alyp, kömelek gözlemek, “Gara kwadrat” diýlip haýbat bilen atlandyrylýan öýjükli depderiň öýjüginiň ulaldylan görnüşiniň garalanmagyny synlap “inçe-nepis” duýguly bolanymdan has eşretli. Aslynda, öňem birnäçe gezek aýdanam bolsam, köne kassetasynyň magnit lentasyny çeýnän “Wesna” magnitofonyna dönüp, ýene-de bir gezek ýanjaýyn: “о вкусах не спорять” diýlişi ýaly, edebiýat hakda jedel etmegem juda çetin iş. Her kimiňki özüne dogry. Sebäbi edebiýat, onda-da onuň çeper edebiýat görnüşine 99 göterim subýektiw baha berilýär. Sebäbi çeper edebiýaty emele getirýän Kyssa-da, Şygryýetem ilkinji nobatda her bir adamyň içki ynam-ygtykadyna, dünýägaraýşyna, duýgularyna täsir edýär. Şol zatlaryň esasynda-da her bir okalan esere baha berilýär. “Kim gaýkyny söýer, kim küýkini” diýmeýärmi, türkmenler?! Şol sebäpli-de çeper edebiýatyň obýektiw bahasy...men-ä dogrusy bilemok welin, bu örän efemer düşünje... Hasam özi ýazmak bilen meşgullanýan adam çeper edebiýata baha bermek meselesinde çürt-kesiklige ýykgyn edýär... Bilemok, belki şeýle çürt-kesiklik gowudyr hem. Sebäbi zehin özünden öňki emele getirilen ähli zatlary inkär etmekden başlamasa, özüne göwniýetijilik bilen garamasa täze söz, täze usul, täze çemeleşme döremezligem mümkin. Diýmek, çeper edebiýatda täzeçe garaýyş adatça nigilizmden başlanýan bolmagy gaty ähtimal. Gurbannazar agamyzyň (Gurbannazar Ezizowyň) bu mesele babatda bir ajaýyp goşgusy hem bar bolmaly: “Oturşymyz bilen, turşumyz bilen, gurşumyz bilen, ine şu ýaşlar ylalaşmazlar” diýýärmi şonda?! *** Halypam bir gezek aýtdy: -Şahyrçylykdan çörek iýýän tanyşlarymyň birine: “Düşnüksiz ýazýaň” diýsem, ol: “Şo gowy-da, näçe düşnüksiz ýazsaň şonça-da özüne çekýär. Üstesine düşnüksiz ýazgyny özüňem nähili düşündiresiň gelse düşündiribermeli” diýipdi. Halypam juda ýiti adam ekeni. Gaty jaýdar belläpdir. “Şahyrçylykdan çörek iýýän”… *** Ynsan ýalňyzlygyň duşmany - Ine şunuň-a tebigatyň kanunlarynyň biridigi hakmyka diýýärin. “Ýüz ýyl ýalňyzlyk”... Bu jümle megerem Gabriýel Garsiýa Markesiň marketing pirimi bolmaly... 100 ýyllyg-a däl, 100 sagatlyk ýalňyzlygam adamlaryň aglaba köpüsini däliredermikä diýýärin... *** Ol ýa-da beýleki bir görnüşde ýazmak meselesinde bolsa, her bir awtora, aslyýetinde her bir adama dünýä birhili açylýar. Bir awtor ony bägül reňkli äýnegiň aňyrsyndan synlaýar. Sebäbi oňa şeýle bägül reňkli dünýäde ýaşamak bagty berlipdir. Beýleki awtor üçin ol alagaraňky ümür-dumana beslenen. Sebäbi şeýle dumanly dünýäde ýaşamak nesibesi onuň maňlaýyna ýazylypdyr. Ýene-de biri jahanyň aglaba köp reňklerini saýgarmagyň hötdesinden gelýär. Munuň şeýle bolmagam onuň durmuşyna, tejribesine, aň-düşünjesine bagly. “Kismet!” diýýär, türk doganlarymyz... Elbetde, bu barypýatan fatalizm däl. “Boljak zat barybir bolar. Bolmajak zadam barybir bolmaz” diýip gol gowşuryp ýatmagam gowy zat däl. “Herekete bereket” diýýär, Türkmen aga. Ýöne, aýtjak bolýanym, awtora nähili ýazmalydygy barada nähili maslahaty näçe zynharlasaňam, birinjidin-ä ol barybir özüçe ýazýar. Şonuň şeýledigem gowy. Ýogsa, her maslahata eýerip ýazyp ýörjek bolsa, onuň ýazanam Ependiň ýasan tekerli pejine dönerdi. Ikinjidenem, maslahat berýäniň dünýäni görşi bilen maslahat berilýäniň dünýäni görşüniň hiç haçanam deň bolup bilmejekdigini unutmaly däl. Belki-de olaryň haýsam bolsa biri daltonikdir. Onsoň daltonik nädip älemgoşaryň nämedigini düşündirip bilsin?! *** Eseriň ideýasy bilen baglylykda bir taryhy waka ýadyma düşdi. “Dile geldi bile geldi” aýdaýyn. Puşkin bilen Gogol buhary pejiň (kaminiň) öňünde gijara kofe içip otyrmyşlar (Aslynda-ha, şerap diýlip aýdylýar welin, biz owadanlap “kofe” diýip ýazsagam ýakamyzdan aslyşyp durmazlar-la). Onsoň Gogol özünde hiç hili eseriň ideýasynyň ýokdugyny, kalbynyň gurruk guýy kibi boşap galandygyny aýdyp, zeýrenipdir. Puşkin gülüpdir-de bada-badam Gogola “Öli janlar” eseriniň baş ideýasy bolan haýsydyr bir jüwlük emeldarjygyň Russiýanyň ülkelerine aýlanyp ýerli mülkdarlardan olaryň merhum gullarynyň (krepostnoýlarynyň) resminamalaryny satyn alyp, soňam girdejisiniň belli bir bölegini degişli emeldarlar bilen paýlaşmak arkaly şol “öli janlary” döwlet gaznasyna satmak bilen bagly aferany amala aşyryşy hakynda ideýany gürrüň beripdir. Gogol dessine “pil sesin aňan hindiniň awçysy kimin”, “gulaklaryny keýerdipdir-de” bu ideýa boýunça uly göwrümli eser ýazyp boljakdygyny aýdypdyr. Şonda Puşkin göwnühoş ýylgyryp: “Ony saňa peşgeş berýän!” diýip jogap gaýtarypdyr. Gogolyň meşhur “Öli janlary” ine şeýdip döräpdir. *** Haýsydyr bir žanrda eser ýazylanda ilki bilen şol žanryň manysyna-mazmunyna doly göz ýetirip, öz ýazjak bolýan eseriňi näme maksat bilen ýazmakçydygyňa düşünmelimikä diýýärin. Detektiw eserde iş ýörediş tertibiniň jikme-jikligi okyjy üçin gyzyklymy, gerekmi? Taryhy başdan geçirmeler romanynda taryhy jikme-jiklikleri doly çintgäp beýan etmek nämä gerek. Mysal üçin, Walter Skottyň romanlary bilen Moris Drýuonyň eserlerini taryhy hakykata, ýagny adamzadyň ygtyýarlygynda bar bolan taryhy maglumatlara mümkin boldugyndan dogry esaslanmaklykda deňär ýaly däl. Elbetde, eser hakykatdan-da gyzykly bolanda ýokarda agzalan owunjak kemçilikleriň, näsazlyklaryň hiç biri okyjynyň gözüne görünmeýär. Emma eser tukat bolsa onda hökmany ýagdaýda ýokardaky aýdylýan näsazlyklar “Durnanyň üstüne urna” bolýar. Mysal üçin, Boris Akuniniň “Fandorin” seriýasyndan prosessual (iş ýörediş) ýa-da adalga (termin) ýalňyşlyklaryny gözlemek, olara üns bermek hiç kimiň kellesine-de gelmez. Edil şonuň ýaly Agata Kristiniň, Konan Doýluň, Den Braunyň eserlerinden hem şeýle. Ýa-da Jorj Martiniň “Buzuň we Oduň aýdymy”-nda diňe fentezi žanrynda ertekini görmek, dogry gelmän durubermese... Ýa-da Dýumanyň “Muşketýorlar”, “Melike Margo”, “Kyrk bäş”, “Graf Monte-Kristo” romanlaryndan taryhy hakykaty tapjak bolmak... *** Elbetde, çeper eserde hemme zady bolmalysy ýaly edip bolmaýandygyna düşünýärin. Ýöne, her niçigem bolsa, haýsydyr bir zat barada nämedir bir zady ýazjak bolsaň, ilki bilen, şol zady iň bolmanda ýüzleýem bolsa öwrenmelimikä diýýärin. Ýogsa, birinjiden-ä özüň ýazýan zadyň baradaky sowatsyzlygyňy görkezýärsiň, ikinjidenem okyjyda şol ýazan zadyň barada nädogry garaýyş döredýärsiň. Islendik eseri gyzykly hem ynandyryjylykly edýän zatlar, onda beýan edilýän döwürdäki adamlaryň durmuşyna mahsus owunjak jikme-jikliklermikä diýýärin. Mysal üçin, Osman aga pahyryň (Osman Ödäýewiň) “Altynjan hatyn” romanyny ýazmak üçin ýüzlerçe jiltlik maglumaty özleşdirendigi romanyň ilkinji sahypalaryndan bildirýär. Ýa-da Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň eserleri olary hakykatda öz ýazýan zadyny bilýän adamyň ýazandygyny duýdurýar. “Aýgytly ädimi” bolsa, diňe bir şol zatlaryň diri şaýady däl-de, eýsem, şol zatlaryň gatnaşyjysy bolan adam ýazypdyr. *** Her bir ýazýan adam, ilkinji nobatda, öz kellesiniň içinde ýaşaýan sözleri ulanýar, sebäbi Wolf Messing, Wanga, graf Kaliostro ýa-da Gijen Gyryk bolaýmasaň, özüňden özge adamyň kellesinde nähili sözleriň bardygyny bilibem bolmaýar, ýazybam... Allatagalanyň ynsany şeýle edip ýaradanyna-da şükür! Ýogsa gowy bolmazdy. Gowy bolmasa bolsa, erbet boljakdygy öz-özünden düşnükli zatdyr ☺. Elbetde, her bir adamyňam kellesinde söz ýaşaýarmyka diýýärin. Ýazýan adamyňky-da hasam köp söz bolmaly. Esasy zat, samyrdama bolmasa bolýar. Ýazan zadyň ýazylan zada meňzemezligi hakynda aýdylanda bolsa... “Hiç zat täze däl eken ýeriň ýüzünde, Ýeriň ýüzünde köne zat ýok eken” diýýärmi, Gurbannazar şahyr?! Ekkleziast bolsa: "Что было, то и будет; и что делалось, то и будет делаться, и нет ничего нового под солнцем" diýipdir. Onsoňam ýene-de iki sany meşhur aforizm bar: DÜNÝÄDE NÄÇE ADAM BOLSA ŞONÇA-DA PELSEPE BAR! HER KIM AKYLYNDAN ÖZÜÇE AZAŞÝAR! “Дядя Фёдор, пёс и кот: Матроскин и Шарик” atly multfilmdäki pişik bolsa: “С ума поодиночке сходят. Это только гриппом все вместе болеют.” diýýär. *** Degişgen alym halypalarymyň biri mydama gowy ylmy iş okasa, şeýle degişerdi: “Arada bir gün, bir seýrek duş gelýän edebiýatyň gözleginde ylmy-barlag edaramyzyň arhiwine barmaly boldy. Onsoň dörüşdirip ugradym welin, birdenkä daşy saralyp giden bir, ýazylanyna üstünden ep-esli ýyl geçendigi bildirip duran ylmy işde gözüm äginäýdi. Näme üçin beýdendigime-de oňly düşünmän ýaňky işi gyzygyp okap başlapdyryn. Okap otyryn, okap otyryn... Okadygymça-da barha beter gyzygýan. Aý garaz, günüň ahyryna çenli şol duranja ýerimden butnaman, dikilgazyklygyna durup ýaňky ylmy işi okap çykypdyryn. Iň soňunda görsem öz dissertasiýam eken-laý!”. *** Anton Pawlowiç Çehow hekaýa ýazylyp bolandan soň onuň öňüni hem soňuny kesip aýryp, şeýle görnüşde okyja hödürlemelidigini aýdypdyr. Meniň pikirimçe hekaýanyň baş maksady okyjyny gyzyklandyryp oýlandyrmaga itermekmikä diýýärin. Şony başardymy? Diýmek, ýazanyň zähmeti ýerine düşüpdir. Başarmadymy? Il arasynda aýdylyşy ýaly: “Inim, dutara sütem etmäni goýaga-da gidip birsellem ýandak çapaýsaň nädýär?!”. Aýnada şekil görünýär. Şekilde aýna dur. Ol aýnada-da şekil görünýär. Ol şekilde-de aýna bar. Ol aýna-da şekil bar... Tükeniksizlik pikirini beýan etmegiň bir görnüşi... Ýa-da başgaça beýan etmek: ...Astyma garasam: Zemin - ol bendiwan; Arşyma garasam: Asman - ol bendiwan; Arasynda ýalňyz menem bendiwan! *** A.P.Çehowdan okap ýüregime jüňk bolan pikir: “Islendik eserem ony ýazanyň tekjesinde birneme ýatyp, “demini” almaly”. Şondan soňam ony täzeden bir okap, işlemeli, diňe şondan soň ol belli bir derejede “eser” aňlatmasyna mynasyp bolýan bolaýmasa... Ýazýan adamlar bolsa birhili paýlaşagan bolýarlar (bu sypaýy aňlatma, köpçülik bolsa bu aňlatmany: “pylan ýeri mydam açyk-da” diýip has gödegräk manyda ulanýar). Şol paýlaşmaga gyssanmak keselini indi goýmaly. Bu internetiň elýeterliligi hem, ýaňky belleýşim ýaly paýlaşaganlyga öz täsirini ýetirýär. Onsoň çig-çarsy zadam nädip köpe hödürläniňi duýman galýarsyň... *** Galamdaş.com saýtynda goýlan Kömek Kulyýewiň “Jomart” atly hekaýasyna ýazylan teswirleriň birini okadym. Ine şol teswir: “@Umito-Milano: Edebi atmosferamyza dünýä edebiýatynyň sergin şemaly aralaşýa. Çaňly oba howasy perde ýaly kem-kem syrylyp barýa. Bu begendiriji ýagdaý. Şol bir wagtyň özünde jogapkärli. Çäge syran gözlere nur bolmak, dykylan öýkenleri açmak, arryklan ruhlara delalat bermek, teşne kalplary gandyrmak “eli galamlylaryň” wezipesi bolup durýar. Ullakan jogapkärçilik”. Näme üçinkä, biz her bir aýdylan pikirde aýyplamany ýa-da kimdir biriniň mellegine atylan daşy görjek bolup ymtylýarkak?! Ylymda adamlaryň öz ýaşaýan çäkleriniň klimat aýratynlyklaryna baglylykda häsiýetleriniň bolýandygy hakynda pikir öňe sürülýär. Türkmenlerem gyzgyn howa şertlerinde ýaşaýandyklary üçin olaryň gany gyzgynmyka?! Ene dilini bilmän halkyň durmuşy barada nähili ajaýyp edip eser ýazyp bolýandygyny bolsa bize W.Ýanyň “Çingiz han”, “Baty han” romanlary, “Jelaletdin” powesti, W.Rybiniň eserleri görkezýär. Rahym Esenowyň “Sary dominionyň kölegeleri”-ni çagalykda okanam bolsam, henizem ýadymdan çykmaýar. Ýöne, dogrusy, “Ykbal”, “Aýgytly ädim” eserlerine berilýän baha bilen, asla görkezilen üç eseriň hem biri-birine deňeşdirmesi bilen ylalaşyp biljek däl. Her haýsynyň öz ýeri bar. Elbetde, edebi diliň häzirki zamandaky ýeten derejesinden Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň diliniň derejesine seretseň, ol kemter gaýdýan ýalydyr. Emma bu ýagdaý, ol eseriň gymmatlygyny peseltmeýär. Diýmek “Çaňly oba howasy”-da onda... Edebiýat ylmynda “Tankytçy ýazyjydan (şahyrdan) iki esse ylymly hem taýýarlykly bolmaly” diýen aksioma (jedelsiz hakykat) bar. Bizde welin eseri tankyt edýän murtuny palta çapmaz kişileriň aglaba köpüsi edebiýatyň nämedigini, onuň nazary esaslaryny daş-gulakdan eşiden adamlar, ikinji bir topar tankytçylar bolsa hasam köp – olar ýüz görüp gapyrga syrýanlar. Maksat ýazan adamyň ýazylan zatdaky kemçilige ünsüni çekip, ony has gowy (maksadalaýyk) düzetmegiň ýoluny salgy bermek däl-de, bähbit gazanmak ýa-da öz duýgusyny gyjyklamak. Ýene-de bir bellemeli zat, bu ýagdaý, edebiýat tankytçylarymyzyň derejesiniň pesligindenem däl-de, göwne geleni taraşlap şagladylmaýanlygyndan bolmagy hem ahmal. “Atmosfera” diýen söz bar. Edebiýatyňam ösmegi üçin atmosfera gerek. Osman aga pahyr (Osman Ödäýew): “ýazmadyk günüň bihudadyr” diýipdi bir gezek. Ýöne ýazmak üçin hyjuw gerek, atmosfera gerek. Edil “Perman” romanynda şekillendirilen Gökdepe galasynyň gurulýan wagtynda onuň diwarlaryny özara oýun gurnaýan jahyllaryň depeläp-depeläp zynç berk edişi ýaly, her bir ýazylan zat özara seljerilse, “hil” diýen düşünje edebiýatda täze derejä çykarmyka diýýärin. Osman aganyň (Osman Ödäýewiň) Ahmet aga (Ahmet Bekmyradowa) ýazan açyk hatyndaky ýaly. Osman aganyň hatynda beýan edilen powestiň seljermesiniň özi poweste barabar. Özem hakykatdan hem ugurdaş, ýoldaş adam özi bilen “ýoly bir adamyň” bähbidi üçin, şonuň üsti bilenem tutuş edebiýatyň bähbidi üçin wagtyny, zähmetini sarp edip işläpdir. Galam haky, ykrar etdirmek, ýaranmak, goldamak, ar almak ýa-da ş.m. “mak-mek”-ler üçin däl-de... *** Soňky döwürler döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň, esasan hem ýaşlaryň arasynda Ýewropa edebiýatyny, Ispan-amerikan edebiýatyny nusgalyk hasaplamak edähetiniň emele gelendigine kän duş gelmek bolýar. Şol bir wagtda-da şeýle “nusgalygyň perwanalary” öz ene dillerini hem edebiýatlaryny, taryhlaryny düýpgöter diýen ýaly bilmeýändiklerini hem mazamlaýarlar. Dogrusy, her halkyň edebiýatynyňam, taryhynyňam, medeniýetiniňem adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde öz ähmiýeti, orny bar. Haýsydyr bir ösen halkyň medeniýetini, sungatyny özüňe nusga edinip, oňa deňleşjek bolmak hem aýyp iş däl, gaýta öwgä mynasyp hereket. Ýöne, özüňkini ýere sokmak oňlarlyk ýagdaý däl. Meniň şahsy öz pikirim bolsa, türkmen edebiýatynyň dünýä belli bolmazlygy, iňlis, ispan, rus, hytaý, ýapon, fransuz dillerinde ýüzlerçe millionlap adamlaryň okap-ýazýanlygynda, türkmen dilinde bolsa bary-ýogy 5 million adamyň okap-ýazýanlygyndamyka diýýärin. Dogrusy, ene dillerini we öz edebiýatyny bilmän oňa baha kesmäge howlugýan adamlar hakynda teswir ýazanymda internetde bir nik astynda ýazylan teswiri göz öňünde tutupdym. Ýöne, munuň Rahym Esenowa ýa-da başga bir tanalýan adama ýanaljakdygyny öňünden çak edip bilmek... Bu bagyşlaň welin, edil, “Kapusinleriň bulwaryndaky adam” kinofilmindäki dialog ýaly bir zat bolýar: “-Siz maňa bir zat diýdiňizmi? -Ýok. -Hä, diýmek siziň diýmäge sözüňiz ýokmy, onda! -Hakyky erkek kişiniň hemişe aýdara-diýere sözi bardyr”. Bu ýazylan pikirleriň bu tema bilen baglanyşygy bolsa, biziň halkymyzyň hem gadymy grekleriň we rimlileriň, hindileriň, hytaýlaryň, ýaponlaryň mifologiýasyna barabar baý mifologiýamyzyň bardygyna ünsi çekmekden ybarat. Diňe ýekeje ýetmeýän zat, biziň mifologiýamyzy halk köpçüligine elýeterli eder ýaly öz Tolkiýenimiz we J.Roulingimiz ýok. Belki bar bolmagam, eýýäm kimdir biriniň tekjesinde şeýle eserler ýazylgylygyna öz wagtyna garaşyp ýatan bolmagam ähtimal. Ata Gowşudyň “Permany” ýaly kyrk ýyllap... *** Şu ýerde bir gep ba... 19-njy asyryň ahyrynda, Rus patyşalygynda, döşlerinde orden-medaldan ýaňa ýer ýok generallary bir ýere jemläp, goşun üçin iň aňrybaşy gowy atyň nähili bolmalydygyny kesgitlemegi haýyş edipdirler. Soňra olaryň beýan eden isleg-arzuwlaryny jemläp, netije çykaranlarynda, harby maksatlar üçin iň gowy atyň tos-togalak sypatdaky, wakuumda (boşlukda) uçýan, hiç wagt iým iýmeýän, derlemeýän we ş.m. hereketleri etmeýän, bägül reňkli atdygy anyklanypdyr... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |