05:00 Edebiýat hakynda söhbet | |
EDEBIÝAT HAKYNDA SÖHBET
Edebi makalalar
Okuwçykak edebiýat hakynda “Edebiýat edebi öwretmekdir” diýip kesgitleme bererdiler. Emma hakykat ýüzünde edebiýat diýen düşünje “edebi öwretmek” diýen pelsepeden has köpmanyly düşünjedir. Aslynda edebiýat her bir halkyň belli bir döwürdäki aň-düşünjesiniň, durmuş hakykatynyň çeper şöhlelenmesidir. Şonuň üçin ilki bilen edebiýat halkylaýyn häsiýete eýedir. Sebäbi islendik halk beýleki bir halkdan, hatda iň ýakyn kowumdaş halkyndanam özüniň däp-dessury, urp-adaty, iň esasam, halky mentaliteti (dünýägaraýşy) boýunça düýpli tapawutlanýar. Şol tapawudam halkyň kalbynyň aýnasy hasaplanýan edebiýatda aýratyn şöhlelenýär. Şol sebäpli dünýä edebiýaty her halkyň ady bilen ugurdaş türkmen, rus, iňlis, fransuz ýaly ýüzlerçe halkylaýyn alamat boýunça atlandyrylýar. Edebiýat halkylaýyn häsiýete eýe bolşy ýaly, döwürleýin häsiýete hem eýedir. Mysal üçin, gadymy ýa orta asyr türkmen edebiýaty bilen XVIII asyr türkmen edebiýatynyň düýpli tapawudynyň bardygyny düşündirip oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Has dogrusy, her bir halkyň belli bir döwürde jemgyýetçilik durmuşynda şöhlenen syýasy aň-düşünjesi şol halkyň mentalitetine düýpli täsir edýär. Şol sebäpli her bir halkyň belli bir döwrüne mahsus bolan syýasy aň-düşünjesi we şol aň-düşünjeden gözbaş alýan durmuş hakykaty bar. Şeýlelikde, her bir döwre mahsus bolan halkyň durmuş hakykaty, dünýägaraýşy onuň edebiýatynda şöhlelenýär. Şonuň üçin her bir halkyň edebiýatynyň döwürleýin häsiýete eýedigini aýratyn bellemegimiz gerek. Dogry, belli bir döwrüň edebiýaty täze bir döwrüň edebiýatynyň kemala gelmegine esas bolup biler. Ýöne her bir döwürleýin edebiýat beýleki bir döwürleýin edebiýatdan düýpli tapawutlanýar. Meselem, XVIII asyr türkmen edebiýatynda Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň nusgawy hem milli edebiýatynyň kämil derejede kemala gelendigini dünýä äşgär etdi. Daşyndan seredeniňde, XIX asyr türkmen edebiýaty XVIII asyr türkmen edebiýatyndan tapawutlanmaýan ýaly bolup dur. Dogrudanam, XIX asyr türkmen edebiýaty Magtymgulyny halypa saýan nusgawy şahyrlarymyzyň döredijilik zamany boldy. Emma XIX asyr türkmen edebiýaty XVIII asyr türkmen edebiýatyndan düýpli tapawutlanýar. XIX asyr türkmen edebiýaty doly dünýewi häsiýete eýe boldy. Bu döwürde edebiýat halk durmuşynyň iň inçe taraplaryny-da şöhlelendirdi. Adamzat kalbyndaky söýgi temasy baş temalaryň biri bolup ýaňlandy. Hatda şol bir asyrda, ýa bolmasa umumy edebi prosesde ýüze çykan döredijiligem many-mazmun taýdan düýpli tapawut edip, täze bir döwür edebiýatynyň kemala gelendigini subut edýär. Mysal: Türkmen nusgawy (klassyky) edebiýaty gözbaşyny 1660-njy ýylda doglan Nurmuhammet Andalybyň döredijiliginden, has anygy, XVII asyryň ahyrky çärýeginden gözbaş alyp gaýdyp, tä XX asyryň başlaryna çenli 240 ýyla golaý dowam etdi. Emma türkmen nusgawy edebiýaty öz içinde düýpli tapawudy bolan birnäçe döwürlere bölünýär. Nusgawy edebiýatymyzy şeýle tertipde döwürlere bölsek maksadalaýyk bolar: XVII asyryň ahyrky çärýeginden XVIII asyryň ellinji ýyllarynyň başyna çenli döwür. Bu döwri nusgawy edebiýatymyzyň kemala gelip, kämilleşýän döwri hasaplasa bolar. Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi bu döwürdäki nusgawy edebi mirasymyza degişlidir. Bu döwürdäki nusgawy edebiýatymyz, esasan, türki-çagataý dilinde bolupdyr. Şonuň üçin bu döwürdäki nusgawy edebiýatymyzyň esasy bölegi kitaby stilde döredilendir. XVIII asyryň ellinji ýyllaryndan XIX asyryň başlaryna çenli döwür. Bu döwürde Magtymguly Pyragynyň peder paýhasyna ýugrulan milli döredijiliginiň doly kemala gelip kämilleşen zamanydyr. Bu döwür Magtymgulynyň döredijilik ussatlygyndan nusgawy edebiýatymyzyň milli nusgawy edebiýata öwrülen zamanydyr. XIX asyryň başlaryndan şol asyryň 80-nji ýyllaryna çenli döwür. Bu döwre Magtymgulynyň edebi mekdebiniň doly kemala gelen hem ösüp kämilleşen döwri hem diýip bolar. Bu döwürde nusgawy edebiýatymyz kämilligiň iň ýokary derejesine ýetip, milli edebiýatymyzyň doly kämilleşen zamanydyr. Bu döwür beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebinden kemala gelen onlarça şahyrlarymyzyň kämil eserleriniň dörän zamanydyr. Bu döwürde ýaşap, eser döreden şahyrlarymyzyň her biri beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öňe süren umumy ynsanperwer temasyny öz zamanyna laýyklap ösdüripdir. Mysal üçin Seýitnazar Seýdi, Zelili watançylyk, harby-gahrymançylyk, Kemine durmuşy, sosiýal deňsizlik, Molla Nepes yşky, liriki, öwüt-ündew temasyny has baýlaşdyrypdyr. Ýöne biz Seýitnazar Seýdi serkerde, Zellili watançy, Molla Nepes yşk mülküniň şasy diýen ýaly anyk kesgitlenen düşünjäniň tarapynda durmaýarys. Sebäbi Molla Nepes yşk mülküniň şasy diýilse-de, onuň “Kyrk ýyl maýa gezinçäň”, “Aňsa” ýaly durmuşy ýa öwüt-ündew temadan ýazan onlarça kämil şygyrlary bar. Ýa bolmasa, Keminäniň “Baýlar-a bähbidin arar, garyba hupbul watan” diýen setiri islendik dile terjime edeniňde hem, watançylygyň iň beýik nusgasy bolup ýaňlanjakdygyna hiç kim jedel edip bilmese gerek. Şonuň üçin nusgawy şahyrlarymyza serkerde ýa watançy şahyr ýaly kesgitleme bermek şertli häsiýete eýedir. XIX asyryň 80-njy ýyllaryndan XX asyryň başyna çenli döwür. Bu döwürde nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi az-kem pese gaçýar. Ýöne bu döwürde hem Tilkiçi şahyryň “Aýan göründi”, Baýram şahyryň “Şaglap iner bürgütleri” ýaly ajaýyp döredilen eserler az däl. Bilnişi ýaly, 1881-nji ýylda Gökdepe galasynyň synmagy bilen türkmenler dolulygyna rus imperiýasynyň tabynlygyna düşýär. Türkmenleriň täze syýasy-jemgyýetçilik durmuşda ýaşamagy türkmen nusgawy edebiýatynyň depgininiň haýallamagyna getirdi. Şonuň üçin islendik halkyň edebiýaty asyrlar boýunça däl-de, her bir döwrüň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýyna görä, döwürlere bölünse maksadalaýyk bolar. Döwrüň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýyna laýyklykda XX asyr türkmen edebiýaty üç döwri başdan geçirmeli boldy. XX asyryň başlary türkmen nusgawy edebiýatynyň soňky zamanlarydyr. Bolşewikleriň döwlet başyna gelmegi bilen 1920-nji ýyllaryň başyndan tä 1991-nji ýylyň aýaklaryna çenli bolan edebi mirasymyz aýratyn bir döwri, ylymda atlandyrylyşy ýaly, türkmen söwet edebiýatyny kemala getirdi. 1991-nji ýylyň aýaklaryndan başlan edebi mirasymyz başymyzyň täji bolan Garaşsyzlyk döwrümiziň edebiýatydyr. Edebiýatyň döwri hakynda söhbet edilende, şu hakykaty hem aýtmak gerek: Hatda käbir şahyrlaryň döredijiligi zamananyň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýynyň üýtgemegi bilen biri-birinden tapawutlanýan iki döwre-de degişli bolup bilýär. Baýram şahyryň irki döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň soňky döwürlerine, onuň 1920-njy ýyllardan soňky döreden eserleri bolsa türkmen sowet edebiýatynyň başky döwrüne degişlidir. Ýa bolmasa, 1940- 1950-njy ýyllarda doglan ýazyjy şahyrlarymyzyň köpüsiniň döredijiligi iki döwrüň edebiýatyna degişlidir. Esasy zat, ýazyjy-şahyr haýsy döwürde ýaşasa-da kämil eserleri döredip, halkyň hakydasynda galyp, adyny ebedileşdirýär. Munuň aýdyň mysaly beýik akyldar Magtymgulynyň hem Nurmuhammet Andalypdan başlanýan hemme nusgawy şahyrlarymyzyň ölmez-ýitmez döredijiligidir. Nusgawy edebiýatymyz türkmen edebiýatynyň ölmez-ýitmezdigini dünýä ýüzüne äşgär etdi, munuňam üstesine, halkymyzyň milli dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde-de nusgawy edebiýatymyzyň baş ähmiýete eýe bolandygyny aýtmagymyz gerek. Bu ylmy hakykat türkmen nusgawy edebiýatyny düýpleýin öwrenmegiň wajypdygyny subut etdi. Sebäbi türkmen nusgawy edebiýaty köküni gadymdan alyp gaýdýan türkmen edebiýatynyň iň kämil edebi mirasydyr. Türkmen nusgawy edebiýaty özünden öňki halkymyzyň edebi mirasynyň dowamy bolup, özünden soňky türkmen edebiýatyna düýpli hem oňaýly täsir etdi. Şonuň üçin türkmen nusgawy edebiýatyny edebiýat öwreniş ylmynyň dürli ugurlary boýunça öwrenmek maksadalaýykdyr. Nusgawy şahyrlarymyzdan soňky döwürde, hatda häzirki günlerimizde hem ussat ýazyjy-şahyrlarymyz az däl. Elbetde, ussat-ýazyjy şahyrlarymyzyň her biriniň döredijiligi aýratyn edilmeli ylmy söhbetdir. Edebiýat hakyndaky söhbetimize dolansak, käbir alymlar edebiýatyň syýasat däldigini, şonuň üçin edebiýatyň syýasatlaşan ýerinde syýasy propaganda öwrülýändigini öňe sürýärler. Ýöne bu pikir bilen doly ylalaşmak mümkin däl. Sebäbi islendik döwürde ýaşan-ýaşaýan ýazyjy-şahyra öz döwrüniň syýasaty, aýratynam, jemgyýetiň syýasy düşünjesi berk täsir edýär. Mysal, daşa gidip oturmaly. SSSR-iň düzüminde ýaşan ýazyjy-şahyrlaryň tas hemmesinde diýen ýaly Garaşsyz diýen mukaddes düşünjämiz (munuň üçin ýazyjy-şahyrlary aýyplabam bolmaz) ýatdy. Şol sebäpli her bir döwrüň syýasaty her bir ýazyjy-şahyra düýpli täsir edýär. Emma nähili bolanda hem halkyň agysyna aglap, şatlygyna şärik bolan edebi miras halkyň hakydasynda müdimilik orun alýar. Şeýdibem edebiýat beýik sungat derejesine ýetýär. Sebäbi edebiýat her bir halkyň belli bir döwürdäki oý-pikiriniň, durmuş hakykatynyň çeper beýanydyr, şöhlelenmesidir. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |