05:43 Eflatun / satiriki hekaýa | |
EFLATUN
Satiriki hekaýalar
Arada biziň «Täze durmuş» kolhozymyzyň meýdan düşelgesine bir lektor geldi. Bizem muňa gaty begendik, günortan çaý başynda gyzykly leksiýa diňläris öýtdük. Meýdan düşelgämiziň jaýynyň depesindäki gyzyl baýdak aşak düşürilip, bizi çaýa çagyrýançalar, baý, hars urup işledig-ä. Biz çaý başyna ýygnanýançak, lektor bilen partorgymyz, şeýle hem çaýçymyz Jejew aga üçüsi gürrüň edip otyrdyrlar. Ylaýta-da lektor bilen Jejew aganyň gepi-sözi alyşdy gidiberdi. Olaryň ikisi ümmüldeşip, ogoroda hem aýlanyp geldiler. Leksiýa başlandy. ― Özüňize mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda alymlaryň ünsi öý towşanynyň inçe içegesinden janly epitel öýjüklerini almaklyga konsentrirlenendir ― diýip, lektor çaý owurtlady-da, sözüne dyngy berdi. Bu jümlä Jejew aga aňk-taňk boldy. ― Oglum, otüki, ýaňky janawar, öý towşany ... ― diýip, ýaşuly bir zatlar aýtjak boldy. ― Ýaşuly, bu ýerde düşünmez ýaly çylşyrymly zat ýok. Epitel öýjüklerini almak usulynyň modifikasiýasy barada entek aýdarys ― diýip, lektor ynamly gürledi. ― Lektor, oglum, otüki, şol epiteliň alymlara başardarmyka?! ― diýip, Jejew aga gobsundy. Şondan soň merekede içini çekişip, geňirgenýänler köpeldi, hyşy-wyşy emele geldi. «Toba, toba» diýip, ýakasyna tüýkürenem tapyldy. Pikirini daşyna çykarýanlar hem boldy. ― Bü-ýä, tüýs Eflatun oguşýa! ― Gijengyryk ýaly gamyş ganat-a bolupdyr. ― Lektor-a öz aramyzda ekeni! ― Eli kündükli filosof! ― Gaýnadýany däl-de özi güp ekeni! Lektor söze başlady. ― Ýaşuly, başardar. Häzir gipoteziýanyň aksimasyny sintezläris weli, şübhäň düw-dagyn bolar ötägider. Ine, gulak sal, bitewi gomologik siworotkadaky inkubirlenen epitel öýjükler gaty oňat assimilleşdiler. Lektor sözüni soňlan badyna Jejew aga öz käsesine çaý guýdy-da: ― Ine, hanym, onyň hak söz ― diýdi. Şondan soň märekäniň leksiýa bolan höwesi artdy. Hemmeler kä lektora, käte-de ýaşula seredýärdiler. ― Aý-haw, bu ýaşuly Şetdat pygamberçeräk bilýär öýdýän ― diýip, Jejew aganyň aýaly Akbibi eje ýakasyna tüýkürdi. ― Toba, toba! Men-ä ýaşaşybam munuň beýledigini bilmändirin. Beýle okumyşdygyny bilen bolsam, Aşgabada göçerdik, gojama akademiýada işle diýerdim. Geň galaýmaly, şol wagt ýaşuly ýene bir sowaly gütletdi. Ol: ― Lektor, oglum, otüki, öýjükler dyr-pytrak bolaýmadymy?! ― diýäýdi. ― Ýok, Jejew aga, öýjükleriň membranasynda morfologik taýdan hiç hili özgerişlik ýüze çykmady ― diýip lektor oňa jogap berdi. ― Oglum, şol ýagdaý gyşyna neneňsi? Ötüki, yssy bilen sowuk deň däl ahyry?! ― diýip, Jejew aga gülli ýaglygy bilen boýnunyň ýüzüni süpürdi. Edilýän gürrüňler diňläp oturanlar üçin düýbünden düşnüksizdi. Emma, şeýle-de bolsa adamlar ony gaty gyzyklanma bilen höwesli diňleýärdiler. Lekrtor işe başlady. ― Ýaşuly, ine, sowalyň jogaby şeýle. Üns beriň, okaýandyryn. Arassalanan mergi toksinini ulanyp, biz diýeree sezewar edýän toksin bilen bir hatarda sitotoksin komponentiniň hem ýokdugyny bildik. Lektor bu jümläni okap tamamlan badyna märekäniň ýüzi endik boýunça ýaşula tarap öwrüldi. Jejew aga hem ynamy ödedi. ― Ýok, han ogul, şu aýdýanyň meniň üçin täzelik däl. Siz, otüki, ylmy bulaşdyrýaňyz, öň beýle däldi ahyry ― diýip, Jejew aga ýerinden gobsundy. Şol wagt: ― Ana, ylma dil ýetirdi. Muňa akyly çaşan diýerler ― diýip, Akbibi eje howsala düşüp başlady. ― Ýaşuly, men saňa ýekeje goşmaça bir argument aýdaýyn. Onsoň ylmy biz bulaşdyrýasmy ýa buržuaz alymlary bulaşdyrýarmy, aýan bolar. Sitopatiki effekt spesifik häsiýete eýe boldy. Çünki gyzdyrylan taksin janly öýjüge hiç hili täsir etmedi ― diýip, lektor çyny bilen nygtap aýtdy. ― Hökman täsir edäýmeli. Eger tersine bolsa, sebäbi näme? ― diýip, Jejew aga gürrüňi gyzyşdyrdy. ― Sebäbimi?! Sebäbi sitotoksiniň täsiri antitoksiniň artykmajyny doly suratda neýtralizleşdirdi ― diýip, lektor arkaýyn jogap berdi. ― Hak söz, ynha, ol sözüňe men iki elim bilen pitiwa basýan ― diýip, Jejel aga çaý owurtlady. Leksiýa gutardy. Soňra lektor Jejew agany hem maşyna mündürip aldy gidiberdi. ― Akbibi eje, çaýçydanam-a dyndyk ― diýşip, kolhozçylar degişdiler. ― Wah, gowy bolaýdy. Oň ýaly agzyndan ireni, ýogsa-da şeýtmelidir ― diýip, Akbibi eje zeýrendi. ― Allanäme, çaýyny içip, il ýaly diňläp oturmaly halyna ylma dil ýetirýär-ä. Gepiň gysgasy, Jejew aga şol gidişine ertesi meýdan düşelgä geldi. Üstüne sorag baryny ýagdyrdylar: ― Ýaşuly, näme boldy?! ― Eýgelikmi beri?! ― Akademiýa gidýän-ä dälsiň-dä?! Soňra Jejew aga gönüsinden geldi: ― Ýok-la, balalarym. Mende ylym küje, bilim küje. Özüm likbezi gaýybana gutardym. «Myhman ataňdan uly» diýen söz bar. Düýnki lektor ýigit menden bir zady haýyş etdi: «Ýaşuly, düşünseň, düşünmeseňem, arasynda sowal berip, «Näme üçin?», «Ol neneňsi beýle bolýar?» diýen ýaly sowallar beren bolup, leksiýany gyzykly geçer ýaly et» diýdi. Menem şeýtdim-dä. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |