22:28 Egri taýaklylar / ýumoreska | |
EGRI TAÝAKLYLAR
Satiriki hekaýalar
Obamyzyň günbatar çeträginde mydama çaýkanyp ýatan bir köl bardy. Ol ýylyň esli böleginde özüniň “saz-söhbeti” bilen oba ilatynyň ýüregine düşýärdi. Arada howa birden sowady-da, köl durşy bilen doňdy galaýdy. Indi gurbagalaryň sesine suw sepilen ýaly boldy. Oňa derek obanyň çagalary köli ala-ýaza öwürdiler. Ozal köçede konserwa gutusyny şaýba edinip, hokkeý oýnap ýören elleri egri taýakly çagalar üçin kölüň doňmagy uly bir şatlykly waka öwrüldi. Bularyň oýny ýuwaş-ýuwaşdan uly adamlaryň hem ünsüni özüne çekip başlady. Işden eli boş adamlar indi şu kölüň başyna ýygnanýardylar-da, oglanlaryň edýän oýunlaryny synlaýardylar. - Oglanlar, hany, biraz saklanyň! – diýip, magazinimiziň garawuly Gully aga kölüň boýunda çigit çigitläp duran ýerinden bir ädim öňe süýşdi. Ol oglanlary ýanyna çagyryp, olaryň arasyndan dogumlyraklaryny hem oňatja oýnajaklaryny seçip-saýlap aldy. Şeýdibem, iki sany ýygyndy komanda düzdi. Her oýunça-da özüçe at goýdy... - A-haw, Ýagşyň dogmasy, bütüki eliňdäki egri taýagyňy talawladyp, näme, bu ýerini Maňňyşlagyň gyrydyr öýdýäňmi, ýanyňda adam bar ahbeti. Sen gatyja gidýän ýaly-la, han – diýip, Atal aga öňe gobsundy. – Tas meniň oglumyň injigini uçurypdyň. Beýtjek bolsaň, çyk oýundan! - Atal aga, köşeşiň, bu oýundyr. Oýun barha gyzyşýardy. Eýýäm Gully aganyň ady Kulagin bolupdy. Ine, birdenem şaýbany pes boýly, tokga, berdaşly Frenk Hakky diýlip at berlen oglanjyk Hakberdi bat bilen urdy. Şaýba sapandan sypan kesek ýaly bolup, kölüň günbataryndaky çöplüge tarap waz ýasaýdy. - Ýýak, walla, nädäýdiň-äý muny! Entegem ol demriň märekä tarap gaýdybermedigine şükür et. Çöregimiz bitin eken hernä – diýip, sapargeldi aga possunyny boýnuna tarap çekişdirdi. - Berekella, Hakberdi. Frenk Hakk bol-a! – diýip, çagalardan biri dilini birküç epläp, gaty sykylyk çaldy. - Oglanlar, uçup giden şaýbany gözläp wagty biderek geçirmäň. Goý, ony tapan begensin. Özüne ýadygärlik edinsin. Ynha, mende şaýbalyk zat bar – diýip, Gully aga köwşe çalynýan reňkden boşan gutyny buzuň üstüne oklady. Oýunçylar bolsa şakgada-şukga bolşup, şaýbany alyp ugradylar. Myhmanlarypň tarapynda howply pursat emele geldi. - Şadurdy! Şadrin! Hüjümi güýçlendir! - Ýagşyýew! Ýakuşew! Haý, iuzyn boýuňa döneýin! Gaýrat et! - Atalow, şatalow bolasyň gelse, derwezäni iooňatja gora! Şatalow gudrat görkez! - Gol! Gol! Gol! Bir – nol! Bir – nol! - Berekella, Tretýak! Tirkiş jan, oňardyň! Ana indi bolaýdy, adamlar. Men bir nas atarlyk edindim. Haý, biziň oglanlyk ýyllarymyz biderek geçen eken-ä – diýip, Atala aga ýüzüni ykyşa tutup, nas atdy. Märeke oýna hasam gyzygyp başlady. Şol wagtam Oguljemal eje öz ogly Şadurdynyň paltosyny aldy geläýdi. Bu-da öz oglunyň oýnaýşyna guwanyp, buzuň gyrasynda çugutdyryp oturyberdi. - Aýu, oglum, Şadurdy jan, paltunyňy bir geýsene, balam. Üşärsiň, döşüň açyk-la, guzym! Ýene-de derwezede howply ýagdaý döredi. - Gol! Gol! Iki – nol! Oýnuň tamamlanmagyna on minut galanda Gully aga Durdyny ýanyna çagyrdy. - Durdy jan, biziňkiler asgynlaýar. Sen kömege ýetiş. Ýöne düzgüni bozma. Güýjüne bäs gelip bilmän ýören Durdy burnunyň aşagyna garynja üýşen ýaly bolup duran murtuny eli bilen sypalady-da, oýna girdi: - Durdy, me, kaska geý! - Ýok, men kaskasyz oýnaýan. Ýarym minut geçip-geçmänkä, Durdy biziň derwezä şaýba geçirdi. - Gol! Gol! 2:1! Goluň awtory Durdy! - Ony oçko hasap edip bolmaz! - Sportuň halkara düzgüni bozulýar. - Durdy içgili! - Kes sesiňi! – diýip, Durdy Ilewioş itdi. Onuň kellesindäki piti allowarra zyňlyp gitdi. - Päheý-de welin, süňki bekemedik ýekeje dikrarymy iliň heşdek ýalysy horlamaly bormy?! – diýip, yňdarma Atal aga ýasgynjak alyp duran possunyny beýläk oklap, öňe okduryldy. Emma ol eşekden ýykylan ýaly bolup, buzuň üstünde serlip gitdi. - Gülme goňşyňa, geler başyňa! Oýun togtadyldy. Ähli märeke orta ýygnandy. Edil şol pursat batly şakydry gulaklary kamata getirdi. Kölüň buzy telim ýerden jaýryk atdy-da aşak çökdi. Ýöne weli aşagynda suw ýok eken. Her kim ýüzüni ak tam edip, töweregine seredýärdi. Gorkynyň soňy şatlyk-şagalaňa, gülkä öwrüldi. Gurbangylyç HYDYROW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 01.01.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |