08:02 Ekranda görýänim | |
EKRANDA GÖRÝÄNIM
Publisistika
Haçanda Amerika ýewropaly kolonialistleriñ "süýtli sygyryna" öwrülensoñ, bu ýurtda tolgunşyklardyr gozgalañlaryñ soñy gelmedi… Diñe gyzylhamlylar (indeýler) däl, eýsem olara "kömekçi güýç" hökmünde getirilen hindistanlylary-da gyrybilişlerine gyrdylar. XIX asyryñ ikinji ýarymynda aglabasy magdan känlerinde işledilen hindistanlylara garşy döwlet eli bilen amala aşyrylan resmi 370 gyrgynçylykda 100 müñ hindistanly öldürildi… Gezek Afrika ýurtlaryndan zor bilen eli-aýagy dañlyp, Amerika getirilýän garaýagyzlara geldi. Bu getirilmeleriñ ykdysady maksady bardy: akýagyz işçiler gymmada düşýändigi we azdygy üçin garaýagyzlardan täze işçi güýji gatlagy döredildi. Gul eýeçilik kapitalistik ekplutasiýanyñ ykdysady sistemasydy… Karl Marks “Kapital” eserinde şeýle ýazdy: ”Angliýada pagta önümçiligine kämillik ýaşyna ýetmedik gullaryñ aralaşmagy bilen bir wagtda ABŞ-da garaýagyzlara garşy tutum söwda bilen baglanşykly diñe hapa ýollara, girdejä we peýdakeşlige esaslanýan eksplutasiýa sistemasyna öwrüldi... (we şeýlelikde) sermaýa bütin gözeneklerinden gan we palçyk syzdyryp dünýä geldi!” Gul eýeleri buržuaziýa işçileri "akýagyz-garaýagyz" diýen toparlara bölüp, olary biri-birine garşy dowamly küşgürdi durdy. Şol sebąpli… Garaýagyzlar kagyz ýüzünde-teoretiki taýdan azat-erkin bolsalar-da, azatlyklaryna hiç haçanam gowşup bilmediler… Garaýagyzlaryñ mañlaýynda mydama “Jim Crow” ýarlygy bardy: kemakyl, yzagalak, her dürli kemsidilmä uçran negr! (Bu häsiýetlendirmäni wäşi artist Tomas Ris baryp 1828-nji ýylda beripdi). Rokfellerden Karnegä çenli amerikan tüçjarlarynyñ XX asyryñ başynda goldan jynsparazlykly ýewgenik işleriniñ atuwynda garaýagyzlar bardy! Hem garaýagyzlar her dürli kemsidilmä-adalatsyzlyga garşy elmydama baş galdyrdy… ■ GYZYL ÝAZ Ýazyp soñuna çykar ýaly däl... 1891-nji ýyl. Nebraska-Omahada garaýagyz işçi Jo Konyñ tokaýda akýagyz zenana topulandygyndan şübhelenildi. Derñew prosesinde on müñ akýagyz suduñ binasyny ýakyp, oda berdiler. Ko türmeden çykarylyp linç edildi. Hasam beteri halka açyk sergide linç gurallary sowgatlyk gural hökmünde satywa çykaryldy. Sergä köpüsi bikär alty müñ amerikan gatnaşdy... XX asyrda bolup geçen garaýagyz topalañlaryñ barsyny ýazjak bolsañ bir küti kitap bolar. Käbir mysallary bereýin: Ýüz bir ýyl öñ Amerikada "Gyzyl tomus" bolup geçdi. 1919-njy ýyldy. Birinji jahan urşundan gaýdyp gelen we işleri (Günorta Amerikadan Demirgazyk-gündogar we Orta Günbatardaky senagat şäherlerine göçürlen 500 müñ) garaýagyz tarapyndan alynan akýagyz esgerler Arkansas, Waşington, Mississippi, Çikago, Baltimor, Günorta Karolina, Tehas, Tennessi ýaly altmyş ýerde uly wakalaryñ döremegine sebäp boldular. Bolşewik rewolýusiýasyndan gorkan ABŞ göçürlen (we grew kesiji hökmünde ulanylan) garaýagyzlaryñ öldürlişine sesini çykarman tomaşa etdi… ABŞ haçanda ykdysady krizise girende topalañ bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy. Meselem… Ikinji jahan urşundan soñ ýaralary bitişip, ykdysady güýç hökmünde gaýtadan dünýä arenasyna çykan Ýewropa amerikan ykdysadyýetinde durgunlyk döretdi. Şondan soñ "ortagürp" garaýagyzlaryñ girdejileri pese düşüp başlady. Şol döwür ýüze çykan garaýagyz topalañlar "ortagürp synpyñkydy". (1964-nji ýylda sekiz, 1966-njy ýylda dört, 1967-nji ýylda on alty, 1968-nji ýylda on iki, 1971-nji ýylda ýedi topalañ turdy. Otuz iki adamyñ ölen, sekiz ýüz adamyñ ýaralanan Watts topalañy-da şol döwrüñ hakykatydy…) Indi sözümizi jemlesegem bolar… ■ TARYHYÑ ZIBILHANASY Garaýagyz Jorj Floýduñ polisiýa tarapyndan öldürilmegi ABŞ-da birinji gezek bolýan zat däl. New York-Schomburg Garaýagyz medeni ylmy-barlaglar merkeziniñ direktory Halil Gibran Muhammad ABŞ-da 1935-nji ýyldan bäri bolup geçen ýüzden gowrak jynsparazçylykly wakalary seljerdi we olaryñ hemmesiniñ diýen ýaly merkezinde polisiýanyñ öjükdiriji rolunyñ bolandygyny subut etdi. Polisiýanyñ eden-etdiligine amerikan döwlet garaýşynyñ siñendigi gizlin syr däl. Üstünde durup geçmek isleýänim bu däl... Gürrüñim topalañyñ ykdysady düýplerini seljermegem däl. (2020-nji ýyllarda ABŞ-da her üç garaýagyz erkekden birinuñ türmä girjegi çaklanýar. Ykdysady ýara barha çuñlaşýar…) ABŞ-daky bu soñky topalañ taryhy ösüşi gözlerimiziñ öñüne dikip goýdy: Jorj Floýd topalañyna “garaýagyzlaryñ tolgunşygy” diýip bolarmy? Telewizoryñ ekranynda soragymyñ jogabyny gördüm: bu garaýagyzlaryñ tolgunşygy däl. Birküç ýyl mundan öñki wagta çenli juda az sanly akýagyzyñ goldan "garaýagyz protestleri" reñkini üýtgedýär. Indi akýagyzlar garaýagyz doganlary bilen bile köçä çykýarlar… Düýne çenli habar beriş serişdelerinde ýer alan topalañ suratlarynda diñe garaýagyzlar bardy. Bugün ekranda görenim indi munuñ tersine… Akýagyz-garaýagyz işçiler, ýoksullar kapitalizme garşy egin-egne berip göreşmäge çykdylar. ABŞ-da "Agzyny alart-da, höküm sür!" syýasaty taryhyñ zibilhanasyna batyp galana meñzeýär… Soner ÝALÇYN. "Sözcü" gazeti, 03.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |