16:52 Elhepus - lazerobus / satiriki hekaýa | |
ELHEPUS - LAZEROBUS
Satiriki hekaýalar
ХХI asyryň soňky hepdesidi. Komandirowka howlukmaç gidip gelmeli boldum. Ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy, Uran we Neptun planetalaryna baryp gaýtmaly diýdiler. Men Gün sistemasy planetasynyň parahatçylyk baýramçylygyna hökman Ýere gaýdyp geläýmeli. Iýmitli týubiklerden, gurp beriji tabletkalardan ýüküm ýetik. Suwa derek elementlerden ýaňa «diplomat» hyryn-dykyn doldy, agzy ýapylanok. Geýim-eşigiň gurat bolmaly diýdiler. Ýogsam ol planetalaryň seni tokga buza öwrüp taşlajagy ikuçsyz diýip howatyr berdiler. Gün radiasiýasy hem ejiz ýagy däl. — Kaka, şol ýere gitseň meniň mugallymymyň doglan güni üçin sowgat getiräý-dä — diýip, birinji klasda okaýan oglum Ýupiter naýynjar görnüşde boýnuny sallady. Onuň Ýaldyrak Ýyldyzy ýaly gözlerinde ýaş damjalary buldurady. — A-how, Ýupbi han, — meniň Ýupiter sözüni gysgaldyp aýdaýmam bar — ol ýerlerde buzdan başga zat ýok ahyry. Onsoňam, Ýupbi jan, seniň okaýan mekdebiňde üç ýüz altmyş bäş mugallym bar. Her günem biriniň doglan güni. Haýsy birine sowgat berip çykjak? Bu zyýanly däp, megerem, ýigriminji asyrdan bize miras geçen bolmaly. Ýeri, bolýa-da sowgat getirjek bolaryn. — Kaka, mugallym maňa ikilik goýdy — diýip Ýupiter möňňürip aglady. Onuň gözleri edil Myrryh Ýyldyzy ýaly dym gyzyldy. Men oglumyň «gün täji» diýen modada bejerilen saçyny sypaladym. — Näme üçin ikilik goýdy, Ýupbi jan? — diýip mylaýym äheňde soradym. — Jisimi böleklere bölmekden, kaka — diýip Ýupbi hork-hork etdi. — Bölübilmediňmi, namartaý? Sen oňatja okamaly ahyry — diýdim. — Böldüm-ä, kaka ynha, göräý — diýip, oglum bir giden formulalary görkezdi. Meniň pikirimçe, Ýupiter meseläni dogry işläpdir. Jisimi molekula bölüpdir. Molekuladan atamy aýrypdyr. Atomy hem ikä bölüpdir. Bir tarapa ýadrosyny, ýagny özenini, beýleki tarapa bolsa elektronyny aýrypdyr. Soňra neressejik, Ýupbi jan, ýadrony protona we neýtrona bölüpdir. Geň zat, näme üçin mugallyma meniň ýaňy bir ýaşyna ýeten ogluma ikilik goýýarka? ХХ asyryň sowgat keseliniň wiruslary gyrylmazmyka? Gynançly tarapy, oglumyň gündeligine mugallyma: kemsidiji sözleri hem ýazypdyr. «Eger okaýşy şu boljak bolsa seniň ogluňy kem akyllylar klasyna geçirjek» diýip ýazypdyr. Diýmek, meniň oglum samsyk-da onda? Ol-a däli diýeniňdenem erbed-ä. Däliler-ä zehinini kellesine sygdyryp bilmän düze çykýar, goşgy goşýar. Samsygyň kellesinde hiç zat bolmaýar. Gum dykylan suwkädi ýaly bolýar. Mugallymanyň ýazan sözlerini okap kosmetiki klinikada kelläme ekilen emeli sintetik saçlarym dim-dik antenna döndi. Derrewem mugallyma jaň etdim. Wideotelefonda mugallymyň keşbi peýda boldy. — Keýgim, Lazersoltan, näme üçin Ýupiteriň göwnüne degdiňiz?! — diýip, men ajy ýylgyrdym. Sebäbi gynansak-da, ХХI asyrymyzyňam öz zyýanly däp-dessurlary bar: içiň ýanyp dursa-da mylaýym ýylgyryp geplemek hökman, edil balerina ýaly bolmaly. Olam barmaklary döwlüp barýanam bolsa ýylgyrmaly. — Jisimi bölübilşinden-ä bölüpdir ol — diýdim. — Ýaşuly, ogluňyz protony bölmändir. — Protonda üç sany kwarsyň bardygyny men bilýän, ýoldaş mugallym. Emma... — Duruň, meni diňläň. Olam entek meseläniň dogry çözgüdi däl — diýip, mugallyma sözüni dowam etdirdi. — Her kwarsyň agramyny ogluňyz bäş barmagy ýaly bilmeli. Üç kwarsyň bilelikdäki agramynyň protonyň massasyndan birnäçe esse agyrdygyny hem Ýupiter edil şänik çakan ýaly, şaňk-şaňk edäýmeli. — Ýoldaş mugallyma, kwarslar baradaky ylym ikinji klasda geçilýär ahyry — diýip, men aýtdym. — Ýok, ýoldaş, indi okuw programmasy üýtgedildi. 2-nji klasda subkwarslar hakda geçilýär-ä. Siz durmuşdan yza galýaňyz — diýip, Lazersoltan ýüregimden jazladyp çakdy. — Ogluma goşmaça sowal beräýmeli ekeniňiz-ä, keýgim. — Goşmaça sorag berdim. «1 gram kwarsdan näçe gram proton alyp bolýar» — diýip soradym. Emma ol 05 gram proton alyp bolýar diýmelidi. Ogluň dymdy. Ugrukdyryjy sowalam berdim. Kwarsyň massasynyň galan näçe prosenti nämä öwrülýär diýdim. Emma Ýupiter geçen asyryň partizanlary ýaly dymdy durdy. — Wah, namartaý, 95 prosenti energiýa öwrülýär diýmeli ekendä. Aý, bu ogul oňly bolmaz-ow. Meniň nä gün bilen kelläme ekdiren saçymy agardar-ow bi — diýip derman içdim. — Zeýrenmekden haýyr ýok. Ogluňa öýde goşmaça sapak ber. Men entek ogluňdan, Eýnşteýniň hasaplamalary boýunça, 1 gram kwarsdan alnan energiýany başga zatdan almak üçin, meselem nebitden 2500 tonna nebiti ýakmalydygy hakda soramadym. Indi ogluňyz ýedi ýaşyny doldurdy. Indi ol balaja däl. Birinji klasyň okuwçysy. Şeýle diýip mugallyma gözden ýitdi. Men derman içip oturyp agladym. Wah, ХХ asyryň sadagasy bolsaň diýdim. Şol döwürde okuwçam, ene-ata-da bagtly ekeni. Onunjy klasy gutaran, on ýedi ýaşly okuwçy goşun gullugyna gidende öýüne salam haty ýazyp bilmez ekeni. Ýeri, atom, proton, kwars diýen ýaly kelle agyry nämä gerek diýsene. Men ýol şaýyny tutmak bilen gümra boldum. Ýupbi han bolsa ylmy laboratoriýasyna girip gitdi. Galanja saçam basym düşse gerek. Saçy agaryp oňaýsa gowy bolardy. Saç ekdirmek görgüle. Lazerobus ýola düşdi. Ýeriň daşyndan aýlanyp ýören köp sanly emeli koloniýalaryň deňine ýetdik. Şofýor derrew tormoz berdi. Biz bolsak howlugýarys. Oň parhyna-da däl. Süýt satmak üçin Aýa gitjek daýzalar sürlenişip mündüler. Arkalarynda süýtli tüňňürleri. Biletlerem ýok. Şofýoram olara bilet kesjegem bolanok. Her kim puluny ýöne şeýle beräýýär. Onsoň ol pullaryň döwlet kassasyna girjek gümany ýok. Şofýordan olara biletem ýok, gaýtargy-da. Münenleriň arasynda Bagyrdan Myrryha gök ekin alyp barýanlaram bar. Ýaşşikleri üsti başyňy persala edýär. Inwalidler, göwreli aýallar, çagaly eneler ýanyňda dik durlar. 500-600 ýaşanlaram hasalaryny gözüňe sokaýjak bolşup durlar. Nalaç ýer bermeli bolýaň. Şofýor ýanyna suwam ýa-da suwuň ýerini tutýan elementleri almandyr. Çagalar aglaşýarlar. Lazerobusyň içi dem alar ýaly däl. Ýolda münenleriň halta-halta ýükleri bar. Ukrop, petruşka, rediska... Her kim iýmitli týubikden mas ýüklenipdir. Hamana, Aýda şoň ýaly zatlar geçginlimiş. Gaýdyşynam Aý parçasyny Ýere alyp gaýtjaklar. «A gyz, Myrryhda panbarhat barmyş» — diýşip, aýallar uly gowur turuzýarlar. Derrewem Aýa ýetdik. Bu ýerdäki Lazerostansiýa ýolagçylardan ýaňa wag berýär. Aýyň üsti gaýly küýzäň dykysyna üýşen ýag garynjasyny ýadyňa salýar. Ýöne mähelle bolup dur. — Jan şopur, bizi Zöhre ýyldyzyna taşlaweri, hanym — diýşip, bir topar daýza lazerobusa dykylyp geldi. — Ol ýeriň bazary sowulmanka. On-on iki kişilik gyraw aljak. — Daýzalar, biziň marşrutymyz Urana, Neptuna tarap — diýip, şofýor delmuryp bize seretdi. — Jan jigi, biz Zöhre ýyldyzynyň jygyllygyna ýetişmeli. Indiki şende oglumyzy öýerip, gyzymyzy çykarýas. Paraşýutymyz bar. Bizi golaýynda oklap geçäý. Özümiz görgümizi görüp, bazar meýdanynyň üstüne gaýyp düşeris. — A gyz, Ogulla, meniň, artyp paraşýutym ýyrtylypdyr-la. Seniň paraşýutyň ikimize-de bolar-la?! — diýip, peýdakeş daýzalardan biri lazerobusy ýaňlandyryp gürledi. — Waý-eý, gyz, Aýjemal, şyp ýapyş diýlen ýaly, eýýäm Ogylla ýelmeşdiňle. Sen öz günüňi gör. Meniň paraşýutym ýadymdan çykypdyr — diýip, daýaw daýza lazerbusy sarsdyryp gürledi. — Weneranyň howasy biziň Ýerimizdäki suwdanam dykyzdyr. Oňa paraşýut nämä gerek? Saýawanam besdir — diýip, ýolagçylardan biri, äýnekli professor dillendi. — Wah, agam, diňe öz aladamyz bolsa çabydymyzyň synam paraşýut bolup biljek-le. Ýükümiz agyr — diýip, daýaw daýza jogap berdi. Şofýor ýolda ýolugan köp sanly ýolagçylaryň haýyşy boýunça Wenera gondy. Bu ýerde-de ýigrimi-otuz sany gezende, turist lazerbusa kürsäp girdi. — Biziň güne ýanyp garalasymyz gelýär. Näme alsaň al-da bizi Merkura eltip taşla. Güne golaý baryp, buza dönen bedenlerimizi bir gyzdyraly — diýşip, olar şofýora ýüz tutdular. — Biz Urandan, Neptundan ýörite güne ýanmak üçin gaýtdyk — diýşip, olar ak kagyz ýaly, gözüňi gamaşdyryp barýan jowur ak tenlerini görkezdiler. Olaryň meňizleri daşyň aşagynda biten otuň reňki ýalydy. Uranly, neptunly ol adamlaryň biri şofýoryň jübüsine bir zar atdy. Şofýoryň dişleri agaryp göründi. Şofýor Merkurä gitmäge razy boldy. Jübüsine çaý puly düşdi-dä. Şofýor «waý, ysgyndan gaçdym-eý» diýip, týubik sormaga oturdy. Biziň bolsa içimizi it ýyrtýardy. Lazerostansiýanyň nobatçysy gelip şofýor bilen elleşdi. Elini çekende şofýoryň ýüregi sogrulan ýaly boldy. Nobatçy gurplanana döndi. Şunuň ýaly elleşmek düzgüni Aýdaky lazorastansiýada-da boldy. Edil aýralyga dözebilmän, ýürekleri üzülip barýan ýaly, çyny bilen hoşlaşýardylar. Şeýle ýagdaý Merkuriýde-de, Marsda-da, Ýupiterde-de, Saturnde-de, Plutonda-da, olaryň köp sanly hemralarynda-da boldy. Şofýor keseden düşen puly ýeke iýenokdy. Ýerden Urana barýançak ýüzlerçe ýerde durmaly bolduk. Bir ýerde gelin gaýtaryja-da hyzmat etdik. Hatda bir ýerde şofýor bilen sögüşdigem. Tas gyzyl ýumruga giripdik. Ol şeýle boldy. Ikar diýen meteoritiň üstünde ýaş çagaly aýal dur ekeni. Şofýora: — Durma, biz howlugýas — diýdik. Ol bolsa: — Hany sizde ynsap, belki oň çagasy syrkawdyr. Poliklinikä alyp barýandyr — diýip, bizi utandyrjak boldy. Biz oňa gumanizmiňi göläňe tirte garyp ber diýdik. — Sen, utançsyz. Ynsapsyz özüň. Näçe ýolagçy mündürdiň. Emma ýekejede bilet keseňok — diýdik. Ýöne weli, şofýory ýolda birküç sapar oňardylar-da. Asyl onuň ýeser ýagysy bar ekeni. Içimiz sowaýdy asyl. Lazeroinspektorlar ony tutdylar. Lazerobuslar ministrliginiň kontrolýorlary ýolda ony sogan soýan ýaly etdiler. Mähirli elleşdiler. Şofýoryň içinde haýsydyr bir pružine meňzeş zat ýolnan ýaly boldy. Urgany üzülen öýe döndi, lagşaýdy. Lazeroinstektorlar lazerobusyň tigrine depen bolşup: — Ýeri, bolýa-da, bu saparlykça talonyňy deşmäli. Ýöne munuň ýaly gaty sürme. Kosmos seniň üçin şäheriň köçesi däldir. Howlukma, öýüňde maşgalaň garaşýar — diýýärdiler. Emma şonda-da şofýora pent bolanokdy. Ýolda otlap ýören mal görse-de säginip, signal berip mündürjek bolýardy. Men parahatçylyk baýramyna Ýere aman-sag dolanyp geldim. Oglum Ýupbi hanyň sargydy ýerine ýetdi. Indi mugallymasy mumly ýüplige dönäýse gerek. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |