10:04 Eliñizden geleni aýamañ, Eziz Nesin hakly çykar! | |
ELIÑIZDEN GELENI AÝAMAÑ, EZIZ NESIN HAKLY ÇYKAR!
Publisistika
Eziz Nesin "Şeýle gelen şeýdip gitmez" (“Böyle Gelmiş Böyle Gitmez”) atly kitabynda öz çagalygyny-da gürrüñ berýär. 500 sahypalyk kitapda aslynda Türkiýäniñ nirelerden gelip nirelere gidýändigi ýazylypdyr. Kakasy oña Mehmet Nusret adyny goýupdyr. Eziz Nesin onuñ edebi tahallusydyr. Ýokluk, ýoksullyk içinde ulaldy. Kakasy meýletin ýagdaýda Azat-edijilik urşuna gatnaşan dindar, tarykat agzasy we patyşaha köñül beren adam bolupdyr. Ol Mustapa Kemalyñ öwrülişiklerine garşy çykypdyr. Ogluny diýseñ gowy görüpdir. Molla, sarykly hapyz, derwüş bolmagyny isläpdir. Eziz Nesin ýedi ýaşynda gadam basanda nagyşbendi, rifaýy, kadiri tarykatlarynyñ tekgelerinde dini öwrendi. Galip agasyndan arap dilini, geometriýany, arifmetikany, tejwit dersini özleşdirdi. Kurany-Kerimi hatym etdi. Bir yslam alymy dek dini ýeterlik bilýän biri bolup ýetişdi. * * * Satiranyñ ussadydy. Satuwy 10 million ekzemplýara golaýlan 121 kitap ýazdy. Eserleri dünýäniñ birnäçe diline terjime edildi. Jemgyýeti "Allanyñ adyna duwlanyp aldaýan" syýasat liniýasynyñ häkimiýeti ele geçiren adamlary bilen häkimiýetlerden beleñ alyp täzeden gylawlanan tarykat liderleri Eziz Nesine jynlary atlanýardy. Oña "dinsiz" diýip hüjüm etdiler. Siwasda "Respublika şu ýerde guruldy, şy ýerde ýykylar. Ine, dowzahyñ ody - ýok bolsun dünýewilik!" diýip hüjüm etdiler. Eziz Nesin diriligine ýakylmak islendi. Garşysyna 300 gezek iş gozgaldy. Bäş ýyl bäş aý türmede ýatdy. Eziz Nesin dinsizdi, ýöne hiç haçanam dine garşy giden adam däldi: "Men hiç wagtam dine garşy bolmadym. Ne yslamyýete, ne başga dine... Garşy bolmagy dogry hasaplamok... Meniñ öz ynanjym bar, emma men munuñ propogandasyny edemok... Hiç kime dinsiz bolmagyny ündämok..." diýýärdi. Eziz Nesin yñdarma (fanatik) düşünjä garşydy. Ýigrimi ýyl öñdi. Heniz aýatda diridi. Serediñ şeýle diýipdi: "Häzir döwlet edaralarynyñ hemmesinde diýen ýaly, hukuk goraýjy edaralarda, häkimliklerde Ymam Hatyplardan ýetişen uçurymlaryñ sany artýar. Bärde düýp maksat köpçülikleýin gabaw we häkimiýeti tutuşlygyna ele geçirmekdir. Eger şu ýol bilen ele geçirip bilmeseler, soñky gezekde goşun arkaly ofiserleri ulanyp režim üýtgeşmesine gidiler." Eziz Nesin hakly çykdy. * * * Bulary şunuñ üçin ýazýaryn: Nesin fondunyñ häsirki ýolbaşçysy Ali Nesin häkimligiñ fonduñ sçýotlaryny bloklandygyny mälim etdi. Ali Nesin şeýle diýdi: “Söýgüli dostlar! Häkimlik bank sçýotlarymyzy bloklady. Bu fondda aýlyga işleýänler bar, okaýanlar bar, iýip-içýän çagalar bar diýmän, rehimsizlik bilen... Gaçyp gitjek ýerimizem ýok, döwlet islän wagty bolmanam islänini alaram, ederem... 2017-nji ýylda siziñem gatanjyñyz bilen goñşy mülki satyn alyp, Nesin fonduny ulaldypdyk. Kakamyñ arzuwydy, durmuşa geçirdik. Geçen ýyl ysmaýylaga jemagatyndan bolan "Rabita" fondy täze alan ýerimiziñ ýanyna göçüp geldik. Şeýdip goñşy bolduk. Maña eksantrik we hatda göze ýakymly görnen bu jemagatyñ guk ýanymyza ýerleşmeginden hiçem biynjalyk bolmandym. Çünki Türkiýe köp dürli ynançlaryñ, dürli garaýyşlaryñ, dürli ýaşaýyş formalarynyñ bir ýerde agzybirlik içre ýaşap biljek ýurdy bolmaly, tersine bolanda hiç birimize rahatlyk ýok. 1995-nji ýylyñ iýulynda ýurda dolananymda şu pikirdedim, häzirem şu pikirimde. Emma bolup geçýän zatlar hiç umyt edişim ýaly bolmady. Guk ýanymyzda jemlenip, gaty ses bilen üýşmeleñleri geçirdiler. Seredişlerinden we hereketlerinden biziñ biynjalyk bolmagymyza garaşýandyklaryny bilip bolýardy. Fotosuratlary alyp, şahsy durmuşymyza goşuldylar. Haýbat atdylar. Çataljada garşymyza gep-gybatlar ýaýratdylar. Hiç bir sebäpsiz duşmançlykly pozisiýa girdiler. Bikanun ýagdaýda metjit gurluşygyna başladylar. Aralaryndan biri bize güýç ulanyp topuldy. Gižželemelere özümizi aldyrmadyk. Gynansak-da, şikaýatnamalarymyzyñ hemmesi resmi organlardan yzyna gaýtdy. Soñrasy hasam wehim. Bir aý mundan öñ häkimlik rugsatsyz haýyr-sahawat kampaniýasyny ýöredýärsiñiz diýip, bankdaky hasaplarymyzy bloklady. Häzir pullarymyzy alyp bilemzok. Hem ýerimizi, hem şumada çenli toplan pulumy aljak bolýar. "Rugsatsyz haýyr-sahawat kampaniýasy" diýip bahanalaýanlary-da Facebook bildirişinden ybarat. Soñky sözüm: Nesinler maşgalasy bu ýurduñ duşmany däl, gaýtam tersine: Birinji jahan urşuna, yzyndan meýletinçi bolup Azat-edijilik urşuna gatnaşan atamy-da hasaba alsak, üç arka bäri bu halka hyzmat edip gelýäris, rugsat berilse ýene-de ederis. Besdir indi!" * * * Eliñizden geleni aýamañ! Eziz Nesin hakly çykar. Şeýle gelen, şeýdip gitmez. Halk gürzüsini taýýarlady. Sandyga gömülip galarsyñyz. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 13.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |