19:43 Elleriñize döneýin! / satiriki hekaýa | |
ELLERIÑIZE DÖNEÝIN!..
Satiriki hekaýalar
- Tyrk... Tyrk... Tyrk... Ýarygije gapy kakylýar. Çyrany ýakman, daraklygyna basyp, gapa golaýlaşdym. Doñuz diñini saldym. Tyrkyldy örän ýuwaşja eşidilýärdi. Ýene-de... Ýene-de... Birdenem inim jümşüldäp gitdi: "Huliganlardyr!.." Şu günler eýeli-eýesiz öýleri talap ýören huliganlarmy, basmaçylar köpelipdir diýlip eşidilýär. Şolardyr bi. Bolmanda munuñ ýaly bimahal wagty biziñ gapymyzdan geljek adam ýok ahyryn. Myhman-a bize onsuzam negada. Olaram halys dört tarapyny gabadanlar... Ýene gapy tyrkyldady. Emma men şu ikarada belli netijä gelip ýetişipdim: Açmaly däl! Açdygyñ.. (Yzyny pikir etmäge gorkdum). Aýalymyñ pul saklaýan sandygy göz öñüme geldi. Ylaýta-da şol sandygyñ eýesine nebsim agyrdy. Aýaltm bende pully sandygyny menden eý görýär ahyryn. - Bize däl-laý, goñşularymyza myhman gelen ekeni - diýip, pully sandygyñ hojaýynyny köşeşdiren boldum. Birbada ümsümlik aralaşdy. Dünýäm giñäp gitdi: "Hä, ýalñyşyp gelendiklerini bilendirler. Men olaryñ diýýän adamlary däl-ä..." Gapy ýene-de kakylyp başlandy. Ilki ýuwaş, soñra-da kem-kemden batlanyp başlady. Hernä, ýüregim ýarylmanka, "Goñşy! Goñşy!" diýlen ses eşidiläýdi. Goñşymyz Goşanyñ sesini tanamsoñ, jana töwekgellik edip, gapyny açdym. Iki dyzyndan aşagy ýalañaç, maýkaly goñşymy görenimde, basmaçylaryñ biziñkä däl-de, Goşa goñşulara dökülendigine kemsiz ynandym. Içerik atylyp girip, gapyny iç ýüzünden iki gezek kiltlemäge meýil etdim... - Goñşy jan, gijäniñ bir wagty şunça bespokoit etmejek boldum weli, sapsim bolar ýaly däl. Sluçaýno kuhnýañyzda suw kranyny açyk galdyrýan-a dälsiñiz?! Depämizden suw syrygyp başlady... Turbamyzyñ deşilen ýerine tagta bölek gysdyryp ertire çykdym-da, raýon öý uprawleniýesine til etdim. Başlyga. Şükür işleriñ üýtgedilip gurulýan döwrüdigi bes-belli-dä! Añyrsy ýarym sagada galyp-galman, enjamlaryny goltuklap, santehnik geldi. Ýöne olam gele-gelmäne durgunlyk döwrüniñ heñine tutdy: - Turbany täzelemeli. Şeýle turba-da edil şu wagt bizde ýok. Bolan wagty täzeläp bereris - diýen boldy-da, ýoguny çekäýdi. Wah, dokuñ açdan habary ýok. Ýogsa, görüp dur ahyry jaýymyzyñ suw skladyna dönenini. Şu gidişine gitse, aşaky goñşular bilen aragatnaşygy ýygjamlatmaly boljagyny bilibem dur welin, zaññar... Hernä, meniñ bagtyma aşaky goñşymyñ aýaly bir-iki günlükde atasy öýüne giden ekeni, atasynyñ gurbany bolaýyn!.. Eger suw gapdal goñşymyñka geçenliginde näderdim! Äri-hä hiç welin, haý-haý, aýalyny diý! Dogrymy aýtsam, bir tarapdan-a, onuñ goñşy bolany kemem däl. Gapdalynda garawul saklan ýaly. Özümiz öýde ýok wagtymyz dagy delräk adam gapymyzy kakaýsa, ogrudyr öýdüp, milisiýa jañ etmesi bar onuñ. Araba obadan gelen ýegeninen gaty heläk edipdir... Şonuñ üçin, Hindistana gitsegem, yzymyzdan arkaýyn. Äri gurluşykda işleýär diýip, kakdyn goñşymyñ gapysyny. Aýaly alahekek ýaly çykdy jakyrdap: - Näme, äri gurluşykda işleýär diýip, öýüni demir-kömür sklada öwräýendir öýtdüñmi?! Şu goñşymyñ gapysyny kakmazlyga şert edipdim welin, näalaç diýlen bir zadam bar-da! Ýogsam bolmanda, toýa çagyrma gelip bilýän däldirin welin... Maşynymy mündüm-de, golaýjak kolhozyñ garažyna - demir skladyna depdim. - Plugdyr seýalkanyñ demrinden diýseñ, näçe gerek bolsa bereýin welin, şu turba ugrundan bizde zat ýokdur. Plastmassa turbajyklardan gerek diýseñ-ä, skladçynyñ ýanynda bar. Gowaçalaryñ hatar aralaryny suwarmak üçin getirilen turbajyklardan ýüküñi tutar - diýip, ýaga çümdürilip çykarylan ýaly jalbarly, boýny galstukly pyýada göwnümi hoş edip goýberdi. Keýpsiz öýe gaýtdym. Keýpiñ bormy, öýüñde aždarha ýaly bolup, biri ýoluna garap durka? Aýagymyñ aşagyndaky maşynyñ şaý-seplerini birin-birin gözden geçirýärin. Içiñi ýakaýyn diýen ýaly, maşynda-da şeýle zadyñ bardygyny göz öñüne getirip bilmedim. Öýe gelşime, ýagdaýdan çykalga gözleýärdim. Adam pahyr gaty gyssanan wagty, nerw sistemasy adatdakydan telim esse çalt işleýär diýilýäni ugrunda bolmaly. Birdenem ýüzüm ýagtylyp gitdi. Wah, munuñ öñräk kellä gelmeýşini diýsene! Maşynyñ ruluny göni şäheri suw bilen üpjün edýän edara tarap burdum. Olaryñ işi turba bilen suw çekmek ahyryn! Ol ýerde-de, baý, özlerini gereksiretdiler-ä! "Zakaz ber, bu hepde bolmaz. Garaşmaly bolarsyñ" diýdiler. Oglumdan kiçi oglana "agam jan" diýip ýalbardym. Peýda bolmady. Şeýle bir gaharym gelmek geldi welin, ýene-de özüm-özümi köşeşdiräýdim. Iñ soñunda gaharymyñ gelenini duýdularmy, rehimi geldimi: - Gowusy, sen şäheriñ gaz geçiriji edarasyna bar. Ol ýerde turba diýeniñ dökün. Derrew işiñi bitirerler - diýdiler. Men kör umydymy hopba edip, eñdim şol ýere. O taýdanam öñkimden beter bolup gaýtdym. Gaharyma titiräp maşynyma mündüm. Tüýlerim dagy ädikçiniñ bizi ýaly köýneklerimii parsa-parsa böwsüp, oklukirpiniñ tikenleri kimin syh-syh bolşup dur. Agzymdan çykýan ýalyndan ýaña maşynymyñ mañlaý aýnasy eremäniñ kaddyna ýetipdi. Maşynyñ özem uly ýoldan jowranyp-jowranyp, gözi ýok ýaly gidip barýardy. Nätsin, keýpi bolmasa! Dördünji gata, jaýymyza nädip çykanymy bilemok. Içerik girsem, okuwdan gelen oglum balagyny dyzyna çenli çyzgapdyr-da, ejesiniñ (käte-de meniñ) pol süpürýän esgisi bilen turbadan pola akýan suwlary bedrä sykyp dur. Meni görendenem: - Kaka, geleniñ gowy bolaýdy. Eşigiñi çalşyrmankañ, mekdebe baryp gaýdaly. Demir turbajyk getirip, muny çalyşmasak boljak däl - diýdi. - Näme, mekdepde turba zawody barmy? Tapdyñ oýnajak adamyñy! Oglum gorkusyndanmy, gyssanjyna öz dilinde gürledi: - K... K... Kaka, ynanañokmy. O neme, ýygnan demir böleklerimiz... "Ýör" diýip, eñdik mekdebe. Älhepus, bu demirleri! Isläniñ bar. Wah, turba dagynyñ her hilisi, daşynyñ ýagy süpürilmedikleri ýatyr. Suw kranlary diýjekmi, ýyladyş batareýalary diýjekmi, ählisi bar. Kä pille zerura düşülende tapdyrmaýan simleriñem, hanha, topbak-topbak. Maşynlaryñ zapas şaýlaram ýok däl. - Oglum, onsoñ mundan alsañ bolýarmy? Şatlyk çaýylan sesime oglumyñam ýüzi ýagtylyp gitdi. - Alybermeli, kaka. Direktorymyz-a nädip ýoguna ýanjagyny bilmän ýör. "Eýe çykýan ýok" diýýär. Göwnün ganat baglap uçubereýin diýýärdi. Çünki bu gün agşam naharymy arkaýyn iýip, çaýymy biminnet içibiljekdim. Wah, şu demirleri jygyllyga çykaryp bolaýsa-ha, uly iliñ alkyşyny alyp bolardy. Dertliniñ derdine emem bolardy. Ýa-da jygyllygy şutak getiräýseñ... Ýöne şü pionerlere berekella aýtmaly. Ýygna diýýärler, ýygnap ýörler. Görgülijiklerde göwün-garyn ýok. Hany, uly adamlara bir şunça demirleri ýygnatjak bolup gör! - Berekella, pionerler! Berekella!.. Men şatlyk bilen öýüme dolandym. Şu kyn günümde kömege ýetişen ogluma, demir böleklerini ýygnan okuwçylara ýolboýy alkyş okap gelýärdim. Maşynym bolsa, begenjinden ýaña uçaýjak bolýardy... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |